Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • jy bap 69 sah. 164—sah. 165 abz. 2
  • Olaryň atasy Ybraýymmy ýa-da iblis?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Olaryň atasy Ybraýymmy ýa-da iblis?
  • Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
  • Meňzeş maglumat
  • Ýehowa oňa «dostum» diýdi
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2016
  • Ybraýym pygamber kim?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2012
  • Hudaý Ybraýymyň imanyny synaýar
    Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
  • Ybraýymyň imany synalýar
    Mukaddes Kitapdan sapaklarym
Başgalary
Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
jy bap 69 sah. 164—sah. 165 abz. 2
Ýehudylar ellerine daş alyp ony daşlajak bolýarlar. Isa olardan sypýar

69-NJY BAP

Olaryň atasy Ybraýymmy ýa-da Iblis?

ÝAHÝA 8:37—59

  • ÝEHUDYLAR YBRAÝYMY ÖZ ATASY HASAPLAÝAR

  • ISA YBRAÝYM PYGAMBERDENEM ÖŇ BARDY

Iýerusalimde Çatma baýramy dowam edýärdi. Isa hem wajyp hakykatlary öwredýärdi. Ýehudylaryň käbiri oňa: «Biz Ybraýymyň neslidiris we hiç haçan hiç kimiň guly bolan däldiris» diýende, Isa olara şeýle jogap berýär: «Men siziň Ybraýymyň neslidigiňizi bilýärin. Ýöne siz meni öldürjek bolýarsyňyz, sebäbi meniň aýdýan sözlerimi kabul etmeýärsiňiz. Men Atamdan gören zatlarymy aýdýaryn, ýöne siz öz ataňyzdan eşiden zatlaryňyzy edýärsiňiz» (Ýahýa 8:33, 37, 38).

Şeýdip, Isa ýönekeý sözler bilen öz Atasynyň olaryňkydan tapawutlanýandygyny görkezýär. Ýehudylar Isanyň näme diýjek bolýandygyna düşünmeýärler, şonuň üçin: «Biziň atamyz Ybraýym» diýip, ýene-de gaýtalaýarlar (Ýahýa 8:39; Işaýa 41:8). Olar, dogrudan-da, Ybraýymyň neslidi. Şol sebäpli Ybraýymy dosty hasaplaýan Hudaý olary-da dosty hasaplaýandyr öýdýärler.

Emma Isanyň häzirki aýtjak sözleri olara erbet täsir etse gerek. Ol: «Eger siz Ybraýymyň çagalary bolan bolsadyňyz, onda Ybraýymyň eden işlerini ederdiňiz» diýýär. Adatça, ogul atasynyň göreldesine eýerýär. Şonuň üçin Isa sözüni dowam edip: «Emma siz meni, ýagny Hudaýdan eşiden hakykaty aýdan adamy öldürjek bolýarsyňyz. Ybraýym beýle zady etmändi» diýýär. Soňra bolsa: «Siz ataňyzyň edýän işlerini edýärsiňiz» diýýär. Olar bu sözleri eşidip, aňk-taňk bolýarlar (Ýahýa 8:39—41).

Olar Isanyň näme diýjek bolýandygyna henizem düşünmeýärdiler. Ýehudylar özlerini nikaly doglan çagalar hasaplap: «Biz zynadan dogulmadyk; biziň bir Atamyz bardyr, ol Hudaýdyr» diýýärler. Eýsem, Hudaý olaryň Atasydymy? Isa şeýle diýýär: «Eger Hudaý siziň Ataňyz bolan bolsa, siz meni söýerdiňiz, sebäbi men Hudaýdan gelendirin we ol arkaly şu ýerdedirin. Men öz islegimi däl-de, meni Ibereniň islegini berjaý etmäge geldim». Soňra Isa: «Siz näme üçin meniň aýdýanlaryma düşünmeýärsiňiz?» diýip soraýar. Ol beren soragyna özi jogap berip: «Sebäbi meniň sözlerimi kabul edip bilmeýärsiňiz» diýýär (Ýahýa 8:41—43).

Isa özüni inkär etmegiň nämä eltjekdigini şunça görkezjek boldy. Emma indi ol: «Siziň ataňyz Iblis, siz ataňyzyň islegini berjaý etmek isleýärsiňiz» diýip, gös-göni aýdýar. Olaryň atasy hakda näme diýse bolar? Isa muny aýdyň düşündirýär: «Ol owal-başdan ganhordy we hakykatda berk durup bilmedi». Soňra sözüni dowam edip: «Hudaýdan bolan adam Hudaýyň sözlerini diňleýändir. Siz Hudaýdan däl, ine, şonuň üçin hem diňlemeýärsiňiz» diýýär (Ýahýa 8:44, 47).

Gahary gelen ýehudylar: «Saňa „Samariýaly hem jynly“ diýenimizde, dogry aýdypdyrys gerek?» diýýärler. Olar «samariýaly» diýmek bilen, Isany ýigrenýändiklerini görkezýärler. Emma Isa olaryň aýyplamasyna üns bermän: «Men jynly däl, men Atamy şöhratlandyrýaryn, siz bolsa meni kemsidýärsiňiz» diýýär. Isanyň bu sözlerine örän çynlakaý garamalydy, sebäbi ol: «Meniň sözlerimi berjaý edýän adam hiç haçan ölmez» diýýär. Bu sözler resullaryň we Isanyň yzyna eýerýän adamlaryň hiç haçan ölmejekdigini aňlatmaýar. Aslynda, olar «ikinji ölümi (direlişe umydyň bolmazlyk)» datmazlar, ýagny hemişelik ýok edilmezler (Ýahýa 8:48—51; Ylham 21:8).

Ýehudylar Isanyň aýdanlaryna göni manyda düşünip: «Biz indi seniň jynlydygyňa doly göz ýetirdik. Ybraýym hem, pygamberler hem öldi, sen bolsa „Meniň sözlerimi berjaý edýän adam hiç haçan ölümi datmaz“ diýýärsiň. Sen özüňe atamyz Ybraýymdan uludyryn öýdýärmiň?... Sen özüňe kimdirin öýdýärsiň?» diýýärler (Ýahýa 8:52, 53).

Görşümiz ýaly, Isa özüniň Mesihdigini aýtjak bolýar. Emma ol berlen soraga göni jogap bermän, gaýtam: «Eger men özümi şöhratlandyrýan bolsam, şöhratym biderekdir. Meni Atam şöhratlandyrýandyr, siz oňa Hudaýymyz diýýärsiňiz. Emma siz ony tanamaýarsyňyz, men bolsa ony tanaýaryn. Eger men ony tanamaýaryn diýen bolsam, onda men siziň ýaly ýalançy bolardym» diýýär (Ýahýa 8:54, 55).

Isa ýene-de Hudaýyň wepaly gullukçysy Ybraýymyň göreldesine salgylanyp: «Ataňyz Ybraýym meniň edýän işlerimi görmäge umydynyň bardygyna juda begenýärdi. Ol muny görüp, begendi» diýýär. Hawa, Ybraýym pygamber Hudaýyň Mesih barada beren wadasyna ynanyp, oňa sabyrsyzlyk bilen garaşýardy. Şonda ýehudylar: «Sen heniz 50-de ýaşamadyň. Ýöne şonda-da Ybraýymy gördüm diýýärmiň?» diýip, ynanmazçylyk edýärler. Isa muňa: «Size dogrusyny aýdýaryn, Ybraýym heniz dogulmanka, men bardym» diýip jogap berýär. Şeýle diýmek bilen, ol özüniň gökde perişde bolup ýaşandygyny görkezýär (Ýahýa 8:56—58).

Ýehudylar Isanyň Ybraýym pygamberdan öň ýaşandygyny eşidenlerinde, gahar-gazaba münýärler. Olar ellerine daş alyp, ony daşlajak bolýarlar. Emma Isa olardan sypýar.

  • Isa öz Atasynyň duşmanlarynyňkydan tapawutlanýandygyny nädip görkezýär?

  • Ybraýym haýsy manyda ýehudylaryň atasy bolup bilmezdi?

  • Isanyň şägirtleri haýsy manyda «hiç haçan ölmez»?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş