52-NJI SAPAK
Täsirli öwüt-ündew bermek
MESIHÇI ýaşulular «sagdyn taglymat bilen öwüt-ündew bermäge» ukyply bolmaly (Titus 1:9). Käte olar örän kyn ýagdaýlarda maslahat bermeli bolýarlar. Maslahat bereniňde, Mukaddes Ýazgylardaky prinsiplere esaslanmak örän wajyp. Şol sebäpli ýaşulular «öwüt-ündew etmek... bilen meşgul bol» diýlen maslahata ünsli bolmaly (1 Tim. 4:13). Şu sapak ýaşululara ýa-da ýaşuly bolmak isleýän doganlara degişli bolsa-da, köplenç, ata-eneler hem çagalaryna ýa-da Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirýän dogan-uýalar okuw geçýänlere öwüt-ündew bermeli bolýarlar. Şeýle ýagdaýlarda-da şu sapakda berilýän görkezmeleri ulanyp bolýar.
Haçan öwüt-ündew bermeli? Haçan öwüt-ündew bermelidigini bilmek üçin, geliň, Mukaddes Ýazgylardaky maslahatlaryň nähili ýagdaýlarda berlendigine seredeliň. Petrus resul ýaşululara Hudaýyň sürüsine gözegçilik etmek jogapkärçiligine çynlakaý garamalydyklaryny aýtdy (1 Pet. 5:1, 2). Pawlus resul Titusa ýaş ýigitlere «sagdyn düşünjeli bolmagy ündemegi» maslahat berdi (Titus 2:6). Pawlus mesihçileriň ählisiniň «diliniň bir bolmalydygyny» we doganlaryň arasynda bölünişik döretjek bolýanlardan gaça durmalydygyny duýdurdy (1 Kor. 1:10; Rim. 16:17; Flp. 4:2). Pawlus Selanikdäki ýygnagyň agzalaryny edýän gowy işleri üçin öwse-de, olara alýan görkezmelerine doly eýermelidigini aýtdy (1 Sel. 4:1, 10). Petrus mesihçilere «günäli höweslerden... gaça durmaklaryny» haýyş etdi (1 Pet. 2:11). Ýahuda ahlaksyzlyga iterýän hudaýsyz adamlaryň doganlaryna güýçli täsir etjekdigini bilip, olara: «Iman ugrunda göreşiň» diýip maslahat berdi (Ýahuda 3, 4). Günäniň aldawçylygy sebäpli ýürekleri gatamaz ýaly, mesihçilere biri-birini ruhlandyrmak ündelýär (Ýew. 3:13). Petrus Mesihe iman etmedik ýehudylara: «Özüňizi bu azgyn nesilden halas ediň!» diýip ündedi (Res. iş. 2:40).
Öwüt-ündew bermek üçin nähili häsiýetler gerek? Biz nädip çynlakaý, emma adamlaryň göwnüne degmän maslahat berip bileris?
«Söýginiň hatyrasyna». Eger maslahat söýgi bilen berilmese, ol gödek aýdylan ýaly bolar (Flm. 9). Elbetde, nutukçy aýgytly hereket etmegiň wajypdygyny nygtamakçy bolsa, bu onuň çykyşyndan aýdyň görünmeli. Çykyş edýän dogan ýumşaklyk bilen geplese, diňleýjiler muny ötünç soralýan ýaly hasaplamaklary mümkin. Şeýle-de maslahat çynlakaý äheňde we duýgudaşlyk bilen berilmeli. Diňleýjiler söýgi bilen berlen maslahata höwes bilen eýererler. Pawlus özi we ýoldaşlary babatda Selanikdäki mesihçilere şeýle diýdi: «Biz siziň her biriňize atanyň öz perzendine garaýşy kimin garap, sizi ruhlandyrdyk... Bularyň baryny özüňiz-de bilýänsiňiz» (1 Sel. 2:11). Pawlus we beýleki gözegçi doganlar mesihçilere söýgi bilen ýalbarypdyrlar. Siziň hem berýän maslahatlaryňyzdan diňleýjileriň ýürekden aladasyny edýändigiňiz görünsin.
Öwüt-ündew bereniňizde sypaýyçylykly boluň. Diňleýjileri hereket etmäge höweslendireniňizde, olaryň göwnüne degmejek boluň. Şeýle-de olara «Hudaýyň bütin islegini» gürrüň bermekden boýun gaçyrmaň (Res. iş. 20:27). Berilýän maslahatyň gadyryny bilýän adam siziň ony söýüp, dogry ýola gönükdirendigiňiz üçin öýkelemez ýa-da size bolan söýgüsi sowaşmaz (Zeb. 141:5).
Köplenç, maslahat bermezden öň, diňleýjilere ýürekden öwgüli sözleri aýtmak peýdaly bolýar. Dogan-uýalaryň Ýehowanyň göwnünden turmak üçin edýän gowy işleri, ýagny olaryň imanyny iş ýüzünde görkezýändikleri, janaýamazlyk bilen söýgi bildirýändikleri we synaglarda çydamlylyk görkezýändikleri barada oýlanyň (1 Sel. 1:2—8; 2 Sel. 1:3—5). Öwgüli sözleri aýtsaňyz, dogan-uýalaryň ýagdaýyna düşünýändigiňizi we olaryň gadyryny bilýändigiňizi görkezersiňiz. Şonda olar berlen maslahatlary göwünjeňlik bilen kabul ederler.
«Doly sabyr bilen». Öwüt-ündew «doly sabyr» bilen berilmeli (2 Tim. 4:2). Bu näme aňladýar? Sabyrly adamyň göwnüne degilende ýa-da ony bir zat etmäge öjükdirenlerinde, ol çydamlylyk bilen döz gelip bilýär. Sabyrly dogan aýdýan zatlaryna diňleýjileriň eýerjekdigine ynanýar. Nutukçy sabyrlylyk bilen öwüt-ündew berse, diňleýjiler olar babatda erbet pikir edilmeýändigini duýarlar. Siz dogan-uýalaryň Ýehowa gulluk etmek üçin öz ukyplaryny has gowy ulanmak isleýändigine ynamly bolsaňyz, olaryň dogry hereket etmäge bolan islegini berkidip bilersiňiz (Ýew. 6:9).
«Sagdyn taglymat bilen». Ýaşuly dogan nädip «sagdyn taglymat bilen öwüt-ündew berip» biler? Ol «öwredilişi ýaly, ynamly söze ýapyşmaly» (Titus 1:9). Öwüt-ündew bereniňizde öz pikiriňizi aýtman, Hudaýyň Sözüne esaslanyň. Goý, Mukaddes Ýazgylar size näme maslahat bermelidigine düşünmäge kömek etsin. Belli bir meselede Mukaddes Ýazgylarda aýdylýan zatlara eýermegiň peýdaly taraplaryny belläp geçiň. Hudaýyň Sözündäki maslahatlary inkär etmekligiň nähili erbet netije berýändigini ýa-da berjekdigini belläp geçiň. Şeýdip, siz diňleýjileri dogry hereket etmegiň wajypdygyna ynandyryp bilersiňiz.
Diňleýjilere näme etmelidigini we ony nädip etmelidigini anyk düşündiriň. Siziň aýdýan zatlaryňyzyň Mukaddes Ýazgylara esaslanýandygyny aýdyň görkeziň. Mukaddes Ýazgylara görä, belli bir karara gelmek babatda adamyň özüne saýlamaga mümkinçilik berilýän bolsa-da, olara erkinligini paýhasly ulanmalydygyny ýatladyň. Diňleýjiler hereket etmegi ýüregine düwer ýaly, nutugy täsirli jemleýji sözler bilen tamamlaň.
«Uly gaýrat» bilen. Öwüt-ündew täsirli bolar ýaly, çykyş edýän dogan «uly gaýrat», ýagny päk ynsap bilen geplemeli (1 Tim. 3:13). Munuň üçin näme etmeli? Onuň «oňat işler edip» görkezýän göreldesi doganlara berýän maslahatlaryna laýyk gelmeli (Titus 2:6, 7; 1 Pet. 5:3). Şonda diňleýjiler öwüt-ündew berýän adamyň özüniň etmeýän zadyny olara maslahat bermeýändigine düşünerler. Olar çykyş edýän doganyň Mesihiň göreldesine eýermäge çalyşýandygyny görüp, onuň imanyndan görelde alyp bilerler (1 Kor. 11:1; Flp. 3:17).
Hudaýyň Sözüne esaslanan we söýgi bilen berlen öwüt-ündew gowy netije berip bilýär. Şol sebäpli doganlar öwüt-ündew bermek borjuny gowy ýerine ýetirmeli (Rim. 12:8).