Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w06 15/12 sah. 20—24
  • Ýehowa «dilänlere... mukaddes ruhuny berer»

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ýehowa «dilänlere... mukaddes ruhuny berer»
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2006
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Dyngysyz doga ediň
  • Zerurlygyň näçe köp bolsa, şonça-da köp dile
  • Ynamly doga etmäge näme höweslendirýär?
  • Mukaddes ruh nädip kömek edýär
  • Mukaddes ruh bize nädip kömek edýär?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2019
  • Birinji asyrda we şu günler mukaddes ruhuň täsir edişi
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
  • Özüňizi Hudaýa bagyş edip, şoňa görä ýaşamak üçin ruhda geziň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2010
  • Siziň dogaňyza Isanyň sözleri täsir edýärmi?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2009
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2006
w06 15/12 sah. 20—24

Ýehowa «dilänlere... mukaddes ruhuny berer»

Erbet bolan siz öz oglanlaryňyza oňat sylaglar bermegi bilýän bolsaňyz, Gökdäki Ataňyz Özünden dilänlere has-da köp Mukaddes Ruhy berer! (LUKA 11:13)

1. Hudaýyň mukaddes ruhuna esasanam haçan mätäç bolýarys?

«BU SYNAGA men çydap biljek däl. Diňe mukaddes ruhuň kömegi bilen muňa döz gelip bilerin!» Sizde-de şeýle duýgy bolupmydy? Mesihçileriň köpüsinde şeýle duýgy bolýar. Belki, sen agyr kesellidigiňi bileniňde gaýga batansyň ýa-da ençeme ýyl bile ýaşaşan ýanýoldaşyň aýrylanda özüňi şeýle duýansyň. Mümkin, şähdaçyk durmuşyňa kölege ýaly tukatlyk aralaşanda göwnüçökgün bolansyň. Şeýle agyr döwürde siz diňe Ýehowanyň mukaddes ruhy arkaly berýän «iň üstün gudrat» bilen çydaýansyňyz (2 Korintoslylar 4:7—9; Zebur 40:1, 2).

2. a) Mesihçiler nähili kynçylyklary başdan geçirýärler? b) Bu makalada nähili sowallara serederis?

2 Mesihçiler gitdigiçe dürli kynçylyklara we hudaýsyz dünýäniň täsirine köp uçraýarlar (1 Ýahýa 5:19). Mundan başga-da olara hut Şeýtan Iblisiň özi hüjüm edýär, sebäbi ol «Hudaýyň buýruklaryny berjaý edip, Isa güwälik edýänler bilen» gazaply göreş alyp barýar (Ylham 12:12, 17). Bu geň däl, şonuň üçin biz Hudaýyň ruhunyň kömegine häzir has hem mätäç. Mundan beýläk hem Hudaýyň mukaddes ruhuny bol almak üçin näme etmeli? Synaglarda Ýehowanyň has köp güýç bermäge taýyndygyna näme üçin ynanyp bileris? Bu sowallaryň jogabyny Isanyň iki mysalyndan tapyp bileris.

Dyngysyz doga ediň

3, 4. Isa nähili mysal getirdi we ony nädip doga bilen baglanyşdyrdy?

3 Isanyň bir şägirdi: «Ýa Reb... bize doga etmegi öwret» diýip haýyş etdi (Luka 11:1). Isa şägirtlerine jogap berip, biri-biri bilen baglanyşykly iki mysal getirdi. Birinji mysalda öýüne myhman gelen adam barada, ikinjisinde bolsa, oglunyň haýyşyny diňleýän ata barada gürrüň berdi. Geliň, bularyň hersine aýratynlykda seredeliň.

4 Isa şeýle diýdi: «Aýdaly, siziň biriňiziň bir dostuňyz bar. Ol ýarygije oňa baryp, şeýle diýýär: «Dost! Maňa üç çörek karz ber. Çünki bir dostum ýoldan meniňkä geldi. Onuň öňünde goýara zadym ýok». Ol hem içerden şeýle diýýär: «Maňa zähmet berme, gapy eýýäm ýapyldy, çagalarym meniň bilen bile düşekde ýatyr, men turup, saňa zat berip biljek däl». Size diýýärin, ýaňky dostluk hatyrasyna turup, oňa çörek bermese-de, onuň höçjetligi üçin näçe islese berer». Soňra Isa bu mysaly doga bilen baglanyşdyryp, şeýle diýdi: «Size diýýärin, diläň, size berler; agtaryň, taparsyňyz; gapyny kakyň, size açylar. Çünki her dilän alar, agtaran tapar, gapy kakana açylar» (Luka 11:5—10).

5. Höçjet adamyň mysalyndan doga edende nähili garaýyşda bolmalydygy barada näme öwrenýäris?

5 Höçjet adam baradaky mysal bize doga edenimizde nähili garaýyşda bolmalydygymyzy aýdyň görkezýär. Isanyň belläp geçişi ýaly, ol adam «höçjetligi üçin» maksadyna ýetdi (Luka 11:8). «Höçjetlik» diýen söz Mukaddes Ýazgylarda ýekeje gezek ulanylýar. Bu söz grekçeden terjime edilende «haýasyz» diýmegi aňladýar. Haýasyz diýen söz köplenç erbet häsiýetliligi görkezýär. Emma haýasyzlyk ýa-da höçjetlik diýen söz gowy manyda hem ulanylyp, öwgä mynasyp häsiýetdigini aňladýar. Bu mysalda höçjet adam şeýle oňat häsiýetde suratlandyrylýar. Ol özüne gerek zady höçjetlik bilen soraýany üçin utanmaýar. Isa ol adamy mysal hökmünde ulanyp, biziň hem şonuň ýaly höçjetlik bilen doga etmelidigimizi görkezýär. Ýehowa bizden «dilemegi», «agtarmagy», «kakmagy» dowam etmegimizi isleýär. Şonda ol «dilänlere... mukaddes ruhuny berer».

6. Isanyň döwründe myhman almaklyga nähili garaýardylar?

6 Ýöne Isa diňe bir höçjetlik bilen doga etmegi däl-de, eýsem bu häsiýetiň näme üçin wajypdygyny hem görkezdi. Diýmek, gowy düşüner ýaly biz Isanyň höçjet adam baradaky mysalyny diňlän adamlaryň myhmansöýerlik däbine nähili garandyklaryna seretmeli. Mukaddes Ýazgylaryň ýazylan döwründe myhmanyň aladasyny etmek, ylaýta-da, Hudaýyň gullukçylary üçin wajypdy (Barlyk 18:2—5; Ýewreýler 13:2). Myhman almazlyk masgaraçylyk hasaplanýardy (Luka 7:36—38, 44—46). Şulary göz öňünde tutup, geliň, Isanyň mysalyna ýene bir gezek seredeliň.

7. Mysaldaky höçjet adam näme üçin dostuny ukudan oýarmaga çekinmedi?

7 Mysalda höçjet adamyň ýanyna gijäniň ýarynda myhman gelýär. Ol gelen myhmana hyzmat etmäge özüni borçly duýýar, ýöne «onuň öňünde goýara zady ýokdy». Ol juda kyn ýagdaýa düşýär! Ol kyn ýagdaýyna garamazdan, biraz çörek karz almak üçin dostunyň ýanyna baryp, çekinmän ony ukudan oýarýar. Höçjet adam: «Dost! Maňa üç çörek karz ber» diýýär. Ol höçjetlik bilen tä çörek alýança dileýär. Diňe şeýdip ol myhmanyň aladasyny bolmalysy ýaly edip bilerdi.

Zerurlygyň näçe köp bolsa, şonça-da köp dile

8. Mukaddes ruhy höçjetlik bilen dilemäge bizi näme höweslendirýär?

8 Şu mysaldan görnüşi ýaly, biz näme üçin höçjetlik bilen doga etmelidigine düşünýärismi? Ol adam öýüne gelen myhmana myhmansöýerlik borjuny ýerine ýetirmek üçin erjellik bilen çörek dileýär (Işaýa 58:5—7). Çöreksiz ol öz borjuny ýerine ýetirip bilmezdi. Biz hem mesihçiler hökmünde Hudaýa gulluk etmek borjumyzy ýerine ýetirmek üçin mukaddes ruhy elmydama dileýäris (Zakarýa 4:6). Mukaddes ruh bolmasa biz ruhy taýdan gowşarys (Matta 26:41). Siz bu mysal arkaly nähili wajyp sapak alyp bolýandygyny görýärsiňizmi? Eger Hudaýyň ruhuny wajyp hasaplasak, onda ony has-da höçjetlik bilen diläris.

9, 10. a) Hudaýyň mukaddes ruhuny höçjetlik bilen dilemegiň wajypdygyny düşündir. b) Özümize nähili sowal bermeli we näme üçin?

9 Aýdaly, maşgalaňyzdan biri gijäniň ýarynda syrkawlady. Siz kömek üçin lukmany ukudan oýararmydyňyz? Ýok, ýeňil kesellän bolsa oýarmazdyňyz. Emma ýürek agyrysy tutsa, lukmana jaň etmäge çekinmezdiňiz. Näme üçin? Sebäbi siz çykgynsyz ýagdaýda. Siz lukmanyň kömeginiň gerekdigine düşünýärsiňiz. Kömek soramasaňyz syrkawyň heläk bolmagy mümkin. Mesihçiler hem şeýle çykgynsyz ýagdaýda. Dogrudan-da, Şeýtan «arlaýjy arslan» kimin bizi ýuwutjak bolýar (1 Petrus 5:8). Ruhy taýdan berk bolmak üçin, Hudaýyň mukaddes ruhy hökman gerek. Hudaýyň kömegi bolmasa heläkçilige uçrarys. Şonuň üçin Hudaýyň mukaddes ruhuny höçjetlik bilen dilemeli (Efesliler 3:14—16). Diňe şonda «soňuna çenli çydamaga» güýjümiz bolar (Matta 10:22; 24:13).

10 Şulary göz öňünde tutup, wagtal-wagtal özüňe: «Men dogrudan hem höçjetlik bilen doga edýärinmi?» diýip, sowal berip bilersiň. Haçan-da Hudaýyň kömegine mätäçdigimize doly düşünsek, mukaddes ruhy has-da höçjetlik bilen diläp bileris.

Ynamly doga etmäge näme höweslendirýär?

11. Ata we onuň ogly baradaky mysaly Isa doga bilen nädip baglanyşdyrdy?

11 Isanyň höçjet adam baradaky mysaly doga edýän adamyň häsiýetine ünsümizi çekýär. Indiki mysal bolsa, dogalary eşidýän Ýehowa Hudaýyň häsiýetine ünsümizi çekýär. Isa şeýle diýdi: «Sizden haýsy ata ogly çörek dilände, oňa daş berer? Ýa-da balyk dilände, balyk ýerine oňa ýylan berer? Ýa-da ýumurtga dilände, oňa içýan berer?» Soňra Isa bu mysaly doga bilen baglanyşdyryp, şeýle diýdi: «Şeýlelikde, erbet bolan siz öz oglanlaryňyza oňat sylaglar bermegi bilýän bolsaňyz, Gökdäki Ataňyz Özünden dilänlere has-da köp Mukaddes Ruhy berer!» (Luka 11:11—13).

12. Oglunyň haýyşyna seslenýän ata baradaky mysal Ýehowanyň dogalarymyza jogap bermäge taýyndygyny nähili görkezýär?

12 Oglunyň haýyşyna jogap berýän atanyň mysaly arkaly Isa Ýehowanyň oňa doga edýän adamlara nähili garaýandygyny görkezdi (Luka 10:22). Ilki bilen, iki mysalyň arasyndaky tapawuda seredeliň. Birinji mysaldaky adamyň kömege göwünsiz seslenişinden tapawutlylykda, Ýehowa çagasynyň haýyşyna höwes bilen seslenýän aladaçyl ata-ene bilen deňeşdirilýär (Zebur 50:15). Soňra Isa «kiçiden ula» diýen prinsipe görä düşündirip, Ýehowanyň jogap bermäge taýyndygyny görkezýär. Eger günäni miras alan «erbet» ata öz ogluna gowy sowgat berýän bolsa, onda gökdäki hoşniýetli Atamyz ýerdäki çagalaryna, ýagny öz gullukçylaryna has köp mukaddes ruhuny berer! (Ýakup 1:17).

13. Ýehowa doga edenimizde nämä ynanyp bileris?

13 Biz mundan nähili sapak edinýäris? Gökdäki Atamyzdan mukaddes ruh dilänimizde haýyşymyzy artygy bilen ýerine ýetirjekdigine ynanyp bileris (1 Ýahýa 5:14). Ýehowa doga edip gaýta-gaýta ýüzlensek-de, ol hiç haçan: «Maňa zähmet berme, gapy eýýäm ýapyldy» diýmez (Luka 11:7). Gaýtam, biz erjel bolmaly, çünki Isa: «Diläň, size berler; agtaryň, taparsyňyz; gapyny kakyň, size açylar» diýdi (Luka 11:9, 10). Hawa, Ýehowa «çagyran günümiz... bize jogap berer» (Zebur 20:9; 145:18).

14. a) Käbir adamlar kynçylyga uçranda nähili nädogry pikir edýärler? b) Näme üçin kynçylykda Ýehowa ynamly doga edip bileris?

14 Şeýle-de Isanyň mysalynda islendik ata-enäniň edýän ýagşylygyndan, Ýehowanyň has köp ýagşylyk edýändigi nygtalyp geçilýär. Şol sebäpli Ýehowanyň bizden nägiledigi üçin kynçylyklara uçraýandyrys öýtmeli däl. Bize şeýle pikiri ganym duşmanymyz Şeýtan berýär (Eýýup 4:1, 7, 8; Ýahýa 8:44). Onsoňam, öz-özüňi ýazgarmaklyk Mukaddes Ýazgylara garşy gelýär. Ýehowa «erbetlik bilen synalýan däldir» (Ýakup 1:13). Ol bizi synamak üçin elimize ýylan ýa-da içýan bermeýär. Biziň gökdäki Atamyz «dilänlere... oňat zatlary berýär» (Matta 7:11; Luka 11:13). Galyberse-de, Ýehowanyň ýagşylyk we kömek etmäge taýyndygyna düşünsek, has hem ynamly doga etmäge höweslendirer. Şeýdip, biz mezmurçynyň: «Hudaý eşitdi, dogamyň sesine üns berdi» diýen sözleri bilen ylalaşýarys (Zebur 10:17; 66:19).

Mukaddes ruh nädip kömek edýär

15. a) Isa näme wada etdi? b) Mukaddes ruh nädip kömek edýär?

15 Isa ölmezinden biraz öň, Ýehowanyň kömek etmek isleýändigini ýene-de aýtdy. Ol mukaddes ruhy göz öňünde tutup resullaryna şeýle diýdi: «Men-de Atama ýalbararyn, Ol size, hemişe siziň bilen bolar ýaly, başga bir Göwünlik Beriji, ýagny Hakykat Ruhuny berer» (Ýahýa 14:16). Şeýdip, Isa şägirtlerine we bize-de kömekçi, ýagny mukaddes ruh berjekdigini wada etdi. Şu günler mukaddes ruh bize nädip kömek edýär? Ol dürli kynçylyklara döz gelmäge kömek edýär. Nädip? Köp kynçylyklara döz gelen Pawlus resul Hudaýyň ruhunyň nädip goldandygy barada Korintosdaky mesihçilere ýazýar. Geliň, onuň näme ýazanyna gysgaça seredeliň.

16. Pawlusyň düşen ýagdaýyna biz nädip düşüp bileris?

16 Ilki bilen Pawlus «tenimde tiken» bar diýip, düşen käbir synaglary barada imandaşlaryna açyk aýdýar. Soňra ol: «Ony menden aýyrsyn diýip, Rebbe [Ýehowa] üç gezek ýalbardym» diýýär (2 Korintoslylar 12:7, 8). Pawlus synagy aýyrsyn diýip Hudaýa ýalbarsa-da, ol ony aýyrmady. Mümkin, siz hem şeýle ýagdaýdasyňyz. Pawlus ýaly siz hem Ýehowadan höçjetlik we ynam bilen synagy aýyrmagy haýyş edýänsiňiz. Siziň gaýta-gaýta ýalbarýandygyňyza garamazdan kynçylyk aýrylýan däldir. Şeýle ýagdaý Ýehowanyň jogap bermeýändigini we mukaddes ruhuň size kömek etmeýändigini aňladýarmy? Elbetde ýok! (Zebur 10:1, 17). Pawlus resulyň ýene-de näme diýendigine seredeliň.

17. Ýehowa Pawlusyň dogasyna nädip jogap berdi?

17 Hudaý Pawlusyň dogasyna jogap berip: «Saňa meniň merhemetim ýeterlikdir; çünki Meniň gudratym ejizlikde kämilleşýändir» diýdi. Pawlus: «Mesihiň gudraty üstüme kölege salar ýaly, höwes bilen öz ejizliklerim hakda has hem magtanýaryn» diýdi (2 Korintoslylar 12:9; Zebur 147:5). Şeýdip, Pawlus Hudaýyň güýjüniň Mesih arkaly ony çadyryň örtüşi kimin gorandygy barada aýtdy. Şu günler hem Ýehowa dogalarymyza şonuň ýaly jogap berýär. Ol gullukçylaryny pena kimin goraýar.

18. Synaglara näme üçin döz gelip bileris?

18 Elbetde, çadyr ýagşy diňdirip, ýeli ýatyryp bilmeýär, ýöne şonda-da käbir zatlardan goraýar. «Mesihiň gudraty» hem kynçylyklardan ýa-da synaglardan goramaýar. Ýöne ruhy taýdan, ýagny Şeýtanyň dünýäsiniň erbet täsirinden we onuň hüjümlerinden goraýar (Ylham 7:9, 15, 16). Şoňa görä-de, Ýehowa synaglaryňy «aýyrmasa-da», seniň jan edýändigiňi görýär we «perýadyňa» jogap berýär (Işaýa 30:19; 2 Korintoslylar 1:3, 4). Pawlus şeýle diýdi: «Hudaý dogruçyldyr, Ol size güýjüňizden öte synalmagyňyza ýol bermän, döz gelip bilmegiňiz üçin, synag bilen bilelikde çykalga-da açar» (1 Korintoslylar 10:13; Filipililer 4:6, 7).

19. Nämäni berk ýüregimize düwmeli we näme üçin?

19 Hawa, hudaýsyz dünýäniň «soňky günleri» «kyn pursatlar» bilen tapawutlanýar (2 Timoteos 3:1). Şeýle bolsa-da, Hudaýyň gullukçylary olara döz gelip biler. Näme üçin? Sebäbi Ýehowa mukaddes ruhuň kömegini we goragyny höçjetlik hem ynam bilen dileýänleriň ählisine bol bermek isleýär. Şonuň üçin mukaddes ruhy her gün dilemegi berk ýüregimize düweliň! (Zebur 34:6; 1 Ýahýa 5:14, 15).

Siz nähili jogap berersiňiz?

• Hudaýyň mukaddes ruhuny almak üçin näme etmeli?

• Mukaddes ruh barada dilesek, Ýehowanyň jogap berjekdigine näme üçin ynanyp bileris?

• Synaglara döz gelmäge mukaddes ruh nädip kömek edýär?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş