Pawlus resulyň göreldesine eýerip, ruhy taýdan ösüň
«Men oňat söweş alyp bardym, ýaryşy bitirdim, imany goradym» (2 TIM. 4:7).
1, 2. Tarsusly Saul nähili özgerişler etdi we durmuşyny nämä bagyşlady?
OL AKYL-PAÝHASLY we hyjuwly adamdy. Emma «günäli teniň... islegini kanagatlandyrýardy» (Efes. 2:3). Ol soňra özi barada şeýle ýazdy: «Oňa dil ýetirip, azar berip, zorluk edýärdim» (1 Tim. 1:13). Hawa, bu adam Tarsusly Sauldy.
2 Wagtyň geçmegi bilen Saul durmuşynda düýpli özgerişler edýär. Ol öňki ýoluny goýup, «öz peýdasyny gözlemän, köp adamlaryň peýdasyny gözlemek» üçin uly tagalla edýär (1 Kor. 10:33). Ol mylakatly bolup, öň zorluk eden doganlara mähir bilen söýgüsini bildirýärdi (1 Selanikliler 2:7, 8-nji aýatlary okaň). Ol şeýle ýazýar: «Hoş Habaryň gullukçysy boldum. Mesihiň akyl ýetmez baýlygyny milletlere wagyz etme... merhemeti ähli mukaddesleriň iň ähmiýetsizi bolana maňa berildi» (Efes. 3:7—9).
3. Pawlusyň ýazan hatlaryny we onuň gullugyny öwrensek, bize nädip kömek eder?
3 Sauly ruhy taýdan ajaýyp üstünlige eýe bolan Pawlus hökmünde hem tanaýardylar (Res. iş. 13:9). Onuň ýazan hatlary we gullugy barada öwrenip, iman edişinden görelde alsak, ruhy taýdan çalt ösüp bileris (1 Korintoslylar 11:1; Ýewreýler 13:7-ni okaň). Geliň, Pawlusyň göreldesiniň şahsy okuwymyzy yzygiderli geçmäge, adamlara ak ýürekden söýgümizi artdyrmaga we özümize dogry garaýyşda bolmaga nädip kömek edýändigine seredeliň.
Pawlus Ýazgylary yhlasly öwrenýärdi
4, 5. Pawlusa şahsy okuwy nähili peýda berdi?
4 Pawlus «Gamaliýeliň terbiýesi astynda ata-babalarymyzyň kanunynyň berk talap edijiligine görä tälim alan» fariseý hökmünde, Mukaddes Ýazgylary gowy bilýärdi (Res. iş. 22:1—3; Flp. 3:4—6). Ol suwda çokundyrylandan soň, «Arabystana gidýär» ýagny, Siriýa çölüne ýa-da oýlanmaga ýardam edýän Arap ýarymadasynyň başga bir asuda ýerine gidýär (Gal. 1:17). Mümkin, Pawlus Mukaddes Ýazgylar arkaly Isanyň Mesihdigini subut edýän aýatlar barada oýlanmak isländir. Şeýle-de Pawlus oňa tabşyryljak işe taýýarlyk görmek isleýärdi (Resullaryň işi 9:15, 16, 20, 22-nji aýatlary okaň). Görşümiz ýaly, Pawlus ruhy zatlar barada oýlanmaga tagalla edýärdi.
5 Pawlusa şahsy okuw arkaly alýan Mukaddes Ýazgylaryň bilimi we düşünjesi, oňa hakykaty ussatlyk bilen öwretmäge mümkinçilik berdi. Bir sapar Pawlus Pisidýa Antakiýasyndaky sinagogada Isanyň Mesihdigini subut etmek üçin pygamberler kitabyndan azyndan bäş aýat getirdi. Şeýle-de ol telim sapar Ýazgylara salgylandy. Onuň Mukaddes Ýazgylardan getiren delillerine ynanyp, «ýehudylaryň we ýehudy dinine geçip, Hudaýa ybadat edýänleriň köpüsi [köpräk bilmek üçin] Pawlus bilen Barnabasyň yzyna düşdüler» (Res. iş. 13:14—44). Birnäçe ýyldan soň, rimli ýehudylar onuň bolýan ýerine gelende, Pawlus olara: «Hudaýyň Patyşalygyna güwä geçmek bilen, olara hakykaty düşündirdi... Musanyň kanunyna, pygamberler ýazgysyna salgylanyp, olary Isa ynandyrmaga çalyşdy» (Res. iş. 28:17, 22, 23).
6. Pawlusa synaglarda ruhy taýdan berk galmaga näme kömek etdi?
6 Pawlus synaglara duşanda-da, Mukaddes Ýazgylary öwrenmegini dowam etdi we ylham berlen maslahatlardan güýç-kuwwat alýardy (Ýew. 4:12). Pawlus Rimde tussagdaka, höküm edilmezinden öň, Timoteosdan: «Kitaplary» we «gaýyş kitaplary getirmegi» haýyş edýär (2 Tim. 4:13). Mümkin, bu kitaplar pygamberler ýazgylarynyň bölümleri bolup, olar Pawlusa çuňňur öwrenmek üçin gerekdi. Pawlusa Mukaddes Ýazgylary öwrenip, alýan bilimi ruhy taýdan berk galmaga kömek edýärdi.
7. Mukaddes Ýazgylary yzygiderli öwrenmeklik nähili peýda berýär?
7 Mukaddes Ýazgylary yzygiderli öwrenip, belli bir maksat bilen oýlansak, ruhy taýdan ösmäge kömek eder (Ýew. 5:12—14). Hudaýyň Sözüniň gadyr-gymmaty barada mezmurçy şeýle diýdi: «Seniň agzyňdan çykan kanun maňa müňlerçe altyn-kümüşden gowudyr. Sen tabşyryklaryň bilen meni duşmanlarymdan akylly etdiň, çünki olar mydama meniň bilendir. Men sözüňi berjaý etjek bolup, aýaklarymy her hili ýaman ýoldan çekdim» (Zeb. 119:72, 98, 101). Sen Mukaddes Ýazgylary yzygiderli öwrenýärmiň? Sen Mukaddes Ýazgylary her gün okap, okan zadyň barada oýlanyp, gullukda geljekki maksatlaryňa taýýarlanýarmyň?
Saul adamlary söýmegi öwrenýär
8. Saul iudaizme degişli däl adamlara nähili garaýardy?
8 Saul mesihçi bolmanka, öz dinine örän yhlaslydy, ýöne iudaizme degişli däl adamlar barada alada etmeýärdi (Res. iş. 26:4, 5). Ýehudylar Stefanusy daşlanda, ol muny dogry saýyp synlady, sebäbi onuň jezalandyrylmagyny mynasyp gördi. Saula göreni täsir galdyryp, ol mesihçileri öňküden-de gazaply yzarlap başlady (Res. iş. 6:8—14; 7:54—8:1). Injilde şeýle diýilýär: «Saul öýden-öýe girip, ýygnaga ezýet berýärdi, erkekdir aýallary süýräp zyndana salýardy» (Res. iş. 8:3). Saul «olary hatda ýat şäherlere çenli yzarlaýar» (Res. iş. 26:11).
9. Saula adamlara bolan garaýşyny özgertmäge haýsy waka sebäp boldy?
9 Saul Mesihiň şägirtlerine azar bermek üçin Şama ýola düşende, Reb Isa oňa göründi. Hudaýyň Oglunyň täsin nury Sauly kör edýär we ol adamlaryň kömegine mätäç bolýar. Şonda Ýehowa Hananýa arkaly Saulyň gözüni açýar we onuň adamlara bolan garaýşy hemişelik özgerýär (Res. iş. 9:1—30). Mesihiň şägirdi bolandan soň, ol ähli adamlara Isa ýaly garamaga çalyşýar. Ol gazaply garaýşyny üýtgedip, «ähli adamlar bilen oňşukly ýaşamagy» öwrenýär (Rimliler 12:17—21-nji aýatlary okaň).
10, 11. Pawlus adamlara akýürekli söýgüsini nädip bildirdi?
10 Pawlus adamlar bilen parahat gatnaşyga kaýyl däldi. Ol adamlary ak ýürekden söýýändigini görkezmek isleýärdi we mesihi gullukda oňa şeýle mümkinçilik berildi. Ol ilkinji missioner syýahatynda hoş habary Kiçi Aziýada wagyz etdi. Juda rehimsiz garşylyklara garamazdan, Pawlus we onuň ýoldaşlary pesgöwünli adamlara mesihçi bolmaga kömek etdiler. Olar hatda Pawlusy öldürjek bolan şäherlere, Listra we Konýa dolanmaga gorkmadylar (Res. iş. 13:1—3; 14:1—7, 19—23).
11 Soňra Pawlus we onuň ýoldaşlary Makedoniýanyň Filipi şäherinde wagyz edip, Hudaýa ýakynlaşmak isleýän adamlary gözlediler. Şol ýerde ýehudy dinini kabul eden Lidiýa atly bir aýal hoş habary eşidip, mesihçi bolýar. Häkimler Pawlus bilen Silasy taýaklap zyndana salýarlar. Emma Pawlus ol ýerde-de türmeçä wagyz edýär, netijede, türmeçi we onuň öý-içerisi suwda çokundyrylyp, Ýehowanyň gullukçysy bolýarlar (Res. iş. 16:11—34).
12. Tekepbir Sauly söýýän Pawlus resul bolmaga näme höweslendirdi?
12 Näme üçin Saul yzarlan adamlarynyň imanyny kabul etdi? Yzarlaýjy Sauly adamlara Hudaý we Mesih barada hakykaty öwretmek üçin janyny howp astyna salmaga taýyn, mähirli we söýýän Pawlus resul bolmaga näme höweslendirdi? Pawlus özi barada şeýle düşündirýär: «Merhemeti bilen çagyran Hudaý... Öz ogluny mende aýan etmäge razy boldy» (Gal. 1:15, 16). Pawlus Timoteosa şeýle ýazdy: «Mesih Isa özüne iman edip, ebedi ýaşaýşa gowuşjaklara görelde hökmünde Öz çäksiz sabryny günäkärleriň iň erbedi bolan mende görkezsin diýip, maňa rehim edildi» (1 Tim. 1:16). Ýehowa Pawlusy bagyşlady, Hudaýyň bildiren merhemeti we rehimi, ony adamlara bolan söýgüsini hoş habary wagyz edip görkezmäge höweslendirdi.
13. Adamlary söýgümizi görkezmäge näme höweslendirmeli we muny nädip edip bileris?
13 Ýehowa biziň-de günälerimizi we ýalňyşlarymyzy bagyşlaýar (Zeb. 103:8—14). Mezmurçy şeýle ýazdy: «Günäleri hasaba alsaň, ýa Reb Hudaý, onda kim durup biler?» (Zeb. 130:3). Hudaýyň merhemeti bolmadyk bolsa, biziň hiç birimizem mukaddes gulluk edip, ebedi ýaşaýyşa umyt baglap bilmezdik. Hudaý her birimize ýagşylyk edýär. Şol sebäpli Pawlus resul ýaly bizem adamlara wagyz edip, hakykaty öwredip hem-de dogan-uýalarymyzyň imanyny berkidip söýgimizi bildirmeli (Resullaryň işleri 14:21—23-nji aýatlary okaň).
14. Biz nädip Hudaýa köpräk gulluk edip bileris?
14 Pawlus hoş habary köp wagyz edip, ökde wagyzçy bolmak isleýärdi we Isanyň göreldesi oňa kömek etdi. Hudaýyň Ogly adamlara bolan çuňňur söýgüsini wagyz edip görkezdi. Isa şägirtlerine şeýle diýdi: «Hasyl bol, ýöne işçi az. Munuň üçin, Öz hasylyny ýygmaga işçi iberer ýaly, hasyl eýesi Rebbe ýalbaryň» (Mat. 9:35—38). Pawlus hem bu barada doga eden bolmaly we eden dogasyna görä hereket edip, yhlasly wagyzçy bolmaga çalşandyr. Sen barada näme diýse bolýar? Sen gullugyň hilini gowulandyryp bilermiň? Ýa-da wagyz işine köpräk gatnaşyp, belki, pioner bolarsyň? Geliň, adamlara ak ýürekden söýgimizi görkezip, «ýaşaýyş sözüni gaýym tutmaga» kömek edeliň (Flp. 2:16).
Pawlusyň özüne bolan garaýşy
15. Pawlus Hudaýyň halkynyň arasynda öz ornuna nähili garaýardy?
15 Pawlus mesihçi hökmünde bize başga tarapdan hem ajaýyp görelde galdyrdy. Onuň mesihi ýygnakda ençeme borjy bolsa-da, ol bu bereketlere mynasyp däldigini we ukybyna görä berilmändigini gowy bilýärdi. Ol bu bereketleriň Hudaýyň merhemetidigine düşünýärdi. Pawlus başga mesihçileriň hem hoş habary ökdelik bilen wagyz edýändigini bilýärdi. Ol Hudaýyň halkynyň arasynda jogapkärlidigine garamazdan pesgöwünlidi (1 Korintoslylar 15:9—11-nji aýatlary okaň).
16. Sünnetlemek meselesinde Pawlus pesgöwünliligi we sypaýyçylygy nädip görkezdi?
16 Siriýanyň Antakiýa şäherindäki ýygnakda sünnetlemek meselesi barada kynçylyk ýüze çykanda, Pawlusyň özüni nähili alyp barandygyna seredeliň (Res. iş. 14:26—15:2). Pawlus başga halkdan bolan sünnetsiz adamlara wagyz etmäge bellenendigi we olar bilen nähili gepleşmelidigini gowy bilýändigi üçin, ol bu meseläni çözüp bilerin öýden bolmaly (Galatlylar 2:8, 9-njy aýatlary okaň). Ýöne bu meseläni özbaşdak çözüp bilmändigi sebäpli, ol pesgöwünlilik we sypaýyçylyk bilen doganlaryň teklibini goldap, muny ara alyp maslahatlaşmak üçin Iýerusalimdäki ýolbaşçylyk maslahatyna ýüz tutýar. Ol bu meselä seredilip, karara gelnende, ýolbaşçylyk maslahatyndaky ýaşulular bilen hyzmatdaşlyk edýär we gelnen karary Antakiýadaky mesihçilere iberer ýaly başga doganlar bilen gitmäge razylaşýar (Res. iş. 15:22—31). Şeýdip, Pawlus imandaşlaryny «hormatda... özünden ýokary saýdy» (Rim. 12:10b).
17, 18. a) Pawlusyň imandaşlaryna nähili duýgusy bardy? b) Efesosdaky ýaşulularyň Pawlusy ugradyşyndan, ol barada näme bilýäris?
17 Pawlus pesgöwünlidi we özüni dogan-uýalardan hiç haçan ýokary tutmaýardy. Ol imandaşlary bilen berk ysnyşdy. Ol rimlilere ýazan hatynyň ahyrynda 20-den gowrak adama salam aýdýar. Olaryň köpüsi Mukaddes Ýazgylaryň başga hiç bir ýerinde agzalmaýar, diňe käbiriniň bolsa, ýygnakda aýratyn jogapkärçiligi bardy. Emma olar Ýehowanyň wepaly gullukçylarydy we Pawlus olary mähirli söýýärdi (Rim. 16:1—16).
18 Pawlusyň pesgöwünliligm we mähribanlygy ýygnagy abatlaýardy. Ol Efesosdaky ýaşulular bilen hoşlaşanda, «Pawlusyň boýnundan gujaklap, ony ogşadylar. Siz meniň ýüzümi gaýdyp görmersiňiz diýen sözi olary has tukatlandyran zat boldy». Eger ol gödek we tekepbir adam bolan bolsa, olara beýle täsir etmezdi (Res. iş. 20:37, 38).
19. Biz imandaşlarymyza «kiçigöwünlilik bilen» garaýandygymyzy nädip görkezip bileris?
19 Ruhy taýdan ösmek isleýän ähli mesihçiler Pawlus ýaly pesgöwünli bolmaly. Ol mesihçilere şeýle maslahat berdi: «Hiç bir zady igenjeňlik, şöhratparazlyk bilen etmän, eýsem kiçigöwünlilik bilen beýlekileri özüňizden üstün saýyp ediň» (Flp. 2:3). Biz nädip bu maslahata eýerip bileris? Munuň üçin ýygnagymyzyň ýaşululary bilen işleşip, olaryň görkezmesine eýermeli we gelen dogry kararyny goldamaly (Ýewreýler 13:17-ni okaň). Şeýle-de ýygnakdaky dogan-uýalaryň ählisine uly hormat goýup, olaryň gadyryny bilmeli. Ýygnaklarda Ýehowanyň halky dürli milletli, medeniýetli, jynsly adamlardan ybarat. Eýsem, bu bize Pawlus ýaly hemmeler bilen adalatly bolmagy we ýürekden söýmegi öwretmeýärmi? (Res. iş. 17:26; Rim. 12:10a). Mukaddes Ýazgylar «Hudaýyň şöhraty [bizi] kabul edişi ýaly, [biz-de] biri-birimizi kabul etmäge» höweslendirýär (Rim. 15:7).
Ýaşaýyş üçin «sabyrly ylgalyň»
20, 21. Bize «ýaryşy bitirmäge» näme kömek eder?
20 Mesihçileriň durmuşyny daş aralyga ylgamak bilen deňeşdirse bolýar. Pawlus şeýle ýazdy: «Ýaryşy bitirdim, imany goradym. Mundan beýläk, dogrulyk, täji meniň üçin taýýar durandyr. Adyl kazy Reb ol günde ony maňa, diňe maňa däl, eýsem Onuň gelmegini söýýänleriň baryna-da berer» (2 Tim. 4:7, 8).
21 Biz Pawlusyň göreldesine eýersek, soňuna çenli yglap, ebedi ýaşaýşa ýetip bileris (Ýew. 12:1). Geliň, şahsy okuwymyzy yzygiderli geçip, adamlara bolan söýgümizi ösdürip we kiçigöwünli garaýyşda bolup ruhy taýdan öseliň!
Siz nähili jogap berersiňiz?
• Pawlusa Mukaddes Ýazgylary yzygider öwrenmeklik nähili peýda berdi?
• Mesihçiler näme üçin adamlary çuňňur söýmeli?
• Adamlar bilen adalatly bolmaga haýsy häsiýetler kömek eder?
• Pawlusyň mysaly ýygnagyň ýaşululary bilen işleşmäge saňa nädip kömek eder?