Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w06 15/4 sah. 20—24
  • «Halkym, men siziň bilendirin!»

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • «Halkym, men siziň bilendirin!»
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2006
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Bu pygamberlikler bize-de degişli
  • Maddy zatlara dogry garamak
  • Ýehowa mukaddes ruhy arkaly kömek edýär
  • Elleriňizi berkidiň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2006
  • Haggaý we Zakarýa kitabyndan peýdaly pikirler
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2007
  • «Men ähli milletleri sarsdyraryn»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2021
  • Kyn ýagdaýlarda Ýehowa bil baglaň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2023
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2006
w06 15/4 sah. 20—24

«Halkym, men siziň bilendirin!»

«Ýehowanyň habarçysy... şeýle diýdi: «Halkym, men siziň bilendirin!» Ýehowa diýýär» (HAGGAÝ 1:13).

1. Isa biziň günlerimize degişli haýsy pygamberlikler barada aýtdy?

BIZ iň möhüm döwürde ýaşaýarys. Mukaddes Ýazgylardaky pygamberlikleriň aýtmagyna görä, 1914-nji ýylda «Rebbiň güni» başlandy (Ylham 1:10). Bulary gowy öwrenen bolsaňyz, Isanyň «Ynsan Oglunyň» Patyşalyk tagtynda oturan günlerini, «Nuhuň günleri» hem-de «Lutuň günleri» bilen deňeşdirendigini bilýänsiňiz (Luka 17:26, 28). Şeýlelikde, Mukaddes Ýazgylar Nuhuň hem-de Lutuň günleriniň biziň günlerimize meňzeşdigini görkezýär. Emma ozal bir gezek ýerine ýeten biziň günlerimize degişli ýene-de bir pygamberlik bar. Geliň, şoňa seredeliň.

2. Ýehowa Haggaý bilen Zakarýa nähili ýumuş berdi?

2 Geliň, Haggaý bilen Zakarýa pygamberiň günlerindäki bolan waka seredeliň. Bu iki wepaly pygamber Ýehowanyň häzirki halkyna degişli nähili habar aýtdyka? Haggaý bilen Zakarýa Ýehowanyň habarçysydy. Olar Babyl ýesirliginden gaýdyp gelen ysraýyllylara ybadathanany dikeltmäge Hudaýyň goldaw berjekdigini ynandyrmalydy (Haggaý 1:13; Zakarýa 4:8, 9). Haggaý bilen Zakarýanyň kitaplary uly bolmasa-da, olar Hudaýyň ylhamlan Sözi bolup «öwretmek, käýemek, ýola getirmek, dogrulykda terbiýelemek üçin peýdalydyr» (2 Timoteos 3:16, 17).

Bu pygamberlikler bize-de degişli

3, 4. Haggaý bilen Zakarýanyň habary näme üçin bizi gyzyklandyrmaly?

3 Elbetde, Haggaý bilen Zakarýanyň habary ysraýyllylar üçin möhümdi, sebäbi olaryň pygamberligi şol döwürde ýerine ýetdi. Onda şu iki kitap näme üçin biziň günlerimize-de degişlikä? Muny Ýewreýler 12:26—29-njy aýatlardan bileris. Ol ýerde Pawlus resul Haggaý 2:6-daky Hudaýyň «gökleri we ýeri titrederin» diýen sözlerini getirýär. Bu titreme ahyrsoňy «patyşalyklaryň tagtyny agdarmaly we milletleriň patyşalyklarynyň güýjüni ýok etmeli» (Haggaý 2:22).

4 Pawlus Haggaýyň sözlerini getirende, «milletleriň patyşalyklaryna» näme boljakdygyny aýdyp, mesh edilen mesihçileriň gowuşjak yranmaz patyşalygynyň has gowudygyna üns berýär (Ýewreýler 12:28). I asyrda ýazylan Ýewreýler kitabynda Haggaý bilen Zakarýanyň pygamberlikleri gelejekde ýerine ýetmeli pygamberlikler hökmünde aýdylýar. Mesihi Patyşalygy Isa bilen miras aljak galan mesh edilen mesihçiler häzirem ýer ýüzünde ýaşap ýör. Şonuň üçin Haggaý bilen Zakarýanyň pygamberlikleri biziň günlerimize-de degişli.

5, 6. Haggaý bilen Zakarýa gulluga başlamazdan öň, nähili wakalar boldy?

5 Ezra kitabynda Haggaý bilen Zakarýanyň döwründen öň bolan wakalar beýan edilýär. B. e. öň 537-nji ýylda ýehudylar Babyl ýesirliginden gaýdyp gelensoň, b. e. öň 536-njy ýylda Zerubabel hökümdar bilen baş ruhany Ýeşuwyň ýolbaşçylygynda täze ybadathananyň düýbüni tutdular (Ezra 3:8—13; 5:1). Ybadathananyň düýbi tutulanda, ýehudylar begenseler-de, basym duşmanlardan gorkup başlady. Ezra 4:4-de şeýle diýilýär: «Şol ýurduň adamlary gurluşygy togtatmak üçin ýehudy halkynyň elini işden sowadyp, ruhdan düşürip başlady». Şol duşmanlar, aýratynam, samariýalylar ýehudylara töhmet atdylar. Olar Pars patyşasyna ybadathananyň gurluşyk işini gadagan etdirdiler (Ezra 4:10—21).

6 Ýehudylar ybadathanany hyjuwly gurup başlasalar-da, soňra olaryň elleri sowap, öz bähbitlerini agtaryp başlady. Emma ybadathananyň düýbi tutulyp, 16 ýyl geçensoň, b. e. öň 520-nji ýylda ybadathananyň gurluşygyny dowam eder ýaly, adamlary höweslendirmäge Ýehowa Haggaý bilen Zakarýany ýollady (Haggaý 1:1; Zakarýa 1:1). Hudaýyň habarçylary ýehudylary ruhlandyryp, Ýehowanyň goldaw berjekdigine ynandyrdylar. Şeýlelikde, olar gurluşygy dowam edip, b. e. öň 515-nji ýylda ybadathanany gurup gutardylar (Ezra 6:14, 15).

7. Haggaýdyr Zakarýanyň günleri bilen biziň günlerimiziň näme meňzeşligi bar?

7 Bu zatlaryň bize nähili ähmiýetiniň bardygyny bilýäňizmi? Bize «Patyşalyk baradaky Hoş Habary» wagyz etmek tabşyryldy (Matta 24:14). Bu işe, aýratynam, Birinji Jahan urşundan soň üns berlip başlandy. Gadymy ýehudylaryň Babyl ýesirliginden azat edilişi ýaly, Ýehowanyň häzirki halky-da ýalan diniň dünýä imperiýasy bolan Beýik Babylyň ýesirliginden azat boldy. Hudaýyň mesh edilen mesihçileri wagyz etmäge, okuw geçmäge we adamlary hakyky seždä gönükdirmäge başladylar. Bu iş şu günlerem uly möçberde dowam edýär, belki, sizem oňa gatnaşýansyňyz. Häzir wagyz etmegiň tüýs wagty, çünki bu zalym dünýäniň soňy golaýda! Hudaýyň bu işini tä Ýehowa «uly muşakatda» adamlaryň işine goşulýança dowam etmeli (Matta 24:21). Şonda ähli erbetlik ýok bolar, hakyky sežde bolsa bütin ýer ýüzüne ýaýrar.

8. Biziň wagyz işimizde Ýehowanyň goldajakdygyna näme üçin ynanyp bileris?

8 Haggaý bilen Zakarýanyň pygamberliginden görnüşi ýaly, ak ýürekden wagyz etsek, Ýehowanyň goldajakdygyna hem patalajakdygyna biz ynanyp bileris. Hökümetler Hudaýyň gullukçylarynyň elini sowatmaga ýa-da wagyz işini gadagan etmäge çalyşsalar-da, bu işiň üstünlikli alnyp barylmagyna päsgel berip bilmediler. Birinji Jahan urşundan başlap, tä biziň günlerimize çenli Ýehowa Patyşalyk işini, gör, nähili patalap gelýär! Emma häzirem edilmeli iş köp.

9. Geçmişde bolan haýsy waka serederis we näme üçin?

9 Hudaýyň wagyz etmek we öwretmek baradaky tabşyrygyny yhlasly ýerine ýetirmäge Haggaý bilen Zakarýanyň pygamberligi nädip höweslendirip biler? Geliň, şu iki kitapdaky käbir peýdaly sapaklara göz aýlalyň. Meselem, ýesirlikden gaýdyp gelen ýehudylara tabşyrylan ybadathananyň gurluşygy bilen bagly käbir jikme-jikliklere seredeliň. Bilşimiz ýaly, ýehudylar soňy bilen ybadathananyň işine sowuk-sala garap başladylar. Olar ybadathananyň düýbüni tutsalar-da, wagtyň geçmegi bilen gurluşygy bes etdiler. Olarda nähili nädogry garaýyş döredi? Biz mundan näme öwrenip bileris?

Maddy zatlara dogry garamak

10. Ýehudylarda nähili nädogry garaýyş döredi we onuň soňy nämä getirdi?

10 Iýerusalime dolanyp gelen ýehudylar: «Entek wagty däl» diýdiler (Haggaý 1:2). B. e. öň 536-njy ýylda olar ybadathananyň düýbüni tutanlarynda: «Entek wagty däl» diýmändiler. Emma basym goňşy halklaryň we häkimiýetiň päsgel bermegine ýol berdiler. Ýehudylar öz jaýlaryna we abadançylygyna üns berip başladylar. Olaryň oňat agaçlardan örtülen jaýlary bilen gurlup gutarylmadyk ybadathananyň tapawudyna üns berip, Ýehowa şeýle diýdi: «Eýsem, bu öý weýran bolup ýatyrka, size öz bezelen jaýyňyzda ýaşamagyň wagtymy?» (Haggaý 1:4).

11. Ýehowa Haggaýyň günlerinde ýehudylara näme üçin maslahat bermeli boldy?

11 Şeýlelikde, ýehudylar ähmiýetsiz zatlary ileri tutdular. Indi, olar Ýehowanyň niýetini, ýagny ybadathanany gurmagy birinji orunda goýman, özlerine üns berip, jaýlaryny bezemäge başlady. Olar sežde edilmeli Hudaýyň öýüniň gurluşygyny taşladylar. Ýehowa Haggaý 1:5-de ýehudylara ýüzlenip: «Ýüregiňizi ýollaryňyza gönükdiriň» diýýär. Ýehowa olaryň edýän işleriniň we ybadathananyň gurluşygyny äsgermezlik etmekleriniň durmuşyna täsir edişi barada oýlanmagy maslahat berdi.

12, 13. Haggaý 1:6-daky sözler ýehudylaryň ýagdaýyny nähili görkezýär we şu aýatdaky sözler nämäni aňladýar?

12 Möhüm işi gaýra goýandyklary üçin ýehudylar özlerine zyýan ýetirdi. Haggaý 1:6-da Hudaý şeýle diýýär: «Siz köp ekseňiz-de, az orýarsyňyz. Iýseňiz-de, doýmaýarsyňyz. Içýärsiňiz, ýöne serhoş bolmaýarsyňyz. Geýinseňiz-de, ýylynyp bilmeýärsiňiz, hakyna işleýänler, ýyrtyk horjuny üçin işleýär».

13 Olar Hudaýyň beren diýarynda ýaşasalar-da, bol hasyllary ýokdy. Ýehowa olara duýduryşy ýaly ak pata bermedi (Kanunyň gaýtalanyşy 28:38—48). Ýehudylar Hudaýyň bereketinden mahrum bolany üçin, olar bol ekin ekseler-de, az hasyl aldylar, iýere zatlary ýetmeýärdi we gyş eşikleri ýokdy. Gazanan pullary-da ýyrtyk horjuna atylýan ýalydy, onuň hiç hili peýdasy ýokdy. Ýehowa: «Içýärsiňiz, ýöne serhoş bolmaýarsyňyz» diýende, nämäni göz öňünde tutduka? Bu Hudaýyň serhoşlara pata berýändigini aňlatmaýar, ol arakkeşleri höküm eder (1 Patyşalar 25:36; Süleýmanyň tymsallary 23:29—35). Gaýtam, bu Ýehowanyň ýehudylara pata bermeýändigini görkezýär. Olaryň taýýarlaýan şeraby serhoş bolmaga ýetenokdy. Makariýanyň terjimesinde Haggaý 1:6-da: «Içýärsiňiz, ýöne ganmaýarsyňyz» diýilýär.

14, 15. Haggaý 1:6-dan näme öwrenýäris?

14 Ýokardaky agzalan zatlardan alynmaly sapak diňe bir biziň öýümiziň nähili bolmalydygyna degişli däl. Ysraýyllylar Babyla ýesir düşmezinden ençeme ýyl öň, Amos pygamber baýlary «piliň süňkünden bezelen jaýlary» üçin we «piliň süňkünden bejerilen diwanlarynda» ýatýanlary üçin ýazgarypdy (Amos 3:15; 6:4). Bularyň öýleri-de, öý goşlary-da duşmanlaryna olja boldy. Babyl ýesirliginde 70 ýyl bolsalar-da, Hudaýyň halkynyň köpüsi şondan hiç zat öwrenmedi. Biz ondan näme öwrenýäris? Biziň her birimiz özümize şeýle soraglary bermeli: men öýüme we ony bezemäge köp güýç sarp edýänmi? Eger ruhy işlere zyýan ýetirjek bolsa, dereje gazanmak üçin birnäçe ýyl sarp edip, okuwa girmek gerekmi? (Luka 12:20, 21; 1 Timoteos 6:17—19).

15 Haggaý 1:6-daky sözler biziň Ýehowanyň ak patasyna mätäçdigimizi görkezýär. Geçmişde ysraýyllylar şonsuz köp zyýan çekdiler. Biz maddy taýdan baý bolsak-da, bolmasak-da, eger Ýehowanyň patasy bolmasa, ruhy taýdan zyýan çekeris (Matta 25:34—40; 2 Korintoslylar 9:8—12). Hudaýyň ak patasyny nädip alyp bolar?

Ýehowa mukaddes ruhy arkaly kömek edýär

16—18. Zakarýa 4:6-daky sözleriň geçmişde nähili ähmiýeti bardy?

16 Haggaýyň döwürdeşi Zakarýa pygamber Ýehowanyň şol döwürde gullukçylaryny näme arkaly höweslendirendigini hem-de pata berendigini görkezdi. Ol «Goşun ýa-da güýç bilen däl-de, meniň ruhum bilen» diýdi (Zakarýa 4:6). Şol ruh arkaly Ýehowa bize-de pata berýär. Belki, şu aýat size-de tanyşdyr, ýöne bu sözler Haggaý bilen Zakarýanyň döwründäki ýehudylar üçin nämäni aňladýardy we munuň size näme dahyly bar?

17 Haggaý bilen Zakarýanyň ýazan Hudaýyň ylhamlan sözleriniň ýehudylara güýçli täsir edendigini ýadymyza salalyň. Hudaýyň wepaly gullukçylary ruhlandy. Haggaý b. e. öň 520-nji ýylyň altynjy aýynda pygamberlik edip başlady, Zakarýa bolsa şol ýylyň sekizinji aýynda başlady (Zakarýa 1:1). Haggaý 2:18-den görnüşi ýaly, dokuzynjy aýda ybadathananyň gurluşygyny has erjellik bilen dowam etdiler. Diýmek, Hudaýyň goldawyna bil baglaýan ýehudylar Ýehowa gulak asdylar we işe girişdiler. Zakarýa 4:6-daky sözler Hudaýyň goldajakdygyny ynandyrýar.

18 Ýehudylar b. e. öň 537-nji ýylda ýesirlikden gaýdyp gelýärkä, olaryň harby güýçleri ýokdy. Muňa garamazdan, Ýehowa olary gorady we ýurduna getirdi. Ýehudylar ýesirlikden gelip, ybadathanany gurup başlanda, Ýehowanyň ruhy bu işi ýerine ýetirmäge ýolbaşçylyk etdi. Olar ak ýürek bilen täzeden işe başlanda, Ýehowa olary mukaddes ruh arkaly goldady.

19. Hudaýyň mukaddes ruhy arkaly hötde gelnen güýçli päsgelçilik kimdendi?

19 Zakarýa pygamber sekiz görnüş gördi. Eger-de ysraýyllylar ybadathanany gurmagy dowam etseler, onda Ýehowanyň olary goldajakdygyna şol görnüşler Zakarýany ynandyrdy. 3-nji bapda ýazylan bu görnüşleriň dördünjisi, ybadathanany dikeltmekde ýehudylara Şeýtanyň bar güýji bilen päsgel berendigini görkezýär (Zakarýa 3:1). Onuň täze ybadathanada baş ruhany Isanyň halkyň adyndan ybadat etmegini islemeýändigi aýdyňdy. Şeýtan güýçli päsgelçilik berse-de, ýehudylar Ýehowanyň ruhy arkaly kynçylyklara hötde geldi we ybadathanany gurup gutardy.

20. Ýehudylara Hudaýyň niýetini ýerine ýetirmäge mukaddes ruh nädip kömek etdi?

20 Hökümet ýolbaşçylaryna gurluşygy gadagan etmek başartdy. Emma, Ýehowa «dag» ýaly görünýän kynçylyklary «düz» ýaly etjekdigini wada berdi (Zakarýa 4:7). Elbetde, Ýehowa wadasynda tapyldy! Dariý I-iň buýrugy boýunça, ybadathanany dikeltmek üçin ýehudylara rugsat berýän Kir patyşanyň kararyny tapdylar. Şonuň üçin Dariý gadagan edilen buýrugy ýatyrdy we ybadathanany gurmak üçin patyşanyň hazynasyndan ýehudylara pul kömegini bermeklerini buýurdy. Gör, nähili özgerişlik! Ýehowanyň mukaddes ruhy şu meselede rol oýnadymyka? Muňa şübhelenmän bileris. B. e. öň 515-nji ýylda, ýagny Dariý I-iň höküm sürmeginiň altynjy ýylynda ybadathana doly dikeldildi (Ezra 6:1, 15).

21. a) Gadymy wagtda Hudaý nädip «milletleri titretdi» we nädip «hazynalar» geldi? b) Bu pygamberlik biziň günlerimizde nädip ýerine ýetýär?

21 Haggaý 2:5-de ýehudylaryň Ýehowa bilen Sina dagynyň eteginde baglaşan ähti olara ýatladylýar, şonda «bütin Sina dagy güýçli titräpdi» (Çykyş 19:18). 6, 7-nji aýatlarda obrazly beýan edilişi ýaly, Ýehowa Haggaý bilen Zakarýanyň günlerinde-de ýer ýüzüni titretmekçidi. Pars döwletiniň ýagdaýy üýtgäp başlamaly, ýöne ol ybadathananyň dikelmegine päsgel berip bilmez. Wagtyň geçmegi bilen dikeldilen ybadathanada Hudaýy şöhratlandyrýan ýehudylara başga milletler, ýagny «bütin halklaryň hazynalary» goşulmalydy. Biziň günlerimizde Hudaý mesihçileriň wagzy arkaly uly möçberde «milletleri titredýär» has uly möçberde bolýar we «bütin halklaryň hazynalary» gelip, Hudaýa sežde etmek üçin mesh edilen mesihçilere goşulýarlar. Şu günler mesh edilen mesihçiler başga goýunlar bilen bilelikde Ýehowanyň öýüni şöhratdan doldurýarlar. Bu mesihçiler Ýehowanyň başga manyda «gökleri hem-de ýeri titretjek» wagtyna ynam bilen garaşýarlar. Ol «milletleriň patyşalyklarynyň güýjüni» agdaryp ýok eder (Haggaý 2:22).

22. Häzir halklaryň nähili «titremesi» bolup dur, onuň netijesi nähili we ýene-de näme bolmaly?

22 Haggaýyň pygamberligi bize göçme manydaky «gögüň we ýeriň, deňziň we gury ýeriň» dürli ýerlerinde bolýan titremeler barada ýatladýar. Şeýdip, Şeýtan Iblis we onuň jynlary ýer ýüzüne zyňyldy (Ylham 12:7—12). Galyberse-de, mesh edilen mesihçileriň ýolbaşçylygy arkaly geçirilýän wagyz işi göçme manydaky ýeri titredýär (Ylham 11:18). Muňa garamazdan, hemme halklardan bolan hazynalaryň «uly märekesi» Ýehowa gulluk etmek üçin ruhy Ysraýyla goşulýar (Ylham 7:9, 10). Uly märeke mesh edilen mesihçiler bilen bilelikde Hudaýyň tizden Armageddonda halklary titretjekdigi barada hoş habary wagyz edýär. Şondan soň ýer ýüzünde hakyky seždäniň kämilleşmegine ýol açylar.

Ýadyňyzdamy?

• Haggaý bilen Zakarýa haçan we nähili ýagdaýda gulluk etdi?

• Haggaý bilen Zakarýa arkaly berlen habary siz nädip ulanyp bilersiňiz?

• Sizi näme üçin Zakarýa 4:6-daky sözler ruhlandyrýar?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş