Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w06 1/1 sah. 25—29
  • Dogrulygy agtarsak, bizi gorar

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Dogrulygy agtarsak, bizi gorar
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2006
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Dogrulygyň ähmiýeti
  • Azgyn dünýäde dogrulyk etmek
  • Ahlaksyzlyk duzagy
  • Iliň ugruna gitmek howply
  • Ýehowany unutma
  • Özdiýenli bolmakdan ägä bol
  • Isadan görelde alyň
  • Dogrulygy ýürekden söýüň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
  • Ýehowanyň halky dogruçyllygy halaýar
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2022
  • Siz öňürti «onuň dogrulygyny» agtaryň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2010
  • Hudaýyň Patyşalygyny goldalyň!
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Köpçülik üçin) — 2020
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2006
w06 1/1 sah. 25—29

Dogrulygy agtarsak, bizi gorar

«öňürti hudaýyň... dogrulygyny agtaryň» (MATTA 6:33).

1, 2. Bir ýaş uýa näme karara geldi we näme üçin?

AZIÝALY bir ýaş uýa döwlet edarasynda sekretar bolup işe girdi. Ol wagtynda işe gelip, iş wagty başga işler bilen meşgullanman, gowy işleýärdi. Ol wagtlaýyn işleýäni üçin, başlygynyň ýanyna baryp, işi barada gürleşdi. Edara başlygy onuň bilen gezse, hemişelik iş berip, hatda uly wezipä çekjekdigini-de aýtdy. Mesihçi uýa işden çykmaly bolsa-da, onuň aýdanlaryna çürt-kesik razy bolmady.

2 Ýaş uýanyň edeni dogrumyka? Elbetde, sebäbi ol Isanyň: «Öňürti Hudaýyň... dogrulygyny agtaryň» diýen sözlerine eýerýär (Matta 6:33). Ol ahlaksyzlyk edip uly wezipä geçmekden, Hudaýyň prinsipleri boýunça ýaşamagy has-da wajyp saýýar (1 Korintoslylar 6:18).

Dogrulygyň ähmiýeti

3. Dogrulyk näme?

3 «Dogrulyk» ahlak prinsiplerinden çykman ýaşamagy aňladýar. Mukaddes Ýazgylarda «dogrulyk» diýip terjime edilýän grek we ýewreý sözleri «göni bolmak» diýen düşünjäni berýär. Ýöne dogrulyk öz-özüňi aklamagy we öz pikiriňe görä baha bermegi aňlatmaýar (Luka 16:15). Bu Ýehowanyň kadalary boýunça dogry ýaşamagy aňladýar. Muňa Hudaýyň dogrulygy diýilýär (Rimliler 1:17; 3:21).

4. Mesihçiler üçin dogrulygyň näme ähmiýeti bar?

4 Dogrulygyň näme ähmiýeti bar? Ýehowa «dogry Hudaý» we ol dogrulyk edýän halkyndan razy (Zebur 4:1; Süleýmanyň tymsallary 2:20—22; Habakkuk 1:13). Erbetlik edýänler oňa ýakynlaşyp bilmez (Süleýmanyň tymsallary 15:8). Şonuň üçin Pawlus resul Timoteosa: «Ýaşlyk höweslerinden gaçyp... dogrulyga eýermegi» hem-de beýleki wajyp häsiýetleri ösdürmegi ündedi (2 Timoteos 2:22). Şeýle-de Pawlus ruhy ýaraglary sanap geçende, «dogrulyk sowudyny geýiň» diýdi (Efesliler 6:14).

5. Bikämil adamlar dogrulygy nädip agtaryp biler?

5 Elbetde, adam hemme zatda dogry bolup bilmeýär. Sebäbi biziň hemmämiz Adam atadan bikämilligi miras aldyk we doglanymyzdan bäri, günä hem erbetlik edýäris. Muňa garamazdan, Isa dogrulygy agtarmagy ündedi. Eýsem, bu mümkinmi? Mümkin, sebäbi Isa kämil janyny bize töleg hökmünde berdi. Biz töleg gurbanyna iman etsek, onda Ýehowa günälerimizi bagyşlar (Matta 20:28; Ýahýa 3:16; Rimliler 5:8, 9, 12, 18). Şoňa görä-de, Ýehowanyň dogry kadalaryny öwrenip, olary berjaý etsek we ejizliklerimize hötde gelmek üçin doga etsek, Ýehowa biziň seždämizi hem kabul eder (Zebur 1:6; Rimliler 7:19—25; Ylham 7:9, 14). Gör, nähili teselli!

Azgyn dünýäde dogrulyk etmek

6. Irki mesihçilere dünýä näme üçin howpludy?

6 Isa Mesihiň şägirtleri «ýeriň tä soňuna çenli» güwäçi bolmaly diýen tabşyrygy alanda, dürli kynçylyklara duş geldiler (Resullaryň işleri 1:8). Sebäbi olar Şeýtan «Iblisiň goly astyndaky» dünýäde wagyz etmelidi (1 Ýahýa 5:19). Dünýä bolsa Iblisiň erbet ruhy bilen zäherlenip, mesihçilere-de täsiri bardy (Efesliler 2:1, 2). Şol sebäpli dünýä olar üçin howpludy. Diňe öňürti Hudaýyň dogrulygyny agtaryp, aýypsyzlygy saklap bilerdiler. Irki mesihçileriň köpüsi muňa hötde geldiler, ýöne käbirleri «dogrulyk ýolundan» sowuldy (Süleýmanyň tymsallary 12:28; 2 Timoteos 4:10).

7. Mesihçiler näme üçin dünýäniň täsirine garşy durmaly bolýar?

7 Eýsem, şu günki mesihçiler üçinem dünýä howplumy? Elbetde! Häzir dünýä birinji asyrdakydanam beter azgyn. Üstesine-de, Şeýtan ýer ýüzüne zyňyldy we «aýalyň neslinden galan we Hudaýyň buýruklaryny berjaý edip, Isa güwälik edýän» mesh edilen mesihçiler bilen uruş alyp barýar (Ylham 12:12, 17). Şeýle-de Şeýtan «nesli» goldaýan her bir adama hüjüm edýär. Ýöne mesihçileriň gizlenere ýeri ýok. Olar dünýäde ýaşasalar-da, bu dünýäden däl (Ýahýa 17:15, 16). Şeýle-de olar wagyzda päk niýetli adamlary gözläp, Isa Mesihiň şägirdi bolmaga kömek edýärler (Matta 24:14; 28:19, 20). Şeýlelikde, mesihçiler bu azgyn dünýäniň täsirinden bütinleý goranyp bilmeseler-de, oňa garşy durmaly bolýar. Gel, bu azgyn dünýäniň dört täsirine seredeli.

Ahlaksyzlyk duzagy

8. Ysraýyllylar näme üçin moablylaryň taňrylaryna sežde edip başladylar?

8 Ysraýyllylaryň köpüsi 40 ýyllyk sergezdançylygyň soňuna golaý dogrulyk ýoluny taşladylar. Olar ençeme gezek Ýehowanyň halas edişini gördüler we tizden Wada edilen diýara girmelidi. Şeýle aýgytly pursatda, olar moablylaryň taňrylaryna sežde edip başladylar. Näme üçin? Sebäbi olar «ten höweslerine» berildiler (1 Ýahýa 2:16). Bu barada şeýle diýilýär: «Ysraýyllylar Moabyň gyzlary bilen ahlaksyzlyk edip başladylar» (Sanlar 25:1).

9, 10. Ten höwesleriniň azgyn täsirini näme üçin ýatdan çykarmaly däl?

9 Bu waka ätiýaçsyz adamy erbet höwesleriň ýoldan çykaryp biljekdigini görkezýär. Biz mundan sapak edinmeli, sebäbi häzir ahlaksyzlyk bolaýmaly zat hasaplanýar (1 Korintoslylar 10:6, 8). ABŞ barada bir habarda şeýle diýilýär: «1970-nji ýyllara çenli ABŞ-nyň hemme ştatlarynda nikasyz ýaşaşmak kanunsyzlyk hasap edilýärdi. Häzir bolsa bu adaty zada öwrüldi. Ilkinji gezek durmuş gurýan ýaşlaryň ýarysyndan köpüsi başda nikasyny resmileşdirmän ýaşaşypdyrlar». Beýle ýagdaýy diňe bir ýurtda däl, dünýäniň hemme ýerinde-de görse bolýar. Gynansak-da, käbir mesihçiler hem olara eýerip, hatda ýygnak bilen gatnaşykdanam kesilýärler (1 Korintoslylar 5:11).

10 Mundan başga-da, ahlaksyzlyk hemme ýerde diýen ýaly giňden ýaýradylýar. Kinoda we telewizion gepleşiklerde ýaşlaryň nikasyny resmileşdirmän är-aýal bolup ýaşamaklaryny ýazgarmaýarlar. Gomoseksualizme adaty zat hökmünde garalýar. Jynsy gatnaşyklary aç-açan görkezýärler. Onuň suratlaryny Internetde arkaýyn görüp bolýar. Meselem, bir gazet habarçysy ýedi ýaşly oglunyň mekdep dostlarynyň ýalaňaç aýallaryň edýän jynsy ahlaksyzlyklaryny Internetde görýändigini gürrüň berendigini aýdýar. Muny eşidip kakasynyň ýüregi ýarylara gelipdir, ýöne gör, näçe çagalar şeýle zatlary görüp, kakasyna aýdýan däldirler! Köp ata-eneler bolsa, çagalarynyň oýnaýan wideooýunlarynyň mazmuny bilenem tanyş däldir. Şeýle giňden ýaýran oýunlaryň köpüsi ahlaksyzlyk, zulum we jynlar bilen baglanyşykly.

11. Maşgalany dünýäniň ahlaksyzlygyndan nädip gorap bolar?

11 Şeýle ýaramaz göwün açmalara maşgala nädip garşy durup biler? Munuň üçin öňürti Hudaýyň dogrulygyny agtaryp, hiç hili ahlaksyzlyga baş goşmaly däl (2 Korintoslylar 6:14; Efesliler 5:3). Çagalarynyň dynç alyşyna göz-gulak bolýan hem-de Ýehowa we dogry kanunlaryna bolan söýgüsini çagalarynda-da, özlerinde-de ösdürip, pornografiýa, pornografik wideooýunlara, ahlaksyz filmlere we başga-da erbet höweslere garşy durmaga çagalaryna kömek edýärler (Kanunyň gaýtalanyşy 6:4—9).a

Iliň ugruna gitmek howply

12. Birinji asyrda nähili kynçylyk ýüze çykdy?

12 Pawlus resul Kiçi Aziýanyň Listra şäherinde ysgynsyz bir adamy sagaltdy. Bu barada şeýle diýilýär: «Halaýyk Pawlusyň eden işini görende seslerini gataldyp, likaoniýa dilinde: «Taňrylar ynsan keşbine girip, biziň ýanymyza inipdir!» diýişdiler. Barnabasa Zews, Pawlusa-da söz sözleýän bolany üçin Hermes diýdiler» (Resullaryň işleri 14:11, 12). Biraz wagtdan şol halaýyk Pawlus bilen Barnabasy öldürjek boldular (Resullaryň işleri 14:19). Elbetde, bu adamlar iliň ugruna gitdiler. Ýöne şol ýerde ýaşaýanlaryň käbiri mesihçi bolsalar-da, yrymlardan el çekmediler. Şonuň üçin Pawlus koloselilere ýazan hatynda «perişdelere ybadat etmekden» gaça durmalydygy barada duýdurdy (Koloseliler 2:18).

13. Mesihçiler nähili däp-dessurlardan gaça durýarlar we olara kim güýç berýär?

13 Şu günler mesihçiler ýalan dini düşünjelere esaslanýan ýörgünli däp-dessurlara baş goşmaýarlar, sebäbi olar Hudaýyň prinsipleri boýunça ýaşaýarlar. Meselem, käbir ýurtlarda çaganyň dogulmagy hem-de adamyň ölümi bilen baglanyşykly köp däp-dessurlar bar. Şol däp-dessurlara görä, adam ölende ondan ruhy çykyp ýaşamagyny dowam edýärmiş (Wagyzçy 9:5, 10). Käbir ýurtlarda ýaş gyzlaryň jyns organlaryna şikes ýetirmek däbi bar*. Bu zalym hem-de biderek adat. Çagalary barada söýgi bilen alada edýän mesihçi ata-eneler hiç haçan beýle etmez (Kanunyň gaýtalanyşy 6:6, 7; Efesliler 6:4). Mesihçiler iliň ugruna gitmän, şeýle işlerden nädip gaça durup biler? Ýehowa bütin ýürekden bil baglamaly (Zebur 31:6). «Ol [Hudaý] meniň penam we galamdyr; meniň Hudaýymdyr; men Oňa bil baglaryn» diýip, ýürekden aýdýan adamlara dogruçyl Hudaý güýç berýär hem-de olaryň aladasyny edýär (Zebur 91:2; Süleýmanyň tymsallary 29:25).b

Ýehowany unutma

14. Ysraýyllylar Wada edilen diýara girmänkä, Ýehowa näme barada duýdurdy?

14 Ysraýyllylar Wada edilen diýara girmänkä, Ýehowa özüni unutmazlygy duýdurdy. Ol şeýle diýdi: «Meniň saňa şu gün berýän tabşyryklarymy, hökümlerimi we kararlarymy berjaý etmegi goýup, Hudaýyň Ýehowany unutmakdan ägä bol. Ýogsam, doýup iýeniňde, gowy jaýlar salyp olarda ýaşanyňda, uly-kiçi sürüleriň, altyn-kümşüň we her hili emlägiň köpelende, ýüregiň şatlanyp, şonda Hudaýyň Ýehowany unudarsyň» (Kanunyň gaýtalanyşy 8:11—14).

15. Ýehowany unutmaz ýaly näme etmeli?

15 Şu günlerem şeýle bolup bilermi? Birinji orunda nämäni goýmalydygyny bilmesek, elbetde, bolup biler. Öňürti Hudaýyň dogrulygyny agtarsak, onda hakyky sežde durmuşymyzda iň wajyp orun tutar. Biz Pawlusyň aýdyşy ýaly, «pursatdan peýdalanmaly» we gullugymyzyň gaýragoýulmasyz işdigine düşünmeli (Koloseliler 4:5; 2 Timoteos 4:2). Eger-de göwün açmalary ýa-da wagtyňy hoş geçirmekligi, ýygnakdan we wagyzdan ileri tutsak, onda Ýehowany unudyp, ol ikinji orna geçer. Pawlus soňky günlerde adamlar «lezzeti Hudaýdan köp söýýän [bolar]» diýdi (2 Timoteos 3:4). Mesihçiler şeýle düşünjeleriň täsirine düşmez ýaly, özlerini hemişe barlap durýarlar (2 Korintoslylar 13:5).

Özdiýenli bolmakdan ägä bol

16. How enede we Pawlusyň döwründäki käbir şägirtlerde nähili ýaramaz häsiýet bardy?

16 Şeýtan Erem bagynda How enäniň özdiýenli bolmak islegini ulandy. How ene ýagşyny we ýamany özi çözesi geldi (Barlyk 3:1—6). Birinji asyrda mesihçiler ýygnagynda-da özdiýenli bolmagy gowy görýänler bardy. Olar özüni Pawlusdan ýokary tutýardylar, Pawlus bolsa olary ýaňsa alyp «ýokary derejeli resullar» diýip atlandyrdy (2 Korintoslylar 11:3—5; 1 Timoteos 6:3—5).

17. Özdiýenli bolmakdan nädip gaça durup bileris?

17 Häzir «ätiýaçsyz, gopbamsy» adamlar gaty kän we mesihçilerem olaryň täsirine düşüp biler. Käbirleri bolsa, hakykatyň duşmany-da bolýar (2 Timoteos 3:4; Filipililer 3:18). Arassa seždä gezek gelende, Ýehowanyň maslahatyna eýerip, «sadyk hem akylly hyzmatkär» we ýygnagyň ýaşululary bilen işleşmeli. Şeýdip, dogrulygy agtarsak, özdiýenli bolmakdan gorar (Matta 24:45—47; Zebur 25:9, 10; Işaýa 30:21). Mesh edilen mesihçileriň ýygnagy — «hakykatyň diregi hem daýanjy». Ýehowa şol arkaly bizi goraýar hem-de maslahat berýär (1 Timoteos 3:15). Munuň wajyp rol oýnaýandygyny bilsek, «şöhratparazlyk» etmän, gaýtam, kiçigöwünlilik bilen Ýehowanyň dogrulygyna boýun bolarys (Filipililer 2:2—4; Süleýmanyň tymsallary 3:4—6).

Isadan görelde alyň

18. Isadan nädip görelde alyp bileris?

18 Pygamberlikde Isa barada şeýle diýilýär: «Sen dogrulygy söýüp, erbetligi ýigrenýärsiň» (Zebur 45:7; Ýewreýler 1:9). Gör, Isa nähili gowy görelde galdyrdy! (1 Korintoslylar 11:1). Isa Ýehowanyň dogrulygyny diňe bilmek bilen çäklenmän, eýsem, ony söýýärdi. Şeýtan ony çölde synanda, Isa ýaýdanman oňa garşy çykdy we «dogrulyk ýoluny» taşlamady (Süleýmanyň tymsallary 8:20; Matta 4:3—11).

19, 20. Dogrulygy agtarsak, nähili gowy netije getirer?

19 Dogrudan-da, erbet islegler güýçli bolýar (Rimliler 7:19, 20). Emma dogrulygyň gadyryny bilsek, onda erbetlige garşy durmaga bize güýç berer (Zebur 119:165). Dogrulygy güýçli söýsek, erbetlige uçranymyzda bizi gorar (Süleýmanyň tymsallary 4:4—6). Ýadyňda bolsun, synagda berk durmasaň, Şeýtan üstün çykar. Şoňa görä-de, Şeýtana garşy durup, Ýehowa bilen ýeňiş gazanmak nähili gowy! (Süleýmanyň tymsallary 27:11; Ýakup 4:7, 8).

20 Sebäbi mesihçiler dogrulygy agtaryp, «Hudaýyň şöhraty hem öwgüsi üçin Isa Mesihden gelen dogrulygyň miwesinden dolýarlar» (Filipililer 1:9—12). Olar «çyn dogrulyk hem mukaddeslikde Hudaýyň meňzeşliginde döredilen täze ýaradylyşy geýýärler» (Efesliler 4:24). Olar özi üçin däl-de, Ýehowa üçin ýaşaýarlar we ony söýýärler (Rimliler 14:8; 1 Petrus 4:2). Başgaça aýdanyňda, muny olaryň pikir edişi we işleri görkezýär. Şeýdip, olar gökdäki Atasyny biçak begendirýär! (Süleýmanyň tymsallary 23:24).

a Ata-eneler maşgalasyny ahlaksyzlykdan goramak üçin gerekli maslahatlary Ýehowanyň Güwäçileriniň «Maşgala bagtynyň syry» atly kitabyndan tapyp biler.

b Ýaş gyzlaryň jynsy organlaryna şikes ýetirmek däbine gyzlary sünnetlemek hem diýilýär.

Siz nähili düşündirersiňiz?

• Dogrulygyň näme ähmiýeti bar?

• Bikämil mesihçiler nädip dogrulygy agtaryp biler?

• Mesihçiler dünýäniň nähili işlerinden gaça durýarlar?

• Dogrulygy agtarsak, bizi nädip gorar?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş