Ýehowa özüni ýürekden agtarýanlary sylaglaýar
«Hudaýa ýakynlaşýan adam onuň bardygyna we ony ýürekden agtarýanlary sylaglajakdygyna iman etmelidir». ÝEW. 11:6
1, 2. a) Söýgi bilen imanyň nähili baglanyşygy bar? b) Biz nähili soraglara serederis?
BIZ Ýehowany söýýäris, «sebäbi ilki (ol) bizi söýdi» (1 Ýah. 4:19). Onuň mähirli söýgüsi wepaly gullukçylaryny patalamak üçin ilkinji ädimi ätmäge höweslendirdi. Hudaýa bolan söýgimiz artdygy saýyn, oňa bolan imanymyz hem berkeýär, ýagny biz diňe onuň bardygyna däl-de, eýsem, söýýänlerini sylaglajakdygyna hem ynanýarys (Ýewreýler 11:6-ny okaň).
2 Hawa, Ýehowanyň bardygyna we onuň edýän işlerine ynanmak örän wajyp. Eger biz Ýehowanyň özüni ýürekden agtarýanlary sylaglajakdygyna şübhelensek, imanymyz gowşar, sebäbi «iman — umyt edýän zatlarymyzyň gelejekde, hakykatdan-da, boljakdygyna ynanmakdyr» (Ýew. 11:1). Diýmek, iman etmek üçin Hudaýyň wada berýän bereketlerini aljakdygymyza ynanmaly. Munuň nähili peýdasy bar? Ýehowa gullukçylaryny geçmişde nädip sylaglady we şu günler nädip sylaglaýar? Geliň, muny bileliň.
ÝEHOWA GULLUKÇYLARYNY PATALAJAKDYGYNY WADA BERÝÄR
3. Malaky 3:10-da Ýehowa nämäni wada berýär?
3 Ýehowa Hudaý wepaly gullukçylaryny sylaglamaga özüni borçly hasaplaýar we biziň şol bereketleri almagymyzy isleýär. Mukaddes Ýazgylarda: «Meni... synap görüň. Muny Hökmürowan Reb diýýär. Görüň, Men gögüň penjirelerini siziň üçin açyp, üstüňize dolup-daşýan bereket ýagdyrmarynmy?» diýilýär (Mal. 3:10). Ýehowanyň sahylyk bilen berýän bereketlerini kabul edenimizde, oňa bolan çuňňur minnetdarlygymyzy görkezýäris.
4. Biz Isanyň Matta 6:33-de aýdan sözlerine näme üçin ynanyp bileris?
4 Isa şägirtlerine öňürti Patyşalygy agtarsalar, Hudaýyň olary goldajakdygyny aýdypdy (Matta 6:33-i okaň). Sebäbi Isa Ýehowanyň ynamdar Hudaýdygyny bilýärdi. Ol Hudaýyň wadalarynyň ýerine ýetjekdigine asla şübhelenmeýärdi (Iş. 55:11). Eger bizem Ýehowa ýürekden iman edýän bolsak, onuň: «Men seni hiç haçan terk etmerin, seni asla taşlamaryn» diýen wadasyna şübhelenmeris (Ýew. 13:5). Bizem Isanyň öňürti Patyşalygy we Hudaýyň dogrulygyny agtarmak barada aýdan ylhamly sözlerine goşulyp bileris.
Isa şägirtlerine eden tagallalary üçin sylag aljakdyklaryny aýtdy (5-nji abzasa serediň)
5. Isanyň sözleri Petrusyň imanyny nädip berkitdi?
5 Bir gezek Petrus resul Isadan: «Biz ähli zadymyzy goýup, seniň yzyňa düşdük; munuň üçin bize näme berler?» diýip sorady (Mat. 19:27). Isa beren soragy üçin Petrusa käýemedi, gaýtam, şägirtlerine öz isleginden geçip Hudaýa gulluk edýändikleri üçin sylaglajakdygyny aýtdy. Wepaly resullar we başga-da mesh edilenler gökde höküm sürerler. Ýöne olar häzirem bereket alýarlar. Isa: «Meniň adym üçin öýlerini, doganlaryny, uýalaryny, ata-enesini, çagalaryny ýa-da melleklerini taşlan her kes bulardan 100 esse köp zady we ebedi ýaşaýşy miras alar» diýdi (Mat. 19:29). Hawa, onuň şägirtleri öz isleginden geçip gulluk edýändikleri üçin sylagsyz galmaz. Eýsem, biziň ruhy ata-enelerimiz, doganlarymyz, uýalarymyz we çagalarymyz Hudaýyň Patyşalygyny agtarmak üçin geçen islendik zadymyzdan has gymmatly dälmi näme?!
«ÝAŞAÝŞYMYZY... SAKLAÝAN LABYR»
6. Ýehowa näme üçin gullukçylaryny sylaglajakdygyny wada berýär?
6 Ýehowanyň berjek sylagy gullukçylaryna synaglarda aýypsyz galmaga kömek edýär. Olar häzir bol ruhy bereketleri alýarlar, gelejekde bolsa has köp bereketleri almaga sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar (1 Tim. 4:8). Hawa, Ýehowanyň «ýürekden agtarýanlary sylaglajakdygyna» bolan berk ynamymyz bize hakykat ýolundan dänmezlige kömek eder (Ýew. 11:6).
7. Umyt haýsy manyda labyr ýaly kömek edýär?
7 Isa Dagdaky wagzynda: «Şatlanyň, begeniň, sebäbi gökde aljak sylagyňyz uludyr. Sizden öň ýaşan pygamberleri-de yzarlapdylar» diýdi (Mat. 5:12). Diňe gökde sylag aljak mesh edilenler däl, eýsem, ýer ýüzündäki Jennetde ebedi ýaşaýyş sylagyny aljak adamlar hem «şatlanyp, begenerler» (Zeb. 37:11; Luka 18:30). Gelejege bolan bu umyt mesh edilenleri hem-de başga goýunlary «ýaşaýşyny... saklaýan labyr kimin... ynamly edýär we berkidýär» (Ýew. 6:17—20). Labyryň tupanda gämini saklamaga kömek edişi ýaly, gelejege bolan umydymyz hem bize duýgy, pikir we ruhy taýdan durnukly bolmaga kömek edýär. Bu bize islendik kynçylyga döz gelmäge ýardam eder.
8. Gelejege bolan umyt bize çendenaşa alada etmezlige nädip kömek edýär?
8 Gelejege bolan umydymyz bize çendenaşa alada etmezlige kömek edýär. Hudaýyň berýän wadalary biziň ýüregimize melhem ýaly şypa berýär. «Ýüküňi Rebbiň üstüne taşla, Ol seni saklar» diýen sözler diýseň teselli berýär! (Zeb. 55:22). Hudaýyň biziň «soraýan we düşünýän ähli zatlarymyzdan-da has köp zatlary edip bilýändigine» doly ynanyp bileris (Efes. 3:20). Göz öňüne getiriň, Hudaý biziň diňe bir «soraýan we düşünýän ähli zatlarymyzy» däl, eýsem, ondanam «köp zatlary edip bilýär!
9. Ýehowanyň bereket berjekdigine näme üçin ynamly bolup bileris?
9 Sylag almak üçin, biz Ýehowa doly bil baglap, onuň görkezmesine gulak asmaly. Musa pygamber ysraýyl halkyna şeýle diýdi: «Diňe Hudaýyňyz Rebbe gulak asyp, Onuň bu günki meniň üstüm bilen berýän ähli buýruklaryny yhlas bilen ýerine ýetirseňiz, Hudaýyňyz Reb mülk edip berjek ýerinde size bereket berer. Hudaýyňyz Reb söz berşi ýaly, size bereket berer» (Kan. tag. 15:4, 6). Ýehowa wepaly gulluk etseňiz, onuň patalajakdygyna doly ynanýarmysyňyz? Muňa ynanmaga ähli sebäpler bar.
ÝEHOWA OLARY SYLAGLADY
10, 11. Ýehowa Ýusuby nädip sylaglady?
10 Mukaddes Ýazgylar biziň peýdamyz üçin ýazylan. Onda Hudaýyň wepaly gullukçylaryny nädip sylaglandygy barada ençeme mysallar getirilýär (Rim. 15:4). Ýusup ajaýyp görelde galdyrdy. Doganlarynyň dil düwşüp, Müsüre gul edip satandyklary we soňra hojaýynynyň aýalynyň hyýanat edendigi üçin, ol türmä basylýar. Bu Hudaýyň ony terk edendigini görkezýärmi? Elbetde, ýok. «Reb Ýusup bilen bolup, oňa merhemet etdi... Reb Ýusup bilen bolup, her bir işinde oňa üstünlik berýärdi» (Gel. çyk. 39:21—23). Şeýle kynçylyklarda Ýusup Hudaýa sabyrly garaşdy.
11 Birnäçe ýyldan faraon Ýusuby türmeden boşadýar we bu pesgöwünli guly Müsüriň ikinji hökümdary edip belleýär (Gel. çyk. 41:1, 37—43). Iki ogly doglanda, «Ýusup: „Hudaý maňa ähli muşakgatlyklarymy hem-de atamyň öýüni unutmaga ýardam etdi“ diýip, ilkinji oglunyň adyna Manaşe dakdy. Ol ikinji ogly bolanda: „Jebir çeken topragymda Hudaý meni örňetdi“ diýip, onuň adyna Efraýym dakdy» (Gel. çyk. 41:51, 52). Ýusup Hudaýa wepaly bolandygy üçin sylaglandy; ol arkaly ysraýyl hem-de müsür halky açlykdan halas boldy. Şonda Ýusup Ýehowanyň sylaglap, bereket berendigine düşündi (Gel. çyk. 45:5—9).
12. Isa synaglarda nädip Hudaýa wepaly boldy?
12 Isa Mesih hem dürli synaglarda Hudaýa wepaly bolandygy üçin sylaglandy. Oňa näme kömek etdikä? Hudaýyň Sözünde: «Ol öňünde goýlan şatlyk üçin utanja galmaly bolsa-da, jebir pürsündäki ölüme döz geldi» diýilýär (Ýew. 12:2). Isa Hudaýyň adyny mukaddes etmekden şatlyk tapýardy. Galyberse-de, ol Atasynyň razylygyny gazanyp, ençeme ajaýyp bereketleriň eýesi boldy. Mukaddes Ýazgylarda ol barada: «Hudaýyň tagtynyň sag tarapynda oturdy» diýilýär. Başga bir aýatda bolsa: «Hudaý ony juda beýgeldip, ähli atlardan-da iň uly ady berdi» diýilýär (Flp. 2:9).
ÝEHOWA BIZIŇ EDÝÄN IŞLERIMIZI UNUTMAZ
13, 14. Ýehowa onuň üçin edýän işlerimize nähili garaýar?
13 Biz Ýehowanyň edýän tagallalarymyzy gymmat saýýandygyna şübhelenmän bileris. Ol biziň käte ynamsyz bolýandygymyza ýa-da şübhelenýändigimize düşünýär. Pul ýetmezçiligi, saglyk ýagdaýymyz ýa-da göwnüçökgünlik sebäpli az wagyz edenimizde, Ýehowa bize duýgudaşlyk bildirýär. Ýehowa wepaly gullukçylarynyň mähir bilen aladasyny edip, olaryň edýän tagallalaryny hökman sylaglar (Ýewreýler 6:10, 11-nji aýatlary okaň).
14 Biz kynçylyklarda aladamyzy edýän we «dogalary eşidýän» Ýehowa ýakynlaşyp bilýändigimizi hem unutmalyň (Zeb. 65:2). «Rehimdarlar Atasy we bütin teselliler Hudaýymyz» bize imandaşlarymyz arkaly ruhy we duýgy taýdan kömek edýär (2 Kor. 1:3). Ol biziňem bir-birimize duýgudaş bolmagymyzy isleýär. «Garyba haýpy gelýän Hudaýa karz berýändir; Reb bolsa oňa öwezini dolar» (Sül. tym. 19:17; Mat. 6:3, 4). Biz kynçylyk çekýän adamlara ak ýürekden kömek etsek, Ýehowa muny özüne karz berilýän ýaly görýär. Ol şeýle ýagşylyk eden adamy sylaglajakdygyny wada berýär.
HÄZIRKI WE EBEDI BEREKETLER
15. Siz nähili sylaga sabyrsyzlyk bilen garaşýarsyňyz? (Makalanyň başyndaky surata serediň).
15 «Dogrulygyň kazysy bolan Halypamyzyň... dogrulyk täjini berjekdigi» mesh edilen mesihçilere güýç berýär (2 Tim. 4:7, 8). Emma Hudaý nähili sylag berse-de, biz lapykeç bolmarys. Isanyň millionlarça «başga goýunlary» ýer ýüzündäki Jennetde ebedi ýaşaýyş sylagyny almaga sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar. Şonda olar «bol parahatlykda hezil eder» (Ýah. 10:16; Zeb. 37:11).
16. 1 Ýahýa 3:19, 20-nji aýatlarda nähili göwünlik beriji sözler bar?
16 Käte biz «Hudaý üçin az zat edýärin» ýa-da «edýän tagallalarym Ýehowa ýaraýarmyka?» diýip oýlanýandyrys. Hatda sylag aljakdygymyza hem şübhelenmegimiz mümkin. Geliň, hiç haçan «Hudaýyň bizi özümizden hem gowy tanaýandygyny we ähli zady bilýändigini unutmalyň» (1 Ýahýa 3:19, 20-nji aýatlary okaň). Ol mukaddes gullukda, ujypsyz bolsa-da, iman we söýgi bilen ýürekden edýän ähli tagallamyzy sylaglaýar (Mar. 12:41—44).
17. Biz häzirden nähili sylaglary alýarys?
17 Şeýtanyň garaňky we zalym dünýäsiniň soňky günlerinde-de Ýehowa halkyna bereket berýär. Ol hakyky gullukçylarynyň deňi-taýy bolmadyk ruhy jennetden lezzet aljakdygyny aýdýar (Iş. 54:13). Isanyň wada berşi ýaly, Ýehowa bizi häzirden halkara ruhy maşgalanyň agzasy edip sylaglaýar (Mar. 10:29, 30). Şeýle-de Hudaýy ýürekden agtarýan adamlar kalbynda rahatlyk we kanagat tapyp, özüni bagtly duýýarlar (Flp. 4:4—7).
18, 19. Ýehowanyň gullukçylary alýan sylaglaryna nähili garaýarlar?
18 Ýehowanyň bütin dünýäde ýaşaýan gullukçylary ajaýyp sylaglary alýarlar. Meselem, Germaniýada ýaşaýan Biýanka uýamyz şeýle gürrüň berýär: «Biynjalyk bolanymda, Ýehowanyň her gün ýanymda bolup, berýän kömegine minnetdarlyk aýtmaga hatda sözem tapmaýaryn. Bu garaňky we durnuksyz dünýäde özümi Ýehowanyň ýanynda howpsuz duýýaryn. Ýehowa üçin edýän islendik tagallamy ol ýüz esse edip bereketleýär».
19 Kanadada ýaşaýan 70 ýaşly Paola uýamyz spina bifida (oňurga jaýrygy) keselinden ejir çekýär. Ol şeýle gürrüň berýär: «Ýarawsyzlyk bu az gulluk etmegi aňlatmaýar. Men telefon arkaly we her mümkinçilikden peýdalanyp wagyz edýärin. Wagtal-wagtal edebiýatlarymyzdan dürli pikirleri we aýatlary ýazan depderçämi okap ruhlanýaryn. Ony „Halas ediji depderçäm“ diýip atlandyrdym. Eger biz ünsümizi Ýehowanyň wadalaryna gönükdirsek, onda göwnüçökgünlik wagtlaýyn ýaly görünýär. Ýagdaýymyz nähili bolsa-da, Ýehowa hemişe kömek edýär». Belki-de, biziň ýagdaýymyz Biýanka we Paolanyňkydan tapawutlanýandyr. Emma Ýehowanyň bizi we daş-töweregimizdäki adamlary sylaglaýşy barada oýlanyp bileris. Ýehowanyň häzirki we gelejekki sylaglary barada oýlanmak nähili gowy!
20. Ýehowa bütin janymyz bilen gulluk etsek nämä ynamly bolup bileris?
20 Hudaýa ýürekden doga edip, batyrgaýlyk bilen wagyz etsek, «uly sylag garaşýandygyny» hiç haçan unutmalyň. «Hudaýyň islegini berjaý edeniňizden soň, onuň wada eden zadyny aljakdygymyza» ynamly bolup bileris (Ýew. 10:35, 36). Geliň, imanymyzy berkidip, Ýehowa bütin janymyz bilen gulluk etmegimizi dowam edeliň. Şonda Ýehowa bizi hökman sylaglar (Koloslylar 3:23, 24-nji aýatlary okaň).