«Hemişe yzyma düşüň»
1 Köp adamlar durmuşda öz bähbidini gözlese-de, olar bagtsyz ýaşaýar. Isa bolsa, başgalaryň aladasyny edip, öz bähbidiňden geçmekligiň hakyky bagt getirýändigini aýtdy (Res. iş. 20:35). Ol: «Kim Meniň yzyma eýermek isleýän bolsa, özüni inkär etsin-de... [hemişe TD] yzyma düşsün» diýdi (Mar. 8:34). Ol her gün özüňe däl-de, Ýehowa ýaranyp ýaşamagy aňladýar (Rim. 14:8; 15:3).
2 Pawlus resulyň mysalyna seredeliň. Pawlus «Mesih Isany tanamagy artyk gymmat» saýany sebäpli, öz bähbidini agtarmagy bes edip, Hudaýyň işine ömrüni bagş etdi (Flp. 3:7, 8). Başgalara hyzmat etmek üçin ol: «men... barymy höwes bilen harçlap, bütinleý harçlanaryn» diýdi (2 Kor. 12:15). Biz özümize şeýle soraglar bersek gowy bolardy: «Men öz wagtymy, güýjümi, ukybymy we maddy baýlygymy nämä sarp edýärin? Men öz bähbitlerime üns berýärinmi ýa-da Ýehowanyň göwnünden turmaga çalyşýarynmy?»
3 Bermäge mümkinçilik. Hudaýyň gullukçylary Patyşalygyň gutulyş getirýän işine her ýyl milliarddan-da gowrak sagatlaryny sarp edýärler. Ýygnakda dogan-uýalara peýda getirýän ýumşy ýaşlar hem gartaşan doganlar ýerine ýetirýär. Şeýle-de kongreslere taýýarlanmak we olary geçirmek hem-de arassa sežde üçin ulanylýan jaýlary gurmak we olary abat saklamak üçin köp tagallalar edilýär. Onsoňam, keselhana bilen bagly komitetde gulluk edýän doganlaryň söýgi bilen edýän kömegi barada oýlanyp gör. Şeýle doganlaryň janaýamazlykly tagallalary doganlar üçin, gör, nähili bereket! (Zeb. 110:3).
4 Bir betbagtçylyk bolanda ýa bir duýdansyz kyn ýagdaý ýüze çykanda, doganlara kömek bermäge bizde mümkinçilik döreýär. Emma köplenç biz doganlara göwünlik berip we olary ruhlandyryp kömek edip bileris (Sül. tym. 17:17). Biz adamlara meýletin hyzmat etsek we Patyşalygy birinji orunda goýsak, Isanyň göreldesine eýerýäris (Flp. 2:5—8). Geliň, hemişe şeýle işleri etmäge çalşalyň.