Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w10 15/3 sah. 19—23
  • «Dogry adamlar... gün kimin parlar»

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • «Dogry adamlar... gün kimin parlar»
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2010
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Haşal ot tymsaly
  • «Goý, oraga çenli ikisi bile össün»
  • Uzak garaşylan orak möwsümi
  • Olar «Gün kimin parlar»
  • Bugdaý we haşal ot baradaky mysal
    Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2018
  • «Men dünýäniň soňuna çenli siziň bilen bolaryn»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2013
  • Hudaýyň Patyşalygy baradaky mysallar
    Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
  • Hakyky imanyň duşmany
    Bagtly ýaşamaga kömek edýän hakyky iman
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2010
w10 15/3 sah. 19—23

«Dogry adamlar... gün kimin parlar»

«Dogry adamlar gökdäki Atalarynyň Patyşalygynda Gün kimin parlar». (MAT. 13:43)

1. Isa Hudaýyň Patyşalygy bilen bagly işleri haýsy tymsallar arkaly düşündirdi?

ISA MESIH Hudaýyň Patyşalygy bilen bagly işleri düşündirmek üçin ençeme tymsallary, ýagny deňeşdirmeleri ulandy. Ol «bu zatlaryň baryny halaýyga tymsallar bilen aýdardy; tymsalsyz olara hiç zat aýtmazdy» (Mat. 13:34). Meselem, Isanyň ekin tymsaly arkaly Patyşalyk baradaky hoş habary kabul etmek adamyň ýüregine baglydygyny, ruhy taýdan ösmegi bolsa, Ýehowa bagly bolýandygyny düşündirdi (Mar. 4:3—9, 26—29). Şeýle-de Isa Patyşalyk baradaky hoş habary kabul edýän adamlar has köpelse-de, biziň wagyz işimiziň netijesi ilkibada görünmejekdigini aýtdy (Mat. 13:31—33). Şeýle-de onuň aýtmagyna görä, hoş habara seslenen adamlaryň ählisi Patyşalygyň raýaty bolup bilmez (Mat. 13:47—50)a.

2. Isanyň «Haşal ot tymsalyndaky» oňat tohum kimi aňladýar?

2 Emma Isa başga bir tymsalynda Hudaýyň Patyşalygynda özi bilen höküm sürjek adamlaryň ýygymyna üns berýär. Mattanyň 13-nji babynda ýazylan bu tymsala «Haşal ot tymsaly» diýilýär. Isa bir tymsalynda «Patyşalyk hakdaky sözi» tohum ekmek bilen deňeşdirýär. «Haşal ot tymsalynda» bolsa, ol oňat tohuma «Patyşalygyň ogullary» diýýär (Mat. 13:19, 38). Olar Patyşalygyň raýaty däl-de, Patyşalygyň «ogullary», ýagny mirasçylarydyr (Rim. 8:14—17; Galatýalylar 4:6,7-nji aýatlary okaň).

Haşal ot tymsaly

3. Tymsalda öý eýesi nähili kynçylyga duş gelýär we ony nädip çözýär? Düşündiriň.

3 Bu tymsalda şeýle diýilýär: «Gökleriň Patyşalygy öz ekin meýdanynda oňat tohum eken adam ýalydyr. Emma her kes ýatyrka, onuň duşmany gelip, bugdaýlaryň arasyna haşal ot ekip gidýär. Ekin (bugdaý) ösüp hasyl berende, haşal ot hem peýda bolýar. Öý eýesiniň hyzmatkärleri oňa gelip diýýärler: ’’Aga, sen ekin meýdanyňa oňat tohum ekmänmidiň? Onda haşal ot nireden çykdy?’’ Ol hem hyzmatkärlerine diýýär: ’’Muny bir duşman edendir’’. Hyzmatkärleri hem oňa diýýärler: ’’Gidip, olary ýygmagymyzy isleýärmisiň?’’ Emma ol diýýär: ’’Ýok, haşal oty ýygjak bolup, gaýtam, bugdaýy köki bilen sograýmaň. Goý, oraga çenli ikisi bile össün; orak wagty men orakçylara: ’’Ilki haşal oty ýygyň-da, desseläp ýakar ýaly ediň, bugdaýy hem meniň ammaryma üýşüriň diýerin» (Mat. 13:24—30).

4. a) Tymsaldaky adam kim? b) Isa tohumy haçan we nädip ekmäge başlady?

4 Oňat tohum eken adam kim? Isa şägirtlerine tymsaly düşündirende, bu soraga jogap berip, şeýle diýdi: «Oňat tohumy ekýän Ynsan Ogludyr» (Mat. 13:37). Isa, ýagny «Ynsan Ogly» ýer ýüzünde üç ýarym ýyl gulluk edende, «ekin meýdanyny» ekişe taýýarlady (Mat. 8:20; 25:31; 26:64). Soňra ol b. e. 33-nji ýylynyň Pentikost gününden bäri oňat tohumy, ýagny «patyşalygyň ogullaryny» ekip başlady. Bu ekiş Ýehowanyň wekili Isa şägirtlerine mukaddes ruhy döküp, olary Hudaýyň ogullary hökmünde mesh edende başlanan bolmalyb (Res. iş. 2:33). Oňat tohum bugdaý bolup ýetişýär. Ol gökdäki Patyşalykda Isa bilen höküm sürjek adamlaryň doly sanyny ýygnamak üçin ekildi.

5. Tymsaldaky duşman we haşal ot kimleri aňladýar?

5 Duşman we haşal ot kimleri aňladýar? Isa duşmanyň «iblisdigini», haşal otuň bolsa «iblisiň ogullarydygyny» aýtdy (Mat. 13:25, 38, 39). Haşal ot ösüp başlanda, ol bugdaýa örän meňzeş bolýar. Bu özüne Hudaýyň Patyşalygynyň ogullary diýip-de, miwe bermeýän ýalan mesihçileri aňladýar. Gör, nähili ýerlikli meňzetme! Özüne Mesihiň şägirtleri diýýän bu ikiýüzli mesihçiler, aslynda, Şeýtanyň «tohumy» (Gel. çyk. 3:15).

6. Haşal ot haçan peýda boldy we şonda haýsy manyda «her kes ýatdy»?

6 Haşal ota meňzedilýän mesihçiler haçan ekildi? Isa: «Her kes ýatyrka» diýdi (Mat. 13:25). Ol haçandy? Bu soragyň jogabyny Pawlusyň efesli ýaşululara aýdan sözlerinden bilse bolýar: «Men gidenimden soň, azgyn gurtlaryň araňyza girjegini bilýärin, olar sürini aýamaz. Araňyzdan şägirtleri yzlaryna eýertjek bolup, hakykaty ýoýjak adamlar çykar» (Res. iş. 20:29, 30). Ol ýaşululara ruhy taýdan oýa bolmagy maslahat berýär. Imandan dönenleri «bökdeýän» resullar ölüm ukusyna gidende, mesihçileriň köpüsi ruhy taýdan uka gitdiler (2 Selanikliler 2:3, 6—8-nji aýatlary okaň). Şonda imandan dönmeklik başlandy we haşal ota meňzedilýän mesihçiler peýda boldy.

7. Bugdaýyň käbiri haşal ota öwrüldimi? Düşündiriň.

7 Isa bugdaý haşal ota öwrüler diýmedi — ol bugdaýyň arasyna haşal otuň ekilendigini aýtdy. Diýmek, bu hakykatdan giden mesihçileri aňlatmaýar. Onda Isa kim barada aýtdy? Ol Şeýtanyň mesihçiler ýygnagyny azdyrmak üçin, mekirlik bilen, olaryň arasyna erbet adamlary girizýändigini aýtdy. Isanyň iň soňky resuly Ýahýa garranda, imandan dönüşlik mese-mälim bolup başlady (2 Pet. 2:1—3; 1 Ýahýa 2:18).

«Goý, oraga çenli ikisi bile össün»

8, 9. a) Tymsaldaky hojaýynyň hyzmatkärlerine beren tabşyrygy Isanyň diňleýjilerini näme üçin geň galdyrmady? b) Göçme manyda bugdaý bilen haşal ot nädip bile ösdi?

8 Hojaýynyň hyzmatkärleri oňa şeýle diýdi: «Gidip, olary (haşal oty) ýygmagymyzy isleýärmisiň?» (Mat. 13:27, 28). Hojaýynyň beren jogabyna olar geň galan bolmaly. Ol hyzmatkärlerine bugdaý bilen haşal ot oraga çenli bile össün diýýär. Bu tabşyryga Isanyň şägirtleri düşünen bolmaly. Sebäbi olar bugdaý bilen haşal oty tapawutlandyrmagyň kyndygyny bilýärdiler. Şeýle-de daýhançylykdan başy çykýan şägirtler haşal otuň köküniň köplenç bugdaýyň köki bilen çyrmaşyp ösýändigini bilýärdilerc. Hojaýynyň hyzmatkärlerine garaşmagy tabşyrmagy geň däldi!

9 Asyrlaryň dowamynda, hristian dünýäsiniň dürli sektalary ummasyz köp haşal otlary gögertdi. Ilki bilen katolik, prawoslaw buthanalary, soňra protestant toparlary has-da ösüp ugrady. Şol döwürlerde bütin dünýäde hakyky bugdaýyň biraz tohumy ekilipdi. Tymsaldaky hojaýyn bugdaýyň we haşal otuň bile ösmegine uzak wagtlap ýol berip, az wagtlaýyn dowam etjek orak möwsümine sabyrsyzlyk bilen garaşýar.

Uzak garaşylan orak möwsümi

10, 11. a) Orak wagty haçan başlandy? b) Göçme manydaky bugdaý Ýehowanyň ammaryna nädip üýşürildi?

10 Isa şeýle diýdi: «Orak döwrüň soňudyr, orakçylar perişdelerdir» (Mat. 13:39). Zalym dünýäniň soňky günlerinde Patyşalygyň ogullary ýygnanyp, olar haşal ota meňzedilýänlerden saýlanýar. Petrus resul şeýle diýdi: «Hökümiň Hudaýyň içerisinden başlanmaly wagty gelip ýetdi; höküm öňürti bizden başlansa, onda Hudaýyň Hoş Habaryna boýun bolmaýanlaryň soňy näme bolar?» (1 Pet. 4:17).

11 Soňky günler, ýagny «döwrüň soňy» başlan dessine, özüne hakyky mesihçiler diýýän adamlar höküm edilip başlandy. Olaryň «patyşalygyň ogullarydygy» ýa-da «iblisiň ogullarydygy» anyk belli bolmalydy. Orak döwrüniň başynda «ilki» Beýik Babyl ýykyldy, soňra bolsa Patyşalygyň ogullary ýygnandy (Mat. 13:30). Emma göçme manydaky bugdaý nädip Ýehowanyň ammaryna üýşürildi? Olaryň käbiri gökdäki sylagyny aldylar. Beýlekileri bolsa täzeden dikeldilen mesihçiler ýygnagyna geldiler we Hudaýy razy edip, onuň penasynda ýaşaýarlar.

12. Höküm näçe wagt dowam eder?

12 Mesh edilen mesihçiler ammara üýşürilse-de, olaryň käbirine höküm edilýär. Olara näçe wagtlap höküm ediler? Isa hasyl ýygymyna «orak wagty» diýdi. Diýmek, höküm belli bir döwri öz içine alar (Ylh. 14:15, 16). Şeýlelikde, mesh edilen mesihçiler soňky günleriň başlan döwründen höküm ediler we bu tä soňky möhür basylýança dowam eder (Ylh. 7:1—4).

13. Haşal ot nädip günä sebäp bolýar we nähili nähak iş edýär?

13 Patyşalykdan ýygnanjaklar kim we olar nädip günä sebäpkär bolup, nähak iş edýärler? (Mat. 13:41). Haşal ota meňzedilýän hristian dünýäsiniň dini ýolbaşçylary asyrlar boýy millionlarça adamlary aldap, nädogry ýola saldylar. Olar dowzah ody ýaly Hudaýy masgara edýän taglymatlary bilen adamlaryň «günäsine sebäpkär bolýarlar». Dini ýolbaşçylaryň köpüsi dünýäniň dosty bolup, ruhy taýdan zyna edýärler we juda ahlaksyz işleri bilen adamlara erbet görelde bolýarlar (Ýakup 4:4). Şeýle-de hristian dünýäsi aralarynda bolýan ahlaksyzlyga göz ýumýarlar (Ýahuda 4-i okaň). Muňa garamazdan, olar özüni hudaýhon we dindar saýýarlar. Patyşalygyň ogullary haşal ota meňzeýän adamlaryň we günä iterýän taglymatlaryň täsirine düşmeýändigine, gör, nähili begenýändir!

14. Haşal ota meňzeýän adamlar haýsy manyda aglaýar we dişi gyjaýar?

14 Haşal ota meňzeş adamlar haýsy manyda aglaýar we dişi gyjaýar? (Mat. 13:42). «Patyşalygyň ogullary» haşal ota meňzeş adamlaryň zyýanly täsirini we taglymatyny paş edýärler. Muňa «iblisiň ogullarynyň» gahary gelýär. Şeýle-de olar buthana agzalarynyň berýän goldawynyň azalandygy we öňki ýaly agalyk edip bilmeýändigi üçin aglaýarlar (Işaýa 65:13, 14-nji aýatlary okaň)d.

15. Haşal otuň ýyglyp, otda ýakylmagy näme aňladýar?

15 Haşal otuň ýyglyp, otda ýakylmagy näme aňladýar? (Mat. 13:40). Bu haşal otuň soňunyň näme boljakdygyny görkezýär. Olaryň oda zyňylmagy bütinleý ýok edilmegini aňladýar (Ylh. 20:14; 21:8). Haşal ota meňzedilýän ýalan mesihçiler «uly muşakgatda» köki bilen sogrular (Mat. 24:21).

Olar «Gün kimin parlar»

16, 17. Malaki pygamber Hudaýyň ruhy ybadathanasy barada näme diýdi we ol pygamberlik haçan ýerine ýetip başlady?

16 Bugdaýa meňzedilýän adamlar haçan «Gün kimin parlar»? (Mat. 13:43). Malaki pygamber Hudaýyň ybadathanasynyň arassalanmagy babatda şeýle diýdi: «Goşunlar Hudaýy Ýehowa şeýle diýýär: «Siziň agtarýan hakyky Rebbiňiz we sabyrsyzlyk bilen garaşýan äht habarçyňyz ybadathanasyna duýdansyz geler. Ol hökman geler. Ýöne onuň geljek güni kim durup biler we ol peýda bolanda kim saklanyp biler? Çünki ol demir eredijiniň ody kimin, kir ýuwýan adamyň aşgary kimin bolar. Ol demir eredýän, kümüş arassalaýan adam ýaly oturyp, lewi ogullaryny arassalar. Olary altyn, kümüş kimin arassalar we olar Ýehowa dogrulyk gurbanyny berýän bir halk bolar» (Mal. 3:1—3).

17 Bu pygamberlik 1918-nji ýylda ýerine ýetip başlan bolmaly. Şol ýyl Ýehowa «äht habarçysy» Isa Mesihi ruhy ybadathanasyny barlamaga iberdi. Malaki pygamber munuň peýdasy barada şeýle diýdi: «Siz ýene-de dogrularyň we erbetleriň, Hudaýa gulluk edýänleriň hem etmeýänleriň tapawudyny görersiňiz» (Mal. 3:18). Şol wagtlar hakyky mesihçileriň täze güýç bilen yhlasly gulluk etmegi orak möwsüminiň başlandygyny görkezýär.

18. Daniýeliň pygamberligi şu günler nädip ýerine ýetýär?

18 Biziň günlerimiz barada Daniýel pygamber şeýle diýdi: «Düşünýänler ýyldyzly asman kimin ýalpyldap, köp adamlary dogrulyga getirýänler bolsa, ýyldyzlar kimin ebedi, baky parlar» (Dan. 12:3). Kimler şeýle parlaýar? Isanyň haşal ot tymsalyndaky mesh edilen mesihçilerden başga kim bolup biler! Gün-günden köpelýän uly märeke haşal ota meňzedilýän ýalan mesihçileriň zyňylmak üçin «ýygnalýandygyny» mese-mälim görýärler. Bu märeke ruhy Ysraýylyň galyndysyna goşulyp, Patyşalygyň geljekki raýatlary hökmünde, bu garaňky dünýäde yşyk kimin parlaýarlar (Zak. 8:23; Mat. 5:14—16; Flp. 2:14).

19, 20. «Patyşalygyň ogullary» nämä sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar we indiki makalada näme barada gürrüň ederis?

19 Şu günler «patyşalygyň ogullary» gökdäki şöhratly sylagyna sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar (Rim. 8:18, 19; 1 Kor. 15:53; Flp. 1:21—24). Emma şol gün gelýänçä, olar wepaly galyp, «iblisiň ogullaryndan» tapawutlanyp, parlamagyny dowam etmeli (Mat. 13:38; Ylh. 2:10). Göçme manydaky haşal otlaryň zyňylmak üçin «ýygnalýandygyny» görmek nähili hormat!

20 Patyşalygyň ogullary bilen ýer ýüzünde ebedi ýaşamaga umyt edýän we gün-günden köpelýän uly märeke haýsy manyda bir süri bolup bilýär? Bu barada indiki makalada gürrüň ederis.

a Bu barada «Garawul diňi» žurnalynyň 2008-nji ýylyň 15-nji iýulynda çykan sanynyň 5—8-nji sahypalarynda jikme-jik gürrüň berilýär.

b Bu tymsalda ekiş mesh edilen mesihçileri hakykata getirmek üçin wagyz edip, şägirt taýýarlamaklygy aňlatmaýar. Isa meýdanda ekilen oňat tohum: «Patyşalygyň ogullarydyr» diýdi. Ol bu tohumyň diňe geljekde Patyşalygyň ogullary bolar diýmedi. Bu ekiş bütin dünýäde ýaşaýan Patyşalygyň ogullarynyň mesh edilendigini aňladýar.

c Haşal otuň köki bilen bugdaýyň köki şeýle çyrmaşýar welin, orak wagtyndan öň haşal oty ýygsaň, bugdaý hem köki bilen sogrulýar. («Ýazgylara düşünmek» (iňl.) kitabynyň I tomunyň 1178-nji sahypasyna serediň).

d Işaýa 65:13 «Ine, meniň gullukçylarym iýer, siz bolsa aç bolarsyňyz. Ine, meniň gullukçylarym içer, siz bolsa suwsarsyňyz. Ine, meniň gullukçylarym begener, siz bolsa utanarsyňyz. 14 Ine, meniň gullukçylarym kalbyndaky rahatlykdan ýaňa begenip gygyrarlar, siz bolsa ýüregiňizdäki agyrydan ýaňa gygyrarsyňyz, synyk ruhdan ýaňa nalarsyňyz».

Ýadyňyzdamy?

Isanyň haşal ot tymsalyndaky şu zatlaryň manysyny düşündiriň:

• oňat tohum

• tohum ekýän adam

• ekilen tohum

• duşman

• haşal ot

• orak wagty

• ammar

• agy we diş gyjama

• otda ýakylmak

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş