Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • jy bap 52 sah. 128—sah. 129 abz. 7
  • Birnäçe çörek we balyk bilen müňlerçe adam doýýar

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Birnäçe çörek we balyk bilen müňlerçe adam doýýar
  • Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
  • Meňzeş maglumat
  • Isa köp adamlary doýurdy
    Mukaddes Kitapdan sapaklarym
  • Isa köp adamlary doýurýar
    Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
  • Isa çöregi köpeldýär we hamyrmaýa babatda duýduryş berýär
    Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
  • Isa pygamberiň gudratyndan näme öwrenýäris?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2024
Başgalary
Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
jy bap 52 sah. 128—sah. 129 abz. 7
Isa birnäçe çörek we balyk bilen müňlerçe adamy doýurýar

52-NJI BAP

Birnäçe çörek we balyk bilen müňlerçe adam doýýar

MATTA 14:13—21; MARKUS 6:30—44; LUKA 9:10—17; ÝAHÝA 6:1—13

  • ISA 5 MÜŇ ADAMY DOÝURÝAR

Isanyň 12 resuly tutuş Jelilede wagyz edip bolansoň, onuň ýanyna gelip, «eden ähli işlerini we öwreden zatlaryny gürrüň berýärler». Elbetde, olar ýadandyr. Üstesine-de, olaryň nahar iýmäge-de wagty ýokdy, sebäbi gelip-gidýän adamlar örän köpdi. Şonuň üçin Isa olara: «Ýörüň, adamyň ýok ýerine gidip, az-owlak dynç alalyň» diýýär (Markus 6:30, 31).

Şonda olar bir gaýyga münýärler-de (Kapernaumyň golaýynda bolan bolmaly), Iordan derýasynyň gündogar tarapyndaky Betsaýdanyň aňyrsyna gidýärler. Olaryň gidenini köp adamlar görýär, muny başgalar hem eşidýär. Olaryň bary kenaryň ýakasy bilen ylgaşyp gidýärler. Gaýyk kenara gelip duranda, märeke eýýäm Isa garaşyp durdy.

Isa gaýykdan düşüp, märekäni görende, olara haýpy gelýär. Sebäbi olar çopansyz goýunlar ýalydy. Şonda Isa olara Patyşalyk barada «köp zatlary öwredip başlaýar» (Markus 6:34). Şeýle-de ol «syrkawlary sagaldýar» (Luka 9:11). Birnäçe wagt geçensoň, şägirtler: «Bu ýer çola, wagt hem giç boldy; märekäni goýber, goý, olar obalara gidip, iýere zat satyn alsynlar» diýýärler (Matta 14:15).

Isa: «Olara gitmegiň geregi ýok; iýere zady siz beriň» diýip jogap berýär (Matta 14:16). Soňra Filipusdan: «Adamlara iýere çöregi nireden satyn alarys?» diýip soraýar. Isa näme etjegini gowy bilýärdi, ýöne muny Filipusy synajak bolup sorapdy. Sebäbi ol Betsaýdanyň golaýynda ýaşaýardy. Her näme-de bolsa, şonça adama çörek satyn almak mümkin däldi. Ol ýerde 5 müňe golaý adam bardy. Eger aýallary we çagalary hasaba alsaň, onda iki esse dagy bolar! Filipus şeýle jogap berýär: «Biz iki ýüz dinarlyka çörek satyn alsak-da, hersine kiçijik bölekden hem ýetmez» (Ýahýa 6:5—7).

Isa birnäçe çörek we balyk bilen müňlerçe adamy doýurýar

Şonda Andreas: «Bu ýerde bir oglanjykda bäş sany arpa çörek bilen iki sany kiçijik balyk bar. Ýöne olar bu giden märekä näme bolsun?» diýýär. Ol şonça adamy doýrup bolmajakdygyny göz öňünde tutan bolmaly (Ýahýa 6:9).

Şol wagt ýaz aýlarydy. B. e. 32-nji ýylynyň Pasha baýramynyň öňüsyrasydy. Baýyrlar ýaşyl mahmal ýapylan ýaly göm-gök öwüsýärdi. Isa märekä elli-elliden we ýüz-ýüzden toparlara bölünip, otuň üstünde oturmagy tabşyrýar. Ol bäş çöregi we iki balygy alyp, Hudaýa dogada ýüzlenýär. Soňra çörekleri we balyklary bölüşdirip, şägirtlerine berýär. Olar hem alyp, märekä paýlaýarlar. Adamlaryň hemmesi iýip doýýarlar. Bu görlüp-eşidilmedik wakady!

Soňra Isa şägirtlerine: «Galan bölekleri ýygnaň, goý, hiç zat zaýa bolmasyn» diýýär (Ýahýa 6:12). Olar hem galan bölekleri ýygnanlarynda, 12 sebet dolýar.

a Dinar — bir günlük iş haky.

  • Isa resullaryna näme üçin adamsyz ýer gözleýär?

  • Isa şägirtleri bilen nirä gidýär we ol ýere baranda näme bolýar?

  • Şägirtleri Isa nähili maslahat berýärler, emma ol näme edýär?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş