52-NJI BAP
Birnäçe çörek we balyk bilen müňlerçe adam doýýar
MATTA 14:13—21; MARKUS 6:30—44; LUKA 9:10—17; ÝAHÝA 6:1—13
ISA 5 MÜŇ ADAMY DOÝURÝAR
Isanyň 12 resuly tutuş Jelilede wagyz edip bolansoň, onuň ýanyna gelip, «eden ähli işlerini we öwreden zatlaryny gürrüň berýärler». Elbetde, olar ýadandyr. Üstesine-de, olaryň nahar iýmäge-de wagty ýokdy, sebäbi gelip-gidýän adamlar örän köpdi. Şonuň üçin Isa olara: «Ýörüň, adamyň ýok ýerine gidip, az-owlak dynç alalyň» diýýär (Markus 6:30, 31).
Şonda olar bir gaýyga münýärler-de (Kapernaumyň golaýynda bolan bolmaly), Iordan derýasynyň gündogar tarapyndaky Betsaýdanyň aňyrsyna gidýärler. Olaryň gidenini köp adamlar görýär, muny başgalar hem eşidýär. Olaryň bary kenaryň ýakasy bilen ylgaşyp gidýärler. Gaýyk kenara gelip duranda, märeke eýýäm Isa garaşyp durdy.
Isa gaýykdan düşüp, märekäni görende, olara haýpy gelýär. Sebäbi olar çopansyz goýunlar ýalydy. Şonda Isa olara Patyşalyk barada «köp zatlary öwredip başlaýar» (Markus 6:34). Şeýle-de ol «syrkawlary sagaldýar» (Luka 9:11). Birnäçe wagt geçensoň, şägirtler: «Bu ýer çola, wagt hem giç boldy; märekäni goýber, goý, olar obalara gidip, iýere zat satyn alsynlar» diýýärler (Matta 14:15).
Isa: «Olara gitmegiň geregi ýok; iýere zady siz beriň» diýip jogap berýär (Matta 14:16). Soňra Filipusdan: «Adamlara iýere çöregi nireden satyn alarys?» diýip soraýar. Isa näme etjegini gowy bilýärdi, ýöne muny Filipusy synajak bolup sorapdy. Sebäbi ol Betsaýdanyň golaýynda ýaşaýardy. Her näme-de bolsa, şonça adama çörek satyn almak mümkin däldi. Ol ýerde 5 müňe golaý adam bardy. Eger aýallary we çagalary hasaba alsaň, onda iki esse dagy bolar! Filipus şeýle jogap berýär: «Biz iki ýüz dinarlyka çörek satyn alsak-da, hersine kiçijik bölekden hem ýetmez» (Ýahýa 6:5—7).
Şonda Andreas: «Bu ýerde bir oglanjykda bäş sany arpa çörek bilen iki sany kiçijik balyk bar. Ýöne olar bu giden märekä näme bolsun?» diýýär. Ol şonça adamy doýrup bolmajakdygyny göz öňünde tutan bolmaly (Ýahýa 6:9).
Şol wagt ýaz aýlarydy. B. e. 32-nji ýylynyň Pasha baýramynyň öňüsyrasydy. Baýyrlar ýaşyl mahmal ýapylan ýaly göm-gök öwüsýärdi. Isa märekä elli-elliden we ýüz-ýüzden toparlara bölünip, otuň üstünde oturmagy tabşyrýar. Ol bäş çöregi we iki balygy alyp, Hudaýa dogada ýüzlenýär. Soňra çörekleri we balyklary bölüşdirip, şägirtlerine berýär. Olar hem alyp, märekä paýlaýarlar. Adamlaryň hemmesi iýip doýýarlar. Bu görlüp-eşidilmedik wakady!
Soňra Isa şägirtlerine: «Galan bölekleri ýygnaň, goý, hiç zat zaýa bolmasyn» diýýär (Ýahýa 6:12). Olar hem galan bölekleri ýygnanlarynda, 12 sebet dolýar.
a Dinar — bir günlük iş haky.