Ýehowanyň berekedini erjellik bilen agtaryň
«(Hudaý) Özüni agtarýanlary sylaglaýandyr». (ÝEW. 11:6)
1, 2. a) Köp adamlar Hudaýdan ak pata almak üçin näme edýärler? b) Näme üçin bize Hudaýyň berekedi gerek?
KÖP adamlar baýlygy, emlägi, ulagy we üstünligi Hudaýyň beren berekedi hasaplaýarlar. Dini ýolbaşçylar adamlara, haýwanlara we başga zatlara pata berýärler. Adamlar pata almak üçin öwlüýälere zyýarat edýärler. Döwlet ýolbaşçylary-da Hudaýa ýüzlenip, halky üçin bereket dileýärler. Siziň pikiriňizçe, Hudaý şeýle dilegleri eşidýärmi? Olaryň peýdasy barmy? Aslynda, Hudaý kime bereket berýär we näme üçin?
2 Pygamberlige görä, soňky günlerde dürli milletden arassa hem parahat adamlar garşylyga we ýigrenje garamazdan, Patyşalyk baradaky hoş habary wagyz eder (Iş. 2:2—4; Mat. 24:14; Ylh. 7:9, 14). Şu halkyň agzasy bolmak üçin bize-de Hudaýyň berekedi gerek, ýogsam, eden işimiz başa barmaz (Zeb. 127:1). Biz Hudaýyň berekedini almak üçin näme etmeli?
Gulak asýan adamlary bereket gurşap alýar
3. Ysraýyllylar näme üçin Hudaýa gulak asmalydylar?
3 Süleýmanyň tymsallary 10:6, 7-nji aýatlary okaň. Ysraýyl halky Wada edilen diýara girjek bolup durka, Ýehowa olaryň abadançylykda hem howpsuzlykda ýaşajakdygyny söz berýär. Munuň üçin olar Hudaýa gulak asmalydylar (Kan. tag. 28:1, 2). Şonda Ýehowanyň berekedi diňe bir olaryň üstlerine ýagman, eýsem, olary «gurşap alar». Diýmek, Hudaýa gulak asýan adamlaryň bereket aljakdygy şübhesiz.
4. Hudaýa ýürekden gulak asmaga näme höweslendirýär?
4 Ysraýyllylar Hudaýa nädip gulak asmalydylar? Musanyň kanunyna görä, Hudaýa razy etmek üçin ysraýyllylar «şadyýanlyk we joşgunly ýürek bilen» gulluk etmelidiler (Kanun taglymaty 28:45—47-nji aýatlary okaň). Ýehowa adamlaryň oýlanman ýa gorkup gulak asmagyny islemeýär, çünki janly-jandarlar we jyn-arwahlar şeýle gulak asýar (Mar. 1:27; Ýakup 3:3). Söýgi — Hudaýa ýürekden gulak asmaga höweslendirýär. Biz Ýehowanyň buýruklarynyň agyr däldigine we Onuň «Özüni agtarýanlary sylaglajakdygyna» iman etsek, şatlyk bilen gulak asarys (Ýew. 11:6; 1 Ýahýa 5:3).
5. Ýehowanyň wadasyna bil baglamak Kanun taglymaty 15:7, 8-nji aýatlara gulak asmaga nädip kömek edýärdi?
5 Geliň, häzir Kanun taglymaty 15:7, 8-nji aýatlara (okaň) seredip, Hudaýa bil baglap gulak asmagyň nämedigini bileliň. Mätäje kömek bermek baradaky kanuna göwünli-göwünsiz gulak asýan adam mätäjiň ýagdaýyny biraz ýeňilleşdirse-de, Hudaýyň halkynyň arasynda gowy gatnaşygyň we agzybirligiň bolmagyna ýardam edermi? Ol Ýehowanyň gullukçylaryny üpjün edip bilýändigine iman edýär we Onuň jomartlygyndan görelde alýar diýse bolarmy? Elbetde, ýok! Hudaý ýürekden jomartlyk edýän adama üns berip, onuň ähli işlerine we başlan her bir zadyna bereket bermegi wada berdi (Kan. tag. 15:10). Bu wada ynanýan adam jomartlyk edip, bol berekediň eýesi bolardy (Sül. tym. 28:20).
6. Ýewreýler 11:6-daky sözler bizi näme üçin ruhlandyrýar?
6 Şeýlelikde, Ýehowa gullukçylaryny sylaglaýar. Emma Ýewreýler 11:6-a laýyklykda, Hudaýyň berekedini almak üçin, biz başga-da häsiýetleri ösdürmeli. Üns beren bolsaňyz, Ýehowa «Özüni (erjellik bilen, TD) agtarýanlary» sylaglaýar. Injiliň asyl nusgasynda bu söz dykgatly bolup, bar güýjüňi jemlemegi aňladýar. Gör, nähili ruhlandyryjy aýat! Eger biz ýürekden tagalla etsek bereket alarys, çünki muny «ýalan sözlemeýän» ýeke-täk hak Hudaý wada edýär (Titus 1:2). Onuň beren wadalaryna bil baglap bolýandygyny taryh subut edýär. Onuň sözleri hemişe ýerine ýetýär; olar ýerine ýetmän galmaz (Iş. 55:11). Diýmek, eger biz ýürekden iman etsek, Ýehowanyň sylaglajakdygyna doly ynanyp bileris.
7. Biz Ybraýymyň «nesli» arkaly nädip bereket alyp bileris?
7 Hudaý Ybraýym pygamberiň «nesli» arkaly ähli halklaryň bereket aljakdygyny wada etdi. Isa Mesih bolsa, şol «nesliň» esasy bölegidigini subut etdi. Mesh edilen mesihçiler bolsa, ol «nesliň» goşmaça bölegidir. Olar «tümlükden ajaýyp nuruna çagyran Hudaýyň şöhratly işlerini yglan etmäge saýlanan nesildir» (1 Pet. 2:9; Gal. 3:7—9, 14, 16, 26—29). Eger biz Isanyň mal-mülküni ynanan adamlaryny kabul etmesek, Ýehowa bilen dostlaşyp bilmeris. Şeýle-de «sadyk hem akylly hyzmatkär» kömek etmese, biz Hudaýyň Sözüne doly düşünmezdik we ony durmuşda-da ulanyp bilmezdik (Mat. 24:45—47). Eger Ýazgylardan öwrenen zatlarymyzy durmuşymyzda ulansak, Hudaýyň berekedine eýesi bolarys.
Nazaryňyzy Hudaýyň islegine dikiň
8, 9. Ýakup pygamber Ýehowanyň islegini berjaý etmek üçin näme etdi?
8 Hawa, Hudaýyň berekedini almak üçin bar güýjümiz bilen tagalla etmeli. Şeýle ýagdaýda Ýakup pygamber ýadymyza düşýändir. Ol Hudaýyň atasy Ybraýyma beren wadasynyň nädip ýerine ýetjekdigini bilmeýärdi, ýöne Ýehowa onuň neslini köpeldip, ondan uly halk döretjekdigine ynanýar. Şeýlelikde, b. e. öň 1781-nji ýylda Ýakup özüne gelinlik gözlemäge Harana gidýär. Ol owadan gyzy däl-de, Ýehowa sežde edýän we çagalarynyň aladasyny edip biljek gelinlik gözledi.
9 Ýakup garyndaşy Rahele duşýar we oňa aşyk bolup, öýlenmek isleýär. Ol gyzyň kakasy Labana ýedi ýyl hyzmat etmäge razy bolýar. Bu ýöne bir aşyklaryň hekaýasy däl. Ýakup Gudratygüýçli Hudaýyň atasy Ybraýyma we kakasy Yshaga beren wadasyny anyk bilýärdi (Gel. çyk. 18:18; 22:17, 18; 26:3—5, 24, 25). Yshak hem ogly Ýakuba şeýle diýipdi: «Goý, Gudratygüýçly Alla seni ýalkap, örňedip, köpeltsin. Goý, Ol senden ençeme halklar döretsin. Hudaýyň Ybraýyma beren ýurduny özümiziň häzirki gelmişek bolup ýaşap ýören ýurdumyzy eýelemegiň üçin, goý, Ol saňa we seniň nesilleriňe Ybraýyma beren patasyny bersin!» (Gel. çyk. 28:3, 4). Şeýlelikde, Ýakup Ýehowa gulluk edýän gyz bilen maşgala gurup, Ýehowa doly ynanýandygyny görkezdi.
10. Näme üçin Ýehowa Ýakuba pata berdi?
10 Ýakup maşgalasynyň baý bolmagynyň aladasyny etmän, eýsem, bar ünsüni Ýehowanyň onuň nesillerine beren wadasyna gönükdirdi. Ol kynçylyklara garamazdan, Hudaýyň berekedini almak üçin ähli zada taýyndy. Ýakup garrylyk çagynda-da, ony ünsden sypdyrmady we Ýehowa oňa pata berdi (Gelip çykyş 32:24—29-njy aýatlary okaň).
11. Biz Hudaýyň islegini bilip nähili tagalla etmeli?
11 Biz hem Ýakup ýaly Ýehowanyň niýetiniň nädip ýerine ýetjekdigini doly bilmeýäris. Emma biz Hudaýyň Sözi arkaly «Rebbiň güni» barada umumy düşünje alýarys (2 Pet. 3:10, 17). Meselem, biz ol günüň haçan boljakdygyny bilmesek-de, golaýlaşandygyny bilýäris. Hudaýyň Sözüniň aýdyşy ýaly, şu soňky günlerde wagyz etsek, hem özümizi, hem özümize gulak asýanlary halas ederis (1 Tim. 4:16).
12. Biz nämä ynanýarys?
12 Biz bu dünýäniň soňunyň islendik wagt gelip biljekdigine düşünýäris; Ýehowa her bir adama wagyz edilmegine garaşmaz (Mat. 10:23). Ýöne hoş habaryň üstünlikli wagyz edilmegi üçin gowy maslahatlary berýär. Şeýle-de biz bu işe gatnaşmak üçin güýjümizi gaýgyrman, ökdelik bilen wagyz edýäris. Biziň ýaşaýan ýerimizde adamlar hoş habara hemişe gowy seslenýärlermi? Aslynda, biz wagyz işiniň nähili netije getirjekdigini bilmeýäris (Wagyzçy 11:5, 6-njy aýatlary okaň)a. Biziň maksadymyz — wagyz etmek we Ýehowanyň pata berjekdigine ynanmak (1 Kor. 3:6, 7). Ol biziň edýän tagallamyzy görüp, mukaddes ruhy arkaly anyk görkezme berer (Zeb. 32:8).
Mukaddes ruhy agtaryň
13, 14. Hudaýyň mukaddes ruhy nädip ukyply edýär?
13 Eger özümizi wagyz işine ukyply görmesek näme? Biz başarnykly wagyz edip biler ýaly, Ýehowadan mukaddes ruhy dilemeli (Luka 11:13-i okaň). Hudaýyň ruhy adamyň ýagdaýyna ýa-da tejribesine görä, wagyz işini we berlen borçlary ýerine ýetirmäge ukyply edýär. Meselem, çopanlardan we gullardan ybarat Hudaýyň halky Müsürden çykanda, olaryň hiç hili söweş tejribesi ýokdy. Muňa garamazdan, olar mukaddes ruhuň kömegi bilen duşmanlaryny derbi-dagyn etdiler (Müs. çyk. 17:8—13). Biraz wagtdan mukaddes ruh Besalele we Oholyýaba taslama boýunça çadyr gurmaga ukyp berdi (Müs. çyk. 31:2—6; 35:30—35).
14 Bu güýçli ruh şu günlerem Hudaýyň gullukçylaryna edebiýaty çap etmekde goldaw berýär. Şol döwürde neşirýata ýolbaşçylyk eden doganymyz R. J. Martin 1927-nji ýylda munuň nähili bolandygyny şeýle gürrüň berýär: «Rebbimiz edil wagtynda gapyny açdy; bize çap edýän uly rotasion maşyn berlende, ony nädip işletmelidigini hem bilmeýärdik. Emma Rebbimiz maşyndan biraz başy çykýan doganlarymyza ony işletmäge ukyp berdi... Birnäçe hepdeden biz maşyny işletdik; ol häzirem işleýär. Hatda ony ýasan adamlaryň bilmeýän işlerini-de edýär». Şu günlerem Ýehowa biziň yhlasymyza bereket berýär.
15. Synaga uçraýan doganlary Rimliler 8:11-däki sözler nädip ruhlandyryp biler?
15 Ýehowanyň ruhy dürli ýollar bilen kömek edýär. Bu ruh Ýehowanyň ähli gullukçylaryna berilýär we onuň kömegi bilen agyr kynçylyklary-da ýeňip bolýar. Eger synaga garşy durmak kyn bolsa näme etmeli? Şeýle ýagdaýda Pawlusyň Rimliler 7:21, 25 we 8:11-nji aýatlardaky sözleri bizi ruhlandyrar. Hawa, «Isany ölümden Direldeniň Ruhy» bize günäli höwesleri ýeňmäge güýç berer. Şu aýatlar mesh edilen mesihçiler üçin ýazylsa-da, Hudaýyň ähli gullukçylaryna degişlidir. Ebedi ýaşaýşa gowuşmak üçin biziň ählimiz Mesihe iman etmeli, günäli höweslere garşy durmaly hem-de mukaddes ruhuň görkezmesi boýunça ýaşamaly.
16. Biz Hudaýyň mukaddes ruhuny almak üçin näme etmeli?
16 Eger biz tagalla etmesek, Hudaý mukaddes ruhuny berermi? Ýok, bermez. Biz diňe mukaddes ruhy dilemek bilen çäklenmän, eýsem, Hudaýyň ylhamly Sözüni hem çuňňur özleşdirmeli (Sül. tym. 2:1—6). Mesihçiler ýygnagy hem Hudaýyň ruhunyň kömegi bilen geçirilýär. Şonuň üçin duşuşyklara yzygiderli gatnaşsak, «Ruhuň ýygnaklara näme diýýänini eşitmek» isleýändigimizi görkezýäris (Ylh. 3:6). Onsoňam, öwredilýän zatlary kiçigöwünlilik bilen kabul etmeli. Süleýmanyň tymsallary 1:23-de bize şeýle maslahat berilýär: «Men duýdurýaryn, päliňizden gaýdyň; ine, Men üstüňize Ruhumy dökerin». Görşümiz ýaly, Hudaý mukaddes ruhuny «Özüne boýun bolanlara berýändir» (Res. iş. 5:32).
17. Hudaýyň bereketlerini almak üçin edýän tagallamyzy näme bilen deňeşdirse bolýar?
17 Hudaýyň bereketlerini almak üçin tagalla etmeli. Ýöne Ýehowanyň halkyna edýän ýagşylyklaryny öz güýjümiz bilen gazanýandyrys öýtmeli däl. Edýän tagallamyz arkaly alýan bereketlerimizi adam bedeniniň iýmitden peýda alşy bilen deňeşdirse bolýar. Biz iýende bedende nämeleriň bolýandygyny bilmeýäris. Biz diňe iýmelidigimizi bilýäris, ýöne ýokumly zatlary iýsek, peýdasy has-da köp bolar. Bize iýmiti Hudaý berýär, ol adamyň bedenini şeýle ýaradypdyr welin, bedenimiz ýokumly maddalary siňdirip, güýç alýar we biz iýmitden lezzet alýarys. Ýehowa ebedi ýaşaýyş üçin gerekli talaplary berýär we oňa laýyk gelmäge-de kömek edýär. Dogrudan-da, Ýehowa bize köp goldaw berýär, şol sebäpli ol öwgä mynasyp. Muňa garamazdan, Hudaýyň berekedini almak üçin, biz onuň islegine görä ýaşap, onuň bilen hyzmatdaşlyk etmeli (Hag. 2:18, 19).
18. Sen näme etmegi ýüregiňe düwdüň we näme üçin?
18 Berlen her bir ýumşa ýürekden ýapyşyň. Elmydama Ýehowanyň kömegine bil baglaň (Mar. 11:23, 24). «Agtaranyň tapjakdygyna» berk ynanyň (Mat. 7:8). Mesh edilen mesihçiler gökde «ýaşaýyş täjini alar» (Ýakup 1:12). Ybraýymyň nesli arkaly bereket almak isleýän «başga goýunlar» bolsa Isanyň şu çakylygyny höwes bilen kabul ederler: «Eý Atamyň gutlanlary! Geliň, dünýä gurlaly siziň üçin taýýarlanan patyşalygy miras alyň» (Ýahýa 10:16; Mat. 25:34). Hawa, Hudaýyň «ak pata berenleri ýeri miras alar... onda ebedi ýaşar» (Zeb. 37:22, 29).
a Wagyzçy 11:5 Hak Hudaýyň eden ähli işlerini sen bilýärsiň. 6 Irden tohumyňy ek, agşama çenli eliňe dynç berme, çünki sen onuň bu ýerde ýa-da ol ýerde, nirede gögerjegini bilmeýärsiň, belki, olaryň ikisi-de gögerer.
Siz nähili düşündirersiňiz?
• Hudaýa ýürekden gulak asmak nämäni aňladýar?
• Hudaýyň berekedini almak üçin näme etmeli?
• Biz nädip Hudaýyň mukaddes ruhuny alyp bileris we ol bize nädip kömek eder?