Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w13 15/2 sah. 8—12
  • Ruhy mirasymyzy siz gymmat saýýarmysyňyz?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ruhy mirasymyzy siz gymmat saýýarmysyňyz?
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2013
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • ÝEHOWANYŇ HALKY KYNÇYLYKLARA DÖZ GELÝÄR
  • ÜÇ ÝÜZLI TAŇRY TÄZE TAGLYMAT DÄL
  • SPIRITIZMIŇ ÝAÝRAMAGY
  • DOWZAH ODY BARMY?
  • «ISA MESIHDE BOLAN GUTULYŞ» WAJYP
  • ÝEHOWA GULLUK ETMEGI DOWAM EDIŇ!
  • Beýik Wawilon näme?
    Mukaddes Kitaba degişli soraglaryň jogaby
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2013
w13 15/2 sah. 8—12

Ruhy mirasymyzy siz gymmat saýýarmysyňyz?

«Özge milletlerden Öz adyna bir halk almak üçin Hudaý... olara... ideg etdi». RES. IŞ. 15:14

SIZ NÄHILI JOGAP BERERSIŇIZ?

  • Mukaddes Ýazgylara esaslanmadyk nähili taglymatlar bar we olardan biziň azatdygymyzy düşündiriň.

  • Biz günäden we ölümden nädip gutulyp bileris?

  • Siz Ýehowanyň Hökümdarlygy we aýypsyz galmak baradaky meselelere nähili garaýarsyňyz?

1, 2. a) «Dawudyň... çadyry» näme we ol nädip dikeldildi? b) Şu günler kimler Ýehowa bilelikde gulluk edýärler?

BIZIŇ ERAMYZYŇ 49-njy ýylynda Iýerusalimde geçirilen ýaşulular maslahatynda Ýakup şägirt şeýle diýdi: «Öz adyna bir halk almak üçin Hudaýyň ilki bilen olara nähili ideg edenini Simon aýdyp berdi. Pygamberleriň sözleri-de munuň bilen utgaşýar; ine, şeýle ýazylypdyr: „Onsoň yzyma dolanyp, Dawudyň ýykylan çadyryny gaýtadan bina ederin, onuň harabalaryny gaýtadan bina ederin. Galan adamlar, Meniň adym dakylan bütin milletler Rebbi agtarar ýaly, ony gaýtadan dikelderin. Bularyň baryny eden Reb şeýle diýýär“. Hudaý Öz ähli işlerini ezelden bilýändir» (Res. iş. 15:13—18).

2 Sidkiýa patyşa tagtdan düşürilende, «Dawudyň... çadyry (patyşalyk tagty)» ýykylýar (Amos 9:11). Emma bu «çadyr» Dawudyň neslinden bolan müdümilik Patyşa Isa tarapyndan dikeldiler (Ezek. 21:27; Res. iş. 2:29—36). Şol Iýerusalimde geçirilen ýaşulular maslahatynda Ýakubyň belläp geçişi ýaly, Amosyň pygamberligi ýerine ýetdi. Ol ýehudylardan we özge milletlerden Patyşalygyň mirasçylarynyň ýygnalmalydygy barada öňünden aýdypdy. Şu günler mesh edilen mesihçileriň galyndysy we Isanyň millionlarça «başga goýunlary» Ýehowanyň Mukaddes Ýazgylardaky hakykatyny bilelikde yglan edýärler (Ýahýa 10:16).

ÝEHOWANYŇ HALKY KYNÇYLYKLARA DÖZ GELÝÄR

3, 4. Ýehowanyň halkyna Babylda ruhy taýdan berk galmaga näme kömek etdi?

3 Ýehudylar Babyla sürgün edilende, «Dawudyň çadyrynyň» ýykylandygy aýan boldy. Babyl ýurdy ýalan diniň gaýnap çykan ýeridi. Hudaýyň halky ol ýerde 70 ýyl (b. e. öň 607-nji ýyldan tä b. e. öň 537-nji ýyla çenli) ýesirlikde bolanda nädip ruhy taýdan berk galyp bildi? Şu günlerem Ýehowanyň halky, ýagny biz hem Şeýtanyň gol astyndaky dünýäde ýaşaýarys (1 Ýahýa 5:19). Emma şu dünýäde ýaşamaga bize baý ruhy mirasymyz kömek edýär.

4 Biziň ruhy mirasymyza Hudaýyň Sözi degişli. Ýehudylar Babylda sürgündekäler, olarda Mukaddes Ýazgylaryň ähli kitaplary ýokdy. Ýöne olar Musanyň kanunyny we On tabşyrygy bilýärdiler. Şeýle-de olar «Sion» dagy baradaky aýdymlary, Süleýmanyň beren paýhasly maslahatlaryny we Ýehowanyň geçmişde ýaşan gullukçylarynyň eden işlerini bilýärdiler. Sürgün edilen ýehudylar Siony ýatlap aglasalar-da, bu olara Ýehowany unutmazlyga kömek edýärdi (Zebur 137:1—6-njy aýatlary okaň). Şeýdip, olar ýalan dini taglymatlaryň köp bolan ýerinde-de ruhy taýdan berk galyp bildiler.

ÜÇ ÝÜZLI TAŇRY TÄZE TAGLYMAT DÄL

5. Gadymy Babylyň we Müsüriň üç ýüzli taňrylarynyň bardygyny näme subut edýär?

5 Troisa ýa-da Üç ýüzli taňry baradaky taglymat Babyl dininiň esasy aýratynlygy bolupdyr. Babyldaky üç ýüzli taňry Sin (Aý taňrysy), Şamaş (Gün taňrysy) we Iştar (hasyl we uruş aýal taňrysy) hudaýlaryndan ybaratdy. Gadymy Müsür taglymatyna görä, taňrylar bir maşgala agzasyndan, ýagny kaka, eje we oguldan ybarat bolupdyr. Bu barada bir ensiklopediýada şeýle diýilýär: «Üç ýüzli hudaýyň biri ata bolup, ol maşgalanyň başy däl-de, diňe är borjuny ýerine ýetirýärdi. Aýal taňrysy bolsa, baş taňry hasaplanýardy» («New Larousse Encyclopedia of Mythology»). Müsüriň bu üç ýüzli hudaýy Orisis taňrysyndan, aýal taňrysy Isidadan we olaryň ogly Goradan ybarat.

6. Hristian dünýäsi Hudaý barada näme öwredýär?

6 Hristian dünýäsinde-de üç ýüzli taňra sežde edilýär. Ruhanylaryň aýtmagyna görä, Hudaý — Ata, Ogul we mukaddes ruh. Emma bu taglymat Ýehowany üç ýüzli taňry hasaplap, Onuň hökümdarlygyna dil ýetirýär. Ýehowanyň halky şeýle ýalan taglymatlara ynanmaýar, sebäbi olar şu sözler bilen razylaşýarlar: «Eý ysraýyl halky, gulak goý. Hudaýymyz Reb ýeke-täk Rebdir» (Kan. tag. 6:4). Isa-da bu sözlere salgylanypdy. Hakyky mesihçiler hem munuň bilen ylalaşsalar gerek! (Mar. 12:29).

7. Üç ýüzli taňra ynanýan adam näme üçin suwda çokundyrylyp bilmeýär?

7 Isa şägirtlerine: «Gidiň-de, bütin milletleri şägirt ediň, olary Ata, Ogul we Mukaddes Ruhuň ady bilen çokundyryň» diýdi. Görşümiz ýaly, üç ýüzli taňry diýen taglymat Isanyň tabşyrygyna garşy gelýär (Mat. 28:19). Suwda çokundyrylyp, Ýehowanyň Güwäçisi bolmak üçin Atanyň, ýagny Ýehowanyň beýikdigine we Hudaýyň Ogly bolan Isanyň tutýan ornuna hem ygtyýaryna düşünmeli. Şeýle-de suwda çokundyrylmak isleýän adam mukaddes ruhuň üç ýüzli taňrynyň bir bölegi däl-de, Hudaýyň hereketdäki güýjüdigine ynanmaly (Gel. çyk. 1:2). Üç ýüzli taňra ynanýan adam suwda çokundyrylyp bilmeýär. Sebäbi bu Ýehowa Hudaýa özüňi bagyş edýändigiňi görkezýän wajyp ädimdir. Biz Hudaýy masgara edýän taglymatdan goraýan ruhy mirasymyza örän minnetdar!

SPIRITIZMIŇ ÝAÝRAMAGY

8. Babyllylar taňrylara we jynlara nähili garaýardylar?

8 Babyllylar diňe bir ýalan taňrylara däl, eýsem jynlara we spiritizme ynanýardylar. Bir ensiklopediýada şeýle diýilýär: «Babyl dinine görä, taňrylardan soň jynlar esasy orny tutýar. Olar adama beden hem-de aň taýdan köp ejir çekdirýär. Bu din köplenç jynlara garşy göreşýär. Olaryň taňrylary adamlaryň dogasyny eşidip, bu göreşde olara kömek edýär» («The International Standard Bible Encyclopaedia»).

9. a) Ýehudylaryň köpüsi nädip ýalan diniň toruna düşdi? b) Biz jynlaryň täsirinden nädip goranyp bileris?

9 Ýehudylar Babyldan azat bolandan soňra, olaryň köpüsi Mukaddes Ýazgylara esaslanmadyk düşünjeleriň toruna düşdüler. Olar grekler ýaly ýagşy hem ýaman jynlaryň bardygyna ynanyp başlapdyrlar we zalym ruhlaryň täsirine düşüpdirler. Biziň ruhy mirasymyz jynlaryň howply täsirinden goraýar, çünki biz Hudaýyň jadygöýlik işleri ýazgarýandygyny bilýäris (Iş. 47:1, 12—15). Galyberse-de, biz olara Hudaýyň garaýşy ýaly garaýarys (Kanun taglymaty 18:10—12; Ylham 21:8-nji aýatlary okaň).

10. Beýik Babylyň işleri we dini barada näme diýse bolar?

10 Şu günlerem ýalan dine uýýan adamlaryň köpüsi gadymy Babyldaky ýaly jadygöýlik bilen meşgullanýarlar. Şol sebäpli ýer ýüzündäki ýalan dinleriň ählisine Mukaddes Ýazgylarda Beýik Babyl diýilýär (Ylh. 18:21—24). Aslynda, bu ýalan dinler gadymy Babylyň dinine meňzeýär, sebäbi nädogry düşünjeler we erbet işler Babyldan gelip çykdy. Jadygöýlik, butparazlyk we başga-da günäleri üçin Beýik Babyl tizden ýok ediler (Ylham 18:1—5-nji aýatlary okaň).

11. Spiritizm barada nähili maslahatlar berilýär?

11 Ýehowa halkyna: «Siz pal atmaň, jadygöýlik etmäň» diýdi (Lew. 19:26). XIX asyrda jadygöýlik we onuň bilen bagly işler esasy orun tutup başlady. 1885-nji ýylyň maý aýynda çykan «Sion garawul diňi» žurnalynda şeýle diýilýär: «Ölen adamlaryň başga dünýäde ýa-da başga görnüşde ýaşaýandygy baradaky taglymat öňden bäri gelýär. Ol gadymy dinlere esaslanyp, mifologiýanyň düýbüni tutýan taglymatdyr». Şeýle-de žurnalda «jynlar ölen adamlaryň keşbine girip, adamlar bilen gepleşýändigi we olaryň aňyna hem edýän işlerine täsir edýändigi» barada aýdylýar. Emma bu babatda «Mukaddes Ýazgylarda spiritizm barada näme aýdylýar?» atly kitapçada käbir duýduryşlar berildi. Biziň häzirki edebiýatlarymyzda-da spiritizm barada köp maslahat berilýär.

DOWZAH ODY BARMY?

12. Süleýman Hudaýyň ylhamy bilen ölen adamlar barada näme aýtdy?

12 Bu soraga «hakykaty tanaýanlaryň hemmesi» jogap berip bilýär (2 Ýahýa 1). Biz Süleýman patyşanyň şu sözleri bilen ylalaşýarys: «Diri it öli ýolbarsdan ýagşydyr. Ýaşaýanlar öljekdigini bilýändirler, ýöne ölüler hiç zat bilýän däldir... Eliň etmäge näme tapsa, ony bar güýjüň bilen et, çünki seniň barýan ölüler diýaryňda ne iş, ne düşünje, ne bilim, ne-de danalyk bolar» (Wag. 9:4, 5, 10).

13. Ýehudylar grek dininiň we medeniýetiniň täsirine nädip düşýär?

13 Ýehudylar ölen adamlaryň nähili ýagdaýdadygyny bilýärdiler. Ýahuda bilen Siriýa Gresiýanyň gol astynda bolanda, onuň ýolbaşçylary grek dinini we medeniýetini ýöretjek boldular. Şeýlelikde, ýehudylar ölmeýän ruh we dowzah ody ýaly ýalan taglymatlary kabul etdiler. Olar adam ölenden soňra ruhy çykyp, onuň dowzahda gynalýandygyna ynanypdyrlar. Emma bu taglymat greklerden däl-de, babyllylardan gelip çykypdyr. Bir kitapda şeýle diýilýär: «Ol ýerde... güýçli we zalym taňrylaryň we jynlaryň goly astynda (ölen adamlar)... ejir çekýärler («The Religion of Babylonia and Assyria»). Hawa, babyllylar ölmeýän ruha ynanypdyrlar.

14. Eýýup bilen Ybraýym ölüm we direliş barada nämä ynanýardylar?

14 Eýýup pygamberde Mukaddes Ýazgylar bolmasa-da, ol ölüler baradaky hakykaty bilýärdi. Şeýle-de ol Ýehowanyň söýgüden doly Hudaýdygyna we Onuň ölen adamlary direltmek isleýändigine düşünýärdi (Eýýup 14:13—15). Ybraýym pygamber hem direlişiň boljakdygyna ynanýardy. Ýehowanyň wepaly gullukçylary gelejekde ölen adamlaryň ýer ýüzünde direljekdigini hemişe-de bilýärdiler (Ýewreýler 11:17—19-njy aýatlary okaň). Olar ölmedik adamy direldip bolmaýandygyna düşünýärdiler, şol sebäpli ölmeýän ruh baradaky taglymata ynanmaýardylar. Elbetde, Eýýup bilen Ybraýym pygamber ölen adamlaryň nähili ýagdaýdadygyna Hudaýyň ruhy arkaly düşünip, direlişiň boljakdygyna ynanypdyrlar. Hawa, bu taglymatlar biziň ruhy mirasymyzdyr.

Biz ýalan taglymatlardan nädip goranyp bileris?

«Eý ysraýyl halky, gulak goý. Hudaýymyz Reb ýeke-täk Rebdir» (Kan. tag. 6:4)

«Siz pal atmaň, jadygöýlik etmäň» (Lew. 19:26).

«Ölüler hiç zat bilýän däldir» (Wag. 9:5, 10).

«ISA MESIHDE BOLAN GUTULYŞ» WAJYP

15, 16. Biz nädip günäden hem ölümden gutulyp bileris?

15 Şeýle-de biz Hudaýyň günäden we ölümden halas etjekdigi baradaky hakykaty açandygyna begenýäris (Rim. 5:12). Biz Isanyň «Özüne hyzmat edilmegi üçin däl, eýsem, hyzmat etmek üçin, köpleriň ugrunda janyny töleg hökmünde bermek üçin gelendigine» düşünýäris (Mar. 10:45). «Isa Mesihde bolan gutulyş» baradaky taglymaty bilmek nähili gowy! (Rim. 3:22—24).

16 I asyrda ýaşan ýehudylar we özge milletler Hudaýyň bagyşlamagy üçin toba edip, Isanyň töleg gurbanyna iman etmelidiler. Şu günlerem şeýle etmeli (Ýahýa 3:16, 36). Eger adam Üç ýüzli taňry we ölmeýän ruh baradaky taglymatlara ynansa, tölegiň oňa peýdasy bolmaz. Emma bize peýdasy bolar. Sebäbi biz Hudaýyň «söýgüli Ogly» arkaly «gutulyşa, günäleriň ötülmegine eýedigimizi» bilýäris (Kol. 1:13, 14).

ÝEHOWA GULLUK ETMEGI DOWAM EDIŇ!

17, 18. Biz Hudaýyň halky baradaky maglumaty nireden tapyp bileris we ony bilmegiň näme peýdasy bar?

17 Biz berjaý edýän hakyky taglymatlarymyz, ýagny Hudaýa gulluk edip toplan tejribämiz we ruhy hem maddy taýdan alan bereketlerimiz barada has köp zatlary aýdyp bileris. Meselem, «Ýyllyk kitabymyzda» bütin dünýäde edilýän wagyz işlerimiz barada tolgundyryjy wakalar ýazylýar. Biziň taryhymyz «Ýehowanyň Güwäçileri — imanyny iş ýüzünde görkezýän adamlar» (1, 2-nji bölüm, rus.) atly wideofilmde we «Ýehowanyň Güwäçileri — Hudaýyň Patyşalygyny wagyz edýär» (rus.) diýen kitapda gürrüň berilýär. Şeýle-de biziň žurnallarymyzda dogan-uýalarymyz hakykaty nädip kabul edendigi barada gürrüň berýärler.

18 Biz Ýehowanyň guramasynyň taryhyndan köp zatlary öwrenýäris. Meselem, Hudaýyň ysraýyl halkyny Müsür gulçulygyndan azat edendigi baradaky wakalar bize peýdaly bolýar (Müs. çyk. 12:26, 27). Hudaýyň ajaýyp işlerini gören Musa pygamber ömrüniň ahyrynda ysraýyllylara şeýle maslahat berdi: «Öten günleri ýada salyň, geçen nesillere nazar aýlaň. Ataňyzdan soraň, aýdyp bersin, ýaşulularyňyz gürrüň bersin» (Kan. tag. 32:7). Biziň ählimiz Ýehowanyň şöhratyny hem-de edýän ajaýyp işlerini begenç bilen yglan edýäris (Zeb. 79:13). Şeýle-de biz Hudaýyň halkynyň taryhyny bilsek, mundan beýläk-de, Oňa gulluk etmäge kömek eder.

19. Biz ruhy nurda gezýändigimiz üçin näme etmeli?

19 Biz garaňkylykda däl-de, Hudaýyň berýän ruhy nurunda gezýändigimize minnetdar (Sül. tym. 4:18, 19). Geliň, Hudaýyň Sözüni erjellik bilen öwreneliň we hakykaty adamlara yhlasly gürrüň bereliň hem-de Älemiň Hökümdary Ýehowany şeýle sözler bilen şöhratlandyran mezmurçynyň göreldesine eýereliň: «Seniň, diňe Seniň dogrulygyňy beýan ederin. Eý Hudaý, Sen maňa ýaşlygymdan tälim berdiň; men şu wagta çenli Seniň ajaýyp işleriňi wagyz etdim. Şindi, garry we çal kellekäm hem, eý Hudaý, Seniň güýjüňi bu nesle, Seniň gudratyňy geljekleriň ählisine yglan edýänçäm meni taşlama» (Zeb. 71:16—18).

20. Haýsy mesele wajyp we siz oňa nähili garaýarsyňyz?

20 Eger biz Ýehowa wepaly bolsak, Onuň hökümdar bolmaga haklydygyny we biziň seždämize mynasypdygyny subut ederis (Ylh. 4:11). Biz Hudaýyň ruhunyň kömegi bilen pes göwünli adamlara hoş habary wagyz edýäris, göwni synyklara we hasrat çekýänlere teselli berýäris (Iş. 61:1, 2). Hudaýyň halkynyň we ähli adamlaryň üstünden Şeýtanyň höküm sürmegine ýol berilmez. Biziň ruhy mirasymyz imanda berk durmaga we Ýehowa ýakynlaşmaga kömek edýär. Şol sebäpli biz Ýehowa häzir we ebedi gulluk edip bileris (Zebur 26:11; 86:12-nji aýatlary okaň).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş