«Hemme milletlere güwälik»
«Ýeriň tä soňuna çenli Meniň güwälerim bolarsyňyz» (RESULLARYŇ IŞLERI 1:8).
1. Matta 24:14-däki pygamberligi Isanyň şägirtleri ilkinji gezek haçan we nirede eşitdiler?
MATTA 24:14-däki Isanyň sözleri şeýle bir tanyş welin, biziň köpümiz ony ýatdan bilýäris. Bu dogrudan-da, belli pygamberlik! Isanyň şägirtleri bu pygamberligi ilkinji gezek eşidenlerinde, näme pikir etdilerkä? Bu b. e. 33-nji ýylynda bolupdy. Resullar Isa bilen bile takmynan üç ýyl boldular we häzir olar onuň bilen Iýerusalime geldiler. Olar onuň görkezen gudratlaryny görüp, öwreden taglymatlaryny eşitdiler. Isanyň öwredýän gymmatly hakykaty olary begendirse-de, olaryň şatlygyna hemmeleriň goşulmajagyny bilýärdiler. Sebäbi Isanyň täsirli duşmanlary bardy.
2. Isanyň şägirtleri nähili howpdyr, kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolmalydy?
2 Zeýtun dagynda Isa bilen onuň dört şägirdi otyrdy. Olar howp we kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz boljakdyklary barada Isanyň berýän gürrüňini ünsli diňleýärdiler. Ozal Isa olara özüniň öldüriljekdigini gürrüň beripdi (Matta 16:21). Indi bolsa, olaryň hem ýowuz yzarlamalary başdan geçirmelidiklerini aýdýar. Isa: «Sizi gaýga basdyrarlar, öldürerler, Meniň adym üçin hemme milletler sizi ýigrener» diýýär. Üstesine-de, ýalan pygamberler köpleri azdyrar. Köpler imandan dänip, biri-birlerine haýynlyk eder we ýigrenerler. Mundan başga-da, «köpleriň» Hudaýa we onuň Sözüne söýgüsi sowar (Matta 24:9—12).
3. Matta 24:14-däki Isanyň sözleri näme üçin täsin?
3 Ýokarda agzalan kynçylyklar we howp barada gürrüň berenden soň, Isa şägirtlerini geň galdyrjak bir zat aýdýar. Ol şeýle diýýär: «Patyşalyk baradaky bu Hoş Habar hemme milletlere güwälik hökmünde dünýäniň ähli ýerinde wagyz ediler; ahyrzamana şonda geler» (Matta 24:14). Hawa, Isanyň Ysraýylda başlan işini, ýagny «hakykata güwälik etmegi» dowam edip, bütin dünýä boýunça alyp barmalydy (Ýahýa 18:37). Dogrudanam, gör, nähili täsin pygamberlik! «Hemme milletlere» diňe bir wagyz etmeklik, aňsat iş däl. Eýsem, «hemme milletler» tarapyndan ýigrenilip, wagyz etmek gudrat dälmi?! Bu uly ýumşy berjaý etmek, Ýehowanyň diňe bir hökümdarlygyny we güýjüni däl-de, şeýle-de onuň söýgüsini, rehimdarlygyny hem-de sabyrlygyny arşa çykarýar. Mundan başga-da, Hudaý bu işi gullukçylaryna tabşyrmak bilen imanlaryny we wepadarlygyny görkezmäge olarda mümkinçilik döredýär.
4. Güwälik etmek işi kime tabşyryldy we Isa olara nädip teselli berdi?
4 Isanyň şägirtleri özlerine uly işiň garaşýandygyny bilýärdi. Isa göge gitmezinden öň şägirtlerine görnüp, şu sözleri ýatlatdy: «Ýöne Mukaddes Ruh üstüňize inende, güýç-kuwwat alyp, Iýerusalimde, bütin Ýahudada, Samariýada, ýeriň tä soňuna çenli Meniň güwälerim bolarsyňyz» (Resullaryň işleri 1:8). Elbetde, tizden olara başga adamlaram goşulmalydy. Ýöne şonda-da olaryň sany azdy. Şonuň üçin bu tabşyrygy ýerine ýetirmäge Hudaýyň güýçli mukaddes ruhunyň kömek berjekdigi olara, gör, nähili teselli berýär!
5. Şägirtler wagyz işi babatda nämäni bilmeýärdi?
5 Isanyň şägirtleri hoş habary wagyz edip, «bütin milletleri şägirt etmelidiklerini» bilýärdi (Matta 28:19, 20). Ýöne olar haçana çenli wagyz etmelidiklerini hem-de ahyrzamanyň haçan geljegini bilmeýärdi. Ony bizem bilemizok. Muny diňe Ýehowa bilýär (Matta 24:36). Haçan-da güwälik işi ýeterlikli edilende, Ýehowa bu dünýäniň soňuna çykar. Mesihçiler diňe şonda wagyz işi Ýehowanyň isleýşi ýaly tamamlanandygyna düşüner. Irki şägirtler wagyz işiniň ahyrky günde näçeräk möçberde ýaýrajakdygyny göz öňüne-de getirip bilmeýärdi.
I asyrdaky güwälik
6. B. e. 33-nji ýylynyň Pentikost güni we şondan soň nämeler boldy?
6 I asyrda Patyşalyk barada wagyz we şägirt taýýarlamak işi gowy miwe getirdi. B. e. 33 ýylynda Pentikost güni 120-ä golaý şägirt Iýerusalimde ýokarky otagda ýygnanyşdy. Olaryň üstüne Hudaýyň mukaddes ruhy indi we bu gudraty düşündirmek üçin Petrus resul adamlaryň öňünde joşgunly söz sözledi. Şondan soň 3 000-e golaý adam iman edip, suwda çokundyryldy. Ýöne bu işiň başlangyjydy. Dini ýolbaşçylar hoş habaryň wagyz edilmegine garşy bolsalar-da, «Hudaý hem gutulanlaryň [şägirtleriň] sanyny günsaýyn köpelderdi». Basym «iman edenleriň sany bäş müňe golaýlady». Şondan soňam «Rebbe iman eden köp adamlar, topar-topar erkekdir aýallar olara goşulýardy» (Resullaryň işleri 2:1—4, 8, 14, 41, 47; 4:4; 5:14).
7. Korneliusyň mesihçi bolmagy näme üçin ähmiýetli waka?
7 B. e. 36-njy ýylynda başga bir ähmiýetli waka bolup geçýär. Ýehudy däl Kornelius Isa iman edip, suwda çokundyrylýar. Ýehowa Petrus resuly Hudaýdan gorkýan adamyňka ýollap, Isanyň «bütin milletleri şägirt ediň» diýen tabşyrygy diňe dürli ýerde ýaşaýan ýehudylara degişli däldigini görkezdi (Resullaryň işleri 10:44, 45). Ýolbaşçylyk edýän doganlar muňa nähili garadyka? Şonda Ýahudadaky resullardyr ýaşulular ýehudy bolmadyk milletleriň hoş habary kabul edenini görüp, Hudaýy şöhratlandyrdylar (Resullaryň işleri 11:1, 18). Şeýle-de, wagyz işi ýewreýleriň arasynda hem miwe getirýärdi. Birnäçe ýyldan soň takmynan b. e. 58-nji ýylynda, ol ýerde ýehudy bolmadyk iman edenlere eýýäm «näçe müň adam [ehudy]» goşulypdy (Resullaryň işleri 21:20).
8. Hoş habar adamlara nähili täsir edýär?
8 I asyrdaky mesihçileriň sanynyň köpelmegi bizi haýran galdyrsa-da, şol sana degişli adamlary ünsden düşürip bolmaz. Mukaddes Ýazgylardaky habar güýçli täsir edýärdi (Ýewreýler 4:12). Ol adamlaryň durmuşyny düýpli özgerdýärdi, olar täze ýaradylyşy geýnip, Hudaýa ýakynlaşýardylar (Efesliler 4:22, 23). Şu günlerem şeýle. Galyberse-de, hoş habary kabul edýän adamlarda ebedi ýaşamaga ajaýyp mümkinçilik bar (Ýahýa 3:16).
Hudaýyň işdeşleri
9. Irki mesihçileriň nähili hormata mynasyp we jogapkär borjy bardy?
9 Irki mesihçiler wagyz işini öz güýji bilen etmeýändiklerini bilýärdi. Olar «mukaddes ruhuň gudraty» bilen wagyz edýändigine düşünýärdiler (Rimliler 15:13, 19). Ruhy taýdan ösüş Ýehowa baglydy. Şeýle-de mesihçiler «Hudaýyň işdeşleri» bolmak, hormata mynasyp we jogapkär borçdugyny bilýärdi (1 Korintoslylar 3:6—9). Şonuň üçin Isanyň aýdyşy ýaly, olar tabşyrylan işi ýerine ýetirmäge çalyşýardy (Luka 13:24).
10. Käbir irki mesihçiler hemme milletlere güwälik etmek üçin nähili tagallalar etdi?
10 «Özge milletleriň resuly» Pawlus gury ýerden we deňizden müňlerçe kilometr ýol söküp, Rimiň welaýaty Aziýada we Gresiýada köp ýygnaklar döretdi (Rimliler 11:13). Ol hatda Rimde, ähtimal Ispaniýada-da syýahat edendir. Şol wagt «Hoş Habary sünnetlilere wagyz etme işi» Petrusa berildi, ol başga tarapa — şol wagtky ýehudylaryň merkezine — Babyla gitdi (Galatýalylar 2:7—9; 1 Petrus 5:13). Rebde zähmet çekýänleriň arasynda Trifena we Trifosa diýen aýallar hem bardy. Persise atly başga aýala bolsa «Rebde köp zähmet çeken» diýilýärdi (Rimliler 16:12).
11. Ýehowa şägirtleriň tagallalaryny nädip patalady?
11 Ýehowa I asyrdaky işdeşleriniň yhlasly tagallalaryna ak pata berdi. Isanyň hemme milletlere güwälik etmelidigini aýdanyna heniz 30 ýyl geçmänkä, Pawlus hoş habar «gök astyndaky bütin ýaradylyşa wagyz edildi» diýip ýazdy (Koloseliler 1:23). Şol wagt ahyrzaman geldimikä? Belli bir möçberde geldi. B. e. 70-nji ýylynda Rim goşuny Iýerusalimi hem-de ybadathanany weýran edende, ýehudy dünýäsiniň soňy geldi. Şonuň ýaly-da, Ýehowa Şeýtanyň dünýäsini ýok etmezinden öň, uly möçberde güwälik etmeli diýen karara geldi.
Şu günler güwälik edilişi
12. Mukaddes Ýazgylary öwrenýänler wagyz etmek baradaky tabşyryga nähili düşünýärdi?
12 XIX asyryň aýaklarynda köp wagtlap ýalan diniň höküm sürmeginden soň, arassa sežde dikeldildi. Ozal Mukaddes Ýazgylary öwrenýänler diýip tanalýan Ýehowanyň Güwäçileri bütin ýer ýüzünde şägirt taýýarlamalydygyna gowy düşünýärdiler (Matta 28:19, 20). 1914-nji ýyllarda 5 100-e golaý adam yhlasly wagyz edip, hoş habary 68 ýurtda ýaýratdy. Emma şol wagt Mukaddes Ýazgylary öwrenýänler Matta 24:14-däki pygamberligiň manysyna doly düşünmeýärdiler. XIX asyryň aýaklarynda Mukaddes Ýazgylar jemgyýeti içinde Hoş Habar ýa-da Injil bolan Mukaddes Ýazgylary köp dile terjime edip, çap etdi we bütin dünýä ýaýradypdy. Şonuň üçin Mukaddes Ýazgylary öwrenýänler birnäçe ýylyň dowamynda milletlere güwälik edildi diýip düşünýärdi.
13, 14. 1928-nji ýylda çap edilen «Garawul diňi» žurnalynda Hudaýyň islegi we niýeti barada nädip anyk düşündirildi?
13 Kem-kemden Ýehowa islegini we niýetini halkyna aýdyň düşündirdi (Süleýmanyň tymsallary 4:18). 1928-nji ýylyň Bitaraplyk aýynyň 1-e çykan «Garawul diňi» žurnalynda şeýle diýilýär: «Mukaddes Ýazgylaryň ýaýradylmagy bilen pygamberlik edilen patyşalyk baradaky wagyz işi gutarandyr diýip bilerismi? Elbetde, ýok! Mukaddes Ýazgylaryň ýaýradylmagyna garamazdan, ýer ýüzünde Güwäçileriň kiçi topary Hudaýyň niýetini düşündirýän edebiýaty çap etmeli we kimde Mukaddes Ýazgylar bar bolsa şolara baryp wagyz etmeli. Ýogsam, adamlar şu günler Hudaýyň Patyşalygynyň höküm sürüp başlandygyny bilmezler».
14 Soňra şol «Garawul diňi» žurnalynda şeýle diýilýär: «1920-nji ýylda . . . Mukaddes Ýazgylary öwrenýänler Matta 24:14-däki Isanyň pygamberligine dogry düşünip başladylar. Soňra olar hemme milletlere güwälik hökmünde dünýäniň ähli ýerinde wagyz edilmeli «Hoş Habar» indi gelmeli Patyşalyk hakda däl-de, Mesihi Patyşanyň eýýäm ýeriň üstünden höküm sürüp başlandygy baradaky habardygyna düşündiler».
15. 1920-nji ýyllardan başlap wagyz işi nähili möçberde ýaýrady?
15 Wagtyň geçmegi bilen, 1920-nji ýyllarda «Güwäçileriň kiçi topary» köpeldi. Soňky ýyllarda olara «başga goýunlaryň» «uly märekesi» goşulyp başlady (Ýahýa 10:16; Ylham 7:9). Şu günler ýer ýüzünde 6 613 829-a golaý wagyzçy 235 ýurtda we territoriýalarda hoş habary wagyz edýär. Pygamberlik, gör, nähili täsin ýerine ýetýär! «Patyşalyk baradaky bu Hoş Habar» öň hiç haçan şeýle uly möçberde wagyz edilmändi. Mundan öň ýer ýüzünde Ýehowanyň şunça köp wepaly gullukçysy ýokdy.
16. Geçen gulluk ýylynda nämeler edildi?
16 Şeýle-de 2005-nji gulluk ýylynda Güwäçileriň uly topary yhlasly wagyz etdi. Olar hoş habary wagyz etmek üçin, 235 ýurtda we territoriýalarda milliarddan-da gowrak sagat sarp etdi. Millionlarça ikilenç ideg edildi we millionlarça Mukaddes Ýazgylar okuwy geçirildi. Olar adamlara Hudaýyň sözüni düşündirmek üçin wagtyny we güýjüni sarp etdi. Bularyň barysyny Ýehowanyň Güwäçileri etdi (Matta 10:8). Ýehowa islegini ýerine ýetirer ýaly, güýçli mukaddes ruh arkaly gullukçylaryny häzirem goldaýar (Zakarýa 4:6).
Yhlasly güwälik edýäris
17. Isanyň hoş habary wagyz ediň diýen sözlerine Ýehowanyň halky nähili seslenýär?
17 Isanyň hoş habary wagyz etmeli diýenine 2 000 ýyla golaý wagt geçse-de, Hudaýyň halky gün-günden yhlasly zähmet çekýär. Biz bu ajaýyp işi çydamlylyk bilen ýerine ýetirsek, Ýehowanyň söýgi, rehimdarlyk we sabyrlylyk ýaly häsiýetlerini görkezeris. Ýehowa ýaly bizem hiç kimiň heläk bolmagyny islemän, gaýtam, adamlaryň toba edip, Hudaý bilen ýaraşmagyny isleýäris (2 Korintoslylar 5:18—20; Petrus 3:9). Ýehowanyň hyjuwly Güwäçileri Hudaýyň ruhy bilen hoş habary ýeriň tä soňuna çenli wagyz edýärler (Rimliler 12:11). Netijede, dürli ýurtdaky adamlar hakykaty kabul edýär we Ýehowanyň söýgi bilen berýän görkezmesine eýerýärler. Geliň, käbir mysallara seredeliň.
18, 19. Käbir adamlaryň hoş habara seslenişi barada gürrüň ber.
18 Gündogar Keniýadaky Çarlz diýen adamyň potrady bardy. 1998-nji ýylda ol 8 tonnadan-da gowrak temmäki satdy we iň ökde temmäki potratçy diýen at gazandy. Şol wagt ol Mukaddes Ýazgylary öwrenip başlady. Tizden ol temmäki öndürýän adam, Isanyň goňşyňy söý diýen tabşyrygyny bozýandygyna düşündi (Matta 22:39). Haçan-da Çarlz «iň ökde temmäki potratçy» diýmek «iň ökde ganhor» diýen netijä gelende, ol temmäki potratyna awy sepip çykdy. Ol ruhy taýdan üstünlikler edip, özüni Hudaýa bagyş etdi we suwda çokundyryldy. Häzir ol gulluk hyzmatçysy we pioner bolup gulluk edýär.
19 Ýehowa bütin dünýäde güwälik edilmegi bilen milletleri silkeläp, arzyly adamlaryň gelmeginiň aladasyny edýär (Haggaý 2:7). Portugaliýada ýaşaýan Pedro 13 ýaşynda dini seminariýa okuwa girýär. Onuň maksady missioner bolup, adamlara Mukaddes Ýazgylary öwretmekdi. Birnäçe wagtdan soň ol okuwyny taşlady, sebäbi ol ýerde Mukaddes Ýazgylara köp üns berilmeýärdi. Alty ýyldan soň ol Lisabonyň unewersitetinde psihologiýany öwrenip başlady. Ol daýzasynkyda ýaşaýardy, daýzasy bolsa Ýehowanyň Güwäçisidi. Ol Pedrony Mukaddes Ýazgylary öwrenmäge höweslendirýärdi. Şol wagtlar Pedro Hudaýyň barlygyna-da şübhelenýärdi we Mukaddes Ýazgylary öwrenmek barada belli bir karara gelip bilmeýärdi. Ol bu mesele barada psihologiýadan bir tanyş professory bilen gürleşdi. Professor oňa, psiholigiýanyň öwredişi boýunça, karara gelip bilmeýän adam öz-özüne zyýan ýetirýändigini aýtdy. Şondan soň ol Mukaddes Ýazgylary öwrenmegi berk ýüregine düwdi. Ýaňy ýakynda ol suwda çokundyryldy we häzir başgalar bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirýär.
20. Milletlere şeýle uly möçberde güwälik edilýändigine biz näme üçin begenip bileris?
20 Biz haçana çenli milletlere güwälik ediljegini hem-de ahyrzamanyň haýsy günde we sagatda boljagyny bilmeýäris. Ýöne onuň tiz geljegini bilýäris. Hoş habaryň şeýle uly möçberde wagyz edilýänine biz begenýäris. Bu bolsa adamlaryň häkimiýetini çalyşjak Hudaýyň Patyşalygynyň golaýdadygyny görkezýän subutnamalaryň biri (Daniýel 2:44). Her bir geçen ýyl millionlarça adamlaryň hoş habary kabul etmegine mümkinçilik berýär we bu Ýehowa Hudaýy şöhratlandyrýar. Geliň, wepaly galyp, bütin dünýädäki doganlarymyz bilen hemme milletlere güwälik etmegi ýüregimize berk düweliň! Şeýdip, biz özümizi hem-de bize gulak asýanlary halas ederis (1 Timoteos 4:16).
Ýadyňyzdamy?
• Matta 24:14-däki pygamberlik näme üçin täsin?
• Irki mesihçiler wagyzda nähili tagallalar etdi we netijesi nähili boldy?
• Mukaddes Ýazgylary öwrenýänler hemme milletlere güwälik etmelidigine nädip düşündiler?
• Soňky gulluk ýylynda Hudaýyň halkynyň eden işlerinden saňa näme ýarady?