Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w10 15/9 sah. 25—29
  • Biziň janypkeş ýolbaşçymyz

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Biziň janypkeş ýolbaşçymyz
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2010
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Ýerdäki hyzmatkär arassalanýar
  • Ýerdäki hasyl ýygymy
  • Ýygnaklara gözegçilik edýär
  • «Gel, ýa Reb Isa!»
  • Isa ýeňiş gazanýar
  • «Men dünýäniň soňuna çenli siziň bilen bolaryn»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2013
  • «Siziň ýolbaşçyňyz birdir, ol Mesihdir»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2010
  • Ýaşaýyş suwunyň çeşmelerinden içmäge mynasyp saýylanlar
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2008
  • Mesihiň doganlaryna wepaly boluň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2015
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2010
w10 15/9 sah. 25—29

Biziň janypkeş ýolbaşçymyz

«(Ol) ýeňsin diýip, ýeňip çykdy». (YLH. 6:2)

1, 2. a) 1914-nji ýylda tagta çykan Mesih Mukaddes Ýazgylarda nähili suratlandyrylýar? b) Mesih patyşa bolanda näme etdi?

MESIH 1914-nji ýylda Ýehowanyň Mesihi patyşalygynyň Patyşasy boldy. Biz ol Patyşany nähili göz öňüne getirýäris? Belki, ol çuňňur oýa batyp, tagtynda oturandyr we käte ýer ýüzüne göz aýlap, ýygnagyň ýagdaýy bilen gyzyklanýandyr? Eger şeýle pikir edýän bolsak, biz garaýşymyzy üýtgetmeli. Sebäbi Zebur we Ylham kitaplarynda ol atyň üstünde oturan hem-de ýeňiş gazanýan janypkeş patyşa hökmünde suratlandyrylýar (Ylh. 6:2; Zeb. 2:6—9; 45:1—4).

2 Mesih patyşa bolanda, ilki bilen, «aždarha» we onuň perişdelerine garşy söweşip, ýeňiş gazanýar. Baş perişde Mykaýyl, ýagny Mesih perişdeleri bilen Şeýtany we onuň jynlaryny mukaddes gökden ýeriň çäklerine kowýar (Ylh. 12:7—9). Soňra Isa Ýehowanyň «äht habarçysy» hökmünde Atasy bilen ruhy ybadathanany barlamaga gelýär (Mal. 3:1). Ol «Beýik Babylyň» höküm edilmäge has-da mynasyp bolan hristian dünýäsini ýok eder, sebäbi ol köp gan dökdi we bu dünýäniň syýasy işlerine goşulyp, ruhy zyna etdi (Ylh. 18:2, 3, 24).

Ýerdäki hyzmatkär arassalanýar

3, 4. a) Ýehowanyň «habarçysy» hökmünde Mesih nähili ýumşy ýerine ýetirdi? b) Ybadathana barlananda näme aýan boldy? ç) Ýygnagyň Başy Isa nähili tabşyrygy ýerine ýetirýär?

3 Ýehowanyň we onuň «habarçysynyň» geçiren barlagy netijesinde ruhy ybadathananyň ýerdäki howlusynda hakyky mesihçiler toparynyň bardygy aýan boldy. Olar hristian buthanalaryna degişli däldi. Emma mesh edilen mesihçileriň, ýagny «lewi ogullarynyň» hem arassalanmagy gerekdi. Bu barada Malaki şeýle pygamberlik etdi: «Ol (Ýehowa) metaly eredýän, kümşi arassalaýan adam ýaly oturyp, lewi ogullaryny arassalar. Olary altyn, kümüş kimin arassalar we olar Ýehowa dogrulyk gurbanyny berýän bir halk bolar» (Mal. 3:3). Ýehowa «äht habarçysyny», ýagny Mesih Isa arkaly ruhy Ysraýyly arassalady.

4 Mesih gelende, mesh edilen mesihçileriň adamlary wagtly-wagtynda ruhy iýmit bilen üpjün edýändigini gördi. Olar 1879-njy ýyldan bäri, amatly hem-de amatsyz ýagdaýlarda-da, Mukaddes Ýazgylara esaslanyp, şu žurnal arkaly Hudaýyň Patyşalygy barada gürrüň berýärler. Pygamberlige görä, Isa «hyzmatkärini» soňky günlerde barlamaga gelende, «hyzmatkärleri wagtly-wagtynda nahar paýlaryny berýärdi». Ol hyzmatkäriň bagtlydygyny aýdyp, «bütin mal-mülküni şoňa ynanýar» (Mat. 24:3, 45—47). Ýygnagyň Başy Mesih Patyşalygyň ýer ýüzündäki ähli işlerini «sadyk hem akylly hyzmatkär» arkaly dolandyrýar. Isa sadyk hyzmatkäriň wekili bolan Ýolbaşçylyk maslahaty arkaly mesh edilen mesihçilere we «başga goýunlaryna» ýolbaşçylyk edýär (Ýahýa 10:16).

Ýerdäki hasyl ýygymy

5. Ýahýanyň gören görnüşine görä, Mesihi Patyşa näme edýär?

5 Ýahýa resulyň gören görnüşine görä, Mesihi Patyşa 1914-nji ýylda tagta geçenden soň, ýagny «Rebbiň gününde» ýene-de bir zatlar etmelidi. Ýahýa şeýle ýazdy: «Onsoň seredip, öňümde bir ak bulut gördüm. Buludyň üstünde başy altyn täçli, eli kesgir orakly ynsan ogluna meňzeş biri otyrdy» (Ylh. 1:10; 14:14). Ýahýa Ýehowanyň perişdesiniň Orakça: «Oragyňy uzat-da, or! Orma sagady geldi. Çünki ýeriň ekini bişipdir» diýenini eşidýär (Ylh. 14:15, 16).

6. Hasyl ýygymynyň öň ýanynda näme bolup geçmeli?

6 «Ýeriň ekini» diýen sözler bize Isanyň haşal ot tymsalyny ýatladýar. Tymsala görä, Isa özüni ekin meýdanynda oňat tohum eken adama meňzedýär. Bu oňat tohum «Patyşalygynyň ogullaryny», ýagny Isa bilen Patyşalykda höküm sürjek mesh edilen mesihçileri aňladýar. Emma şol gije duşman «iblis» gelip, meýdana haşal otlary, ýagny «iblisiň ogullaryny» ekýär. Tohum eken adam hyzmatkärlerine «döwrüň soňuna», ýagny orak wagtyna çenli oňat tohum bilen haşal otlaryň bile ösmegini tabşyrýar. Şonda ol perişdelerini iberip, oňat tohumy haşal otlardan saýladar (Mat. 13:24—30, 36—41).

7. Mesih nädip «ýeriň ekininiň» aladasyny edýär?

7 Ýahýanyň gören görnüşine görä, Isa bütin ýer ýüzünde geçirilýän hasyl ýygymyna ýolbaşçylyk edýär. «Ýeriň ekin» meýdanynda 144 müňden galan «patyşalygyň ogullary», ýagny Isanyň tymsalyndaky «oňat tohumlar» ýygnanyp başlandy. Birinji Jahan urşundan soň, mesihçiler bilen ýalan hristianlaryň arasyndaky tapawut has-da aýdyň bolýar. Şeýlelikde, «ýeriň ekin» meýdanynda ikinji topar, ýagny başga goýunlar ýygnanyp başlandy. Olar «patyşalygyň ogullaryny» däl-de, «her milletden, her taýpadan, her halkdan» ýygnanan Hudaýyň Patyşalygynyň raýatlary bolan «uly märekäni» aňladýar. Şeýle-de olar Mesihi Patyşalyga, ýagny Mesih Isa we onuň bilen gökde höküm sürjek 144 müňden ybarat «mukaddeslere» tabyn bolýarlar (Ylh. 7:9, 10; Dan. 7:13, 14, 18).

Ýygnaklara gözegçilik edýär

8, 9. a) Mesih diňe bir bütin ýygnaga däl-de, eýsem, onuň her bir agzasynyň özüni alyp barşyny bilýändigi nämeden görünýär? b) Biz Şeýtanyň nähili «çuňluklaryndan» gaça durmaly?

8 Biz geçen makalada Mesihiň I asyrdaky her bir ýygnagyň aladasyny edýändigi barada bildik. Häzir ol Patyşa, oňa ýerde we gökde ähli ygtyýar berildi. Ol bütin dünýädäki ýygnaklara we onuň gözegçilerine janypkeşlik bilen ýolbaşçylyk edýär (Mat. 28:18; Kol. 1:18). Ýehowa ony «baş bolar ýaly, (mesh edilenleriň) imanlylar ýygnagyna berdi» (Efes. 1:22). Şonuň ýaly-da, ýygnagyň Başy Mesih Ýehowanyň Güwäçileriniň 100 müňden gowrak ýygnaklarynyň her birinde näme bolýandygyny bilýär.

9 Gadymy Tiýatiradaky ýygnaga Isa şeýle diýýär: «Gözleri oduň ýalny ýaly... Hudaýyň Ogly şeýle diýýär: Men seniň nämeler edeniňi bilýärin» (Ylh. 2:18, 19). Ol bu ýygnagyň agzalaryny ahlaksyz işleri we öz höweslerine görä ýaşaýandygy üçin ýazgaryp, olara şeýle diýdi: «(Olar) ýürekleri hem göwünleri barlaýanyň Mendigimi biler. Men siziň her biriňize eden işleriňiziň hakyny bererin» (Ylh. 2:23). Bu sözler Mesihiň diňe bir ýygnakda näme bolýandygyny däl-de, onuň her bir agzasynyň özüni nähili alyp barýandygyny bilýändigini-de görkezýär. Isa Tiýatiradaky ýygnagyň mesihçilerine «Şeýtanyň çuňluklaryny» bilmezligi» maslahat berýär (Ylh. 2:24). Ol şu günler hem «Şeýtanyň çuňluklaryny», ýagny Internete, zorlukly wideooýunlara we ynsan düşünjelerine gümra bolmakdan gaça durýan ähli dogan-uýalardan razy. Durmuşyň ähli ýagdaýlarynda Ýolbaşçysynyň görezmesine eýermek üçin öz bähbidinden geçip, tagalla edýän mesihçileri görende, Isa juda begenýär!

10. Ýygnak ýaşululary nähili suratlandyrylýar we olar nämä düşünmeli?

10 Mesih ýer ýüzündäki ýygnaklaryna ýaşulular arkaly söýgi bilen gözegçilik edýär (Efes. 4:8, 12, 13). I asyrda ähli ýaşulular mukaddes ruhdan doglan mesihçilerdi. Olar Ylham kitabynda Mesihiň sag elindäki ýyldyzlar görnüşinde suratlandyrylýar (Ylh. 1:16, 20). Şu günler bolsa ýygnak ýaşulularynyň köpüsi başga goýunlaryň agzalaryndan ybarat. Olary bellemek üçin doga arkaly mukaddes ruhuň görkezmesini dileýärler; şol sebäpli olar hem Mesihiň ýolbaşçylygy arkaly bellenilýär diýse bolar (Res. iş. 20:28). Olar Mesihiň ýer ýüzündäki şägirtlerine mesh edilen mesihçilerden ybarat bolan Ýolbaşçylyk maslahaty arkaly gözegçilik edýändigine düşünýärler (Resullaryň işleri 15:6, 28—30-njy aýatlary okaň).

«Gel, ýa Reb Isa!»

11. Biz näme üçin Ýolbaşçymyzyň tiz gelmegini isleýäris?

11 Ylham kitabyna görä, Isanyň tiz geljekdigi barada birnäçe gezek aýdylýar (Ylh. 2:16; 3:11; 22:7, 20). Elbetde, ol Beýik Babylyň we Şeýtanyň zalym dünýäsiniň üstünden çykarylan hökümi berjaý etmäge geler (2 Sel. 1:7, 8). Garry Ýahýa resul öňünden aýdylan ajaýyp wakalaryň ýerine ýetişini görmek isläp, şeýle diýdi: «Omyn! Gel, ýa Reb Isa!» Şu zalym dünýäniň soňky günlerinde, biz hem Ýolbaşçymyzyň we Hudaýyň Patyşalygynyň Patyşasynyň Atasynyň adyny mukaddes edişini hem-de onuň hökümetini aklaýşyny görmek isleýäris.

12. Ýok etjek ýel öwüsmänkä Mesih näme eder?

12 Şeýtanyň göze görünýän guramasy ýok edilmänkä, Isa gelip, ruhy Ysraýylyň 144 müň agzasynyň ählisi möhürlemeli. Hawa, Injilde 144 müňler doly möhürlenýänçä, Şeýtanyň zalym dünýäsini ýok etjek ýeliň saklanyp durandygy aýdylýar (Ylh. 7:1—4).

13. Mesih «uly muşakgatyň» birinji tapgyrynda özüniň barlygyny nädip aýan eder?

13 Ýer ýüzünde ýaşaýan adamlaryň köpüsi 1914-nji ýylda Mesihiň «gelendigini» bilmeýärler (2 Pet. 3:3, 4). Emma ol tizden Ýehowanyň Şeýtanyň dünýäsine çykaran hökümini berjaý etmäge gelende, özüniň barlygyny bildirer. «Bikanun adam», ýagny hristian buthanalary ýok edilende, «Isanyň... gelendigi» anyk aýan bolar (2 Selanikliler 2:3, 8-nji aýatlary okaň). Şonda Mesih Ýehowanyň bellän Kazysy hökmünde hereket edýändigini düýpli subut eder (2 Timoteos 4:1-i okaň). Ilki bilen, «Beýik Babylyň» höküm edilmäge has-da mynasyp bolan hristian dünýäsi, soňra bolsa beýleki ýalan dinler ýok ediler. Ýehowa syýasy ýolbaşçylar arkaly ruhy kemçini ýok eder (Ylh. 17:15—18). Bu «uly muşakgatyň» başlangyjy bolar (Mat. 24:21).

14. a) Uly muşakgatyň birinji tapgyry näme üçin gysgaldylar? b) Ýehowanyň halky üçin «Ynsan Oglunyň alamaty» nämäni aňladar?

14 Isa «saýlananlaryň hatyrasyna», ýagny ýer ýüzünde galan mesh edilen mesihçiler üçin muşakgatyň gysgaldyljakdygyny aýdypdy (Mat. 24:22). Ýehowa ýalan dine mesh edilen mesihçileri we başga goýunlary bütinleý ýok etmegine ýol bermez. Şeýle-de Isa «muşakgatynyň yzysüresi» Günde, Aýda we ýyldyzlarda alamatyň boljakdygyny, soňra bolsa «Ynsan Oglunyň alamatynyň görünjekdigini» aýtdy. Şonda ýer ýüzündäki halklar «perýat eder». Emma gökde we ýer ýüzünde ýaşamaga umyt edýän mesihçiler perýat etmez. Olar «ýokaryk galyp başyny galdyrar, çünki gutulyşy golaýlap gelýär» (Mat. 24:29, 30; Luka 21:25—28).

15. Mesih gelende näme eder?

15 Ynsan Ogly zalym dünýäni doly ýok etmäge gelende, başga zatlary-da eder. Isa şeýle pygamberlik etdi: «Ynsan Ogly öz şöhraty içinde ähli perişdeler bilen gelip, şöhratly tagtynda oturar. Bütin milletler Onuň öňüne ýygnanar, çopanyň goýunlary geçilerden saýlaýşy ýaly, Ol hem olary biri-birinden saýlar. Goýunlary sagynda, geçileri solunda goýar» (Mat. 25:31—33). Bu Mesihiň Kazy hökmünde gelip, «bütin milletleri» iki topara, ýagny «goýunlara» we «geçilere» böljekdigini görkezýär. «Goýunlar» — ruhy doganlaryny (ýer ýüzündäki mesh edilenleri) yhlas bilen goldaýan adamlary, «geçiler» bolsa Rebbimiz Isa... baradaky Hoş Habara uýmaýan» adamlary aňladýar (2 Sel. 1:7, 8). Goýunlar, ýagny «dogry adamlar» ýer ýüzünde «ebedi ýaşaýşy» miras alar. Emma geçiler «ebedi jeza» gider, ýagny hemişelik heläk bolar (Mat. 25:34, 40, 41, 45, 46).

Isa ýeňiş gazanýar

16. Ýolbaşçymyz Mesih nädip doly ýeňiş gazanar?

16 Mesih Patyşalykda hökümdarlyk etjek 144 müňleriň ählisini möhürläp, goýunlaryny halas etmek üçin sag tarapyna geçirenden soň, «ýeňmäge çykar» (Ylh. 5:9, 10; 6:2). Ol güýçli perişdelere we direlen doganlaryna ýolbaşçylyk edip, Şeýtanyň söwda, syýasy we harby dünýäsini ýok eder (Ylh. 2:26, 27; 19:11—21). Mesih Şeýtanyň zalym dünýäsini ýok edende doly ýeňiş gazanar. Soňra ol Şeýtany we jynlary müň ýyla düýpsüz çuňluga zyňar (Ylh. 20:1—3).

17. Mesih Müňýyllyk hökümdarlygynda başga goýunlaryň aladasyny nädip eder?

17 Uly muşakgatda halas boljak «uly märekäniň» başga goýunlary barada aýdanda, Ýahýa resul şeýle pygamberlik etdi: «Tagtyň ortasyndaky Guzy olary otarar, ýaşaýyş suwunyň çeşmelerine elter» (Ylh. 7:9, 17). Hawa, Mesih özüniň Müňýyllyk hökümdarlygynda, özüne gulak asýan başga goýunlaryň aladasyny eder we olara ebedi ýaşaýyş berer (Ýahýa 10:16, 26—28-nji aýatlary okaň). Geliň, häzir hem, Ýehowanyň wada edýän täze dünýäsinde-de, Patyşamyzyň we Ýolbaşçymyzyň yzyna wepaly eýermegi ýüregimize düweliň!

Ýadyňyzdamy?

• Mesih Patyşa bolandan soň näme etdi?

• Mesih ýer ýüzündäki ýynagyna gözegçilik etmek üçin kimi ulanýar?

• Mesih haýsy manyda tiz geler?

• Mesih täze dünýäde nädip ýolbaşçylyk eder?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş