-
Musanyň imanyndan görelde alyňGarawul diňi — 2014 | 15 aprel
-
-
1, 2. a) Musa kyrk ýaşynda nähili karara geldi? (Makalanyň başyndaky surata serediň). b) Musa näme üçin Hudaýyň halky bilen horluk çekmegi saýlady?
MUSA Müsüriň oňa uly gelejek berjekdigini bilýärdi. Ol uly we kaşaň jaýlary görýärdi. Ony patyşanyň maşgalasy ogullyk alypdy. Musa «müsürlileriň bütin bilimlerinden», ýagny taryh, medeniýet, astronomiýa, matematika we beýleki ylymlaryndan sapak berildi (Res. iş. 7:22). Bu zatlar oňa baýlyk, ygtyýar we at-abraý getirerdi. Şeýle gelejegi ýönekeý müsürli diňe arzuw edip bilýärdi!
2 Emma Musanyň kyrk ýaşynda gelen karary Müsür patyşasynyň maşgalasyny ör-gökden getiren bolmaly. Ol öz ajaýyp gelejeginden el çekip, hatda ýönekeý müsürliler ýaly sada ýaşaýşy däl-de, gullar bilen ýaşamagy saýlady. Näme üçin? Musanyň berk imany bardy (Ýewreýler 11:24—26-njy aýatlary okaň). Şeýle iman oňa daş-töweregindäki zatlardan has köp zatlary görmäge mümkinçilik berýärdi. Ol «Görünmez» Hudaý Ýehowa we Onuň Öz wadalaryny berjaý etjekdigine iman edýärdi (Ýew. 11:27).
-
-
Musanyň imanyndan görelde alyňGarawul diňi — 2014 | 15 aprel
-
-
6. a) Musa näme üçin «Faraonyň gyzynyň ogly diýip tanalmakdan... boýun gaçyrdy»? b) Musanyň gelen karary näme üçin dogrudy?
6 Musanyň imany oňa gelejegi babatda-da dogry karara gelmäge kömek etdi. Ol «ulalanda, Faraonyň gyzynyň ogly diýip tanalmakdan iman arkaly boýun gaçyrdy» (Ýew. 11:24). Musa köşkde abraýly wezipäni eýeläp, soňra baýlygyny we ygtyýaryny ysraýylly doganlaryna kömek etmek üçin ulanmak barada pikir hem etmändir. Ol Ýehowany çuňňur söýýärdi, şol sebäpli Oňa bütin ýüregi, jany-teni we güýji bilen gulluk etmegi ýüregine düwdi (Kan. tag. 6:5; 10:12, 13). Onuň gelen karary köp betbagtçylykdan gorady. Galyberse-de, Musanyň ýüz öwren baýlygyny ysraýyllylar alyp, müsürlileri çökerip gitdiler (Müs. çyk. 12:35, 36). Fyrown masgara boldy we soňra öldürildi (Zeb. 136:15). Musa bolsa halas boldy we Hudaý ol arkaly halkyny azat etdi. Musanyň durmuşy, hakykatdan, manylydy.
-