Hüşgär boluň, Şeýtan sizi ýuwutmak isleýär!
«Hüşgär boluň, oýanyň. Ýagyňyz bolan iblis arlaýjy arslan kimin aýlanyp, ýuwutjagyny agtaryp ýörendir». 1 PET. 5:8
1. Şeýtanyň nädip peýda bolandygyny düşündiriň.
BIR perişde Ýehowanyň ýakyn dostudy. Emma soňra ol adamlary özüne sežde etdirmegiň küýüne düşdi. Ol erbet höwesine ýol berip, günä etdi (Ýakup 1:14, 15). Biz onuň «hakykatda durmadyk» Şeýtandygyny bilýäris. Ol Ýehowa garşy pitne turzup, «ýalanyň atasy» boldy (Ýahýa 8:44).
2, 3. «Şeýtan», «Iblis», «ýylan» we «aždarha» diýen atlar Ýehowanyň ganym duşmanyny nädip aýan edýär?
2 Hawa, Şeýtan pitne turzandan soňra Ýehowanyň we adamlaryň ganym duşmany bolýar. Şeýtanyň göterýän atlary onuň azgyn häsiýetlerini aýan edýär. Şeýtan «Duşman» diýmegi aňladýar. Bu zalym perişde Hudaýyň hökümdarlygyna tabyn bolman, gazaply söweş alyp barýar. Üstesine-de, Şeýtan Ýehowanyň hökümdarlygyny eýelemek isleýär.
3 Ylham 12:9-da Şeýtan diýip atlandyrylýan Iblise «Töhmetçi» hem diýilýär. Ol Ýehowa ýalançy diýip töhmet atýar. Mukaddes Ýazgylarda oňa «köne ýylan» hem diýilýär. Sebäbi Şeýtan Erem bagynda ýylan arkaly How enäni aldaýar. Ol «uly aždarha», ýagny wagşy haýwan kimin Ýehowanyň niýetine garşy çykyp, Onuň halkyny ýok etmek isleýär.
4. Biz şu makalada näme barada gürrüň ederis?
4 Şeýtan aýypsyzlygyny saklaýan mesihçilere garşy göreşýär. Şol sebäpli Mukaddes Ýazgylar şeýle duýdurýar: «Hüşgär boluň, oýanyň; ýagyňyz bolan iblis arlaýjy arslan kimin aýlanyp, ýuwutjagyny agtaryp ýörendir» (1 Pet. 5:8). Biz şu makalada Ýehowanyň we Onuň halkynyň duşmany bolan zalym Şeýtanyň üç häsiýeti hem-de oňa garşy durmagyň wajypdygy barada gürrüň ederis.
ŞEÝTAN — GÜÝÇLI
5, 6. a) Perişdeleriň «gudraty güýçlüdigini» gürrüň beriň. b) Şeýtan haýsy manyda «ölüm güýjüne eýedir»?
5 Perişdeler — «gudraty güýçli» ruhy şahsyýet (Zeb. 103:20). Olar adamlardan beýik, örän paýhasly we güýçlüdir. Elbetde, Hudaýa wepaly perişdeler güýjüni ýagşy işlere sarp edýär. Meselem, Ýehowanyň perişdesi aşurlylaryň 185 müň esgerini öldürýär. Muny ne adam başarar, ne-de ägirt uly goşun (2 Pat. 19:35). Bir güýçli we başarjaň perişde bolsa, Isanyň resullaryny türmeden boşadýar. Ol sakçylaryň gözüniň alnynda gapylary açýar-da, resullary boşadyp, gapylary öňküsi ýaly ýapyp gaýdýar (Res. iş. 5:18—23).
6 Wepaly perişdelerden tapawutlylykda, Şeýtan güýjüni erbet işlere sarp edýär. Ol diýseň güýçli we täsir ediji şahsyýet. Mukaddes Ýazgylarda oňa «bu dünýäniň hökümdary» we «taňrysy» diýilýär (Ýahýa 12:31; 2 Kor. 4:4). Hatda Şeýtan Iblisiň «ölüm güýjüne eýedigi» aýan edilýär (Ýew. 2:14). Şeýtanyň täsirine düşen How ene bilen Adam ata Hudaýa gulak asmadylar. Şol sebäpli ähli adamlar günäni miras alyp, ölümiň guly boldular (Rim. 5:12). «Ölüm güýjüne eýe» bolan Şeýtan hemme adamlary göni manyda öldürmeýär, ýöne onuň ruhy bütin dünýä täsir edýär. Isa Mesih oňa «ganhor» diýýär (Ýahýa 8:44). Hawa, ol güýçli duşman!
7. Jynlar güýjüni görkezmek üçin näme edýärler?
7 Biz Şeýtana we Hökümdarlyk baradaky jedelli meselede ony goldaýanlara garşy durmaly. Onuň tarapdarlaryna ençeme jynlar, ýagny pitneçi perişdeler hem degişli (Ylh. 12:3, 4). Jynlar adamlara köp ejir çekdirip, öz güýjüni görkezýär (Mat. 8:28—32; Mar. 5:1—5). «Jynlaryň hanynyň», zalym perişdeleriň güýjüni äsgermezçilik etmäliň (Mat. 9:34). Biz Şeýtany diňe Ýehowanyň kömegi bilen ýeňip bileris.
ŞEÝTAN — ZALYM
8. a) Şeýtan kimlere hüjüm edýär? (Makalanyň başyndaky surata serediň). b) Şeýtanyň zalym ruhunyň bu dünýä täsir edýändigi nämeden görünýär?
8 Petrus resul Şeýtany «aýlanyp ýören, arlaýan aç arslana» meňzedýär. Bu jümle zalym Şeýtany örän gowy suratlandyrýar. Şeýtan bütin dünýäniň hökümdary bolsa-da, hiç hili kanagatlanmaýar (1 Ýahýa 5:19). Ol, esasanam, mesh edilen mesihçilere we «başga goýunlara» hüjüm edýär (Ýahýa 10:16; Ylh. 12:17). Şeýtan Ýehowanyň halkyny ýuwutmak isleýär. Ol I asyrdan tä şu günlere çenli Isanyň şägirtlerini zalymlyk bilen yzarlaýar.
9, 10. a) Şeýtan Hudaýyň ysraýyl halky babatdaky niýetiniň amala aşmazlygy üçin nädip göreşýär? (Mysal getiriň). b) Şeýtan gadymy ysraýyl halkyny näme üçin yzarlaýardy? w) Ýehowanyň gullukçysy agyr günä etse, Iblis özüni nähili duýýar?
9 Zalym Şeýtan dürli ýollar bilen Hudaýyň niýetiniň amala aşmazlygy üçin göreşýär. Arslan ajyganda penjesine düşen jandary zalymlyk bilen tüýt-müt edýär; oňa rehmi inmeýär. Şeýtanyň hem adamlara hiç hili nebsi agyrmaýar. Meselem, ysraýyl halky ahlaksyzlygyň we açgözlügiň duzagyna düşende, bukuda ýatan Şeýtan Iblisiň awuna syn edişini göz öňüne getiriň. Zimri azgynlyk edip, Geýhazy açgözlükden ýaňa gözgyny ýagdaýa düşdi. Bu wakany okanyňyzda, arslanyň awunyň şowly bolandygy üçin arlaýandygyny «görýärsiňizmi»? (San. 25:6—8, 14, 15; 2 Pat. 5:20—27).
Ýehowanyň gullukçylary agyr günä etse, Şeýtan heşelle kakýar (10-njy abzasa serediň)
10 Şeýtan gadymy ysraýyl halkyny güýçli yzarlaýardy. Sebäbi Şeýtany ýok etjek we Ýehowanyň hökümdardygyny subut etjek Mesih şol milletden gelmelidi (Gel. çyk. 3:15). Şeýtan olary günäniň toruna düşürip, parahatlykda ýaşatmaýardy. Dawut patyşa zyna edende, Musa pygamber Wada edilen diýara girmände, Şeýtanyň olara nebsi agyrandyr öýdýärsiňizmi? Elbetde, ýok. Hudaýyň gullukçylaryndan biri agyr günä etse, Şeýtan begenjinden ýaňa heşelle kakýar. Şeýdip, Iblis Ýehowa gyjalat berýär (Sül. tym. 27:11).
11. Şeýtan näme üçin Sarany günä etmäge iterýär?
11 Şeýtan Mesihiň gelmeli neslini ýigrenýärdi. Hudaý Ybraýym pygambere «beýik bir millet ýaradaryn» diýenden soňra näme bolandygyna seredeliň (Gel. çyk. 12:1—3). Ybraýym bilen Sara Müsüre baranda, faraon Sarany «özüne aýallyga almak» isleýär. Ýöne Ýehowa muňa ýol bermeýär we Sarany ahlaksyzlykdan goraýar (Gel. çyk. 12:14—20). Sara ogly Yshagy dünýä indirmänkä, Gerar ýurduna baranda, ol ýene-de şeýle ýagdaýa duçar boldy (Gel. çyk. 20:1—7). Bu Şeýtanyň hilesimi? Belki, Şeýtan Saranyň gülläp ösýän Ur şäherinden çykyp, çadyrda ýaşandygy üçin faraonyň we Abymelegiň kaşaň köşgüni görende, ýoldan çykar diýip tama edendir? Megerem, ol zyna edip, ýanýoldaşyna we Ýehowa biwepalyk eder öýdendir? Mukaddes Ýazgylarda bu barada hiç zat aýdylmaýar. Sara ahlaksyzlyk eden bolsa, wada edilen nesli dünýä indirmäge mynasyp görülmezdi. Elbetde, Iblis muňa diýseň begenerdi. Ol Sarany at-abraýdan gaçyryp, bagtly maşgalasyny we Ýehowa bilen dostlukly gatnaşygyny bozanyna birjik-de gynanmazdy. Şeýtan, gör, nähili zalym!
12, 13. a) Isa dünýä inende Şeýtanyň zalymdygy nädip aýan boldy? b) Şeýtan Ýehowa söýgi we yhlas bilen gulluk edýän ýaşlara nähili garaýar?
12 Mundan birnäçe asyr geçensoň, Isa dünýä inýär. Şeýtan bu eýjejik bäbejige begenmedi. Sebäbi ol bu çaganyň Mesihdigini bilýärdi. Hawa, Ybraýym pygambere wada edilen nesliniň esasy bölegi Isa «Iblisiň işlerini ýogaldar» (1 Ýahýa 3:8). Şeýtan çagany öldürsem, öte geçerin diýdimikä? Ol — wyždansyz mahluk. Ol dessine bäbegi ýok etmegiň ugruna çykdy. Nädip?
13 Müneçjimler Hirodese «Ýehudylaryň Patyşasynyň» dünýä inendigi barada habar berende, ol lapykeç bolup, çagany öldürmegiň küýüne düşdi (Mat. 2:1—3, 13). Şol sebäpli patyşa Beýtullaham we onuň töweregindäki ýaňy dünýä inen we iki ýaşyna ýeten ähli oglanjyklary ýok etmegi buýurýar (Matta 2:13—18-nji aýatlary okaň). Emma Isa gyrgynçylykdan halas edilýär. Bu waka bize Şeýtan barada nämäni aýan edýär? Iblis adamy hiç zatça görmeýär, onuň çagalara bir damja-da mähri ýok. «Arslan» kimin arlaýan zalym Şeýtana hiç haçan sowuk-sala garamalyň!
ŞEÝTAN — ÝALANÇY
14, 15. Şeýtan nädip «imansyzlaryň akyllaryny küteldýär»?
14 Şeýtan adamlary söýgüden doly Ýehowa Hudaýdan daşlaşdyrmak üçin ýalan sözleýär (1 Ýahýa 4:8). Şeýdip, ol adamlary ruhy taýdan «garyp» edýär (Mat. 5:3). Ol «Hudaýyň keşbi bolan Mesihiň şöhratynyň Hoş Habarynyň nury olary ýagtylandyrmasyn diýip... imansyzlaryň akyllaryny küteldendir» (2 Kor. 4:4).
15 Şeýtan ýalan dini ussatlyk bilen ulanýar. Ol adamlaryň «gabanjaň Hudaý» Ýehowa däl-de, ata-babalaryna, tebigata ýa-da haýwanlara sežde edýändiklerine diýseň begenýär! (Müs. çyk. 20:5). Hudaýa sežde edýän diýip pikir edýän adamlaryň köpüsi peýdasyz däp-dessurlaryň we ýalan taglymatlaryň guly bolýarlar. Ýehowa olaryň gözgyny ýagdaýy barada: «Näme üçin puluňy çörek bolmajak zada, zähmetiňi doýurmajak zada sarp edýäň? Meni ünsli diňläň, ýagşy zady iýiň, janyňyz näzi-nygmatlardan lezzet alar» diýýär (Iş. 55:2).
16, 17. a) Isa näme üçin Petrusa: «Çekil öňümden, şeýtan» diýýär? b) Şeýtan bizi nädip aldaýar?
16 Şeýtan hatda Ýehowanyň yhlasly gullukçylaryny hem aldap bilýär. Isa özüniň öldüriljekdigini şägirtlerine aýdanda, Petrus resul ony bir gyra çekip: «Ýa Reb, Hudaý saklasyn! Seniň başyňa asla beýle iş düşmez!» diýýär. Isa oňa: «Çekil öňümden, şeýtan!» diýip, berk jogap berýär (Mat. 16:22, 23). Isa näme üçin Petrusa «Şeýtan» diýdikä? Sebäbi Isa özüne nämäniň garaşýandygyny gowy bilýärdi. Ol janyny töleg hökmünde bermelidigini we Iblisiň ýalançydygyny subut etmeli wagtynyň golaýlandygyna düşünýärdi. Bu adamzat taryhynda iň wajyp pursatdy. Häzir Isanyň özüne rehimi inmeli wagty däldi. Ol hüşgär bolmadyk bolsa, Şeýtan maksadyna ýeterdi.
17 Biz zalym dünýäniň soňky günlerinde ýaşaýarys. Şeýtan adamlaryň oýa bolman, bu dünýäden gorag gözläp, hüşgärligini elden gidirmegini isleýär. Geliň, onuň toruna düşmezlik üçin «oýa bolmaga» jan edeliň! (Mat. 24:42). Biz Şeýtanyň bu dünýäniň soňy gelmez ýa-da ol giç geler diýen ýalan sözlerine ynanmaly däl.
18, 19. a) Şeýtan özümiz hakda nähili pikir etmegimizi isleýär? b) Ýehowa bize oýa we hüşgär bolmaga nädip kömek edýär?
18 Şeýtan bizi ýene-de bir usul bilen aldaýar. Ol Hudaý bizi söýmeýär we günämizi hiç haçan bagyşlamaz diýip ynandyrjak bolýar. Şeýtan ýalan sözleýär. Aslynda, Ýehowa kimi ýigrenýär? Elbetde, Şeýtany. Kim hiç haçan bagyşlanmaz? Şeýtan bagyşlanmaz. Mukaddes Ýazgylarda: «Hudaý siziň işiňizi... Öz adyna görkezen söýgiňizi unudar ýaly, adalatsyz däldir» diýilýär (Ýew. 6:10). Biz Ýehowany razy etmäge jan edýäris. Ol tagallamyzy gymmat saýýar we gullugymyzyň gadyryny bilýär (1 Korintoslylar 15:58-i okaň). Şeýtanyň ýaýrandýan ýalan sözlerine hiç haçan gulak gabartmalyň.
19 Görşümiz ýaly, Şeýtan güýçli, zalym we ýalançy. Biz şeýle ganym duşmany nädip ýeňip bileris? Ýehowa bizi goragsyz goýmady. Onuň Sözünde Şeýtanyň ähli usullary paş edilýär; biz onuň «ýaman niýetlerinden habarsyz däldiris» (2 Kor. 2:11). Biz Şeýtanyň hilelerini bilsek, oýa we hüşgär bolup bilýäris. Emma diňe bir Şeýtanyň gurýan torlaryny bilmek ýeterlikli däl. Mukaddes Ýazgylarda: «Iblise garşy duruň, ol sizden gaçar» diýilýär (Ýakup 4:7). Biz indiki makalada Şeýtanyň ulanýan üç ýaragyna garşy göreşip, ýeňiş gazanyp biljekdigimiz barada gürrüň ederis.