Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • jy bap 14 sah. 38—sah. 39 abz. 6
  • Isa şägirt taýýarlaýar

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Isa şägirt taýýarlaýar
  • Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
  • Meňzeş maglumat
  • Isanyň şägirtleri
    Beýik Mugallymdan öwreniň
  • Isa on iki resulyny saýlaýar
    Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
  • Ýahýa Isany suwda çokundyrýar
    Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
  • Isa suwa çümdürilýär
    Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
jy bap 14 sah. 38—sah. 39 abz. 6
Ýahýa Isany görende oňa Hudaýyň Guzusy diýýär

14-NJI BAP

Isa şägirt taýýarlaýar

ÝAHÝA 1:29—51

  • ISA PYGAMBER ILKINJI ŞÄGIRTLERINI ÇAGYRÝAR

Isa 40 günläp çölde bolýar. Soňra Jelilä gaýtmazyndan öň, özüni suwa çümdüren Ýahýanyň ýanyna barýar. Ýahýa özüne tarap gelýän Isany görende, ýanynda duran adamlara şeýle diýýär: «Ine, dünýäniň günälerini ýuwýan Hudaýyň Guzusy! Men ol hakda: „Meniň yzymdan gelýän menden beýikdir, sebäbi ol menden öň hem bardy“ diýipdim» (Ýahýa 1:29, 30). Ýahýa Isadan biraz uly bolsa-da, onuň gökde perişde bolup ýaşandygyny bilýärdi.

Birnäçe hepde mundan öň Isa suwa çümdürilmäge gelende, Ýahýa onuň Mesih boljakdygyny anyk bilmeýärdi. Ol: «Meniň özümem ony bilmeýärdim, ýöne ysraýyllylar ony açyk görer ýaly, men suwa çümdürmek üçin geldim» diýipdi (Ýahýa 1:31).

Ýahýa Isany suwa çümdürende bolan wakany adamlara gürrüň bermegini dowam edýärdi: «Men mukaddes ruhuň gökden kepderi kimin inip, onuň üstüne gonandygyny gördüm. Men ony bilmesem-de, suwa çümdürmek üçin iberen Hudaý maňa: „Meniň ruhum gelip, kimiň üstüne gonsa, mukaddes ruh bilen çümdürjek adamyň şoldugyny bilersiň“ diýipdi. Men hem muny görüp, onuň Hudaýyň Ogludygyna şaýatlyk etdim» (Ýahýa 1:32—34).

Ýahýa ertesi iki şägirdi bilen durka, Isanyň gelýänini görüp: «Ine, Hudaýyň Guzusy!» diýýär (Ýahýa 1:36). Şonda suwa çümdürýän Ýahýanyň iki şägirdi-de Isanyň yzyna düşýär. Olaryň biriniň ady Andreasdy. Beýlekisi bolsa bu zatlary habar beren Ýahýady. Ol Isanyň doganoglany, ýagny Salominiň ogly bolmaly. Salomi bolsa Merýemiň aýal doganydy, onuň ýanýoldaşynyň ady Zebedeýdi.

Isa pygamber yzyna düşüp gelýän Andreas bilen Ýahýany görende: «Size näme gerek?» diýip soraýar.

Olar hem: «Rebbi, sen nirede ýaşaýarsyň?» diýip soraýarlar.

Isa: «Ýanym bilen gidiň, özüňiz görersiňiz» diýýär (Ýahýa 1:37—39).

Isa Filipus we Natanyýel bilen gürleşýär

Şol wagt öýlän sagat dört töweregidi, olar hem Isanyň ýanynda galýarlar. Andreas şeýle bir ruhlanypdy welin, dogany Simuny (oňa Petrus hem diýýärdiler) tapyp: «Biz Mesihi tapdyk» diýýär (Ýahýa 1:41). Andreas Petrusy Isanyň ýanyna alyp gelýär. Biraz wagtdan Ýahýa hem dogany Ýakuby tapyp, Isanyň ýanyna getiren bolmaly; ýöne Ýahýa bu zatlary ýazmaýar.

Ertesi Isa betsaýdaly Filipusy tapýar. Betsaýda Jelile deňziniň demirgazyk kenarynda ýerleşýärdi. Andreas bilen Petrus hem şol şäherdendi. Isa Filipusa: «Meniň şägirdim bol» diýýär (Ýahýa 1:43).

Soňra Filipus Natanyýeli (oňa Bartolomeý hem diýýärdiler) tapyp: «Biz Musanyň kanunynda we Pygamberleriň ýazgylarynda aýdylan nazaretli Ýusubyň ogly Isany tapdyk» diýýär. Emma Natanyýel muňa ynanman: «Nazaretden hem bir gowy zat çykarmy?» diýýär.

Filipus oňa: «Ýör, özüň görersiň» diýýär. Isa özüne tarap ýöräp gelýän Natanyýeli görende: «Ine, hakyky ysraýylly. Onda hiç hili mekirlik ýokdur» diýýär.

Natanyýel Isadan: «Sen meni nireden tanaýarsyň?» diýip soraýar.

Isa: «Filipus seni çagyrmanka, men seni injir agajynyň aşagynda gördüm» diýip jogap berýär.

Şonda Natanyýel geň galyp: «Mugallym, sen Hudaýyň Ogly we Ysraýylyň Patyşasysyň» diýýär.

Isa şeýle diýýär: «Men seni injir agajynyň aşagynda gördüm diýenim üçin ynandyňmy? Sen mundanam uly zatlary görersiň... Size dogrusyny aýdýaryn, siz gögüň açylyp, Hudaýyň perişdeleriniň ýokaryk galşyny we Ynsan oglunyň ýanyna düşüşini görersiňiz» (Ýahýa 1:45—51).

Şondan soň Isa täze şägirtleri bilen bilelikde Iordan jülgesinden gaýdyp, Jelilä tarap ýola düşýär.

  • Isanyň ilkinji şägirtleri kimler?

  • Petrus bilen Ýakup Isany nädip tapýarlar?

  • Natanyýel Isanyň Hudaýyň Ogludygyna nädip ynanýar?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş