Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • jy bap 63 sah. 150—sah. 151 abz. 3
  • Isa resullaryna örän wajyp maslahat berýär

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Isa resullaryna örän wajyp maslahat berýär
  • Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
  • Meňzeş maglumat
  • Isa çagalary söýýär
    Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
  • Iň görnükli wagyz
    Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
  • Yzarlamalara garamazdan wagyz etmäge taýyn
    Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
  • Isa — ýol, hakykat we ýaşaýyş
    Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
Başgalary
Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
jy bap 63 sah. 150—sah. 151 abz. 3
Çopan ýiten ýekeje goýnunyň gözlegine çykýar

63-NJI BAP

Isa resullaryna örän wajyp maslahat berýär

MATTA 18:6—20; MARKUS 9:38—50; LUKA 9:49, 50

  • BÜDRETMEK BABATDA BERLEN MASLAHAT

  • «EGER DOGANYŇ SAŇA GARŞY GÜNÄ ETSE»

Isa ýaňyja şägirtlerine garaýyşlarynyň nähili bolmalydygy hakda mysal getirdi. Ol şägirtlerine: «Meniň adym üçin şeýle çagany kabul eden adam meni-de kabul edýändir» diýdi (Matta 18:5). Diýmek, şägirtler çagalar ýaly pesgöwünli bolmalydylar we wezipä kowalaşmaly däldiler.

Resullar ýaňy-ýakynda öz aralarynda kimiň uludygy hakda jedelleşipdiler. Şonuň üçin olar Isanyň aýdanlaryny käýinç hökmünde kabul eden bolmaly. Häzir bolsa Ýahýa resul arada bolan wakany gürrüň berip, başga bir meseläni gozgaýar. Ol: «Biz bir adamyň seniň adyň bilen jynlary kowup çykarýandygyny gördük. Biziň yzymyza düşmeýändigi üçin, oňa muny etdirmejek bolduk» diýýär (Luka 9:49).

Ýahýa syrkawlary sagaltmaga ýa-da jynlary kowup çykarmaga diňe resullaryň ygtyýary bardyr diýip pikir edýärmi? Eger şeýle bolsa, onda ol adam jynlary nädip kowup çykaryp bilýärkä? Ýahýanyň aýtmagyna görä, eger ol Isanyň we resullaryň yzyna eýermese, onda onuň gudratly işleri etmäge haky ýok.

Emma Isa şeýle diýýär: «Oňa päsgel bermäň, sebäbi meniň adym bilen gudratly işleri edýän adam şol bir wagtyň özünde men hakda hiç hili erbet söz aýtmaz. Sebäbi bize garşy bolmadyk adam biziň tarapymyzdadyr. Size dogrusyny aýdýaryn, Mesihiň şägirdi bolandygyňyz üçin, size bir käse suw beren adam sylagsyz galmaz» (Markus 9:39—41). Bu sözleri eşidip, Ýahýa haýran galandyr.

Dogrudan-da, eger adam Isanyň tarapynda bolsa, onda ol hökman onuň ýanynda ýöremeli diýen tabşyryk berilmändi. Sebäbi entek mesihçiler ýygnagy döredilmedi. Şoňa görä-de Isanyň yzyna düşmedik adamy oňa garşy çykýandyr ýa-da ýalan dini goldaýandyr diýmek nädogry bolardy. Jynlary kowup çykarýan adam Isanyň adyna iman edýärdi, şonuň üçin ýokarda aýdylyşy ýaly, ol hökman sylagyny alar.

Çopan ýiten ýekeje goýnunyň gözlegine çykýar

Eger resullar aýdýan sözleri we edýän işleri bilen ol adamy büdredýän bolsa näme? Isa bu babatda şeýle diýýär: «Kim iman edýän pesgöwünli adamlaryň imanynyň gowşamagyna sebäp bolsa, boýnuna eşegiň aýlaýan degirmen daşyny asyp, deňizde gark bolany has gowy bolardy» (Markus 9:42). Soňra Isa şägirtlerine bedeniň el, aýak ýa-da göz ýaly wajyp agzalaryň büdremegiňe sebäp bolsa, onda olary kesip taşlamalydygyny aýdýar. Dogrudan-da, Jähenneme (Hinnom jülgesi) düşeniňden, gymmatly zadyňdan el çekip, Hudaýyň Patyşalygyna gireniň gowudyr. Elbetde, resullar Iýerusalimiň golaýyndaky Hinnom jülgesinde zir-zibiliň ýakylýandygyny görýärdiler. Şonuň üçin olar ebedilik ýok edilmegiň nämedigine düşünýän bolmaly.

Şeýle-de Isa: «Pesgöwünli adamlary kemsitmäň. Size diýýärin, olaryň perişdeleri gökde elmydama Atamyň ýüzüni görýändirler» diýýär. Isanyň Atasy «pesgöwünli adamlara» nähili garaýar? Isa 100 goýny bolup, bir goýny ýiten çopan hakdaky mysaly gürrüň berýär. Bu adam 99 goýnuny goýup gidýär-de, ýiten ýekeje goýnunyň gözlegine çykýar. Ony tapanda, ol şeýle bir begenýär welin, hatda ýitmedik 99 goýnuna-da şeýle begenmese gerek. Soňra Isa: «Gökdäki Atam pesgöwünli adamlardan ýekejesiniň hem ýitmegini islemeýär» diýýär (Matta 18:10, 14).

Isa resullaryna: «Ýaşaýşyňyz duzly bolsun, birek-birek bilen parahatlygy saklaň» diýip ündeýär. Ol bu sözleri resullaryň arasynda kimiň iň uly boljakdygy hakda jedelleşendiklerini göz öňünde tutup aýdan bolmaly (Markus 9:50). Duz nahary tagamly edýär. Göçme manydaky duz bolsa, biriniň aýdan sözlerini aňsatlyk bilen kabul etmäge we parahatlygy saklamaga kömek edýär. Emma jedelleşmek agzalalyk döredýär (Koloslylar 4:6).

Käte wajyp sorag ýüze çykyp biler. Bu babatda Isa şeýle görkezme berýär: «Eger doganyň saňa garşy günä etse, bar-da, ikiçäk gepleşip, oňa eden etmişini aýt. Eger diňlese, sen oňa dogry ýola düşmäge kömek edersiň». Eger ol diňlemese näme? Isa şeýle maslahat berýär: «Ýanyňa birki şaýady alyp bar, çünki her iş iki ýa üç şaýadyň sözi bilen tassyklanýandyr». Eger mesele çözülmese, onda olar «ýygnaga», ýagny meseläni çözüp biljek jogapkär ýaşululara aýtmaly. Günäkär adam şonda-da diňlemese näme etmeli? «Ol seniň üçin başga halkyň adamy we salgytçy (ýagny ýehudylaryň halamaýan adamlary) ýaly bolsun» diýilýär (Matta 18:15—17).

Ýygnagyň gözegçilerine Hudaýyň Sözüne eýermek örän wajypdyr. Eger olar günäkäri tapyp, oňa düzediş bermelidigini bilseler, onda olar «gökde baglanan» karary kabul ederler. Eger adam günäkär bolmasa, onda gelnen kararyň «gökde-de çözüldigi» bolar. Mesihçiler ýygnagy dörände, bu görkezmeler örän peýdaly bolar. Şeýle wajyp meseleleri çözmeli bolanda Isa: «Iki ýa-da üç adam meniň adym üçin islendik ýerde ýygnanyşsa, men olar bilen bile bolaryn» diýýär (Matta 18:18—20).

  • Näme üçin jynlary kowup çykarýan adamy duşman hasaplamaly däldi?

  • Pesgöwünli adamyň büdremegine sebäp bolmak nähili günä hasaplanýar we Isa şeýle adamlaryň gymmatlydygyny haýsy mysal arkaly görkezýär?

  • Eger doganyň günä eden bolsa haýsy görkezmä eýermeli?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş