Ýehowa sizi goldar
«Hassalyk düşeginde Reb ony söýgetlär». ZEB. 41:3
1, 2. Biz käte näme barada biynjalyklanýarys we Mukaddes Ýazgylarda bu babatda nähili mysallar bar?
SIZ haçanam bolsa: «Men bu keselimden sagalarynmykam?» diýip oýlanypmydyňyz? Ýa-da maşgala agzalaryňyzdan we ýakyn dostlaryňyzdan biri kesellände, ol derdinden gutularmyka diýip biynjalyklanýansyňyz. Elbetde, jan-saglygymyz barada alada etmek adaty zat. Ylýas we Elýaşa pygamberleriň döwründe-de iki sany patyşa saglygy barada biynjalyklanypdy. Bir gezek Ahabyň we Izebeliň ogly Ahazýa patyşa erbet ýykylýar. Şonda ol: «Men bu şikesden gutulyp bilerinmi?» diýýär. Siriýanyň patyşasy Benhadat hem agyr kesellände: «Men şu hassalykdan sagalarmykam?» diýýär (2 Pat. 1:2; 8:7, 8).
2 Biz gelejekde ýakynlarymyzyň hem, özümiziň hem sagdyn boljakdygymyza umyt edýäris. Emma häzir köp adamlar Hudaýyň olara nädip kömek etjekdigi barada biynjalyk bolýarlar. Ýokarda agzalan patyşalaryň ýaşan döwründe Ýehowa adamlary gudrat bilen sagaldyp, hatda pygamberleri arkaly ölüleri-de direldipdi (1 Pat. 17:17—24; 2 Pat. 4:17—20, 32—35). Eýsem, şu günlerem Hudaý şeýle gudratlary görkezer diýip tama edip bilerismi?
3—5. Ýehowa bilen Isanyň nämä güýji ýetýär we munuň bilen bagly nähili soraglar ýüze çykýar?
3 Mukaddes Ýazgylarda aýdylmagyna görä, Ýehowa adamlaryň saglygyna täsir edip bilýär. Ybraýym pygamberiň günlerinde ýaşan faraonyň we Musa pygamberiň uýasy Merýemiň mysalyndan görnüşi ýaly, Hudaý käte adamlara temmi bermek üçin, olary agyr kesele duçar edýärdi (Gel. çyk. 12:17; San. 12:9, 10; 2 Şam. 24:15). Şeýle-de ysraýyllylar wepaly bolmasalar, Hudaý olary «ähli ýokanç kesellere we dertlere» sezewar etjekdigini duýdurdy (Kan. tag. 28:58—61). Emma Ýehowa keselçiligi aýryp ýa-da onuň öňüni alyp hem bilýärdi (Müs. çyk. 23:25; Kan. tag. 7:15). Galyberse-de, ol adamlary sagaldyp, derdinden dyndarýardy. Mysal üçin, Eýýup pygamber janynda çekýän agyry-ünjüsi zerarly öz ölümini hem dileýär, emma Hudaý ony sagaldýar (Eýýup 2:7; 3:11—13; 42:10, 16).
4 Hawa, Ýehowanyň hassa adamy sagaltmaga güýji ýetýär. Hudaýyň Ogly Isa Mesih hem muny başarýar. Mukaddes Ýazgylarda Isanyň gudrat bilen ysmaz, kör, heýwere we garaguş keselli adamlary sagaldandygy barada aýdylýar (Matta 4:23, 24-nji aýatlary okaň; Ýahýa 9:1—7). Isanyň bu zatlary Jennetde uly möçberde ýerine ýetirjekdigi barada oýlananymyzda göwnümiz göterilýär. Şonda ýaşaýjylaryň hiç biri: «Men syrkaw» diýmez (Iş. 33:24).
5 Emma şu günler Ýehowa ýa-da Isa bizi gudrat bilen sagaldar diýip tama etmelimi? Biz agyr kesele we ýarawsyzlyga nähili garamaly hem-de bejergi saýlanymyzda näme barada oýlanmaly?
HASSALYK DÜŞEGINDE SÖÝGETLENDI
6. Biz I asyrdaky mesihçileriň käbirine berlen «şypa sylaglary» barada näme bilýäris?
6 Mukaddes Ýazgylardan bilşimiz ýaly, I asyrda Hudaý mesh edilen mesihçileriň käbirine gudrat görkezmäge ygtyýar berdi (Res. iş. 3:2—7; 9:36—42). Mukaddes ruh arkaly berilýän dürli-dürli «sylaglaryň» arasynda «şypa sylaglary» hem bardy (1 Kor. 12:4—11). Emma tizden dürli dillerde geplemek we pygamberlik etmek ýaly sylaglaryň soňy gelmelidi (1 Kor. 13:8). Dogrudan-da, häzir bu sylaglar ýok. Şol sebäpli Hudaý bizi hem-de ýakynlarymyzy gudrat bilen sagaldar diýip tama etmeýäris.
7. Zebur 41:3-de nähili teselli beriji sözler bar?
7 Eger biz keselden ejir çekýän bolsak, onda Hudaýyň geçmişdäki gullukçylaryna kömek edişi ýaly, bize-de teselli berip, goldajakdygyna we paýhasly bolmaga kömek etjekdigine ynamly bolup bileris. Dawut patyşa: «Garyplara paýhasly garaýan nähili bagtly! Ýaman günde Reb ony halas eder. Reb oňa gözegçilik eder, ony diri saklar» diýdi (Zeb. 41:1, 2). Elbetde, biz Dawudyň günlerinde garyplara paýhasly garan adamyň ebedi ýaşamandygyny bilýäris. Dawut şol rehimdar adamyň gudrat bilen diri saklanjakdygyny, ýagny asla ölmejekdigini aýtmady. Diýmek, bu ylhamlanan sözler wepaly hem-de rehimdar adama Hudaýyň kömek etjekdigini aňladýar. Nädip? Dawut pygamber muny şeýle düşündirdi: «Hassalyk düşeginde Reb ony söýgetlär, syrkawlygynda Sen onuň ýorgan-düşegini bütinleý çalşyrarsyň» (Zeb. 41:3). Hawa, garyplara paýhasly garaýan adam Ýehowanyň onuň ýagdaýyna düşünýändigine hem-de wepalylygyny unutmaýandygyna ynanyp bilýärdi. Şeýle-de Hudaýyň beren bedenindäki dikeldiş güýji oňa keselinden sagalyp, ýene-de aýak üstüne galmaga ýardam edip bilerdi.
8. Zebur 41:4-e görä, Dawut pygamber Ýehowa näme barada dileg etdi?
8 Dawut patyşa durmuşynda bolup geçen ýagdaý barada şeýle sözleri ýazdy: «Men diýdim: Ýa Reb, maňa rehim et,janyma şypa ber, çünki men Saňa garşy günä etdim» (Zeb. 41:4). Ol bu sözleri özüniň hassa we elinden hiç zat gelmeýän wagty Abşalomyň tagta çykjak bolan döwri barada ýazan bolmaly. Ýehowa Dawut pygamberi bagyşlasa-da, ol özüniň Batşeba bilen eden günäsini we onuň getiren netijelerini unutmaýardy (2 Şam. 12:7—14). Muňa garamazdan, Dawut patyşa Hudaýyň ony hassalyk düşeginde söýgetlejekdigine ynanýardy. Emma Dawut Ýehowanyň ony gudrat bilen sagaltmagyny we ömrüni uzaltmagyny diledimi?
9. a) Dawut pygamberiň ýagdaýy Hizkiýa patyşanyňkydan nämede tapawutlanýardy? b) Dawut Ýehowadan näme diläp bilýärdi?
9 Şondan birnäçe ýyl geçensoň, Hizkiýa patyşa «syrkawlap, ölüm ýassygynda ýatanda», Ýehowa ony sagaldýar. Hudaý bu kyn ýagdaýda goşulyp, Hizkiýany aýak üstüne galdyrýar we ol ýene-de 15 ýyl ýaşaýar (2 Pat. 20:1—6). Emma Dawut pygamber Ýehowanyň ony gudrat bilen sagaltmagy barada doga etmedi. Ol Hudaýyň rehimdar adama kömek edişi ýaly, ony «hassalyk düşeginde söýgetlemegini» isleýärdi. Ýehowa Dawudyň günäsini bagyşlapdy, şonuň üçin ol Hudaýyň teselli berip, goldamagyny hem-de ýarawsyzlygyndan gutulmak üçin güýç-kuwwat bermegini diläp bilýärdi (Zeb. 103:3). Biz hem şeýle edip bileris.
10. Trofimos we Epafrodit bilen bolan wakadan näme öwrenýäris?
10 Hawa, Dawut patyşa gudrat bilen sagalmady we onuň ömri uzaldylmady. Pawlus resulyň egindeşi Trofimos bilen hem şeýle boldy. Bilşimiz ýaly, Pawlus resula keselleri sagaltmaga ygtyýar berlipdi (Resullaryň işleri 14:8—10-njy aýatlary okaň). Bir gezek «Publiusyň atasyny ysytma, ganly içgeçme tutup ýatyrka», Pawlus «doga edýär-de, ellerini onuň üstünde goýup, ony sagaldýar» (Res. iş. 28:8). Emma ol özi bilen missionerlik syýahatyna giden Trofimosy sagaltmaýar (Res. iş. 20:3—5, 22; 21:29). Trofimos keselläp, syýahatyny dowam edip bilmeýär. Şonda Pawlus ony sagaltman, gowulaşýança Militosda goýup gidýär (2 Tim. 4:20). Şeýle-de ýakyn dosty Epafrodit «ölüm ýassygynda ýatanda», Pawlusyň ony gudrat bilen sagaldandygy barada hiç zat aýdylmaýar (Flp. 2:25—27, 30).
PAÝHASLY HEREKET EDIŇ
11, 12. Luka Pawlus resula nädip kömek etdi we onuň lukmançylyk ukyplary barada näme bilýäris?
11 Resullaryň işleri kitabyny ýazan «söýgüli» lukman Luka hem Pawlus bilen syýahat etdi (Kol. 4:14; Res. iş. 16:10—12; 20:5, 6). Pawlus hem-de onuň ýoldaşlary missionerlik syýahatynda kesellände, Luka olara lukmançylyk kömegini we gerekli maslahatlary beren bolmaly (Gal. 4:13). Dogrudan-da, Isanyň aýdyşy ýaly, «tebip saglara däl-de, syrkawlara gerek» (Luka 5:31).
12 Mukaddes Ýazgylarda Lukanyň lukmançylyk ugrundan haçan we nirede tälim alandygy aýdylmaýar. Emma Pawlus resul Kolosedäki mesihçilere ýazan hatynda Lukany lukman hökmünde agzaýar, sebäbi olar ony öňden tanaýardylar. Kolosäniň golaýyndaky Laodikiýa şäherinde lukmançylyk mekdebi bardy, belki-de, Luka şol ýerde okandyr. Nähili bolaýanda-da, Luka lukmançylyk ugrundan hiç hili tälim alman, başgalara maslahat berip ýören adam däl-de, ökde lukmandy. Muny onuň Hoş habarynda we Resullaryň işleri kitabynda lukmançylyk bilen bagly sözleri ulanmagyndan hem-de Isanyň keselleri sagaldyşy barada köp zatlary aýtmagyndan bilse bolýar.
13. Saglyk babatda maslahat bermezden ýa-da oňa eýermezden öň näme barada oýlanmaly?
13 Şu günler dogan-uýalarymyz bizi gudrat arkaly sagaldyp bilmeýärler. Emma dogan-uýalaryň käbiri soramasak-da, gowy niýet bilen saglygymyz babatda maslahat bermegi mümkin. Elbetde, olarbize giňden ýaýran hem-de peýdaly bejergini salgy berip biler. Pawlus resul hem Timoteosa peýdaly maslahat beripdi, sebäbi Timoteosyň aşgazany agyrýardy. Belki-de, muňa onuň içýän suwunyň hapalygy sebäp bolandyra (1 Timoteos 5:23-i okaň). Emma biz imandaşlarymyzy belli bir ot-çöpi, dermany içmäge ýa-da berhizi tutmaga yrjak bolmaly däl. Aslynda, bu zatlar olara peýda bermän, gaýtam, zyýanly hem bolup biler. Käte bize saglygymyz babatda maslahat berenlerinde: «Meniň garyndaşymam şeýle syrkawlapdy, ýöne ol şu bejergini aldy welin, gowulaşaýdy» diýip ynandyrjak bolýarlar. Emma maslahat ak ýürekden berilse-de, giňden ýaýran bejergidir dermanlaryň hem adama zyýan ýetirip bilýändigini unutmasak gowy bolar (Süleýmanyň tymsallary 27:12-ni okaň).
SERESAPLY BOLMAGYŇ PEÝDASY
14, 15. a) Käbir adamlar başgalaryň kesellemegine nähili mümkinçilik hökmünde garaýarlar? b) Saglygymyz babatda maslahat berenlerinde, Süleýmanyň tymsallary 14:15-däki sözler nädip kömek edýär?
14 Biz ýaşaýyşdan lezzet alyp, Hudaýa köpräk gulluk edip biler ýaly, sagdyn bolmak isleýäris. Emma biz bikämilligi miras alandygymyz üçin, köp keselleýäris. Şeýle ýagdaýlarda dürli ýollar bilen bejergi alyp bolýar. Her bir adamyň belli bir bejergini saýlamaga we ulanmaga haky bar. Gynansak-da, bu açgöz dünýäde adamlaryň kesellemegine pul gazanmaga mümkinçilik hökmünde garaýarlar. Käbir adamlar nebsewürlik bilen ýalan-ýaşryk sözläp, nädogry bejergileri maslahat berýärler. Kärhanalar bolsa köp gazanç etmek üçin gymmat dermanlary almagy teklip edýärler. Keselinden gutulmak we uzak ýaşamak isleýän adama bu bejergiler peýdaly bolup görünmegi mümkin. Emma Hudaýyň Sözündäki: «Mön adam her söze ynanýandyr; paýhasly adam bolsa öz ädimlerine dykgat edýändir» diýen maslahaty ýatdan çykarmasak gowy bolar (Sül. tym. 14:15).
15 Eger bejergi babatda maslahat berýän adam bu ugurdan bilim almadyk bolsa, onda biz paýhasly bolup, seresaply hereket ederis. Biz özümize şeýle soraglary bereris: «Ol bu dermanyň, ot-çöpüň ýa-da berhiziň birine kömek edendigini aýdýar, ýöne munuň hakykatdanam şeýledigini tassyklajak adamlar barmy? Onsoňam, adamlar dürli-dürli bolýar. Bu bejerginiň maňa kömek etjekdigine ynanmaga degerli sebäp barmy? Men bu babatda köpräk gözleg geçirmelimi ýa-da tejribeli we ökde lukman bilen maslahatlaşmalymy?» (Kan. tag. 17:6).
16. Saglymyz babatda maslahat berenlerinde, biz «sagdyn düşünjeli» bolup näme barada oýlanmaly?
16 Hudaýyň Sözünde «häzirki dünýäde sagdyn düşünjeli... ýaşamak» maslahat berilýär (Titus 2:13). Eger keseliň anyklanyşy we bejerginiň düşündirilişi geň ýa-da gümürtik bolsa, «sagdyn düşünjeli», ýagny paýhasly bolmak has-da wajypdyr. Aslynda, lukman ýa-da bejergini teklip edýän adam onuň nähili täsir edýändigini göwnejaý düşündirip bilermi? Bu bejergi ygtybarly maglumatlara laýyk gelýärmi we lukmanlaryň köpüsi ony peýdaly hasaplaýarmy? (Sül. tym. 22:29). Ýa-da bu ýöne bir ýüz ugruna aýdylýan zatmy? Belki-de, bu bejerginiň täzelikde tapylandygyny we lukmanlaryň köpüsiniň heniz bu barada bilmeýändigini aýdýandyrlar. Emma muňa degerli subutnama diýse bolarmy? Käbirleri hatda «keramatly güýçler» ýa-da gözbagçylyk arkaly bejergi almagy maslahat berip biler. Emma şeýle ýagdaýda has-da seresap bolmaly, çünki Hudaý biziň jadygöýlikden gaça durmalydygymyzy we arwah-jynlar bilen gatnaşyk saklamaly däldigimizi duýdurýar (Iş. 1:13; Kan. tag. 18:10—12).
«SAGLYKDA BOLUŇ!»
17. Biziň nähili islegimiz bar?
17 I asyrda ýolbaşçylyk maslahaty ýygnaklara wajyp hat ýollaýar. Onda mesihçileriň gaça durmaly zatlary sanalyp geçilip, ahyrynda: «Şulardan saklansaňyz, ýagşy edersiňiz. Saglykda boluň!» diýilýärdi (Res. iş. 15:29). Hatyň soňunda aýdylan bu jemleýji sözler «gujur-gaýratly boluň» diýmegi hem aňladýar. Hawa, biz «saglykda bolup», beýik Hudaýymyza gulluk etmek üçin gujur-gaýratly bolmak isleýäris.
Biz Hudaýymyza gulluk etmek üçin gujur-gaýratly bolmak isleýäris(17-nji abzasa serediň)
18, 19. Biz nämä sabyrsyzlyk bilen garaşýarys?
18 Biz bu zalym dünýäde ýaşaýandygymyz we bikämilligimiz sebäpli, keselçilige döz gelmeli bolýarys. Biz häzir gudrat bilen sagalarys diýip tama edip bilmeýäris. Emma Ylham 22:1, 2-de biziň ähli keselden doly sagaljak wagtymyz barada aýdylýar. Ýahýa resul bu görnüşde «ýaşaýyş suwunyň derýasyny» we «ýapraklary milletlere şypa» boljak «ýaşaýyş agajyny» görýär. Bu häzir ýa-da gelejekde ulanyljak ot-çöpden ýasalan däri-dermanlary däl-de, dogry adamlaryň ebedi ýaşamagy üçin, Ýehowanyň Isa Mesih arkaly berjek bereketlerini aňladýar. Biz muňa sabyrsyzlyk bilen garaşýarys (Iş. 35:5, 6).
19 Biz ajaýyp gelejege garaşyp, hatda ýarawsyz wagtymyz hem Ýehowanyň biziň her birimiz bilen aýratynlykda gyzyklanýandygyna ynanýarys. Dawut patyşa ýaly, biz hem kesellänimizde Hudaýyň hökman goldajakdygyna ynamly bolup: «Sen meni aýypsyzlygymda berkidýärsiň, ebedilik huzuryňda duruzarsyň» diýýäris (Zeb. 41:12).
a «Şerabyň gelip çykyşy we gadymy taryhy» atly kitapda şeýle diýilýär: «Geçirilen barlaglaryň netijesinde, şerabyň garyn garahassalygynyň döremegine sebäp bolýan we başga-da howply bakteriýalary dessine öldürýändigi anyklanyldy».