Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w14 15/7 sah. 12—16
  • Ýehowanyň halky ýamanlykdan gaça durýar

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ýehowanyň halky ýamanlykdan gaça durýar
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2014
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • ÝAMANLYKDAN AÝRYLYŇ
  • BIDEREK HEM DÜŞNÜKSIZ ÇEKIŞMELERDEN ÇEKILIŇ
  • ÝAMAN ÝARANLARDAN GAÇA DURUŇ!
  • ÝEHOWA AÝGYTLY HEREKET EDENIMIZDE BEREKET BERÝÄR
  • Hudaý özüniňkileri tanaýandyr
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2014
  • Hakyky mesihçiler söýgüsi bilen tanalýar. Hakykata begenýändir
    Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2018
  • Olar Ýehowa garşy çykdylar
    Mukaddes Kitapdan sapaklarym
  • «Söýgi... ýamanlyga şatlanmaýar»
    Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2022
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2014
w14 15/7 sah. 12—16

Ýehowanyň halky ýamanlykdan gaça durýar

«Rebbiň adyna baglanan her kes ýamanlykdan uzak dursun». 2 TIM. 2:19

SIZ NÄHILI JOGAP BERERSIŇIZ?

  • Biderek hem düşnüksiz çekişmeler näme sebäpli döreýär we biz olardan nädip gaça durup bileris?

  • Biz ýaman ýaranlardan nädip gaça durmaly?

  • Biz ýamanlykdan gaça durmak üçin nädip aýgytly hereket edip bileris?

1. Hudaýa edýän seždämizde näme esasy orun tutýar?

SIZ jemgyýetçilik jaýlarynda ýa-da muzeýlerde Ýehowanyň adyna duş gelipmidiňiz? Şonda siz örän gyzyklanan we tolgunan bolsaňyz gerek. Biz Ýehowanyň Şaýatlary bolanymyz üçin, Hudaýa edýän seždämizde onuň ady esasy orun tutýar. Hawa, dünýäde Hudaýyň adyny ileri tutýan ýekeje halk bar. Biz Hudaýyň adyny göterýändigimiz üçin, oňa hormat goýmak jogapkärçiligimiziň bardygyna düşünýäris.

2. Hudaýyň adyny götermegiň nähili jogapkärçiligi bar?

2 Ýehowany razy etmek üçin, onuň adyny tutmak ýeterlikli däl. Biz Hudaýyň ahlak kadalary boýunça ýaşamaly. Mukaddes Ýazgylarda Ýehowanyň halkynyň «ýamanlykdan aýrylmalydygy» barada aýdylýar (Zeb. 34:14). Pawlus resul bu prinsipi düşündirip şeýle ýazdy: «Rebbiň adyna baglanan her kes ýamanlykdan uzak dursun» (2 Timoteos 2:19-y okaň). Biz, Ýehowanyň Şaýatlary onuň adyny köp adamlara tanatmaly. Emma biz nädip ýamanlykdan gaça durmaly?

ÝAMANLYKDAN AÝRYLYŇ

3, 4. Alymlar haýsy aýat bilen gyzyklandylar we näme üçin?

3 Geliň, Pawlus resulyň 2 Timoteos 2:19-da ýazan sözlerine seredeliň. Bu aýatda «Hudaýyň berk binasynyň durandygy» we onda iki sany möhürlenen sözleriň ýazylandygy aýdylýar. 1. «Reb Özüniňkileri tanaýandyr» diýen sözler Sanlar 16:5-den alnan bolmaly (1-nji makala serediň). 2. «Rebbiň adyna baglanan her kes ýamanlykdan uzak dursun» diýen sözler barada bolsa, alymlar uzak wagtlap gyzyklanypdyrlar. Näme üçin?

4 Sebäbi bu sözleri Pawlus resul başga ýerden alan bolmaly. Ýöne olar Töwratda duş gelmeýär. Onda Pawlus nämä salgylanyp: «Rebbiň adyna baglanan her kes ýamanlykdan uzak dursun» diýip ýazdyka? Geçen makaladan görşümiz ýaly, Pawlus resul Sanlar kitabynyň 16-njy babyna salgylanyp, Koranyň turzan pitnesini agzaýar. Ikinji möhürlenen sözleriň şol pitne bilen baglanyşygy barmy?

5—7. Pawlusyň 2 Timoteos 2:19-da aýdan sözleri Musanyň günlerindäki haýsy waka degişli? (Makalanyň başyndaky surata serediň).

5 Mukaddes Ýazgylarda Koranyň Musa we Haruna garşy turzan pitnesine Eliýabyň ogullary Datan bilen Abyramyň hem goşulandygy hakda aýdylýar (San. 16:1—5). Olar Musa göz-görtele garşy çykyp, Hudaýyň oňa beren ygtyýaryny inkär etdiler. Olar Ýehowanyň halkynyň arasynda ýaşaýandyklary üçin, Hudaýa wepaly adamlara ruhy taýdan zyýan ýetirýärdiler. Ýehowa wepaly gullukçylaryny pitneçilerden aýyl-saýyl etmegiň wagty gelende, aýdyň tabşyryk berdi.

6 Biz şeýle sözleri okaýarys: «Reb Musa: „Jemagata ýetir, goý, Koranyň, Datanyň we Abyramyň çadyrlaryndan daşrak çekilsinler“ diýdi. Musa ýerinden turup, Datanyň we Abyramyň ýanyna gitdi, Ysraýyl ýaşululary-da onuň yzyna düşdüler. Onsoň Musa halka ýüzlenip: „Ol azgynlaryň çadyrlarynyň golaýyna barmaň we olaryň hiç bir zadyny-da ellemäň, ýogsam olaryň günäleri zerarly sizem ýok bolarsyňyz“ diýdi. Jemagat Koranyň, Datanyň we Abyramyň çadyrlaryndan uzaga çekildi» (San. 16:23—27). Ýehowa pitneçileriň ählisine ölüm jezasyny berdi. Emma wepaly gullukçylaryny, ýagny ýamanlykdan uzak duranlary halas etdi.

7 Elbetde, Ýehowa ýürekleri görýär. Ol wepaly gullukçylaryny tanaýar. Muňa garamazdan, olar erbet adamlardan aýrylmak üçin aýgytly hereket etmelidiler. Şol sebäpli Pawlus: «Rebbiň adyna baglanan her kes ýamanlykdan uzak dursun» diýip ýazanda, Sanlar 16:5, 23—27-nji aýatlardaky sözlere salgylanan bolmaly. Hawa, Pawlusyň «Reb özüniňkileri tanaýandyr» diýen sözleri şeýle netijä gelmäge kömek edýär (2 Tim. 2:19).

BIDEREK HEM DÜŞNÜKSIZ ÇEKIŞMELERDEN ÇEKILIŇ

8. Ýehowanyň adyny tutmak ýa-da mesihçiler ýygnagynyň agzasy bolmak näme üçin ýeterlikli däl?

8 Pawlus Musanyň günlerindäki wakany göz öňünde tutup, Timoteosa Ýehowa bilen ýakyn dostlugyňy goramak üçin aýgytly hereket etmegiň wajypdygyny ýatlatdy. Dogrudan-da, Musanyň günlerinde Ýehowanyň adyny çagyrmaklygyň ýeterlikli bolmaýşy ýaly, şu günlerem mesihçiler ýygnagynyň agzasy bolmak ýeterlikli däl. Hudaýyň wepaly gullukçylary ýamanlykdan gaça durmaly. Bu sözler Timoteos üçin näme aňladýardy? Şu günler Ýehowanyň halky Pawlusyň ylhamlanyp ýazan sözlerinden nähili sapak edinip biler?

9. I asyrda biderek hem düşnüksiz çekişmeler mesihçilere nähili täsir edýärdi?

9 Hudaýyň Sözünde her dürli ýamanlykdan gaça durmak ýa-da ony inkär etmek babatda aýratyn maslahatlar bar. Meselem, 2 Timoteos 2:19-njy aýadyň kontekstinde Pawlus Timoteosa «söz dawalaryndan» we «boş sözlerden» gaça durmagy ündedi (2 Timoteos 2:14, 16, 23-nji aýatlary okaň). Ýygnagyň käbir agzalary ýalan taglymatlary öňe sürýärdiler, käbirleri şübheli düşünjelere ynanýardylar. Mukaddes Ýazgylara gabat gelmedik pikirler sebäpli dawa turýardy. Netijede, dawa, jedel bilen ýygnagyň agzybirligi bozulýardy. Şol sebäpli Pawlus biderek hem düşnüksiz çekişmelerden çekilmegiň wajypdygyny nygtady.

10. Mukaddes Ýazgylara garşy gelýän taglymatlar babatda haýsy maslahata eýermeli?

10 Şu günler Ýehowanyň halky ýygnakda imandan dänenlere köp duş gelmeýärler. Muňa garamazdan, Mukaddes Ýazgylara esaslanmadyk taglymatlar ýüze çykanda, biz olardan çürt-kesik ýüz öwürmeli. Şeýle taglymatlary öňe sürýän adamlar bilen Internet ýa-da başga usul arkaly öz düşünjäňi subut etmeklik akylsyzlyk bolardy. Hatda biz olara kömek etmek niýeti bilen-de gürrüňdeş bolsak, Mukaddes Ýazgylaryň ýokarda agzalan öwüt-ündewine garşy çykdygymyz bolar. Ýehowanyň halky imandan dänenleriň taglymatyny doly inkär edip, olardan gaça durýarlar.

Imandan dänenler bilen gürrüňdeş bolmakdan gaça duruň (10-njy abzasa serediň)

11. Biderek hem düşnüksiz çekişmeleriň döremegine näme sebäp bolup biler we ýygnak ýaşululary nähili görelde görkezýär?

11 Ýygnagyň agzybirligini diňe bir imandan dänen adamlar däl, eýsem, başga zatlar hem bozýar. Meselem, göwün açmak babatda dogan-uýalaryň pikirleri dürli-dürli bolup, biderek hem düşnüksiz çekişmeleri döretmegi mümkin. Elbetde, kimdir biri Ýehowanyň ahlak kadalaryna garşy gelýän göwnaçmany saýlasa, onda ýygnak ýaşululary dawalardan gaça durjak bolup, oňa biparh garamaz (Zeb. 11:5; Efes. 5:3—5). Emma ýaşulular şahsy meselelere goşulmaly däl. Olar «Hudaýyň sürüsine... gözegçilik ediň. Olara... özlerine tabşyrylanlara agalyk edýänler ýaly däl-de, sürä görelde boluň» diýen maslahata eýerýärler (1 Pet. 5:2, 3; 2 Korintoslylar 1:24-i okaň).

12, 13. a) Ýehowanyň Şaýatlary göwün açmak meselesine nähili garaýarlar we bu babatda Mukaddes Ýazgylaryň haýsy prinsiplerine eýermeli? b) 12-nji abzasdaky prinsipleri dürli meselelerde nädip ulansa bolýar?

12 Biziň guramamyz filmler, wideooýunlar, kitaplar ýa-da aýdymlar babatda anyk görkezme bermeýär. Näme üçin? Mukaddes Ýazgylarda her bir adamyň «saýgarma ukyplary ýagşy bilen ýamany tanamaga öwrenişdirmelidigi» barada aýdylýar (Ýew. 5:14). Hudaýyň Sözünde göwün açmak babatda esasy prinsipler berilýär. Şol sebäpli biz ähli zatda «Rebbiň pisindi oturjak zady aňlajak bolmaly» (Efes. 5:10). Mukaddes Ýazgylar maşgalabaşylara göwün açmagyň käbir görnüşlerini gadagan etmäge ygtyýar berýära (1 Kor. 11:3; Efes. 6:1—4).

13 Ýokarda agzalan prinsipler diňe bir göwün açmak meselesine degişli däl. Egin-eşik, daş keşp, saglyk, iýip-içmek we başga-da şahsy meseleler sebäpli çekişme döräp biler. Eger Mukaddes Ýazgylaryň prinsipleri bozulmasa, onda mesihçi jedel edip, öz sözüni gögertmekden gaça dursa, paýhasly bolar. Sebäbi «Rebbiň guly dawalaşmaly däl, hemmelere mylakatly, öwretmäge ukyply, sabyrly bolmalydyr» (2 Tim. 2:24).

ÝAMAN ÝARANLARDAN GAÇA DURUŇ!

14. Pawlus ýaman ýaranlardan gaça durmagyň wajypdygyny nähili mysal arkaly düşündirdi?

14 Ýene haýsy ýagdaýda «Rebbiň adyna baglanan her kes ýamanlykdan uzak durmaly»? Munuň üçin biz erbet adamlar bilen ýakyndan gatnaşmaly däl. Pawlus «Hudaýyň berk binasy durandyr» diýen jümläni aýdansoň, ýene-de bir mysal getirýär. Ol şeýle ýazdy: «Bir uly öýde diňe gyzyl, kümüş gaplar däl, eýsem, agaç we toprakdan ýasalan gaplar-da bardyr. Olaryň käbiri abraýly, käbiri bolsa abraýsyz iş üçindir» (2 Tim. 2:20, 21). Soňra Pawlus mesihçileriň özlerini «tämizlemegini», ýagny «abraýsyz iş üçin» ulanylýan «gaplardan» özlerini çetde tutmagyny maslahat berýär.

15, 16. Biz «uly öý» baradaky mysaldan näme öwrenip bileris?

15 Bu mysal nämäni aňladýar? Pawlus mesihçiler ýygnagyny «uly öý», her bir mesihçini bolsa «gap» bilen deňeşdirýär. Öýdäki gaplaryň käbiri hapalanyp, zyýanly bolup biler. Şol sebäpli öý eýesi nahar taýýarlamak üçin ulanylýan arassa gaplary hapa gaplardan aýry goýýar.

16 Şu günler Ýehowanyň halky-da arassa ýaşamaga jan edýär. Munuň üçin olar ýygnakda Ýehowanyň kanunyny hemişe bozýan adamlar bilen ýakyn gatnaşyk saklamakdan gaça durmaly (1 Korintoslylar 15:33-i okaň). Eger ýygnagyň içindäki şeýle adamlardan gaça durmaly bolsa, onda ýygnagyň daşyndaky adamlardan has-da gaça durmaly dälmi näme?! Sebäbi olaryň köpüsi «pula gyzan... ene-ata boýun egmeýän... mukaddeslikden mahrum... zalym we ýagşylyga duşman bolýar. Dönük... lezzeti Hudaýdan köp söýýärler» (2 Tim. 3:1—5).

ÝEHOWA AÝGYTLY HEREKET EDENIMIZDE BEREKET BERÝÄR

17. Hudaýa wepaly ysraýyllylar erbetlikden gaça durmaly bolanda näme etdiler?

17 Ysraýyllylara: «Koranyň, Datanyň we Abyramyň çadyrlaryndan daşrak çekiliň» diýlende, olar aýgytly hereket etdiler. Mukaddes Ýazgylarda şeýle diýilýär: «Jemagat (şol bada, TD)... (olaryň) çadyrlaryndan uzaga çekildi» (San. 16:24, 27). Hawa, olar ýaýdanyp durmadylar ýa-da soňa goýmadylar. Şeýle-de Mukaddes Ýazgylarda olaryň buýrugy doly ýerine ýetirendikleri barada aýdylýar. Olar «uzaga çekildiler». Hudaýa wepaly ysraýyllylar özlerini howp astyna salmadylar. Olar aýgytly hereket edip, doly tabyndygyny görkezdiler. Olar Ýehowanyň tarapyndadygyny açyk-aýdyň görkezip, erbetlikden gaça durdular. Biz bu wakadan näme öwrenip bileris?

18. Pawlus Timoteosa «ýaşlyk höweslerinden gaç» diýende nämäni göz öňünde tutdy?

18 Ýehowa bilen dostlugymyzy goramaly bolanda, bizem çalt we aýgytly hereket etmeli. Pawlus Timoteosa «ýaşlyk höweslerinden gaç» diýende, şeýle hereket etmegi göz öňünde tutupdy (2 Tim. 2:22). Şol wagt Timoteos 30 ýaşlaryndady. Diýmek, «ýaşlyk höwesleriniň» akylsyz hereketleri adamyň ýaşyna bagly bolmaýar. Eger Timoteos şeýle höwesleri inkär etse, olardan «gaça» durdugy bolardy. Başgaça aýdanyňda, Timoteos «ýamanlykdan uzakda durmalydy». Isa-da şuňa meňzeş pikiri aýdypdy: «Gözüň seniň günä etmegiňe sebäp bolsa, ony oýup çykar-da taşla» (Mat. 18:9). Şu maslahaty ýürekden kabul edýän mesihçiler ruhy taýdan howp salýan işlerden gaça durmaga ýaýdanyp durmaýarlar ýa-da soňa goýmaýarlar.

19. Käbirleri ruhy taýdan özüni goramak üçin nähili aýgytly hereket edýärler?

19 Spirtli içgileri içmegi gowy görýän adamlaryň käbiri hakykaty kabul edenden soňra, asla içmezlik kararyna geldiler. Başga mesihçiler bolsa, aslynda erbet hasaplanmaýan käbir göwnaçmalardan gaça durýar. Sebäbi olar onuň ahlak taýdan gowşak taraplaryna erbet täsir edip biler (Zeb. 101:3). Meselem, bir dogan hakykaty bilmänkä, ahlaksyz tanslar edilýän oturyşyklara barýardy. Emma ol Ýehowanyň gullukçysy bolandan soňra, hatda dogan-uýalaryň oturyşyklarynda-da asla tans etmeýär. Sebäbi ol geçmişini ýatlap, ahlaksyz höweslerine erk edip bilmerin öýdüp gorkýar. Elbetde, mesihçilerden spirtli içgileri asla içmezlik, tans ýa-da şuňa meňzeş işleri etmezlik talap edilmeýär. Emma biziň ählimiz ruhy taýdan zyýan ýetirýän zatlar babatda aýgytly hereket edip, her birimiz öz imanymyzy goramaly.

20. «Ýamanlykdan uzakda durmak» aňsat bolmasa-da, bize näme teselli berip, ynamly edýär?

20 Hudaýyň adyny götermek uly hormat bolsa-da, ol jogapkärçiligi talap edýär. Biz «ýamanlykdan uzakda durmaly» we «ýamanlykdan aýrylmaly» (Zeb. 34:14). Elbetde, muny etmek aňsat bolmasa gerek! Emma Ýehowanyň «özüniňkileri» we hak ýolundan ýöreýänleri hemişe söýjekdigini bilmek teselli berýär (2 Tim. 2:19; 2 Ýyl ýazgylary 16:9(a)-ny okaň)b.

a «Hudaýyň söýgüsi» atly kitabyň 6-njy babynyň 12—15-nji abzaslaryna serediň.

b 2 Ýyl ýazgylary 16:9 Özüne ak ýürekden hyzmat edenlere güýç-kuwwat bermek üçin Reb bütin ýer ýüzüne syn edýär.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş