Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w14 15/3 sah. 30—32
  • Siziň „hawa“ diýeniňiz „hawamy“ ýa-da „ýok“?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Siziň „hawa“ diýeniňiz „hawamy“ ýa-da „ýok“?
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2014
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • PAWLUS RESUL YNAMSYZLYKDA AÝYPLANÝAR
  • «OMYN OL ARKALY AÝDYLÝANDYR»
  • SIZIŇ «HAWA» DIÝENIŇIZ «HAWAMY»?
  • Siziň «hawa» sözüňiz «hawa» bolsun
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2012
  • «Men hiç bir adamyň ganyna galmadym»
    Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz ediň
  • «Dymma, hemişe wagyz et»
    Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz ediň
  • Korintoslylara birinji we ikinji hatlardan peýdaly pikirler
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2008
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2014
w14 15/3 sah. 30—32

Siziň „hawa“ diýeniňiz „hawamy“ ýa-da „ýok“?

Bir mysaly göz öňüne getireliň. Keselhanalar bilen hyzmatdaşlyk edýän ýygnak ýaşulusy bir ýaş dogan bilen dynç güni irden wagza gitmäge belleşýär. Şol güni irden oňa bir dogan jaň edip, aýalynyň ulag heläkçiligi sebäpli keselhana düşendigini aýdýar. Ol ýaşuly dogandan gan bilen bagly meselede kömek edip biljek lukmany tapyp bermegi haýyş edýär. Ýaşuly dogan şeýle agyr ýagdaýa düşen maşgala kömek etmek üçin wagzyny goýmaly bolýar.

Geliň, indi başga bir mysala seredeliň. Iki çagasyny ýeke özi terbiýeleýän uýany ýygnagyndaky bir är-aýal myhmançylyga çagyrýar. Ol muny çagalaryna aýdanda, olar begenişip, şol güne sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar. Emma bir gün galanda, bu är-aýal jaň edip, duýdansyz bir ýagdaýyň ýüze çykandygy sebäpli, uýamyzy myhmançylyga kabul edip bilmejekdigini aýdýar. Biraz wagtdan uýamyz olaryň şol güni dostlarynyňka myhmançylyga gidendiklerini eşidýär.

Biz mesihçiler hökmünde beren sözümizde durmaly. Biziň „hawa“ sözümiz „ýok“ bolmaly däl (2 Kor. 1:18). Emma ýokarda agzalan mysallardan görnüşi ýaly, ýagdaýlar birmeňzeş bolmaýar. Käte biz planlaşdyran işimizi üýtgetmeli bolýarys. Pawlus resul hem şeýle ýagdaýy başdan geçiripdi.

PAWLUS RESUL YNAMSYZLYKDA AÝYPLANÝAR

B. e. 55-nji ýylynda Pawlus resul üçünji missioner syýahatynda Efesos şäherine gelýär. Soňra ol Egeý deňziň üsti bilen Korintosa, ol ýerden bolsa Makedoniýa barmakçydy. Pawlus gaýdyşyn Korintosdaky mesihçileri ýene bir gezek idemek isleýär we olaryň pul sowgatlaryny Iýerusalime äkitmekçi bolýar (1 Kor. 16:3). 2 Korintoslylar 1:15, 16-njy aýatlarda şeýle diýilýär: «Bu ynam bilen, bähbidiňiz iki esse bolar ýaly, öňürti size barsam, siziň üstüňiz bilen Makedoniýa geçip, Makedoniýadan ýene size gelip, Ýahuda siz ýola salarsyňyz diýen niýetim bardy».

Muny Pawlus resulyň Korintoslylara ýazan birinji hatyndan hem bilse bolýar (1 Kor. 5:9). Ýöne biraz wagtdan, ol Korintosdaky ýygnakda bölünişigiň dörändigi hakda eşidýär (1 Kor. 1:10, 11). Pawlus resul doganlary idemek hakyndaky planyny üýtgedýär we korintoslylara birinji hatyny ýazýar. Ol doganlara söýgi bilen maslahat we düzediş berýär. Şeýle-de ilki Makedoniýa, soňra Korintosa barjakdygyny aýdýar (1 Kor. 16:5, 6)a.

Korintosdaky ýygnakda Pawlusyň haty okalanda, «ýokary derejeli resullaryň» käbiri ony sözünde durmandygy üçin ýazgarýarlar. Pawlus olaryň aýyplamalaryna şeýle jogap berdi: «Men şeýle niýet edip, durnuksyzlyk etdimmi? Ýa mende hem „hawa, hawa“ hem-de „ýok, ýok“ bolar ýaly, niýet edýänlerimi adam pikiri boýunça niýet edýärinmi?» (2 Kor. 1:17; 11:5).

Belki, siz hem: «Dogrudan-da, Pawlus resul durnuksyzlyk etdimi?» diýip sorarsyňyz. Elbetde, ýok! «Durnuksyz» diýip terjime edilen söz kimdir biriniň ynamsyzdygyny we beren sözünde durmaýandygyny görkezýär. Pawlus korintoslylara şeýle sorag berýär: «Men adam pikiri boýunça niýet edýärinmi?» Pawlus planyny üýtgetse-de, bu sorag onuň ynamsyz adam bolandygyny görkezmeýär.

Pawlus şeýle diýdi: «Biziň size gowşuran sözümiziň hem „hawa“, hem „ýok“ däldigine Hudaýyň ynamdarlygyndan ant içýärin» (2 Kor. 1:18). Aslynda, resul planyny üýtgedip, Korintosdaky dogan-uýalaryň ýürekden aladasyny edýändigini görkezdi. Biz 2 Korintoslylar 1:23-de şeýle sözleri okaýarys: «Şu çaka çenli Korintosa gelmedigimiň sebäbi sizi aýamakdy». Diýmek, Pawlusyň Korintosa barmandygynyň sebäbi, olara berlen maslahatlara eýerip, gerekli özgerişleri etmäge mümkinçilik berdi. Pawlus Makedoniýadaka ýazan hatynyň korintoslylara täsir edip, olaryň toba gelendiklerini Titusdan eşidende örän begenýär (2 Kor. 6:11; 7:5—7).

«OMYN OL ARKALY AÝDYLÝANDYR»

«Ýokary derejeli» resullar: «Pawlus gündelik işlerinde sözünde durmaýan bolsa, oňa wagyz gullugynda hem bil baglap bolmaz» diýen bolmaklary ahmal. Emma Pawlus olara Isa Mesihi wagyz edendigini ýatladyp, şeýle diýdi: «Silwanus we Timoteos dagymyz tarapdan siziň araňyzda wagyz edilen Hudaýyň Ogly Isa Mesih „hawa“ we „ýok“ bolman, Onda hemişe „hawa“ bolandyr» (2 Kor. 1:19). Eýsem, Isa Mesih ynamsyzmydy? Ýok! Isa diňe hakykaty sözleýärdi (Ýahýa 14:6; 18:37). Eger Isa hakykaty wagyz eden bolsa, onda şol habary wagyz edýän Pawlusyň sözleri-de ynamly dälmidir?!

Hawa, Ýehowa «hakykat Hudaýy» (Zeb. 31:5). Muny Pawlusyň şu sözlerinden bilse bolýar: «Hudaýyň ähli wadalary Mesihde „hawadyr“». Isanyň aýypsyz galmagy Ýehowanyň wadalarynyň ygtybarlydygyny subut edýär. Pawlus şeýle dowam etdi: «Şonuň üçin, biz arkaly Hudaýa şöhrat bolar ýaly, omyn Ol (Isa) arkaly aýdylýandyr» (2 Kor. 1:20). Isa arkaly «omyn» diýmeklik nämäni aňladýar? Bu Ýehowa Hudaýyň ähli wadalarynyň hökman ýerine ýetjekdigini görkezýär.

Görşümiz ýaly, Pawlusyň «hawa» sözi elmydama «hawady». Ol hem Isa Mesih we Ýehowa Hudaý ýaly sözünde durýardy (2 Kor. 1:19). Pawlusa ynanyp bolýardy; ol «adam pikiri boýunça» hereket etmeýärdi (2 Kor. 1:17). Gaýtam, ol «ruhda gezýärdi» (Gal. 5:16). Pawlusyň her bir eden işi dogan-uýalaryň bähbidini ileri tutmak isleýändigini görkezýär. Onuň «hawa» sözi «hawady»!

SIZIŇ «HAWA» DIÝENIŇIZ «HAWAMY»?

Şu günler köp adamlar beren sözünde durmaýarlar. Söwda-satyk işlerinde şertnama baglaşylan bolsa-da, adamlaryň «hawa» sözi «hawa» bolmaýar. Durmuş guran adamlar beren wadasyna sowuk-sala garaýarlar. Aýrylyşýanlaryň sany gitdigiçe köpelýär; bu olaryň nika borçlaryna hormat goýmaýandygyny görkezýär (2 Tim. 3:1, 2, 4).

Siz barada näme diýse bolar? Siziň «hawa» sözüňiz «hawamy»? Ýokarda agzalan mysaldan görnüşi ýaly, käte garaşylmadyk ýagdaýyň dörändigi sebäpli, beren sözüňde tapylmak aňsat bolmasa-da, bu siziň ynamsyz adamdygyňyzy görkezmeýär. Emma mesihçiler beren sözünde tapyljak bolup jan etmeli (Zeb. 15:4; Mat. 5:37). Şonda siz ynama mynasyp we elmydama dogry sözleýän adam hökmünde tanalarsyňyz (Efes. 4:15, 25; Ýakup 5:12). Adamlar siziň gündelik durmuşda dogruçyl hereket edýändigiňizi görüp, Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz edýän hoş habaryňyzy höwes bilen diňlärler. Şol sebäpli «hawa» diýenimiz «hawa» bolsun!

a Pawlus Korintoslylara birinji hatyny ýazandan biraz soňra, dogrudan-da, Troasa we Makedoniýa gidýär (2 Kor. 2:12; 7:5). Soňra ol Korintosa barýar.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş