Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w13 15/1 sah. 32
  • Gowy planlaşdyrylan iş miwe berýär

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Gowy planlaşdyrylan iş miwe berýär
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2013
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • «OL ULY ÝAŞLY BIRINE GARAŞYPDYR»
  • Olar Norwegiýada höwes bilen gulluk edýärler
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2013
  • 17-nji martdan başlap Ýatlama agşamyna çagyrýarys
    Hudaýa gullugymyz — 2012
  • 1-nji martdan Ýatlama agşamyna çakylyk kampaniýasy başlar
    Hudaýa gullugymyz — 2013
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2013
w13 15/1 sah. 32

Gowy planlaşdyrylan iş miwe berýär

Günorta Amerikanyň (Çili) San-Bernardo şäherinde Mariýa Isabel atly ýaş yhlasly wagyzçy ýaşaýar. Onuň maşgala agzalary mapuçe halkyna degişli. Bu maşgala mapuçe (oňa mapudungun dili hem diýilýär) dilinde ýygnagyň döremegini isleýärdi.

Rebbiň Ýatlama Agşamynyň mapudungun dilinde-de geçiriljekdigi we 2 000 sany çakylyk hatynyň paýlamanmalydygy baradaky bildiriş Mariýa Isabeli oýlandyrýar. Ol bu işe nädip kömek edip biler? Ol synpdaşlaryna we mugallymlaryna wagyz eden başga ýaş wagyzçylar bilen bolan wakalary ýadyna salýar. Mariýa Isabel bu barada ata-enesine aýdanda, olar gyzyna çakylyk hatyny mekdepde nädip paýlajakdygy barada oýlanmagy maslahat berýärler. Ol muny nädip planlaşdyrdy?

Ilki bilen, Mariýa Isabel mekdep ýolbaşçylaryndan çakylyk hatyny mekdebiň esasy girelgesinden asyp goýmagy haýyş edýär. Olar Mariýa Isabele minnetdarlyk bildirip, ony başarjaňlygy üçin öwýärler. Hatda bir gün irden mekdep müdiri jaň kakylandan soňra, bu çakylyk haty barada mikrofonda yglan edýär.

Soňra Mariýa Isabel mugallymlardan ähli synplary aýlanyp çykmagy haýyş edýär. Oňa rugsat berenlerinde, ol okuwçylardan kimiň mapuçe halkyna degişlidigini soraýar. Mariýa şeýle gürrüň berýär: «Men bütin mekdep boýunça mapuçe maşgalasyna degişli 10 ýa-da 15 okuwçy bardyr öýtdüm. Emma örän köp ekeni. Men 150 sany çakylygy paýladym!»

«OL ULY ÝAŞLY BIRINE GARAŞYPDYR»

Bir aýal mekdebiň girelgesindäki bildirişi görüp, ony düşündirmegi haýyş edýär. Onuň ýanyna 10 ýaşly gyzjagaz gelende, aýalyň geň galandygyny göz öňüne getiriň! Mariýa Isabel ýylgyryp: «Ol uly ýaşly birine garaşypdyr» diýýär. Mariýa Isabel oňa çakylygy berip, gysgaça düşündirýär we ondan öý salgysyny soraýar. Oňa Hudaýyň Patyşalygy barada köpräk gürrüň bermek üçin özüniň we ata-enesiniň geljekdigini aýdýar. Mapudungun dilinde çakylyk hatyny ýaýratmaga 20 wagyzçy gatnaşýar. Olar mapuçe halkyna degişli 26 sany gyzyklanýan adamyň arasynda bu aýalyň Ýatlama Agşamyna gelendigini görenlerinde, örän begenýärler. Häzir bu topardan ajaýyp ýygnak döredi!

Sen hem ýaşyňa garamazdan, synpdaşlaryňy ýa-da işdeşleriňi Ýatlama Agşamyna, jemagat dokladyna, ýa-da kongresa çagyryp bilermiň? Eger sen biziň edebiýatlarymyzda çap edilýän wakalary okasaň, sende-de gowy pikirler döremezmi? Şeýle-de Ýehowa barada mertlik bilen wagyz eder ýaly, Ondan mukaddes ruh diläp bilersiň (Luka 11:13). Eger sen şeýle etseň, gowy planlaşdyrylan işiň miwesini görüp, geň galarsyň we juda ruhlanarsyň.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş