Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • mwbr19 Iýun sah. 1—5
  • «Durmuş we wagyz okuw depderi» üçin salgylar

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • «Durmuş we wagyz okuw depderi» üçin salgylar
  • «Durmuş we wagyz okuw depderi» üçin salgylar (2019)
  • Sözbaşylar
  • IÝUN 3—9
  • IÝUN 10—16
  • IÝUN 17—23
  • IÝUN 24—30
«Durmuş we wagyz okuw depderi» üçin salgylar (2019)
mwbr19 Iýun sah. 1—5

«Durmuş we wagyz okuw depderi» üçin salgylar

IÝUN 3—9

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | GALATÝALYLAR 4—6

«Bu zatlaryň başga manysynyň» biziň üçin uly ähmiýeti bar

it «Hajar»

Hajar

Pawlus resulyň aýtmagyna görä, Hajar göçme manyda gadymy ysraýyl halkyny aňladýar. Ysraýyllylar Sinaý dagynda Ýehowa bilen Kanun ähtini baglaşypdy we olaryň «çagalarynyň hemmesi gul» hasaplanýardy. Ysraýyl halky günäli bolandygy üçin, ähtiň şertlerini berjaý edip bilmeýärdi. Şeýle-de olar Kanun ähti astynda bolandygy üçin azat däl-de, ölüme mynasyp bolan günäli adamlar hasaplanýardy. Başgaça aýdanyňda, olar «guldular» (Ýah 8:34; Rm 8:1—3). Pawlusyň günlerinde Hajar Iýerusalimi, ýagny çagalary bilen bilelikde gulçulyga satylan ysraýyl halkyny gowy suratlandyrýardy. Emma mukaddes ruhdan doglan mesihçiler «gökdäki Iýerusalimiň» çagalary hasaplanýar. Azat aýal Sara ýaly, «gökdäki Iýerusalim» hem hiç haçan gulçulykda bolmandy. Ýöne Ysmaýylyň Yshagy yzarlaýşy ýaly, «gökdäki Iýerusalimiň» çagalary, ýagny Ogluň azat eden adamlary hem gulçulyga satylan Iýerusalimiň çagalary tarapyndan yzarlamalara duçar boldular. Hajar bilen oglunyň kowulmagy bolsa, Ýehowanyň gadymy ysraýyl halkyndan ahyrsoňy ýüz öwrendigini görkezýär (Gl 4:21—31; şeýle-de Ýah 8:31—40-nji aýatlara serediň).

w14 15/10 sah. 10, abz. 11

Hudaýyň Patyşalygyna imanyňyzy berkidiň

Ybraýymyň nesilleri Wada edilen diýara girenlerinde, Ybraýym bilen baglaşylan äht göni manyda ýerine ýetdi. Emma Mukaddes Ýazgylara görä, bu äht ruhy manyda hem ýerine ýetmelidi (Gal. 4:22—25). Pawlus resul şol ähtiň uly möçberde ýerine ýetişini düşündirip, Ybraýymyň nesliniň esasy agzasynyň Isa Mesihdigini we şol nesle 144 müň mesh edilen mesihçileriň hem degişlidigini aýtdy (Gal. 3:16, 29; Ylh. 5:9, 10; 14:1, 4). Erem bagyndaky wadada agzalýan aýal bolsa, Hudaýyň gökdäki guramasyny aňladýar. Ol wepaly ruhy şahsyýetlerden ybarat bolup, oňa «ýokarky Iýerusalim» diýilýär (Gal. 4:26, 31). Ybraýym bilen baglaşylan ähte görä, aýalyň nesli bütin adamzada bol bereketler bermelidi.

Ruhy dürdäneleri agtaryň

w09 1/4 sah. 13

Bilýäňizmi?

Isa Ýehowa doga edende näme üçin Oňa «Awwa, Atam» diýdi?

«Awwa» diýen arameý sözi «atam» ýa-da «atam jan» diýmegi aňladýar. Bu söz Mukaddes Ýazgylarda üç gezek duş gelýär we her gezek hem Ýehowa degişli ulanylýar. Bu nämäni görkezýär?

Bir ensiklopediýada şeýle diýilýär: «Isanyň günlerinde çagalar kakasyna mähirli we hormat bilen ýüzlenende, awwa diýýärdi» («The International Standard Bible Encyclopedia»). Bu söz mähirli duýguny görkezýärdi we çaga dil açanda, köplenç şu sözi aýdýardy. Isa-da Atasyna gyzgyn doga edende, şol sözi aýdypdy. Meselem, ölümine birnäçe sagat galanda, Getseman bagyndaka, Isa Ýehowa: «Awwa, Atam» diýip ýüzlendi (Mr 14:36).

Şol ensiklopediýada şeýle diýilýär: «Grek-rim imperiýasynyň höküm süren döwri ýehudylaryň edebiýatlarynda „awwa“ sözi gaty seýrek duş gelýärdi. Sebäbi Hudaýa şeýle ýüzlenmek hormatsyzlyk hasaplanypdyr. Emma Isa dogasynda bu sözi aýdypdy. Şeýdip, ol Hudaý bilen ýakyn gatnaşykdadygyny görkezdi». Ýene iki gezek «awwa» diýen söz Pawlus resulyň hatlarynda duş gelýär. Bu I asyrdaky mesihçileriň hem Hudaýa doga edenlerinde, «awwa» sözüni ulanandygyny görkezýär (Rimliler 8:15; Galatýalylar 4:6).

w10 1/11 sah. 15

Bilýäňizmi?

Pawlus resul «bedenimde Isanyň guludygymy görkezýän tagma bar» diýende, nämäni göz öňünde tutdy? (Galatýalylar 6:17)

▪ I asyrdaky adamlar Pawlusyň sözlerine her hili düşünen bolmaly. Meselem, gadymy döwürde gyzdyrylan demir bilen adamyň tenine tagma basylan bolsa, bu onuň ybadathanadan bir zat ogurlandygyny, uruşda ýesir düşendigini ýa-da gaçgak guldugyny görkezýärdi. Şeýle tagma masgaraçylyk hasaplanylýardy.

Emma şeýle tagmalar hemişe erbet hasaplanmandyr. Köp adamlar belli bir taýpa ýa-da dine degişlidigini görkezmek üçin özlerine tagma basdyrýardylar. Mysal üçin, bir dini sözlüge görä, «siriýalylar Adad taňrysyna we aýal taňrysy Atargatise bagyş edilendiginiň nyşany hökmünde bilegine ýa-da boýnuna tagma basdyrypdyrlar... Dionis taňrysyna sežde edýänler bolsa, çyrmaşyk ösümliginiň ýapragynyň şekilinde tagma basdyrýardylar» («Theological Dictionary of the New Testament»).

Mukaddes Ýazgylary öwrenýän adamlaryň köpüsi Pawlus resul «bedenimde... tagma bar» diýende, missioner gullugynda duşmanlaryň zorluk-süteminden, ýagny urgularyndan soň galan ýaranyň yzlaryny göz öňünde tutýar diýýärler (2 Korinfliler 11:23—27). Emma Pawlus bu ýerde göni manyda bedenine tagma basylandygyny däl-de, mesihçi hökmünde alyp barýan durmuşyny göz öňünde tutan bolmaly.

w12 15/3 sah. 30, 31

Okyjylaryň sowallary

Pornografiýa seredýänler ýygnakdan çykarylyp bilermi?

▪ Hawa, çykarylyp biler. Şol sebäpli žurnallarda, filmlerde, wideofilmlerde, Internetde pornografiýanyň ýazuw arkaly beýan edilýän ýa-da şekil arkaly görkezilýän görnüşlerinden gaça durmagy ýüregiňe düwmek örän wajyp.

Pornografiýa bütin dünýäde ýaýrady. Internet ony öňküden-de has elýeterli edýär we azýanlaryň sanyny gün-günden köpeldýär. Käbir garrylar we ýaşlar Internetiň pornografiýa sahypalaryna bilmän girýär. Käbirleri bolsa, oňa bilgeşleýin girýär. Olara şol sahypalara girmäge hiç zat päsgel bermeýär, sebäbi olar öýünde ýa-da işinde gizlin pornografiýany okaýarlar ýa-da oňa seredýärler. Näme üçin mesihçilere pornografiýa howply?

Munuň esasy sebäbini Isa: «Bir aýala azgyn nebis bilen bakan adam öz ýüreginde eýýäm onuň bilen zyna edendir» diýip düşündirdi (Mat. 5:28). Är-aýalyň arasyndaky jyns gatnaşygynda hiç hili aýyp zat ýok, çünki olar mundan lezzet alýar (Sül. tym. 5:15—19; 1 Kor. 7:2—5). Emma pornografiýada şeýle gatnaşyklar göz öňünde tutulmaýar. Onda azgyn jyns gatnaşygy görkezilip, Isanyň duýdurşy ýaly hapa pikirleri oýarýar. Pornografiýany okamak ýa-da görmek Hudaýyň: «Ýerdäki tebigatyňyza mahsus bolan zyna, hapalyk, şehwet, höwesler we butparazlyga barabar bolan husytlyk ýaly islegleriňizi öldüriň» diýen tabşyrygyna garşy gelýär (Kol. 3:5).

Eger mesihçi pornografiýany bir-iki gezek gören bolsa näme? Şeýle ýagdaýda ol Asaf ýaly howply ýagdaýa düşmegi mümkin. Asaf şeýle diýdi: «Meniň bolsa aýaklarym tas sürçüpdi, ädimlerim taýmaga golaýdy». Mesihçi ýalaňaç erkekdir, aýalyň suratyny ýa-da jynsy ahlaksyzlyk edýänini görüp, nädip ynsabyny arassa we Hudaý bilen ýakyn gatnaşygyny saklap biler? Ol özüni «her gün mergä sezewar boldum, ertirlerine jeza çekdim» diýen Asaf ýaly duýar (Zeb. 73:2, 14).

Ahlaksyzlyk toruna düşen mesihçi aklyna aýlanyp, kömege mätäçdigine düşünmeli. Ol şeýle kömegi ýygnakda alyp biler. Mukaddes Ýazgylarda şeýle diýilýär: «Bir adam bir ýazyk üstünde tutulsa, Ruha uýan siz beýle adamy ýumşaklyk ruhy bilen dogry ýola getiriň. Sen hem synalmaz ýaly, özüňe seret» (Gal. 6:1). Bir ýa-da iki ýaşuly oňa kömek berip, onuň üçin doga edip bilerler, çünki «iman dogasy syrkawa şypa berer... günä eden bolsa, bagyşlanar» (Ýakup 5:13—15). Pornografiýa seretmek endigini taşlamak üçin kömek soran mesihçiler Asaf ýaly «Hudaýa ýakynlaşmagyň gowudygyna» göz ýetirdiler (Zeb. 73:28).

Emma Pawlus resulyň aýtmagyna görä, günä edenleriň käbiri «murdarlyklaryndan, zyna we ahlaksyzlyklaryndan toba etmediler»a (2 Kor. 12:21). Professor Marwin Winsentiň aýtmagyna görä, grek dilinde «murdarlyk» diýip terjime edilen söz, ýigrenç döredýän bozuklygy aňladýar. Pornografiýanyň käbir görnüşlerinde ýalaňaç erkekdir aýallaryň jynsy ahlaksyzlyk edýäninden has beteri görkezilýär. Şeýle nejis, ýigrenji pornografiýa gomoseksualizm (bir jynsdaky adamlaryň arasyndaky jynsy gatnaşyk), toparlaýyn jyns gatnaşyk, mal bilen jyns gatnaşygy, toparlaýyn zorlamak, aýallary masgaralamak, sadizm ýa-da mazohizm (fiziki güýç bilen awundyryp, öz haram nebsini kanagatlandyrmaklyk) we çaga pornografiýasy hem degişli. Pawlusyň günleri «aň-düşünjeleri garaňkylykdaky» adamlar «bütin duýgularyny ýitirip, açgözlük bilen her hili hapa işi ýerine ýetirip, özlerini ahlaksyzlyga berdiler» (Efes. 4:18, 19).

Pawlus Galatýalylar 5:19-da hem «murdarlyk» sözüni ulandy. Britaniýaly bir din öwrenýän alymyň aýtmagyna görä, «şu ýerde ulanylan bu söz ähli tebigy däl höwesleri aňladyp bilýär». Haýsy mesihçi ýokarda agzalan nejis, azgyn jynsy gatnaşykly pornografiýa görnüşleriniň «tebigy däl höweslere» degişlidigini we ýigrenç döredýändigini inkär eder? Pawlus resul Galaýatlylar 5:19—21-nji aýatlarda «bulary edýänler», ýagny hapa işler bilen meşgullanýanlar, «Hudaýyň Patyşalygyny miras almaz» diýip, sözlerini jemleýär. Diýmek, mesihçi köp wagtyň dowamynda azgyn jynsy gatnaşykly nejis pornografiýa görüp, toba etmese we öwrenen endigini goýmasa, onda mesihçileriň ýygnagynda galyp bilmez. Ýygnagyň ruhuny gorap, arassa saklar ýaly, şeýle adamy ýygnakdan çykarmaly bolýar (1 Kor. 5:5, 11).

Nejis pornografiýa seretmek endigi bolan käbir mesihçileriň ýaşululara ýüz tutup, doly özgerişik eder ýaly, ruhy taýdan kömek alandygy bize teselli berýär. Isa Sardisdäki mesihçilere şeýle maslahat berdi: «Galan we öljek zatlary güýçlendir... alanyňy, eşideniňi ýada sal-da, berjaý et, toba gel. Oýanmasaň... Meniň haýsy sagatda üstüňe geljegimi-de bilmän galarsyň» (Ylh. 3:2, 3). Hakykatdan-da, toba edip, «otdan» gutulyp bolýar (Ýahuda 22, 23).

Emma biziň her birimiz şol howply zada asla ýanaşmazlygy ýüregimize berk düwsek, gowy bolardy. Biz pornografiýanyň ähli görnüşlerinden gaça durmagy ýüregimize düwmeli!

a [Çykgyt]

«Murdarlyklaryň, zynanyň we ahlaksyzlyklaryň» tapawudyna «Garawul diňi» (rus.) žurnalynyň 2006-njy ýylyň 15-iýulda çykan sanynyň 29—31-nji sahypalarynda seredilýär.

[30-njy sahypadaky sitata]

Ahlaksyzlyk toruna düşen mesihçi aklyna aýlanyp, kömege mätäçdigine düşünmeli

IÝUN 10—16

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | EFESLILER 1—3

«Ýehowa „niýetini amala aşyrýar“»

it «Mukaddes syr»

Mukaddes syr

Mesihi Patyşalyk. Pawlus resul hatlarynda Mesih hakdaky mukaddes syryň aýan edilişini doly beýan edýär. Efesliler 1:9—11-nji aýatlarda Pawlus Hudaýyň «mukaddes syryny» aýan edendigini aýdyp, şeýle diýdi: «Ol muny öňünden kesgitläp, islegine görä etdi. Bellenen wagt dolanda, Hudaý niýetini amala aşyrmak üçin gökdäki we ýerdäki zatlaryň ählisini Mesihde birleşdirer. Hawa, ol ähli zady Mesihde birleşdirer. Biz onuň bilen birlikdediris we Hudaý bizi mirasdüşerler hökmünde belledi. Ähli zady öz islegi boýunça amala aşyrýan Hudaý bizi öz niýetine laýyklykda öňünden saýlady». Bu «mukaddes syr» gökdäki hökümet, ýagny Hudaýyň Mesihi Patyşalygy bilen baglanyşykly. «Gökdäki zatlar» diýlende, Isa bilen gökde höküm sürjek mesh edilenler göz öňünde tutulýar. «Ýerdäki zatlar» bolsa, Patyşalygyň ýerdäki raýatlaryny aňladýar. Isa şägirtlerine mukaddes syryň Patyşalyk bilen baglanyşyklydygyny aýdyp, şeýle diýdi: «Hudaý size gökdäki Patyşalygynyň mukaddes syryny düşündirýär» (Mr 4:11).

w12 15/7 sah. 27, 28, abz. 3, 4

Ýehowa maşgalasyny ýygnaýar

Musa ysraýyllylara: «Hudaýymyz Reb ýeke-täk Rebdir» diýdi (Kan. tag. 6:4). Ýehowanyň edýän işleri we niýeti bir-biri bilen baglanyşykly. Hudaý bellän wagtynda bir maşgala edip birleşdirmek üçin gökdäki we ýerdäki ähli ýaşaýanlary taýýarlap başlady. Ol muny «taslama» diýip atlandyrdy (Efesliler 1:8—10-njy aýatlary okaň). Bu taslama iki tapgyrdan ybarat. Birinjiden, Hudaý Isa Mesihiň baştutanlygynda gökde ýaşamak üçin mesh edilen mesihçileri taýýarlaýar. Bu b. e. 33-nji ýylynyň Pentikost güni başlandy. Şonda Ýehowa gökde Isa Mesih bilen höküm sürjek mesh edilenleri ýygnap başlady (Res. iş. 2:1—4). Mesh edilen mesihçiler Isanyň töleg gurbany arkaly aklanandygy üçin, özleriniň «Hudaýyň perzentleridigini» bilýärler (Rim. 3:23, 24; 5:1; 8:15—17).

Ikinjiden, Hudaý Isa Mesihiň Patyşalygynyň baştutanlygynda ýer ýüzündäki Jennetde ýaşajak adamlary taýýarlaýar. Jennetiň ilkinji ýaşaýjylary «uly märeke» bolar (Ylh. 7:9, 13—17; 21:1—5). Soňra Isanyň müňýyllyk Patyşalygynda uly märeke bilen ýer ýüzünde ýaşamak üçin ölen adamlar direler (Ylh. 20:12, 13). Şonda agzybirligimizi görkezmäge, gör, nähili köp mümkinçilikler bolar! Müňýyllygyň ahyrynda «ýerde bolan bar zatlar», ýagny uly märeke we direlenler soňky gezek synalar. Hudaýa wepaly galanlaryň ählisi «Hudaýyň perzentleri» bolar (Rim. 8:21; Ylh. 20:7, 8).

Ruhy dürdäneleri agtaryň

w13 15/2 sah. 28, abz. 15

Hudaýyň şöhratyny gazanmaga hiç zat päsgel bermesin

Biz Ýehowanyň islegini tutanýerlilik bilen berjaý etsek, başgalara şöhrat gazanmaga kömek ederis. Pawlus Efesdäki ýygnaga şeýle ýazdy: «Siziň ugruňyzda görýän muşakgatlarym zerarly ruhdan düşmäň diýip, sizden haýyş edýärin. Meniň muşakgatlarym size şöhrat gazandyrar» (Efes. 3:13). Pawlusyň çeken muşakgaty haýsy manyda Efesdäki mesihçilere şöhrat gazandyrar? Pawlus kynçylyklara garamazdan, doganlara hyzmat edip, Hudaýa gulluk etmegiň mesihçä örän wajypdygyny görkezdi. Eger Pawlus synaga düşende doganlara kömek etmedik bolsa, olar Ýehowa bilen dostlukly gatnaşygyny, wagyz gullugyny we umydyny wajyp görmezdiler. Pawlusyň çydamlylygy mesihçi dinini beýgeltdi we özüniň ejir çekmegine mynasypdygyny görkezdi.

cl sah. 299, abz. 21

«Mesihiň söýgüsine göz ýetiriň»

«Göz ýetirmek» diýip terjime edilen grek sözi «özüňde duýup görmek» diýmegi aňladýar. Isanyň göreldesine eýerip, başgalar üçin güýjümizi gaýgyrmasak, mätäçlere duýgudaşlyk bildirsek we olary ýürekden bagyşlasak, onuň söýgüsine has-da gowy düşünýändigimizi görkezeris. Şeýtsek, «bilimden-de ýokary bolan Mesihiň söýgüsine göz ýetireris». Isa gökdäki Atasynyň häsiýetlerini kämil derejede görkezdi. Şonuň üçin, geliň, şuny unutmalyň: Biz Isanyň göreldesine näçe gowy eýersek, şonça-da söýgüden doly Hudaýymyz Ýehowa ýakynlaşýarys.

IÝUN 17—23

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | EFESLILER 4—6

«Hudaýyň söweş üçin berýän ähli ýaraglaryny dakynyň»

w18.05 sah. 27, abz. 1

Ýaşlar, Iblise garşy duruň!

PAWLUS resul mesihçileri söweşe gatnaşýan esgerlere meňzetdi. Elbetde, biz göni manyda däl-de, ruhy söweşe gatnaşýarys. Emma biziň duşmanlarymyz hakykatdanam bar. Şeýtan we onuň jynlary örän tejribeli hem-de ökde söweşiji. Göräýmäge, biziň ýagdaýymyz çykalgasyz ýaly bolup görünýär. Esasan-da, ýaşlar gowşak bolup görünmegi mümkin. Ýaşlar adamlardan has güýçli bolan bu zalym ruhlara garşy söweşde ýeňiş gazanyp bilermi? Elbetde! Olaryň köpüsi eýýäm ýeňiş gazandylar. Näme üçin şeýle diýse bolar? Sebäbi «Hudaý kuwwatly güýji arkaly (olary) berkidýär». Emma olar ýöne bir Ýehowanyň kömegine bil baglaman, gowy tälim berlen esgerler ýaly, «Hudaýyň söweş üçin berýän ähli ýaraglaryny» hem dakynýarlar (Efesliler 6:10—12-nji aýatlary okaň).

w18.05 sah. 28, 29, abz. 4, 7, 10

Ýaşlar, Iblise garşy duruň!

Şonuň ýaly Hudaýyň Sözünden öwrenen hakykatlarymyz bizi ýalan taglymatlaryň ýetirýän ruhy zyýanyndan goraýar (Ýah. 8:31, 32; 1 Ýah. 4:1). Mukaddes Ýazgylardaky hakykatlara bolan söýgümiz näçe güýçli bolsa, «hakykat guşagyny» dakynmak, ýagny Hudaýyň dogry kada-kanunlary boýunça ýaşamak şonça-da aňsat bolýar (Zeb. 111:7, 8; 1 Ýah. 5:3). Şeýle-de Hudaýyň Sözündäki hakykatlara aýdyň düşünenimizde, synagda berk durup, duşmanlarymyza gaýtawul berip biljekdigimize has-da ynamly bolýarys (1 Pet. 3:15).

Bu deňeşdirme Ýehowanyň dogry kada-kanunlarynyň biziň göçme manydaky ýüregimizi goraýandygyny gowy suratlandyrýar (Sül. tym. 4:23). Esgeriň demir sowudyny başga bir pes hilli metaldan ýasalan sowuda çalyşmaýşy ýaly, bizem Ýehowanyň kada-kanunlaryny hiç haçan öz dogry hasaplaýan zatlarymyza çalyşmarys. Bikämildigimiz sebäpli gelýän kararlarymyz bize gerekli goragy berip bilmeýär (Sül. tym. 3:5, 6). Şonuň üçin biz Ýehowanyň beren «demir bölekleriniň» ýüregimize pugta berkidilendigini elmydama barlap durmaly.

Rim esgerleriniň geýýän aýakgaby olara söweş meýdanyna çykmaga kömek etse, mesihçileriň göçme manydaky aýakgaby «parahatlyk hoş habaryny aýtmaga» ýardam berýär (Iş. 52:7; Rim. 10:15). Muňa garamazdan, mümkinçilik dörände hoş habary wagyz edip biler ýaly, batyrgaýlyk gerek bolýar. 20 ýaşly Robert atly dogan şeýle diýýär: «Men klasdaşlaryma wagyz etmäge gorkýardym. Dogrymy aýtsam, utanýardym. Öň näme üçin şeýle edendigime özümem düşünmeýärin. Häzir men deň-duşlaryma wagyz edip bilýändigime örän begenýärin».

w18.05 sah. 29—31, abz. 13, 16, 20

Ýaşlar, Iblise garşy duruň!

Şeýtan «Hudaý aladaňy etmeýär we seni söýmeýär» diýip, «otly oklaryny» atyp bilýär, ýagny Ýehowa barada ýalan zatlary ýaýradýar. Ýaramaz duýgulary bilen göreşýän 19 ýaşly Aida atly uýa şeýle diýýär: «Köplenç Ýehowany özüme ýakyn däl we dostlaşmak islemeýän ýaly duýýaryn». Şeýtanyň bu hüjümine garşy durmaga Aida näme kömek edýär? Ol şeýle gürrüň berýär: «Ýygnak duşuşyklary meniň imanymy hasam berkidýär. Öňler hiç kim meni diňläsi gelýän däldir öýdüp, ýygnakda ýöne oturyp gaýdýardym we asla jogap bermeýärdim. Häzir bolsa ýygnaga gowy taýýarlanyp, azyndan iki ýa-da üç gezek jogap bermäge çalyşýaryn. Elbetde, bu aňsat däl, ýöne her gezek jogap berenimde, özümi has gowy duýýaryn. Dogan-uýalar hem meni ruhlandyrýarlar. Her gezek ýygnakdan soň, Ýehowanyň meni söýýändigini duýýaryn».

Tuwalganyň esgeriň beýnisini goraýşy ýaly, biziň «gutulyş umydymyz» aňymyzy we pikirlenmek ukybymyzy goraýar (1 Sel. 5:8; Sül. tym. 3:21). Bu umyt ünsümizi Hudaýyň wadalaryna gönükdirmäge we kynçylyklara dogry garaýyşda bolmaga kömek edýär (Zeb. 27:1, 14; Res. iş. 24:15). Emma «tuwalgamyzyň» bize kömek etmegini islesek, ony elimizde götermän, kellämize geýmeli.

Pawlus resul Ýehowanyň Sözi bolan Mukaddes Ýazgylary gylyç bilen deňeşdirdi. Biz ynançlarymyzy gorap ýa-da pikirimizi düzedip biler ýaly, ony ökdelik bilen ulanmagy öwrenmeli (2 Kor. 10:4, 5; 2 Tim. 2:15). Siz ukyplaryňyzy nädip ösdürip bilersiňiz? 21 ýaşly Sebastýan şeýle diýýär: «Men Mukaddes Ýazgylardan okan her babymdan bir aýady ýazyp alýaryn. Şeýdip, gowy görýän aýatlarymyň sanawyny düzýärin. Bu maňa Ýehowa ýaly pikirlenmäge kömek edýär». Ýokarda agzalan Daniýel bolsa şeýle diýýär: «Men Mukaddes Ýazgylary okanymda, wagyzda duşýan adamlara kömek etjek aýatlary saýlaýaryn. Adamlar Mukaddes Ýazgylara bolan yhlasyňy we olara ýürekden kömek etmek isleýändigiňi görenlerinde, aýdýan zatlaryňy has-da ünsli diňleýändigine göz ýetirdim».

Ruhy dürdäneleri agtaryň

it «Mukaddeslik»

Mukaddeslik

Mukaddes ruh. Ýehowanyň hereketdäki güýji. Ol bu güýjüni hemişe niýetini amala aşyrmak üçin ulanýar. Ýehowanyň mukaddes ruhy arassa, mukaddes we Hudaý ony öz islegine laýyk ulanýar. Şol sebäpli oňa «mukaddes ruh» diýilýär (Zb 51:11; Lk 11:13; Rm 1:4; Ef 1:13). Mukaddes ruh adama täsir edende, ony arassa hem mukaddes ýaşamaga höweslendirýär. Eger adam endigine görä hapa ýa-da erbet iş etse, mukaddes ruha garşy gidýär we ony «gynandyrýar» (Ef 4:30). Mukaddes ruh şahsyýet bolmasa-da, onda Hudaýyň mukaddesligi görünýär. Ine, şol sebäpli adam mukaddes ruhy gynandyryp bilýär. Eger adam Hudaýa ýaramaýan işleri etmegi endik edinen bolsa, «Hudaýyň ruhuny söndürýär» (1Sl 5:19). Eger ol şeýle erbet işleri etmegini bes etmese, mukaddes ruhy gynandyryp, aňyrsoňy Hudaýyň duşmany bolýar (Iş 63:10). Hudaýyň mukaddes ruhuny gynandyrýan adam günä edip, oňa dil ýetirýär we Isanyň aýtmagyna görä, şeýle adamyň günäsi «ne häzir, ne-de gelejekde bagyşlanar» (Mt 12:31, 32; Mr 3:28—30; «RUH» diýen makala serediň).

it «Açgözlük»

Açgözlük

Adamyň edýän işlerinden görünýär. Adam açgöz bolsa, onuň nädogry we doýmaz-dolmaz islegi haýsydyr bir zatda hökman ýüze çykýar. Ýakup şägirt hatynda adamyň nädogry höwesiniň güýjäp, günäni dogurýandygyny aýtdy (Ýak 1:14, 15). Şeýlelikde, açgözlük adamyň edýän işlerinden görünýär. Pawlus resul açgöz adamy butparaz adama meňzedýär (Ef 5:5). Açgöz adamyň bir zady edinmek islegi şeýle bir güýçli bolýar welin, şol zat onuň üçin edil hudaý ýaly bolup, özüni Ýaradan Hudaýa edýän gullugyndan hem öňe geçýär (Rm 1:24, 25).

IÝUN 24—30

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | FILIPILILER 1—4

«HIÇ ZADYŇ ALADASYNY ETMÄŇ»

w17.08 sah. 10, abz. 10

«Ynsan düşünjesinden ýokary bolan Hudaýyň parahatlygy»

Bize hiç zadyň aladasyny etmän, «Hudaýyň parahatlygyny» duýmaga näme kömek eder? Pawlusyň filipililere ýazan sözlerinden doga edip, gaýgy-aladalaryňy ýeňip bolýandygyny görse bolýar. Şol sebäpli biynjalyk bolanymyzda, Hudaýa gyzgyn doga etmeli (1 Petrus 5:6, 7-nji aýatlary okaň). Doga edenimizde, Ýehowanyň aladamyzy etjekdigine asla şübhelenmeli däl. Berýän bereketleri üçin oňa «minnetdarlyk bilen doga ediň». Eger biz Hudaýyň «soraýan we düşünýän ähli zatlarymyzdan-da has köp zatlary edip bilýändigini» unutmasak, oňa bolan ynamymyz has-da berkär (Efes. 3:20).

w17.08 sah. 10, abz. 7

«Ynsan düşünjesinden ýokary bolan Hudaýyň parahatlygy»

Filipidäki doganlar Pawlusyň hatyny okanlarynda, Ýehowanyň asla garaşmadyk zatlary edendigi baradaky waka ýatlaryna düşendir. Pawlus olara, esasan, biynjalyk bolmazlygy maslahat berdi. Bizem Ýehowa doga etsek, onuň parahatlygyny duýarys. Üns beren bolsaňyz, aýatda «Hudaýyň parahatlygynyň» «ynsan düşünjesinden ýokarydygy» aýdylýar. Bu nämäni aňladýar? Pawlus resul «Hudaýyň parahatlygy» diýende, onuň biziň göz öňüne getirişimizdenem has täsindigini aýtdy. Adatça, biz kynçylyklara ynsan gözi bilen garap, çykalga ýok ýaly hasaplaýarys. Emma Ýehowa barada beýle diýip bolmaýar; ol ýagdaýy düýpgöter üýtgedip bilýär (2 Petrus 2:9-y okaň).

w17.08 sah. 12, abz. 16

«Ynsan düşünjesinden ýokary bolan Hudaýyň parahatlygy»

«Ynsan düşünjesinden ýokary bolan Hudaýyň parahatlygy» bize nähili täsir edýär? Mukaddes Ýazgylarda: «(Ol) ýürekleriňizi we pikirleriňizi Mesih Isa arkaly gorar» diýilýär (Flp. 4:7). Asyl nusgada «goramak» diýip terjime edilen bu söz harby güýçlerde ulanylýar. Gadymy döwürde şäherleri goramak üçin ýörite goşun bolýardy. Filipi şäheri hem şeýdip goralýardy. Onuň ýaşaýjylary şäher derwezeleriniň güýçli goşun tarapyndan goralýandygy üçin gije arkaýyn ýatýardylar. Edil şonuň ýaly-da «Hudaýyň parahatlygy» bize täsir edende, ýüreklerimiz we pikirlerimiz rahatlyk tapýar. Ýehowa biziň aladamyzy edýär we bagtly ýaşamagymyzy isleýär (1 Pet. 5:10). Bu bizi aşa köp alada etmekden ýa-da göwnüçökgünlige düşmekden goraýar.

Ruhy dürdäneleri agtaryň

it «Gurbanlyklar»

Gurbanlyklar

Içgi sadakalary. Içgi sadakalary, esasanam, ysraýyllylar Wada edilen diýarda ýaşap başlanda beýleki gurbanlyklar bilen bilelikde getirilip başlandy (Sn 15:2, 5, 8—10). Adatça, içgi sadakasy hökmünde «şerap» getirilýärdi we ony gurbanlyk sypasynyň üstüne dökýärdiler (Sn 28:7, 14; Müsç 30:9; Sn 15:10-njy aýatlary deňeşdiriň). Pawlus resul Filipidäki mesihçilere şeýle ýazdy: «Men içgi gurbany kimin gurbanlyk sypasyna dökülip, özümi mukaddes gulluga, ýagny siziň iman etmegiňize getiren gulluga bermeli bolsam-da, men muňa begenerin» (Fp 2:17). Bu aýatda Pawlus resul imandaşlary üçin ähli zada taýyndygyny görkezmek üçin içgi sadakasyny mysal getirdi. Ölüminden biraz wagt öň, Pawlus Timoteosa: «Men gurbanlyk sypasyna içgi gurbany kimin eýýäm dökülýärin, dünýäden ötmeli wagtym hem golaýlaşýar» diýip ýazdy (2Tm 4:6).

w07 1/1 sah. 26, 27, abz. 5

«Ilkinji direliş» eýýäm başlandy!

Mesh edilenler «Hudaýyň Ysraýyly» Isa Mesihiň gökdäki şöhratyna goşulmaly, olar «hemişe Halypamyzyň ýanynda bolar» (Galatýalylar 6:16; 1 Selanikliler 4:17). Bu direlişe «ilkinji direliş» ýa-da «birinji direliş» diýilýär (Filipililer 3:10, 11; Ylham 20:6). Ilkinji direlişden soň, millionlarça adamlar direler, olaryň ýer ýüzünde Jennetde ebedi ýaşamaga umydy bolar. Gökde ýa-da ýer ýüzünde ýaşamaga umyt etsegem, biz «ilkinji direliş» bilen gyzyklanýarys. Ol nähili direliş? Ilkinji direliş haçan başlandy?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş