Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w10 15/7 sah. 7—11
  • «Siziň nähili adamlar bolmagyňyz gerek?»

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • «Siziň nähili adamlar bolmagyňyz gerek?»
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2010
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Hudaýa ýaraýan häsiýetleri ösdüriň
  • «Tegmiltsiz, müýnsüz» boluň
  • Synaglar sizi berkitsin
  • Ýehowa yhlasly gulluk ediň
  • Ýehowanyň guramasyndan daşlaşmaň!
    Ýehowanyň islegini ýerine ýetirýän gurama
  • Ýakup we Petrusyň ýazan hatlaryndan peýdaly pikirler
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2008
  • Petrus resulyň iki hatyndaky maslahatlar
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2023
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2010
w10 15/7 sah. 7—11

«Siziň nähili adamlar bolmagyňyz gerek?»

«Bularyň ählisi şeýle dargajak bolsa, onda siziň nähili adamlar bolmagyňyz gerek? Hudaýyň gününiň gelmegine garaşyp, ony çaltlandyryp, mukaddes ýaşaýyşda, takwalykda gezmelisiňiz». (2 PET. 3:11)

1. Näme üçin Petrusyň ikinji haty mesihçilere peýdalydy?

PETRUS RESUL ikinji ylhamly hatyny ýazan mahaly mesihçiler ýygnagy eýýäm köp yzarlamalara sezewar bolupdy. Muňa garamazdan, olaryň yhlasy gowşamady, ösüşi haýallamady. Indi Iblis wagt synagyndan geçen başga bir mekirlige ýüz urdy. Petrusyň aýtmagyna görä, Şeýtan gözleri «zynadan doly» we «ýürekleri açgözlüge öwrenişen» ýalan mugallymlar arkaly Hudaýyň halkyny azdyrmaga çalyşýardy (2 Pet. 2:1—3, 13; Ýahuda 4). Şoňa görä-de, Petrus ikinji hatynda mesihçileri Hudaýa wepaly galmaga ýürekden çagyrýar.

2. 2 Petrus 3-nji bapda nämä üns berilýär we biz özümize nähili sorag bermeli?

2 Petrus şeýle ýazdy: «Men bu çadyrdan gidýänçäm, bulary ýadyňyza salmak arkaly, sizi oýarmagy dogry bilýärin... basym çadyrymyň çözülmelidigini bilýärin. Göçenimden soň-da, hemişe şu zatlary ýada salyp bilmegiňiz üçin şindi gaýrat edýärin» (2 Pet. 1:13—15). Petrus tizden aradan çykjagyny bilýärdi. Şol sebäpli beren maslahatynyň unudylmazlygyny isleýärdi. Hawa, onuň ýazan hatlary Mukaddes Ýazgylaryň bir bölegi boldy; häzir ony hemmämiz okap bilýäris. Petrusyň ikinji hatynyň 3-nji baby bizi has-da gyzyklandyrýar, sebäbi onda zalym dünýäniň «ahyrky günleri» we göçme manydaky gökleriň, ýeriň heläk boljakdygy barada aýdylýar (2 Pet. 3:3, 7, 10). Petrus bize näme maslahat berýär? Biz bu maslahata eýersek, Ýehowany razy etmäge nädip kömek eder?

3, 4, a) Petrus näme diýdi we nähili maslahat berdi? b) Biz nähili pikirlere serederis?

3 Petrus Şeýtanyň dünýäsiniň heläk boljakdygyny aýdyp, soňra şeýle diýýär: «Siziň nähili adamlar bolmagyňyz gerek? Hudaýyň gününiň gelmegine garaşyp, ony çaltlandyryp, mukaddes ýaşaýyşda, takwalykda gezmelisiňiz» (2 Pet. 3:11, 12). Petrusyň bu sözleri Hudaýyň «öç gününde» diňe Ýehowanyň islegini berjaý edip, oňa ýaraýan häsiýetleri ösdürýän adamlaryň halas boljakdygyny aýdyň görkezýär (Iş. 61:2). Soňra resul sözüni şeýle dowam edýär: «Indi, eý söýgüli doganlar, azgynlaryň (ýalan mugallymlaryň) hatalaryna çekilip, berkligiňizde gowşamaz ýaly, bu zatlary öňünden biliň, özüňizi goraň» (2 Pet. 3:17).

4 Petrus «bu zatlary öňünden bilýärdi», şol sebäpli soňky günlerde mesihçileriň Hudaýa bolan aýypsyzlygyny has-da goramalydygyna düşündi. Biraz soňra Ýahýa resul munuň sebäbini aýtdy. Ol görnüşde gökden Şeýtan kowulandygyny we onuň «gahar-gazaba» münüp, «Hudaýyň buýruklaryny berjaý edip, Isa güwälik edýänler bilen uruşmaga gidendinini» görýär (Ylh. 12:9, 12, 17). Bu uruşda Hudaýyň wepaly mesh edilen gullukçylary we onuň «başga goýunlardan» ybarat bolan kömekçileri ýeňiş gazanarlar (Ýahýa 10:16). Ýöne biziň her birimiz barada näme diýse bolar? Biz aýypsyz galarysmy? Munuň üçin: 1) Hudaýa ýaraýan häsiýetleri ösdürmeli, 2) ahlak hem ruhy taýdan tegmiltsiz, müýnsüz galmaly hem-de 3) synaglara dogry garamaly. Geliň, şulara seredeliň.

Hudaýa ýaraýan häsiýetleri ösdüriň

5, 6. Biz nähili häsiýetleri ösdürmeli we näme üçin «bütin gaýratymyzy sarp etmeli?»

5 Petrus ikinji hatyny şeýle sözler bilen başlaýar: «Bütin gaýraty sarp edip, imanyňyzda artyklygy, artyklykda bilimi, bilimde nebsiňize buýurmagy, nebsiňize buýurmakda sabry, sabyrda takwalygy, takwalykda dogan söýgüsini, dogan söýgüsinde hem Hudaýyň söýgüsini köpeldiň. Şu zatlar sizde bar bolsa, köpelse, sizi Rebbimiz Isa Mesihi tanamakda bikär hem miwesiz goýmaz» (2 Pet. 1:5—8).

6 Hawa, biz Hudaýa ýaraýan häsiýetleri ösdürýän işlere gatnaşmak üçin «bütin gaýratymyzy sarp etmeli». Meselem, ýygnak duşuşyklaryna yzygiderli gatnaşmaga, Mukaddes Ýazgylary her gün okamaga we yzygiderli şahsy okuwy geçirmäge gaýrat etmeli. Şeýle-de yzygiderli, ýakymly hem peýdaly maşgala okuwyny geçirmek üçin gowy gün tertibini düzmeli. Eger biz gowy gün tertibini düzüp, esasan-da, onuň tagamany dadan bolsak, bu peýdaly endikler hemişe hemramyz bolar.

7, 8. a) Dogan-uýalar maşgala okuwy barada näme diýýär? b) Maşgala okuwy size nähili peýda getirýär?

7 Bir uýa maşgala okuwy barada şeýle ýazýar: «Maşgala okuwy bize köp zatlary öwrenmäge kömek edýär». Başga bir uýa şeýle diýýär: «Dogrymy aýtsam, men kitap öwrenilýän duşuşygyň geçirilmegini isleýärdim, sebäbi ol meniň gowy görýän duşuşygymdy. Häzir biz hepdäniň bir güni agşam maşgala okuwyny geçirýäris. Ýehowa bize nämäniň haçan gerekdigini gowy bilýän eken». Bir maşgalabaşy şeýle diýýär: «Maşgala okuwy bize köp kömek berýär. Bu okuwyň her maşgalanyň öz zerurlygyna görä geçirilmegi örän wajyp! Aýalym ikimiz hem mukaddes ruhuň miwesini has-da ösdürip başlandygymyzy duýýarys we gullukda öňküden-de köp şatlyk tapýarys». Başga bir maşgalabaşy bolsa şeýle diýýär: «Çagalarymyz sadyk hyzmatkäriň edebiýatyny okap, köp zady öwrenýärler. Bu olara örän ýaraýar. Maşgala okuwy bize Ýehowanyň gaýgy-aladamyzy bilýändigine we dogalarymyza jogap berýändigine göz ýetirmäge kömek etdi». Sen hem şu aýdylanlara goşulýarmyň?

8 Maşgala okuwyny geçirmäge hiç zat päsgel bermesin. Bir är-aýal şeýle diýýär: «Biz maşgala okuwyny her hepdäniň penşenbe güni agşam geçirýäris. Soňky dört hepdäniň içinde dürli päsgelçilik boldy, emma şonda-da geçirdik». Elbetde, käte gün tertibini üýtgetmeli bolýar. Ýöne maşgala okuwyny yzygiderli geçirmegi ýüregiňize düwüň, hatda bir gününi-de sypdyrmaň!

9. Ýehowa Ýeremiýa nähili goldaw berdi we biz onuň göreldesinden näme öwrenip bileris?

9 Ýeremiýa pygamber bize ajaýyp görelde galdyrdy. Ýehowa oňa gerekli ruhy goldawy berdi we ol örän minnetdar boldy. Bu goldaw oňa gulak asmaýan adamlara hoş habary çydamlylyk bilen wagyz etmäge kömek etdi. Ol: «Ýehowanyň sözi... süňklerimde ýanýan ot kimindi» diýýär (Ýerem. 20:8, 9). Şeýle-de ruhy goldaw Ýeremiýa Iýerusalimiň weýran edilmeginiň öň ýanyndaky kyn döwre hötde gelmäge ýardam etdi. Biz şu günler Hudaýyň Sözüni doly okap bilýäris. Eger Mukaddes Ýazgylary yhlasly öwrenip, ähli zada Ýehowanyň garaýşy bilen garasak, biz Ýeremiýa ýaly şadyýan gulluk ederis, synaglarda wepaly galarys, ahlak we ruhy taýdan arassalygy saklarys (Ýakup 5:10).

«Tegmiltsiz, müýnsüz» boluň

10, 11. Näme üçin «tegmiltsiz, müýnsüz» bolmak üçin gaýrat etmeli we bu nämäni talap edýär?

10 Biz, mesihçiler, soňky günlerde ýaşaýandygymyzy bilýäris. Şol sebäpli biz dünýäniň Ýehowanyň ýigrenýän zatlaryndan, ýagny açgözlükden, jynsy ahlaksyzlykdan we zorlukdan doludygyna geň galmaýarys. Ylham 2:13, 14-nji aýatlara görä, Şeýtanyň mekirligini şeýle beýan etse bolar: «Hudaýyň gullukçylaryny gorkuzyp bolmasa, olary azdyryp bolar». Şoňa görä-de, Petrusyň söýgi bilen beren maslahatyna ýürekden gulak asmaly: «Hudaýyň ýanynda parahatlykda tegmiltsiz, müýnsüz boljak bolup gaýrat ediň» (2 Pet. 3:14).

11 Petrus «gaýrat ediň» diýmek bilen, öňki beren maslahatyny ýene-de gaýtalaýar. Ýehowa bu sözleri Petrusa ýazdyran bolsa, diýmek, Ol «tegmiltsiz, müýnsüz» bolmak, ýagny Şeýtanyň hapa dünýäsine bulaşmazlyk üçin tagalla etmelidigimizi bilýär. Şeýle-de biz ýüregimizi günäli höweslerden goramak üçin tagalla etmeli (Süleýmanyň tymsallary 4:23; Ýakup 1:14, 15-nji aýatlary okaň). Mesihçi ýaşaýşymyza geň galyp, adamlar bize «sögseler-de», berk durmaly (1 Pet. 4:4).

12. Luka 11:13-däki sözler bizi nämä ynandyrýar?

12 Biz bikämildigimiz sebäpli dogrulyk etmek üçin göreşmeli (Rim. 7:21—25). Muny diňe Ýehowanyň kömegi bilen başararys. Ol ýürekden dileýän adamlara mukaddes ruhuny jomartlyk bilen berýär (Luka 11:13). Bu ruh Hudaýa ýaraýan häsiýetleri ösdürmäge kömek edýär. Galyberse-de, diňe bir durmuşda ýüze çykýan kynçylyklara däl, eýsem, Ýehowanyň güni golaýlaşdygyça köpelýän synaglara-da döz gelmäge ýardam berýär.

Synaglar sizi berkitsin

13. Synaglarda çydamly bolmaga bize näme kömek eder?

13 Biz bu köne dünýäde hemişe dürli synaglara duçar bolarys. Şeýle ýagdaýlarda ruhdan düşmän, eýsem, kynçylyklara Hudaýa bolan söýgimizi artdyrmaga, Oňa we Mukaddes Ýazgylara imanymyzy berkitmäge mümkinçilik hökmünde garap bilerismi? Ýakup şägirt şeýle diýýär: «Eý doganlar, dürli synaglara uçranyňyzda, muny uly begenç saýyň; çünki imanyňyzyň barlanmagynyň çydam döredýänligini bilýänsiňiz» (Ýakup 1:2—4). Şeýle-de Ýehowanyň «dindarlary synagdan gutarmagy» başarýandygyny unutmalyň (2 Pet. 2:9).

14. Sizi Ýusup bilen bolan waka nädip ruhlandyrýar?

14 Geliň, Ýakubyň ogly Ýusup bilen bolan waka seredeliň. Ýusuby doganlary gul edip satýarlar (Gel. çyk. 37:23—28; 42:21). Ýusup şeýle zalymlyga duçar bolanda, onuň imany gowşadymy? Ol Hudaýa gaharlanyp, başyna düşen kynçylyklary üçin Ony günäkärledimi? Hudaýyň Sözi «ýok» diýýär! Emma munuň bilen Ýusubyň synaglary tamamlanmady. Biraz wagtdan ony zorlukda aýyplap, türmä basýarlar. Şeýle ýagdaýda-da, ol Hudaýa wepaly galdy (Gel. çyk. 39:9—21). Synaglarda onuň imany berkedi we munuň üçin bol bereket aldy.

15. Nagomynyň göreldesinden näme öwrense bolar?

15 Synaglarda biziň gam-gussa batmagymyz, hatda göwnüçökgünlige düşmegimiz mümkin. Ýusup-da, Hudaýyň beýleki gullukçylary-da synaglarda özüni şeýle duýandyr. Ýanýoldaşyny we iki ogluny ýitiren Naominiň (Nagomynyň) başdan geçirenlerine seredeliň. Ol şeýle diýdi: «Siz maňa Nagomy diýmäň, Mara («ajy») diýiň, sebäbi Gudratygüýçli maňa ajy durmuş berdi» (Rut 1:20, 21). Nagomynyň ýagdaýyna düşünse bolýar. Emma ol hem Ýusup ýaly imanynyň gowşamagyna we Hudaý bilen dostlugynyň bozulmagyna ýol bermedi. Ýehowa bolsa, bu wepaly gullukçysyny sylaglady (Rut 4:13—17, 22). Galyberse-de, Hudaý ýer ýüzüni Jennete öwrende, Şeýtanyň we onuň zalym dünýäsiniň ýetiren ähli zyýanynyň öwezini doldurar. «Öňki zatlar ne ýada düşer, ne-de ýürege geler» (Iş. 65:17).

16. Biz Hudaýa doga etmeklige nähili garamaly we näme üçin?

16 Biz nähili synaglara duçar bolsak-da, Hudaýyň söýgüsini unutmasak, ol bizi goldar (Rimliler 8:35—39-njy aýatlary okaň). Emma Şeýtan bizi ruhdan düşürmek üçin hiç zatdan gaýtmaz. Ýöne biz «sagdyn düşünjeli bolup, hüşgärlik bilen doga etsek», ony ýeňeris (1 Pet. 4:7). Isa şeýle diýdi: «Bu boljak zatlaryň baryndan gaçyp biler ýaly, Ynsan Oglunyň huzurynda durup biler ýaly, hemişe oýa bolup, doga ediň» (Luka 21:36). Mukaddes Ýazgylaryň asyl nusgasynda Isanyň Hudaýa erjellik bilen «doga etmegi» ündändigi barada aýdylýar. Isa bize şeýle maslahat bermek bilen, özüniň hem-de Atasynyň öňündäki abraýymyz hakda oýlanmagyň wagtydygyny belläp geçýär. Ýehowanyň gününde diňe Hudaýy razy edýän adamlar halas bolar.

Ýehowa yhlasly gulluk ediň

17. Size wagyz etmek kyn bolsa, pygamberleriň göreldesinden näme öwrenip bilersiňiz?

17 Hawa, ruhy işler göwnüňi göterýär. Bu bize Petrusyň: «Siziň nähili adamlar bolmagyňyz gerek? Hudaýyň gününiň gelmegine garaşyp, ony çaltlandyryp, mukaddes ýaşaýyşda, takwalykda gezmelisiňiz» diýen sözlerini ýatladýar (2 Pet. 3:11). Ruhy işleriň iň esasysy — hoş habary wagyz etmek (Mat. 24:14). Emma käbir ýerlerde wagyz etmek aňsat däl, sebäbi adamlar hoş habara sowuk-sala garaýarlar, garşylyk görkezýärler ýa-da olar durmuşyň hysyrdylary bilen başagaý. Gadymy döwürde ýaşan Ýehowanyň gullukçylary hem şeýle kynçylyklara duş gelýärdi. Ýöne olar ruhdan düşmän, Hudaýyň habaryny «öwran-öwran» yglan etdiler (2 Taryhlar 36:15-i okaňa; Ýerem. 7:24—26). Olara çydamaga näme kömek etdi? Olar özüne berlen ýumuşa bu dünýäniň garaýşy ýaly däl-de, Ýehowanyň garaýşy bilen garaýardylar. Şeýle-de olar Hudaýyň adyny götermegi uly abraý hasaplapdyrlar (Ýerem. 15:16).

18. Hoş habaryň wagyz edilmegi Hudaýyň adyny geljekde nädip beýgelder?

18 Biz hem Ýehowanyň beýik adyny we onuň ajaýyp niýetini yglan edip bilýäris. Oýlanyp görüň, Ýehowa beýik gününde duşmanlaryny höküm eder, şonda olar Hudaý we onuň niýeti barada eşitmedik diýip bilmezler. Olar hem Musanyň döwründe ýaşan faraon ýaly, Ýehowanyň olara garşy söweşýändigine düşünerler (Müs. çyk. 8:1, 20; 14:25). Şonda olar Hudaýyň wepaly gullukçylarynyň Ýehowanyň wekili bolandyklaryna göz ýetirerler (Ezekiýel 33:33-i okaň)b.

19. Biz Ýehowanyň sabryny dogry ulanýandygymyzy nädip görkezip bileris?

19 Petrus ikinji hatynyň soňunda imandaşlaryna: «Rebbimiziň sabryny gutulyş pursady saýyň» diýýär (2 Petrus 3:15). Geliň, Ýehowanyň sabryny dogry ulanalyň. Nädip? Munuň üçin Hudaýa ýaraýan gylyk-häsiýetleri ösdürmeli, «tegmiltsiz, müýnsüz» ýaşamaly, synaglara dogry garap, yhlasly wagyz etmeli. Şeýle etsek, biz «täze göklere, täze ýere» beriljek tükeniksiz bereketleriň eýesi bolarys (2 Petrus 3:13).

a 2 Taryhlar 36:15 Ata-babalarynyň Taňrysy Ýehowa olara duýdurmak üçin, habarçylaryny öwran-öwran ýollaýardy, çünki halkyna we mesgenine haýpy gelýärdi.

b Ezekiýel 33:33 Seniň sözleriň hökman berjaý bolar; şonda olar aralarynda pygamberiň bolandygyna düşünerler.

Ýadyňyzdamy?

• Biz Hudaýa ýaraýan häsiýetleri nädip ösdürip bileris?

• Biz nädip «tegmiltsiz, müýnsüz» galyp bileris?

• Ýusupdan we Nagomydan näme öwrenip bileris?

• Hoş habary wagyz etmek näme üçin uly hormat?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş