Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w10 15/9 sah. 16—20
  • Mesihçileriň agzybirligi Hudaýa şöhrat getirýär

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Mesihçileriň agzybirligi Hudaýa şöhrat getirýär
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2010
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Agzybirlik wajyp
  • Ýürekden tagalla etmek
  • «Adamlar görnüşinde sylaglar»
  • Täze garaýşy ösdürmek
  • Täze gepleýşi ösdürmek
  • Hudaýa bolan söýgi agzybir edýär
  • Hakyky din agzybirligi bilen tapawutlanýar
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2010
  • Ýehowa maşgalasyny ýygnaýar
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2012
  • Ýatlama agşamy Hudaýyň halkyny agzybir edýär
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2018
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2010
w10 15/9 sah. 16—20

Mesihçileriň agzybirligi Hudaýa şöhrat getirýär

«Ruhuň birligini... goramaga gaýrat ediň». (EFES. 4:3)

1. Efesosdaky mesihçiler ýygnagy Hudaýy nädip şöhratlandyrýardy?

GADYMY Efesosdaky ýygnagyň agzybirligi hak Hudaý Ýehowa şöhrat getirýärdi. Efesos şäheri ösen söwda merkezidi. Ol ýerde ýaşaýan baý doganlaryň gullary bardy, emma käbir doganlar gul bolup hyzmat edýärdi, käbiri bolsa juda garyp ýaşaýardy (Efes. 6:5, 9). Olaryň käbiri ýehudydy. Pawus ýehudylaryň sinagogasynda üç aý wagyz edende, olaryň köpüsi hakykaty kabul edýär. Başga mesihçiler bolsa öň Artemida taňrysyna sežde edip, jadygöýlik bilen meşgullanýardylar (Res. iş. 19:8, 19, 26). Görşümiz ýaly, mesihçiler ýygnagy dürli adamlardan ybarat. Pawlus ýygnagyň agzybirliginiň Ýehowa şöhrat getirjekdigini bilýärdi. Ol şeýle ýazdy: «Imanlylar ýygnagynda... (Oňa) şöhrat bolsun!» (Efes. 3:21).

2. Efesosdaky mesihçileriň agzybirligine nähili howp abanýardy?

2 Muňa garamazdan, Efesosdaky ýygnagyň agzybirligine howp abanýardy. Pawlus ýaşululara: «Araňyzdan şägirtleri yzlaryna eýertjek bolup, hakykaty ýoýjak adamlar çykar» diýdi (Res. iş. 20:30). Şeýle-de Pawlus «söz diňlemeýän adamlarda şindi işleýän ruhuň» käbir doganlara täsir edip, agzalalyk döredýändigini aýtdy (Efes. 2:1, 2; 4:21, 22).

Agzybirlik wajyp

3, 4. Pawlusyň Efeslilere haty agzybirligiň wajypdygyny nädip görkezýär?

3 Mesihçileriň bilelikde işleşmegi üçin, olaryň her biri ýürekden tagalla edip, agzybirlige goşant goşmalydy. Pawlus hem muňa düşünýärdi. Şol sebäpli ol Hudaýyň ylhamy bilen, efesoslylara ýazan hatynda agzybirligiň wajypdygyny aýratyn belläp geçdi. Meselem, Pawlus Hudaýyň niýetiniň «bar zatlary Mesihde birleşdirjekdigi» barada ýazdy (Efes. 1:10). Şeýle-de ol mesihçileri bir ymaraty gurýan dürli daşlara meňzetdi. «Bütin ymarat Rebde bir mukaddes ybadathana bolsun diýip, Onda örülýär, beýgelýär» (Efes. 2:20, 21). Galyberse-de, Pawlus ýehudylaryň we özge milletli mesihçileriň agzybirligini nygtady hem-de doganlaryň ählisini Hudaýyň ýaradandygyny ýatlatdy. Ol Ýehowa Ata hökmünde ýüzlenip, «ýerdäki-gökdäki her maşgalanyň» Oňa borçludygyny aýtdy (Efes. 3:5, 6, 14, 15).

4 Efesliler kitabynyň 4-nji babyna seretsek, agzybir bolmak üçin tagalla etmelidigini, Ýehowanyň kömek edişini we muňa nähili garaýşyň ýardam berjekdigini bileris. Bu makala has peýdaly bolar ýaly, 4-nji baby öňünden okasaňyz gowy bolardy.

Ýürekden tagalla etmek

5. Näme üçin Hudaýyň perişdeleri agzybir gulluk edip bilýär, emma näme üçin bize kyn?

5 Pawlus efesosly doganlaryna: «Ruhuň birligini parahatlyk bagy bilen goramaga gaýrat ediň» diýip ýalbarýar (Efes. 4:3). Görşümiz ýaly, tagalla etmek wajyp. Muňa düşünmek üçin, geliň, Hudaýyň perişdelerini mysal alyp göreliň. Ýer ýüzünde biri-birine meňzeş janly-jandar ýok. Diýmek, Ýehowanyň ýaradan millionlarça perişdeleriniň hem hersiniň ajaýyp aýratynlygy bar (Dan. 7:10). Emma olaryň ählisi Ýehowa gulak asyp, agzybirlikde gulluk edýärler (Zebur 103:20, 21-nji aýatlary okaň). Wepaly perişdeler hem, mesihçiler hem ajaýyp häsiýetleri bilen tapawutlanýarlar, ýöne mesihçileriň dürli kemçilikleri-de bar. Bu olaryň agzybir bolmagyny kynlaşdyrýar.

6. Bikämillige garamazdan, doganlar bilen işleşmäge bize näme kömek eder?

6 Bikämil adamlar bile işleşende hökman kynçylyk döreýär. Aýdaly, ýumşak häsiýetli, ýöne köplenç gijä galýan dogan işine jür, emma sabyrsyz dogan bilen gulluk edýär. Doganlaryň hersi özüniň nädogry häsiýetini unudyp, bir-biriniňi häsiýetini ýerliksiz hasaplap biler. Şeýle ýagdaýda, olar nädip bile işleşip biler? Geliň, Pawlusyň beren maslahatynyň olara nädip kömek edip biljekdigine seredeliň. Soňra onuň bize-de agzybir bolmakda nädip ýardam berjekdigi barada oýlanalyň. Pawlus şeýle ýazdy: «Men sizden... mynasyp gezmegi haýyş edýärin. Pes göwünlilik, ýumşaklyk bilen, sabyr hem söýgi bilen birek-birege sabyr-takatly boluň. Ruhuň birligini parahatlyk bagy bilen goramaga gaýrat ediň» (Efes. 4:1—3).

7. Bikämil mesihçileriň agzybir işleşmegi näme üçin wajyp?

7 Bikämil adamlaryň bilelikde Hudaýa agzybir gulluk etmek wajyp, sebäbi mesihçiler bir bedeniň agzalarydyr. «Çagyrylaňyzda bir umyda çagyrylyşyňyz ýaly, ten bir, Ruh bir, Reb bir, iman bir, çokundyryş birdir... hemmäniň Hudaýy we Atasy birdir» (Efes. 4:4—6). Ýehowa mukaddes ruhuny we berekedini mesihçiler ýygnagyna berýär. Eger ýygnakda biri göwnümize degse, biz başga nirä gidip bileris? Ebedi ýaşaýyş sözlerini başga nirede eşidip bileris? (Ýahýa 6:68).

«Adamlar görnüşinde sylaglar»

8. Agzalalyk döremez ýaly, Isa näme arkaly kömek edýär?

8 Pawlus gadymy döwürdäki esgerlere mahsus bolan endigi mysal getirip, ýygnagy agzybir etmek üçin Isanyň «adamlar görnüşinde sylaglar» berendigini aýdýar. Ýeňiş gazanan esger aýalyna hyzmat etmek üçin ýesir getirip bilýär eken (Zeb. 68:1, 12, 18). Şonuň ýaly, dünýäni ýeňen Isa-da ýygnaga meýletin gullary berýär (Efesliler 4:7, 8-nji aýatlary okaň). Bu göçme manydaky ýesirleri Isa nädip ulandy? «Biziň hemmämiz imanda... ýetişenlik derejä ýetýänçäk, mukaddeslere gulluk etme wezipesini berjaý etmek üçin, Mesihiň bedeniniň abatlanmagy üçin, Ol käbirleri resul, käbirleri pygamber, käbirleri Hoş Habarçy, käbirleri çopan, käbirleri öwrediji edip belledi» (Efes. 4:11—13).

9. a) «Adamlar görnüşinde sylaglar» biziň agzybir bolmagymyza nädip kömek edýär? b) Ýygnagyň her bir agzasy näme üçin agzybir bolmaga ýardam etmeli?

9 Söýgüli çopanlar hökmünde «adamlar görnüşinde sylaglar» bize agzybir bolmaga ýardam berýär. Meselem, ýygnak ýaşulysy «biri-birini gaharlandyryp, bir-birine içigaraçylyk edýän» iki doganyň hersine aýratynlykda maslahat berip, «ýumşaklyk ruhy bilen dogry ýola getirse», ýygnagyň agzybirligine uly goşant goşar (Gal. 5:26—6:1). «Adamlar görnüşinde sylaglar» bize mugallymlar hökmünde hem kömek edýär, ýagny olar Mukaddes Ýazgylaryň esasynda biziň imanymyzy berkidýär. Şeýdip, olar bizi agzybirlige höweslendirip, ýetişen mesihçi bolmaga kömek edýär. Sebäbi Pawlus «biziň mundan beýläk adamlaryň aldawçylygy, azaşdyryjy hileler gurmakdaky ökdeligi arkaly her taglymatyň ýeli bilen kowulýan, eýläk-beýläk itekleýän çagalar bolmazlygymyzy» ýazdy (Efes. 4:13, 14). Beden agzalaryň hersi beýleki agzalary gerek zatlar bilen üpjün edişi ýaly, her bir mesihçi-de dogan-uýalaryň agzybir bolmagyna ýardam etmeli (Efesliler 4:15, 16-njy aýatlary okaň).

Täze garaýşy ösdürmek

10. Ahlaksyz hereket agzybirligimize nädip howp salyp biler?

10 Efesliler kitabynyň 4-nji babyny okanyňyzda, ýetişen mesihçileriň iş ýüzünde görkezýän söýgüsiniň agzybir bolmaga ýardam berýändigine üns berdiňizmi? Indiki aýatlar bolsa söýgä näme degişlidigini görkezýär. Meselem, söýgi jynsy ahlaksyzlyga we edepsizlige ýol bermeýär. Pawlus imandaşlaryna «özge milletleriň gezişi ýaly... gezmezligi» maslahat berýär. Sebäbi olar «açgözlük bilen her hili hapa işi ýetirine ýetirip, özlerini ahlaksyzlyga berdiler» (Efes. 4:17—19). Ahlaksyz dünýä biziň agzybirligimize howp salýar. Adamlar ahlaksyz degişmeler we aýdymlar aýdýarlar. Olar muny göwün açma hasaplap, ahlaksyzlygy aç-açan ýa-da gizlinlikde edýärler. Eger sen durmuş gurmak islemeýän adamyň bilen näz-kereşme etseň, Ýehowadan we ýygnakdan aýra düşersiň. Näme üçin? Sebäbi bu ahlaksyzlyga iterýär. Şeýle-de maşgalaly adam näz-kereşme etse, zyna eder we çagalary ata-enesinden, är-aýaly biri-birinden aýra salar. Gör, nähili agzalalyk! Şol sebäpli Pawlusyň: «Siz Mesihi beýle öwrenen dälsiňiz» diýip, ýazandygy geň galdyrmaýar (Efes. 4:20, 21).

11. Mukaddes Ýazgylar mesihçileri nähili özgerişlik etmäge höweslendirýär?

11 Pawlus bize zyýan ýetirýän pikiri taşlap, agzybir ýaşamaga höweslendirýän garaýşy ösdürmäge çagyryp, şeýle diýýär: «Öňki ýaşaýşyňyza degişli bolup, aldawçy höwesler bilen çüýrän köne ýaradylyşy (öňki ýaşaýşyňyzy) egniňizden çykaryň. Pikirleriňiziň ruhunda täzeleniň. Çyn dogrulyk hem mukaddeslikde Hudaýyň meňzeşliginde döredilen täze ýaradylyşy geýniň» (Efes. 4:22—24). Biz nädip pikirlerimiziň ruhunda täzelenip bileris? Eger biz Hudaýyň Sözünden we ýetişen mesihçileriň gowy göreldesinden öwrenen zatlarymyz barada minnetdarlyk bilen pikirlenip, tagalla etsek, «Hudaýyň meňzeşliginde döredilen ýaradylyşy geýnip» bileris.

Täze gepleýşi ösdürmek

12. Dogry sözlemek nädip agzybir edýär we näme üçin käbirine dogruçyl bolmak kyn?

12 Maşgala we ýygnak agzalarynyň bir-birine hakykaty aýtmagy wajyp. Açyk, mähirli we ýürekden aýdylan sözler adamlary biri-birine ýakynlaşdyrýar (Ýahýa 15:15). Eger dogan doganyny aldaýan bolsa näme? Ol aldanandygyny bilse, onuň doganyna bolan ynamy gaçar. Şonda siz Pawlusyň: «Her biriňiz öz goňşyňyza hakykaty aýdyň. Çünki biziň hemmämiz bir bedeniň agzalarydyrys» diýen sözleri näme üçin ýazandygyna düşünersiňiz (Efes. 4:25). Dogan çagalykdan ýalan sözlemegi endik edinen bolsa, oňa dogry sözlemek kyn bolýandyr. Emma Ýehowa onuň edýän tagallasyny görüp, kömek eder.

13. Göwne degmezlik üçin näme etmeli?

13 Ýehowa biziň nähili sözleri aýtmalydygymyza belli bir çäk goýup, maşgalamyzda we ýygnakda biri-birimizi sylamagy hem-de agzybir bolmagy öwredýär. «Agzyňyzdan hiç haçan hapa söz çykarmaň... Her ýamanlyk bilen birlikde her hili kine, gahar, gazap, galmagal we ýamanlama sizden daş bolsun» (Efes. 4:29, 31). Biri-birimize sylaşykly gatnaşygy ösdürsek, göwne degýän sözleri aýtmakdan gaça durarys. Meselem, aýalynyň göwnüne degýän är Ýehowanyň aýallara nähili hormat goýýandygyny bilip, oňa garaýşyny özgertmeli. Hudaý käbir aýallara mukaddes ruhuny berip, Mesih bilen bile hökümdarlyk etmäge mümkinçilik berdi (Gal. 3:28; 1 Pet. 3:7). Şonuň ýaly-da, ärine gygyrmagy endik edinen aýal hem, Isa sögülende sögmändigini bilenden soň, ärine bolan garaýşyny özgertmeli (1 Pet. 2:21—23).

14. Näme üçin gaharlanmak howply?

14 Gaharyna erk edip bilmedik adam göwne degiji sözleri aýdýar. Şeýle gahar hatda ýakyn adamlaryň arasyna agzalalyk salýar. Gahar ot kimindir. Ol aňsatlyk bilen adamy çäginden çykaryp, betbagtçylyga eltýär (Sül. tym. 29:22). Ýaramaz häsiýetlerini aklaýan adam öz üstünde köpräk işläp, gymmatly gatnaşyklara zyýan ýetirýän gaharyna erk etmegi öwrenmeli. Mesihçiler rehimdar bolmaly, öýke-kine etmeli däl, öňki bolan zatlary-da ýatdan çykarmaly (Zeb. 37:8; 103:8, 9; Sül. tym. 17:9). Pawlus efesoslara şeýle maslahat berdi: «Gaharlanyň, ýöne günä etmäň. Gaharyňyzyň üstüne gün ýaşmasyn. Iblise ýol bermäň» (Efes. 4:26, 27). Gaharyna erk edip bilmeýän adam Iblise ýol berip, ýygnakda agzalalygyň, hatda dawanyň turmagyna sebäp bolýar.

15. Özüňe degişli däl zady almak näme üçin gowy däl?

15 Biriniň emlägine hormat goýmaklyk ýygnagyň agzybir bolmagyna ýardam edýär. Bize şeýle maslahat berilýär: «Ogrulyk eden indi ogrulyk etmesin» (Efes. 4:28). Esasanam, Ýehowanyň halkynyň arasynda biri-biriňe ynanmagy öwrenýärsiň. Eger mesihçi biriniň ynamyndan peýdalanyp, onuň zadyny alsa, agzybirlige zyýan ýetirýär.

Hudaýa bolan söýgi agzybir edýär

16. Abatlaýjy sözler agzybirligimizi nädip berkidip biler?

16 Hudaýa bolan söýgi başgalary hem söýmäge höweslendirip, mesihçiler ýygnagyny agzybir edýär. Ýehowanyň ýagşylygyna minnetdar bolsak, şu maslahata eýermek üçin ýürekden tagalla ederis: «Eşidenler peýdalanar ýaly, gerekli abatlyk üçin oňat sözler aýdyň. Biri-biriňize mähriban, gamhor boluň, Hudaýyň sizi Mesihde bagyşlaýşy ýaly, siz hem biri-biriňizi bagyşlaň» (Efes. 4:29, 32). Ýehowa bikämil adamlary höwes bilen bagyşlaýar. Biz hem adamlaryň bikämillik zerarly edýän kemçiliklerini görenimizde, olary bagyşlamaly dälmi näme?!

17. Biz agzybirlige goşant goşar ýaly, näme üçin ýürekden tagalla etmeli?

17 Hudaýyň agzybir halky Ýehowany şöhratlandyrýar. Onuň mukaddes ruhy bizi dürli ýollar bilen agzybir etmäge höweslendirýär. Biz Hudaýyň mukaddes ruhunyň görkezmesini inkär etmek islemeýäris. Pawlus: «Hudaýyň Mukaddes Ruhuny gamgyn etmäň» diýip ýazdy (Efes. 4:30). Şol sebäpli biz gymmatly agzybirligi goramaly. Çünki agzybirlik bize şatlyk berýär we Ýehowany şöhratlandyrýar. «Şeýlelikde, söýgüli çagalar ýaly bolup, Hudaýdan görelde alyň... siz hem söýgüde geziň» (Efes. 5:1, 2).

Siz nähili jogap berersiňiz?

• Nähili garaýyş mesihçilere agzybir bolmaga ýardam edýär?

• Biziň özümizi alyp barşymyz ýygnagyň agzybir bolmagyna nädip kömek edýär?

• Biziň gepleýşimiz işleşmäge nädip ýardam berýär?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş