Ýygnak ýaşululary «biziň şatlygymyza» goşant goşýar
«Biz şatlygyňyz üçin siziň işdeşleriňizdiris». 2 KOR. 1:24
1. Pawlusy näme begendirdi?
BIZIŇ ERAMYZYŇ 55-nji ýylydy. Pawlus resul gämi duralgaly Troas şäherindedi, ýöne ol Korintosdaky ýygnak barada aladalanýardy. Bir ýyl mundan öň korintosly doganlaryň arasynda bolan agzalalygy eşidip, ol gynanypdy. Şol sebäpli ol atalyk aladysyny edip, olara kömek etmek üçin hat ýollady (1 Kor. 1:11; 4:15). Şeýle-de ol öz işdeşi Titusy olaryň ýanyna iberdi. Soňra Titus Troasa gelip, bolan zatlary Pawlusa habar bermelidi. Häzir Pawlus Troasda Titusa garaşýar we ol Korintosdaky doganlaryň ýagdaýyny bilmek isleýär. Emma Titus gelmedi we Pawlus muňa örän gynandy. Pawlus näme edýär? Ol gämä münüp, Makedoniýa gidýär we Titusa bilen duşuşandygyna begenýär. Şonda Titus Korintosdaky doganlaryň Pawlusyň hatyna gowy seslenendigini we ony göresleri gelendiklerini habar berýär. Pawlus muny eşidip, «has hem begenýär» (2 Kor. 2:12, 13; 7:5—9).
2. a) Pawlus korintoslylara iman we şatlyk barada näme ýazdy? b) Biz nähili soraglara serederis?
2 Biraz wagtdan Pawlus Korintoslara ikinji hatyny ýazýar. Ol şeýle diýýär: «Bu biz siziň imanyňyzyň üstünden höküm sürýäris diýmek däldir, biz şatlygyňyz üçin siziň işdeşleriňizdiris. Çünki siz imanda berk dursuňyz» (2 Kor. 1:24). Pawlusyň bu sözleri nämäni aňladýar? Bu sözler şu günki ýygnak ýaşulularyna nähili täsir etmeli?
IMAN WE ŞATLYK
3. a) Pawlus: «Siz imanda berk dursuňyz» diýende nämäni göz öňünde tutdy? b) Şu günler ýaşulular Pawlusyň göreldesine nädip eýerýärler?
3 Pawlus Hudaýa sežde etmekde iman bilen şatlygyň wajypdygyny agzaýar. Iman barada onuň ýazan sözlerini ýene-de ýada salalyň: «Bu biz siziň imanyňyzyň üstünden höküm sürýäris diýmek däldir... Çünki siz imanda berk dursuňyz». Pawlusyň bu sözleri Korintosdaky doganlaryň imanda berk durandygyny görkezýär, çünki olar Pawlusyň ýa-da başgalaryň imany däl-de, öz imany esasynda berk durdular. Şol sebäpli Pawlus doganlaryň imanynyň üstünden agalyk etmegiň gerek däldigine düşündi we ony etmek-de islemedi. Pawlus olaryň dogrulyk etmek isleýän wepaly mesihçilerdigine ynanýardy (2 Kor. 2:3). Şu günlerem ýygnak ýaşululary Pawlusyň göreldesine eýerip, dogan-uýalaryň imanynyň bardygyna we olaryň Hudaýa ak ýürekden gulluk edýändiklerine ynanýarlar (2 Sel. 3:4). Ýaşulular ýygnaga ýowuz garaman, gaýtam, Mukaddes Ýazgylaryň prinsiplerine we Ýehowanyň guramasynyň görkezmesine eýerýärler. Şeýle-de olar dogan-uýalaryň imanynyň üstünden agalyk etmeýärler (1 Pet. 5:2, 3).
4. a) Pawlus: «Biz şatlygyňyz üçin siziň işdeşleriňiz» diýende nämäni göz öňünde tutdy? b) Şu günler ýygnak ýaşululary Pawlusyň göreldesine nädip eýerýärler?
4 Şeýle-de Pawlus: «Biz şatlygyňyz üçin siziň işdeşleriňizdiris» diýip ýazdy. Ol bu aýatda özüni we ýakyn dostlaryny göz öňünde tutdy. Biz näme üçin şeýle netijä gelýäris? Pawlus korintoslylara ýazan hatynda iki dostunyň adyny agzaýar: «Silwanus we Timoteos dagymyz tarapyndan... siziň araňyzda (Isa barada) wagyz edildi» (2 Kor. 1:19). Mundan başga-da Pawlus ýazan hatlarynda «işdeşlerim» diýen sözi ulanyp, Apollos, Akila, Priskilla, Timoteos, Titus ýaly başga-da dostlarynyň adyny hemişe agzaýardy (Rim. 16:3, 21; 1 Kor. 3:6—9; 2 Kor. 8:23). Şol sebäpli Pawlus: «Biz şatlygyňyz üçin siziň işdeşleriňiz» diýmek bilen, ýygnagyň ähli agzalarynyň şatlanmagy üçin özüniň we işdeşleriniň elinde baryny edýändiklerine Korintosdaky mesihçileri ynandyrdy. Şu günlerem ýaşulularyň şeýle islegi bar. Olar doganlarynyň «Rebbe begenç bilen gulluk etmeklerine» ýardam bermek üçin jan edýärler (Zeb. 100:2; Flp. 1:25).
5. Biz haýsy soraga serederis we ol bize nähili täsir etmeli?
5 Dünýäniň dürli künjeginde ýaşaýan yhlasly dogan-uýalara şeýle sorag berildi: «Ýaşulularyň nähili sözleri we işleri size şatlanmaga ýardam edýär?» Häzir biz olaryň bu soraga beren jogaplaryna serederis. Emma siz bu soraga nähili jogap berersiňiz? Şeýle-de, geliň, biz hem öz ýygnagymyzda şatlykly ruha nädip ýardam edip biljekdigimiz barada gürrüň edeliňa.
«SÖÝGÜLI PERSISE SALAM AÝDYŇ»
6, 7. a) Ýygnak ýaşululary Isanyň, Pawlusyň we Hudaýyň beýleki gullukçylarynyň göreldesine nädip eýerip bilerler? b) Doganlaryň adyny ýatda saklamak näme üçin wajyp?
6 Köp dogan-uýalaryň aýtmagyna görä, ýygnak ýaşulularynyň her bir mesihçiniň aýratynlykda aladasyny edýändigi begendirýär. Bu babatda ýaşulular Dawudyň, Elihuwyň we Isanyň göreldesine eýerip bilerler (2 Şamuwel 9:6; Eýýup 33:1; Luka 19:5-i okaň). Ýehowanyň bu gullukçylary adamyň adyny tutup, onuň bilen ýürekden gyzyklanýandygyny görkezýärdiler. Pawlus imandaşlarynyň adyny ýatda saklamagyň we olara ýüzlenende adyny tutmagyň wajypdygyna düşünýärdi. Ol bir hatynda 25 sany dogan-uýanyň adyny ýazyp, olara salam ýollaýar. Şonda ol: «Söýgüli Persise salam aýdyň» diýip, uýanyň adyny tutýar (Rim. 16:3—15).
7 Käbir ýaşululara adamyň adyny ýatda saklamak kyn bolýar. Muňa garamazdan, eger olar adamyň adyny tutup ýüzlenmäge jan etseler, imandaşlaryna «sen meniň üçin gymmatly» diýen ýaly bolýar (Müs. çyk. 33:17). Ýaşulular «Garawul diňi» ýa-da başga duşuşykda jogap berjek doganlaryň adyny tutsalar, olaryň şatlygyny artdyryp bilýärler (Ýahýa 10:3-i deňeşdiriň).
OL «REBDE KÖP ZÄHMET ÇEKDI»
8. Pawlus Ýehowa bilen Isanyň göreldesine nädip eýerdi?
8 Pawlus imandaşlaryna ýürekden öwgüli sözleri aýdyp hem olaryň aladasyny edýändigini görkezdi. Bu-da olaryň şatlygyna şatlyk goşýardy. Pawlus başga bir hatynda bolsa, doganlarynyň şatlanmagyny ýürekden isleýändigini aýdyň görkezip, şeýle diýdi: «Size biçak guwanýaryn» (2 Kor. 7:4). Şeýle öwgüli sözler Korintosdaky doganlaryň ýüregine melhem bolandyr. Pawlus başga ýygnaklara-da öwgüli sözleri aýtdy (Rim. 1:8; Flp. 1:3—5; 1 Sel. 1:8). Ol rimlilere ýazan hatynda Persis uýanyň adyny agzap, onuň «Rebde köp zähmet çekendigini-de» aýtdy (Rim. 16:12). Bu öwgüli sözler Hudaýa wepaly uýany nähili ruhlandyrandyr! Hawa, Pawlus doganlara öwgüli sözleri aýdanda, Ýehowa bilen Isanyň göreldesine eýerýärdi (Markus 1:9—11; Ýahýa 1:47-i okaň; Ylham 2:2, 13, 19).
9. Ýaşulularyň öwgüli sözleri ýygnagyň şatlykly ruhuna nähili täsir edýär?
9 Şu günler hem ýygnak ýaşululary minnetdarlyk sözlerini aýtmagyň wajypdygyna düşünýärler (Sül. tym. 3:27; 15:23). Ýaşulularyň minnetdarlyk sözleri dogan-uýalar üçin «Men seniň eden işleriňi görýärin. Men sen hakda pikirlenýärin» diýen ýaly bolýar. Dogrudan-da, şeýle ynam bildiriji sözleri aýtmak gerek. 50 ýaşlaryndaky uýa köp dogan-uýalaryň pikirini şeýle beýan edýär: «Meni işde kän bir öwmeýärler. Ol ýerde mähirli gatnaşyk ýok, birek-birek bilen bäsdeşlik edilýär. Şol sebäpli ýaşulular ýygnakda edýän işlerim üçin maňa öwgüli sözleri aýdanlarynda, men güýç-kuwwat alýaryn we ruhlanýaryn. Men şonda gökdäki Atamyň söýgüsini duýýaryn!» Iki çagasyny ýeke terbiýeleýän ata hem öwgüli sözlere mätäçdi. Ýakynda ýygnak ýaşulusy ony ýürekden öwýär. Bu oňa nähili täsir etdi? Ol şeýle diýýär: «Ýaşulynyň sözleri meni juda galkyndyrdy!» Hakykatdan-da, ýaşulynyň ýürekden aýdýan öwgüli sözleri imandaşlary ruhlandyryp, olaryň göwnüni göterýär. Bu doganlara ýaşaýşa eltýän ýoldan ýöremäge güýç berer we olar «ysgyndan gaçmazlar» (Iş. 40:31).
«HUDAÝYŇ... ÝYGNAGYNY BAKYŇ»
10, 11. a) Ýaşulular Nehemýanyň göreldesine nädip eýerip bilerler? b) Ýaşuly dogan-uýalara nädip ruhy sylagy berip biler?
10 Ýaşulular her bir doganyň aýratynlykda aladasyny edip, ýygnagyň şatlykly ruhuna ýardam bermek üçin näme etmeli? Olar ruhy taýdan mätäç dogan-uýalara kömek etmäge jan etmeli (Resullaryň işleri 20:28-i okaň). Şeýle ýagdaýda ýaşulular ruhy taýdan ösen ýaşulularyň göreldesine eýerýärler. Geliň, ruhy taýdan gowşan ýehudy doganlaryny görende, wepaly ýolbaşçy Nehemýanyň näme edendigine seredeliň. Ol şol bada hereket edip, olary ruhlandyrdy (Neh. 4:14). Şu günler hem ýaşulular onuň göreldesine eýermek isle ýärler. Olar-da doganlaryň imanyny berkitmek üçin hereket edýärler, ýagny ilkinji ädimi özleri ädýärler. Ýaşulular mümkinçilik bolan ýagdaýynda dogan-uýanyň öýlerine baryp, olary ruhlandyrmaga çalyşýarlar. Şeýle idegde olar imandaşlaryna «bir ruhy sylagy» bermek isleýärler (Rim. 1:11). Bu babatda ýaşulular näme edip biler?
11 Ýaşulynyň birinji etmeli zady: ideg etjek imandaşy barada öňünden oýlanmaly. Ol doganyň ýa uýanyň nähili kynçylygy bar? Ony nähili pikir ruhlandyryp biler? Mukaddes Ýazgylardan haýsy aýatlar ýa-da wakalar onuň ýagdaýyna gabat gelýär? Ýaşuly şeýle soraglar barada öňünden oýlansa, adaty gürrüňleri aýtmagyň deregine, gürrüňdeşligi manyly geçirip biler. Eger ýaşuly dogan-uýalary ünsli diňlese, olara ýüregini dökmek aňsat bolar (Ýakup 1:19). Bir uýa şeýle diýýär: «Ýaşuly seni ýürekden diňlese, göwnüň göterilýär» (Luka 8:18).
12. Ýygnakda kim ruhy kömege mätäç bolup biler we näme üçin?
12 Ýaşulularyň idegi kim üçin peýdaly bolýar? Pawlus ýygnak ýaşulularyna «tutuş sürä göz-gulak boluň» diýip maslahat berdi (Res. iş. 20:28). Hawa, ýygnagyň ähli agzalary, hatda ençeme ýyldan bäri wepaly gulluk edýän wagyzçylar-da, pionerler-de ruhy kömege mätäç bolýarlar. Olara näme üçin ýaşulularyň ruhy goldawy gerek? Sebäbi käte ruhy taýdan berk mesihçiler hem bu zalym dünýäniň täsiri astynda ruhdan düşüp, imandaşlarynyň kömegine mätäç bolýarlar. Geliň, bu babatda Dawut patyşanyň durmuşynda bolan bir waka seredeliň.
«ABYŞAÝ OŇA KÖMEGE ÝETIŞDI»
13. a) Ýişbibenop Dawudyň haýsy ýagdaýyndan peýdalanjak boldy? b) Abyşaý Dawudy nädip halas etdi?
13 Ýaş Dawut geljekki patyşa hökmünde mesh edilenden soňra, ol äpet adamlaryň neslinden bolan rapally Jalut (Golýat) bilen söweşdi. Batyrgaý Dawut ony öldürdi (1 Şam. 17:4, 48—51; 1 Ýyl. 20:5, 8). Birnäçe ýyl geçenden soňra, piliştliler bilen söweşde, Dawut ýene-de iri nesillerden bolan Ýişbibenop diýen adama pete-pet geldi (2 Şam. 21:16). Emma bu gezek ol äpet adam Dawudy tas ölüripdi. Näme üçin? Sebäbi Dawut batyrgaý bolsa-da, onuň güýji gaçypdy. Mukaddes Ýazgylarda: «Dawut... halys ysgyndan gaçdy» diýilýär. Ýişbibenop onuň bu ýagdaýyny görüp, «Dawudy öldürmegi ýüregine düwdi». Emma ol Dawudy öldürjek mahaly «Seruýanyň ogly Abyşaý oňa kömege ýetişdi we piliştli bilen urşup, ony öldürdi» (2 Şam. 21:15—17). Şonda Dawut ölümden zordan gutuldy! Dawut Abyşaýyň ünsli bolup, janyny halas edendigine, gör, nähili begenendir! Biz bu wakadan näme öwrenip bileris?
14. a) Biz «Jalut» ýaly kynçylyklary nädip ýeňip bileris? b) Ýaşulular biziň şatlanmagymyza we berkemegimize nädip ýardam berip bilerler? Mysal getiriň.
14 Biz, Ýehowanyň halky, Şeýtanyň we onuň tarapdarlarynyň berýän päsgelçiliklerine garamazdan, bütin dünýäde wagyz etmegimizi dowam edýäris. Biziň käbirimiz ägirt uly kynçylyklara duş gelýäris, ýöne Ýehowa doly bil baglap, «Jalut» ýaly kynçylyklary ýeňýäris. Emma biz bu dünýä garşy hemişe göreşmeli bolýarys, şonuň üçin käte biz ýadaýarys we ruhdan düşýäris. Şeýle ýagdaýda kynçylyklara garşy durmak aňsat bolmaýar we olar bizi ruhy taýdan öldürip biler. Emma biz başga wagty şeýle kynçylyklara hötde gelip bilerdik. Şeýle ýagdaýlarda ýaşulynyň berýän kömegi ýene-de şatlanmaga we berkemäge ýardam berip biler. 65 ýaşlaryndaky bir pioner uýa şeýle gürrüň berýär: «Birnäçe wagt mundan öň, men özümi erbet duýup, wagyz etmekden ýadadym. Ýaşuly meniň bu ýagdaýymy duýup, ýanyma geldi. Biz Mukaddes Ýazgylaryň esasynda ruhlandyryjy gürrüň etdik. Men onuň beren maslahatlaryny kabul etdim we bu maňa peýda berdi. Ruhy taýdan gowşanymda maňa kömek eden ýaşulynyň söýgüsi, örän begendirdi!» Hawa, söýgi bilen aladamyzy edýän we Abyşaý ýaly kömege ýetişmäge taýyn ýaşulularyň bardygyna biz şatlanýarys.
«MENIŇ ÖZÜŇIZE BOLAN... SÖÝGIMI BILIŇ»
15, 16. a) Dogan-uýalar näme üçin Pawlusy söýýärdiler? b) Biz aladaçyl ýygnak ýaşulularyny näme üçin söýýäris?
15 Ýygnak ýaşulularynyň işi aňsat däl. Käte ýaşulular Hudaýyň sürüsi hakda alada etmek ýa-da imandaşlaryny ruhy taýdan goldamak üçin gijelerine ýatman doga edýärler (2 Kor. 11:27, 28). Muňa garamazdan, Pawlus ýaly ýaşulular öz borçlaryny höwes bilen ýerine ýetirýärler. Pawlus korintoslylara şeýle ýazdy: «Men siziň janyňyz ugrunda barymy höwes bilen harçlap, bütinleý harçlanaryn» (2 Kor. 12:15). Pawlusyň doganlara bolan söýgüsi olar üçin özüni bagyş etmäge höweslendirdi (2 Korintoslylar 2:4-i okaň; Flp. 2:17; 1 Sel. 2:8). Şol sebäpli doganlaryň Pawlusy örän söýýändigi geň galdyrmaýar! (Res. iş. 20:31—38).
16 Şu günler bizem Hudaýyň gullukçylary hökmünde aladaçyl ýygnak ýaşulularymyzy söýýäris we Ýehowa doga edenimizde, olara minnetdarlyk bildirýäris. Olar her birimiziň aladamyzy edip, şatlygymyza şatlyk goşýarlar. Olaryň idegi bizi ruhy taýdan baý edýär. Şeýle-de bu dünýäniň kynçylyklary biziň üstümize abananda, olaryň kömek etmäge taýynlygy üçin minnetdardyrys. Dogrudan-da, ýygnak ýaşulularynyň şeýle garaýşy «biziň şatlygymyzyň... işdeşleridir»
a Bu dogan-uýalara: «Ýaşulularyň haýsy häsiýeti size has-da ýaraýar?» diýen sorag hem berildi. Olaryň köpüsi «mähirli we açyk» häsiýetli ýaşululary halaýandyklaryny aýtdylar. Bu häsiýetlere žurnalyň indiki sanynda serederis.