Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w08 15/5 sah. 30—32
  • Resullaryň işleri kitabyndan peýdaly pikirler

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Resullaryň işleri kitabyndan peýdaly pikirler
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2008
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • PETRUS «PATYŞALYGYŇ AÇARLARYNY» ULANÝAR
  • (Resullaryň işleri 1:1—11:18)
  • PAWLUSYŇ YHLASLY GULLUGY
  • (Resullaryň işleri 11:19—28:31)
  • «Dymma, hemişe wagyz et»
    Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz ediň
  • «Mukaddes ruhdan dolup, ýürekden şatlanýardylar»
    Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz ediň
  • «Ýehowanyň kömegi bilen batyrgaý wagyz etdiler»
    Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz ediň
  • «Ýygnaklary ruhy taýdan berkidýär»
    Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz ediň
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2008
w08 15/5 sah. 30—32

Ýehowanyň Sözi diri

Resullaryň işleri kitabyndan peýdaly pikirler

RESULLARYŇ işleri kitaby mesihçiler ýygnagynyň döreýşi we onuň ýaýbaňlanyşy baradaky taryhy doly beýan edýär. Bu kitaby ýazan Luka lukman mesihçileriň işini örän täsirli habar berýär we 28 ýyly, ýagny b. e. 33-nji ýylyndan, tä b. e. 61-nji ýyly aralygy öz içine alýar.

Resullaryň işleriniň birinji bölüminde, esasan, Petrus resulyň, ikinji bölüminde bolsa Pawlus resulyň gullugy barada gürrüň edilýär. Lukanyň «biz» we «bize» diýen at çalyşmalaryny ulanmagy, onuň käbir wakalary öz gözi bilen görendigini görkezýär. Resullaryň işleri kitabyndaky wakalary üns bilen öwrensek, Hudaýyň Sözüniň we onuň mukaddes ruhunyň güýjüne minnetdar bolmaga kömek eder (Ýew. 4:12). Şeýle-de bu kitap bizi janaýamazlyk bilen gulluk edip, Patyşalyga bolan umydymyzy berkitmäge höweslendirer.

PETRUS «PATYŞALYGYŇ AÇARLARYNY» ULANÝAR

(Resullaryň işleri 1:1—11:18)

Resullar mukaddes ruhy alandan soň, batyrgaýlyk bilen wagyz edýärler. Petrus ilki «gökleriň Patyşalygynyň açarlaryny» ýehudylara we ýehudy dinine geçen adamlara hakykaty bilip, Mesihiň kömekçileri bolmaga mümkinçilik berip ulandy, olar Patyşalyga girmek üçin «sözi begenç bilen unadylar» (Mat. 16:19; Res. iş. 2:5, 41). Güýçli yzarlamalar sebäpli şägirtler dagasalar-da, wagyz işi ähli ýerlere ýaýrady.

Samariýadaky ýaşaýjylaryň Hudaýyň sözüni kabul edenini eşidip, Iýerusalimdäki resullar Petrus bilen Ýahýany olaryň ýanyna ýollaýarlar. Samariýalylara Patyşalyga girmäge mümkinçilik bermek bilen, Petrus ikinji açary ulanýar (Res. iş. 8:14—17). Tarsusly Saul Isanyň direlen ýyly häsiýetini özgerdip, mesihçi bolan bolmaly. B. e. 36-njy ýylynda Petrus üçünji açary ulanýar we mukaddes ruh sylagy sünnetlenmedik başga milletlere-de berilýär (Res. iş. 10:45).

Sowallaryň jogaby:

2:44—47; 4:34, 35 — Näme üçin iman edenler mal-mülklerini satyp, pullaryny paýladylar? Iman edenleriň köpüsi daş ýerlerden gelipdi. Olar täze imany barada köpräk bilmek we adamlara wagyz etmek isleýärdiler. Emma Iýerusalimde ýene biraz wagt galar ýaly olaryň mümkinçiligi ýokdy. Şol sebäpli käbir mesihçiler olara kömek etmek üçin mal-mülküni satyp, puluny mätäçlere paýlaýarlar.

4:13 — Dogrudanam, Petrus bilen Ýahýa sowatsyzmydy? Ýok, olar sowatsyz däldi. Olara «okuwsyz, garamaýak» diýilmeginiň sebäbi, dini bilim berilýän ruhanylaryň mekdebinde okamadylar.

5:34—39 — Luka Gamaliýeliň ýapyk mejlisde aýdan sözlerini nireden bilýär? Munuň azyndan üç sebäbi bar: 1) Luka Gamaliýeliň öňki şägirdi Pawlus gürrüň beren bolmaly; 2) mümkin, ol mejlisiň Nikodim ýaly rehimdar agzasyndan bilendir; 3) ýa-da ol bu maglumaty Hudaýyň ylhamy arkaly aldy.

7:59 — Stefanus Isa doga etdimi? Ýok. Diňe Ýehowa Hudaýa sežde we doga etmeli (Luka 4:8; 6:12). Stefanus hemişe Ýehowa Isanyň ady bilen doga edýärdi (Ýahýa 15:16). Emma bu gezek Stefanus görnüş arkaly «Ynsan Oglunyň Hudaýyň sagynda durandygyny görýär» (Res. iş. 7:56). Stefanus Isanyň ölüleri direltmäge güýjüniň bardygyny bilýärdi, ol Isa ruhuny goramak üçin ýüzlenýär, ýöne bu onuň Isa doga edendigini aňlatmaýar (Ýahýa 5:27—29).

Biziň üçin sapak:

1:8. Ýehowanyň gullukçylary bütindünýä wagyz işini Hudaýyň mukaddes ruhunyň goldawy bolmasa berjaý edip bilmezdiler.

4:36—5:11. Kiprli Ýusubyň Barnabas diýen lakamy bardy, ol «Göwünlik Ogly» diýmekdir. Resullar onuň ýürekdeş, mähirli we adamlara kömek etmäge taýýardygy üçin Barnabas diýen ady beren bolmaly. Biz ýalançy, ikiýüzli we wyždansyz Hananýa bilen Safira ýaly däl-de, Barnabas ýaly bolmaly.

9:23—25. Wagyz işini dowam etmek üçin yzarlaýanlardan gaçmaklyk gorkýandygymyzy görkezmeýär.

9:28—30. Wagyz edýän ýerlerimizde beden, ahlak ýa-da ruhy taýdan zyýan berýän adamlar bolsa, onda akyldar bolup, nirede we haçan wagyz etmelidigimizi saýlamaly.

9:31. Asudalyk wagty biz Mukaddes Ýazgylary öwrenip, öwrenen zatlarymyz barada oýlanyp imanymyzy berkitmeli. Bu bize Ýehowadan gorkmaga, öwrenen zatlarymyzy durmuşda ulanmaga we yhlasly gulluk etmäge kömek eder.

PAWLUSYŇ YHLASLY GULLUGY

(Resullaryň işleri 11:19—28:31)

B. e. 44-nji ýylynda Agabus Antakiýa gelýär, ol ýerde Barnabus bilen Saul «bir ýyllap» ders berýärdi. Agabus «uly açlygyň» boljakdygyny aýdýar, onuň aýdany iki ýyldan berjaý bolýar (Res. iş. 11:26—28). Barnabas bilen Saul «ýumşy bitirip... Iýerusalimden yzyna öwrülip» Antakiýa gaýdýarlar (Res. iş. 12:25). B. e. 47-nji ýylynda, ýagny Saulyň iman edenine 12 ýyl bolanda, ol Barnabas bilen mukaddes ruhuň görkezmesi boýunça missionerlik syýahatyna gidýär (Res. iş. 13:1—4). B. e. 48-nji ýylynda olar «Hudaýyň merhemetine tabşyran ýerleri bolan Antakiýa» gaýdýarlar (Res. iş. 14:26).

Pawlus (oňa Saul hem diýilýär) dokuz aý geçenden soň, Silasy ýoldaş edip saýlady we onuň bilen ikinji syýahata gitdi (Res. iş. 15:40). Soň Timoteos bilen Luka-da Pawlusa goşuldylar. Luka Filipide galýar, Pawlus bolsa Afina, soňra Korintosa gidýär, ol ýerde Akila we Priskilla duşup, bir ýarym ýyllap olaryň arasynda bolýar (Res. iş. 18:11). B. e. 52-nji ýylynyň başynda Pawlus Timoteos bilen Silasy Korintosda galdyrýar, soňra Priskilla we Akila bilen birlikde gämä münüp, Siriýa gidýär (Res. iş. 18:18). Akila we Priskilla Efesosa çenli onuň bilen bile gidýärler we şol ýerde galýarlar.

B. e. 52-nji ýylynda Pawlus Siriýanyň Antakiýa şäherinde biraz wagt bolýar, soňra gämä münüp üçünji syýahatyna başlaýar (Res. iş. 18:23). Efesosda «Rebbiň sözi barha ýaýrap güýçlenýärdi» (Res. iş. 19:20). Pawlus ol ýerde üç ýyl bolýar (Res. iş. 20:31). B. e. 56-njy ýylynyň Pentikost baýramçylygyň öň ýanynda Pawlus Iýerusalime gelýär. Tussag edilende, ol häkimiýetleriň öňünde batyrgaýlyk bilen wagyz edýär. Pawlus resul Rimde iki ýyllap öý tussaglygynda bolýar (b. e. 59—61-nji ýyllar aralygy), şol ýerde-de Patyşalyk barada wagyz etmegiň ugruny tapýar we «Reb Isa Mesihe degişli zatlary» öwredýär (Res. iş. 28:30, 31).

Sowallaryň jogaby:

14:8—13 — Listra şäheriň ýaşaýjylary näme üçin «Barnabasa Zews, Pawlusa-da... Hermes diýdiler»? Grek mifologiýasynda Zews baş taňry, onuň ogly Hermes bolsa dilewar hasaplanýardy. Pawlus esasy söz sözleýändigi üçin, Listranyň ýaşaýjylary oňa Hermes, Barnabasa-da Zews diýip atlandyrdylar.

16:6, 7 — Näme üçin mukaddes ruh Pawlusa we onuň ýoldaşlaryna Aziýa ülkesinde we Bitiniýada wagyz etmäge rugsat bermedi? Hoş habarçylaryň kän bolmandygy sebäpli, mukaddes ruh Pawlus we onuň ýoldaşlaryny akýürekli adamlaryň köp ýerine iberýär.

18:12—17 — Näme üçin ýehudylar Sostenisi ýenjenlerinde, Galio häkimi goşulmady? Belki, Galio Pawlusa garşy garamaýaklaryň ýolbaşçysy bolan Sostenis muňa mynasyp diýip pikir eden bolmaly. Emma bu waka gowy netije getirýär, sebäbi Sostenis mesihçi bolýar. Soňra Pawlus Sostenise biziň «doganymyz» diýýär (1 Kor. 1:1).

18:18 — Pawlus nämäni wada berdi? Käbir alymlaryň aýtmagyna görä, Pawlus nezir wadasyny berdi (San. 6:1—21). Emma Mukaddes Ýazgylarda Pawlusyň näme wada berendigi aýdylmaýar. Şeýle-de Ýazgylarda Pawlus iman edeninden öň ýa soň wada berendigi ýa-da ony haçan başlap, haçan gutarandygy barada aýdylmaýar. Her näme bolaýanda-da, şeýle wada günä hasaplanylmaýar.

Biziň üçin sapak:

12:5—11. Biz dogan-uýalar barada doga edip bilýäris we hökman etmeli.

12:21—23; 14:14—18. Hirodes Hudaýa edilmeli şöhraty özüne kabul edýär. Emma Pawlus bilen Barnabus düýbünden başgaça hereket etdiler. Haçan-da märeke olary şöhratlandyryp, beýgeltjek bolanlarynda, şöhraty haýal etmän inkär etdiler. Biz hem Ýehowa gulluk edendäki üstünliklerimiz üçin şöhrat gazanjak bolup, öwgä garaşmaly däl.

14:5—7. Paýhaslylyk yhlasly gulluk etmäge kömek eder (Mat. 10:23).

14:22. Mesihçiler yzarlamalaryň boljagyny bilýärler. Olar imanyna garşy gidip, synagdan gaçmaýarlar (2 Tim. 3:12).

16:1, 2. Ýaş mesihçiler Hudaýa yhlasly gulluk etmeli we ýagşy at gazanmak üçin Ýehowanyň kömegine bil baglamaly.

16:3. Adamlar hoş habary kabul eder ýaly, biz elimizden gelenini etmeli, Emma Ýazgylardaky prinsipi bozmaly däl (1 Kor. 9:19—23).

20:20, 21. Öýden-öýe wagyz etmek gullugymyzyň wajyp bölegi.

20:24; 21:13. Hudaýa wepaly galmak ýaşaýşymyzy goramakdan wajypdyr.

21:21—26. Biz oňat maslahaty höwes bilen kabul etmeli.

25:8—12. Şu günler mesihçiler «hoş habary gorap, [kanun esasynda, TD] tassyklamak» üçin bar bolan kanuny ulanyp bilýärler we ulanmaly (Flp. 1:7).

26:24, 25. «Tebigy adam» üçin akmaklyk bolsa-da, biz «hakykat we sagdyn paýhas sözleri aýtmaly» (1 Kor. 2:14).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş