Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • mwbr19 Mart sah. 1—6
  • «Durmuş we wagyz okuw depderi» üçin salgylar

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • «Durmuş we wagyz okuw depderi» üçin salgylar
  • «Durmuş we wagyz okuw depderi» üçin salgylar (2019)
  • Sözbaşylar
  • MART 4—10
  • MART 11—17
  • MART 18—24
  • MART 25—31
«Durmuş we wagyz okuw depderi» üçin salgylar (2019)
mwbr19 Mart sah. 1—6

«Durmuş we wagyz okuw depderi» üçin salgylar

MART 4—10

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | RIMLILER 12—14

«Mesihçiler söýgüsini nädip görkezýär?»

it «Söýgi»

Söýgi

Mesihçiler ýygnagyndaky ähli dogan-uýalaryň arasynda doganlyk söýgüsi (grekçe «filadelfiýa», göni manyda «doganyňy söýmek») bolmaly (Rm 12:10; Ýew 13:1; şeýle-de 1Pt 3:8-e seret). Diýmek, dogan-uýalaryň arasyndaky gatnaşyk edil maşgaladaky ýaly ýakyn, berk we mähirli bolmaly. Mesihçiler doganlyk söýgini görkezýän hem bolsalar, olaryň bu babatda has-da ilerlemelidigi ündelýär (1Sl 4:9, 10).

Grekçe «filostorgos» diýen söz «juda söýmek» diýmegi aňladyp, kimdir biri bilen ýakyn we mähirli gatnaşykda bolmagy görkezmek üçin ulanylýar. Bu söz iki düýp sözden ybarat. Köplenç «stergo» dogan-garyndaşlaryň arasyndaky söýgini görkezmek üçin ulanylýar. Pawlus resul mesihçileri şeýle söýgini ösdürmäge höweslendirdi (Rm 12:10). Şeýle-de ol soňky günlerde adamlaryň «dogan-garyndaşlaryny söýmejekdigini» (grekçe «astorgoý») we şeýle adamlara ölüm jezasynyň beriljekdigini aýtdy (2Tm 3:3; Rm 1:31, 32).

w09 15/10 sah. 8, abz. 3

«Ähli adamlara ýagşylyk etmek üçin jan ediň»

3 Rimliler 12:17-ni okaň. Pawlus resul garşylyga duşanymyzda, ýamanlyk etmeli däldigimizi düşündirýär. Bu maslahata, esasanam, dini ynançlary tapawutlanýan maşgalalaryň eýermegi örän wajypdyr. Mesihçi ýanýoldaşyna erbet söz aýtmaýar we erbet iş etmeýär. Ýamanlyga ýamanlyk etmek gowulyga eltmeýär, gaýtam, ýagdaýy has agyrlaşdyrýar.

w07 1/7 sah. 24, 25, abz. 12, 13

«Ýamanlyga ýamanlyk bilen gaýtargy bermäň»

12 Pawlus resulyň: «Ýamanlyga ýamanlyk bilen gaýtargy bermäň» diýen sözleri imandaşlarymyz we iman etmeýän adamlar bilen nähili gatnaşmalydygymyzy görkezýär. Ol bu sözleri «erbetligi ýigreniň» diýenden soň aýdýar. Dogrudan-da, adam ýamanlyga ýamanlyk bilen gaýtaryp, nädip men erbetligi ýa-da ýamanlygy ýigrenýärin diýip biler? Şeýtmeklik «söýgiňiz ikiýüzli bolmasyn» diýen tabşyryga garşy gelýär. Soňra Pawlus resul şeýle diýýär: «Ähli adamlara ýagşylyk etmek üçin jan ediň» (Rimliler 12:9, 17). Biz bu sözlere nädip eýerýäris?

13 Pawlus resul öň korinflilere ýazan hatynda hem resullaryň yzarlamalara duş gelendigini aýdypdy. Ol şeýle diýýär: «Hudaý bizi... dünýäniň, perişdeleriň we adamlaryň öňüne sahna çykardy... Bize sögenleri patalaýarys; yzarlanlarynda, sabyrlylyk bilen çydaýarys; töhmet atanlarynda, ýumşaklyk bilen jogap berýäris» (1 Korinfliler 4:9—13). Bize adalatsyzlyk edilse-de, ýagşylyk bilen gaýtarsak, muny görýän adamlar wagyz edýän hoş habarymyza gowy seslenmegi mümkin (1 Petrus 2:12).

w12 15/11 sah. 29, abz. 13

Biri-biriňizi bagyşlaň

13 Käbir ýagdaýlarda göwnüňize degen adama Hudaýyň kadalaryny gymmat saýmaga kömek edip bilersiňiz. Pawlus resul: «Duşmanyň aç bolsa, ony naharla; suwsan bolsa, oňa içere suw ber. Şeýtseň, onuň başyna gyzgyn közler guýarsyň. Ýamanlykdan ýeňilmäň-de, ony hemişe ýagşylyk bilen ýeňiň» diýdi (Rim. 12:20, 21). Adam özüni gaharly alyp baranda, ýumşaklygyňyz onuň garaýşyny üýtgedip, özüni gowy alyp barmaga höweslendirer. Göwnüňize degen adamyň ýagdaýyna düşünseňiz, duýgudaşlyk bildirseňiz, belki, onuň hakykat barada bilesi geler. Adama ýumşak jogap berseňiz, ol siziň özüňizi alyp barşyňyz barada oýlanar (1 Pet. 2:12; 3:16).

Ruhy dürdäneleri agtaryň

lv sah. 64, 65, abz. 5, 6

Peýdaly göwün açmalary saýlaň

5 Seniň durmuşda edýän ähli zatlaryň Ýehowa edýän seždäň bilen bagly bolýar. Pawlus hakykat imandaşlaryň ýüreginde berk ornaşar ýaly, Rimlilere ýazan hatynda güýçli söz ulandy. Ol şeýle diýdi: «Bedeniňizi diri, mukaddes we Hudaýa ýaramly gurban hökmünde hödürläň» (Rimliler 12:1). «Bedeniňizi» diýlende adamyň düşünjesi, ýüregi, güýji göz öňünde tutulýar. Hudaýa gulluk edeniňde, sen bularyň ählisini ulanýarsyň (Markus 12:30). Pawlus bütin janyň bilen gulluk etmegi gurban hödürlemek bilen deňeşdirdi. Bu sözde birbada görünmeýän duýduryş bar. Musanyň kanunyna görä, malyň kemçiligi bar bolsa, Hudaý ony kabul etmeýärdi (Lewiler 22:18—20). Şonuň ýaly-da, eger mesihçileriň getirýän ruhy gurbanynyň kemçiligi bolsa, Hudaý ony kabul etmeýär. Bu nähili beýle bolup biler?

6 Pawlus Rimdäki mesihçilere: «Bedeniňizi günä etmek üçin» ulanmaň diýip maslahat berdi. Soňra «günäli işleri öldüriň» diýdi (Rimliler 6:12—14; 8:13). Ol biraz öň hatynda şeýle «günäli işleriň» käbirini agzap geçipdi. Günäli adamlar barada şeýle sözleri okaýarys: «Olaryň agzy gargyşdan... doly», «aýagy gan dökmäge howlugýar», «Olar Hudaýdan gorkmaýarlar» (Rimliler 3:13—18). Eger mesihçi «bedenini», ýagny beden agzalaryny günäli işler üçin ulansa, ol bedenini hapalaýar. Meselem, eger mesihçi bilgeşleýin pornografiýa ýa-da rehimsiz zorluk ýaly azgyn zatlary görse, ol gözi bilen günä edip, bütin bedenini hapalaýandyr. Onuň gullukda edýän islendik işini mukaddes gurban hasaplap bolmaz, ony Hudaý hem kabul etmez (Kanun taglymaty 15:21; 1 Petrus 1:14—16; 2 Petrus 3:11). Diýmek, peýdasyz göwün açma nähili zyýanly!

w08 15/6 sah. 31, abz. 4

Rimliler kitabyndan peýdaly pikirler

13:1. Bu aýatdan ýokary häkimiýetler barada nämäni bilse bolýar? Hudaý häkimiýetlere höküm sürmäge ýol berýär we käbir ýagdaýlarda olaryň höküm sürjekdigini öňünden hem aýdypdy. Muny Mukaddes Ýazgylardaky käbir hökümdarlaryň höküm sürjekdigi baradaky pygamberliklerden görse bolýar.

w11 1/9 sah. 21, 22

Salgytlary tölemelimi?

I asyrdaky mesihçilere salgytlary tölemelidigi barada görkezme berlipdi. Emma XIX asyrda ýaşan hindi syýasatçysy Mohandas Gandi bilen filosof Genri Deýwid Toronyň tölenilýän salgytlaryň bir böleginiň harby işlere ulanylýandygy üçin, olary tölemäge ynsaby çatmaýardy.

Mesihçiler Rimliler 13-nji bapdaky tabşyryga diňe bir temmiden gaçmak üçin däl-de, «ynsabyna görä» tabyn bolýardylar (Rimliler 13:5). Dogrudan-da, salgytlar mesihçiniň goldamaýan zatlaryna ulanylsa-da, ol ynsabyna görä, salgytlary tölemäge özüni borçly hasaplaýar. Bu göräýmäge bir-birine garşy gelýän ýaly bolsa-da, biz bir wajyp zady, ýagny dogry hereket edýärismi ýa-da nädogry hereket edýäris diýýän ynsabymyzy göz öňünde tutmaly.

Her bir adamyň ynsabynyň bardygyny Toro hem aýdypdy. Emma ynsaba görä hemişe dogry karara gelip bolmaýar. Biziň özümizi alyp barşymyz Hudaýa ýaramly bolar ýaly, ynsabymyzy Onuň ýokary ahlak kadalaryna görä terbiýelemeli. Biz öz pikirlerimizi, garaýyşlarymyzy Hudaýyňka görä üýtgetmeli. Sebäbi Onuň pikiri biziňkiden ýokary (Zebur 19:7). Şol sebäpli biz Hudaýyň häkimiýetlere bolan garaýşyna düşünjek bolmaly.

Pawlus resul häkimiýetlere «Hudaýyň gullukçylary» diýdi (Rimliler 13:6). Näme üçin? Sebäbi häkimiýetler, esasan, tertip düzgüne gözegçilik edip, halka hyzmat edýärler. Hatda parahor häkimiýetlerem poçta hyzmatlarynyň, okuw jaýlarynyň, ýangyn söndüriji we hukuk goraýjy edaralaryň işlemeginiň aladasyny edýär. Hudaý adamlaryň döreden häkimiýetleriniň kemçiliklerini gowy bilse-de, wagtlaýynça olaryň höküm sürmegine ýol berýär we bize-de olara hormat goýup, salgytlary tölemegi tabşyrýar.

Emma şeýle düzgün hemişe bolmaz. Hudaý ynsan häkimiýetleriniň ýerine gökdäki Patyşalygyny berkarar edip, olaryň asyrlarboýy adamlara ýetiren ähli zyýany aýrar (Danyýel 2:44; Matta 6:10). Ýöne Hudaý mesihçilere käbir raýatlaryň edişi ýaly, häkimiýetlere gulak asmazlyga, meselem, salgyt tölemezlige rugsat bermeýär.

Siz henizem Gandiniňki ýaly töleýän salgytlaryňyzyň harby işlere ulanylmagyny günä hasaplaýarsyňyzmy? Eger biz dagyň çür depesinde duran adamyň onuň eteginde duran adamyňkydan daş-töweregini has gowy görýändigini unutmasak, Hudaýyň garaýşyna düşünmek aňsat bolar. Sebäbi Ýehowa islendik ýagdaýa bizden gowy düşünýär. Hudaý Işaýa pygamber arkaly şeýle diýýär: «Gökler ýerden nähili beýiklikde bolsa, Meniň ýollarym-da siziň ýollaryňyzdan, Meniň pikirlerim-de siziň pikirleriňizden beýikdir» (Işaýa 55:8, 9).

MART 11—17

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | RIMLILER 15, 16

«Ýehowadan çydamlylyk we teselli diläň»

w17.07 sah. 14, abz. 11

«Aglaýanlar bilen aglaň»

11 Isanyň rehimdardygyny diňe bir Lazaryň ölümi bilen bolan waka däl, eýsem, muny Hudaýyň Sözündäki başga aýatlar hem görkezýär. Hawa, «öňki ýazylan zatlaryň ählisi bize görkezme üçin ýazylypdyr. Olar bize umyt berýär, çünki Ýazgylardaky zatlar çydamly bolmaga kömek edýär we teselli berýär» (Rim. 15:4). Sizem gam-gussa batyp, hasrat çekeniňizde, aşakdaky aýatlary okap, teselli tapyp bilersiňiz.

▪ «(Ýehowa) göwni synyklara ýakyndyr we ruhy ökünçlileri gutarýandyr» (Zeb. 34:18, 19).

▪ «Içimdäki aladalar artanda, (Ýehowa) Seniň teselliň janyma rahatlyk berýär» (Zeb. 94:19).

▪ «Ata Hudaýymyz bizi söýýär we merhemeti arkaly bize ebedi teselli hem-de umyt berýär. Goý, Ol we Halypamyz Isa Mesih ýürekleriňize teselli bersin. Elmydama ýagşy işleri edip, gowy zatlar hakda gürrüň etmegiňiz üçin sizi berkitsin» (2 Sel. 2:16, 17).

w16.04 sah. 14, abz. 5

«Siz çydamly bolmak bilen, özüňizi doly terbiýelärsiňiz»

5 Ýehowanyň kömegini kabul ediň. Ýehowa «çydamlylyk we teselli berýän Hudaý» (Rim. 15:5). Ol diňe bir biziň uçraýan kynçylyklarymyzy bilmek bilen çäklenmän, eýsem, ýagdaýymyza, duýgularymyza gowy düşünýär, hatda nähili ýaradylandygymyzy bilýär. Şol sebäpli Hudaý bize çydamly bolmaga has gowy kömek edip biler. Mukaddes Ýazgylarda şeýle diýilýär: «Ol özünden gorkýanlaryň islegini kanagatlandyrýar, olaryň perýatlaryny eşidýär we olary gutarýar» (Zeb. 145:19). Hudaý biziň çydamlylyk barada edýän dogalarymyza nädip jogap berýär?

w14 15/6 sah. 14, abz. 11

«Ýehowa Hudaýyňy... söý»

11 Ýehowanyň berýän umydy bize şatlyk we parahatlyk berýär (Rim. 15:13). Hudaýyň berýän umydy bize synaglarda berk durmaga kömek edýär. Mesh edilen mesihçiler ömrüniň ahyryna çenli wepaly galsalar «ýaşaýyş täjini» alarlar (Ylh. 2:10). Hudaýyň öňünde aýypsyzlygyny saklan beýleki adamlar ýer ýüzünde tükeniksiz bereketleriň eýesi bolarlar (Luka 23:43). Hudaýyň ajaýyp wadalary bize nähili täsir edýär? Bu bize şatlyk we parahatlyk berip, «her bir gowy we kämil sowgat» berýän Ýaradyjymyza bolan söýgimizi artdyrýar (Ýak. 1:17).

Ruhy dürdäneleri agtaryň

w89 1/12 sah. 24, abz. 3

«Päk söýgiňizi görkeziň»

Başga milletli mesihçiler Iýerusalimdäki imandaşlary kyn ýagdaýa düşende, kömek etmelidiler. Galyberse-de, olar Iýerusalimdäki mesihçilere «bergidardylar». Eýsem, hoş habar başga milletlere Iýerusalimden ýaýramadymy näme? Pawlus resul bu barada şeýle diýdi: «Eger Iýerusalimdäki mukaddesler ruhy zatlaryny başga halklar bilen paýlaşýan bolsalar, onda başga halklar hem maddy zatlaryny olar bilen paýlaşmaga borçludyrlar» (Rimliler 15:27).

it «Öňdengörüjilik»

Öňdengörüjilik

Wada edilen nesil, ýagny Isa Mesih arkaly ähli halkdan bolan dogry adamlar bereket alar (Gl 3:8, 14). Ilkinji gezek «nesil» barada Erem bagynda turan pitneden soň, entek Habyl dogulmanka aýdylypdy (Gelç 3:15). 4 000 ýyldan soň, «mukaddes syr» açylyp, Mesihi «nesliň» kimdigi aýan boldy. Dogrudanam, «bu syr uzak wagtlap gizlin galypdy» (Rm 16:25—27; Ef 1:8—10; 3:4—11).

MART 18—24

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 1 KORINFLILER 1—3

«Sen ten islegine görä ýaşaýan adammy ýa-da Hudaýyň ruhunyň görkezmesine eýerýän adam?»

w18.02 sah. 19, abz. 4, 5

Ruhy taýdan ýetişen bolmak nämäni aňladýar?

4 Geliň, başda ten islegine görä ýaşaýan adamyň garaýşynyň nähili bolýandygyny bileliň. Şu dünýäde ten islegiňe görä ýaşamak öňe sürülýär. Pawlus resul muny: «Hudaýa gulak asmaýan adamlarda hereket edýän garaýşa görä ýaşaýardyňyz» diýip düşündirdi (Efes. 2:2). Bu garaýyş gaty köp adamlara täsir edýär, ýagny olar köpçüligiň yzyna eýerip ýaşaýarlar. Şeýle adamlar ten islegini ileri tutýarlar. Şol sebäpli olar Hudaýyň kada-kanunlaryna eýermek üçin jan etmän, gaýtam, öz gözünde dogry hasaplaýan zatlaryny edýärler. Ten islegine görä ýaşaýan adam köplenç at-abraýa, baýlyga kowalaşýar ýa-da dogry hasaplaýan zatlaryny öňe sürýär.

5 Ten islegine görä ýaşaýan adamy ýene nähili suratlandyrsa bolar? Muňa «ten işlerini» edýän adamlaryň hemmesi degişli (Gal. 5:19—21). Pawlus resul Korinfdäki ýygnaga ýazan birinji hatynda ten islegine görä ýaşaýan adamyň bildirýän başga-da käbir häsiýetlerini agzady. Olara bölünişik döretmek, tarapgöýlik etmek, agzalalyk, birek-biregiň üstünden kazyýete arz etmek, ýolbaşçylara hormat goýmazlyk, açgözlük ýaly zatlar degişli. Dogrudan-da, ten islegine görä ýaşaýan adam synaga düşende, ruhy taýdan gowşak bolýar we derrew ýan berýär (Sül. tym. 7:21, 22). Ýahuda şägirt şeýle adamlara hatda «Hudaýyň ruhy bolmadyklar» diýdi (Ýahd. 18, 19).

w18.02 sah. 19, abz. 6

Ruhy taýdan ýetişen bolmak nämäni aňladýar?

6 Eýsem, «Hudaýyň ruhunyň görkezmesine eýerýän adam» nähili bolýar? Ol Hudaýy razy edip ýaşaýar we ten islegine görä ýaşaýan adamdan düýpgöter tapawutlanýar. Ruhy garaýşyny saklaýan adamlar «Hudaýdan görelde almaga» jan edýärler (Efes. 5:1). Başgaça aýdanyňda, olar Ýehowanyň pikir edişi ýaly pikirlenip, ähli zada onuň garaýşy ýaly garamaga çalyşýarlar. Olar Hudaýyň bardygyna berk ynanýarlar. Ten islegine görä ýaşaýanlardan tapawutlylykda, olar hemme ýagdaýda Ýehowanyň kada-kanunlaryna eýermek üçin tagalla edýärler (Zeb. 119:33; 143:10). Olar ten islegini öňe sürmän, gaýtam, «ruhuň miwesini» görkezmäge çalyşýarlar (Gal. 5:22, 23). Ruhy garaýyşda bolmagyň ýene näme aňladýandygyny bilmek üçin, şu barada oýlanyň: hemişe dogry garaýşyny saklaýan adam pikirini gowy zatlara gönükdirýär. Ruhy zatlary gymmat saýýan adam bolsa pikirini ruhy zatlara gönükdirýär.

w18.02 sah. 22, abz. 15

Ruhy taýdan ýetişen bolmak nämäni aňladýar?

15 Biz Mesihiň göreldesine nädip eýerip bileris? 1 Korinfliler 2:16-da: «Mesihiň pikir edişi ýaly, pikir ediň», Rimliler 15:5-de bolsa: «Mesih Isanyňky ýaly pikirde boluň» diýilýär. Şol sebäpli biz Isadan görelde almak üçin, onuň pikirlenişi ýaly pikirlenmeli we onuň häsiýetlerinden görelde almaly. Soňra onuň yzyna eýermeli. Isa bar pikirini Hudaý bilen dostlukly gatnaşygyna gönükdirdi. Biz Isanyň göreldesine eýermäge näçe jan etsek, şonça-da Ýehowanyň häsiýetlerini görkezeris. Ine, şol sebäpli-de Isanyň pikirlenişi ýaly pikirlenmek örän wajyp.

Ruhy dürdäneleri agtaryň

it «Akyldarlyk»

Akyldarlyk

Şu dünýä akyldarlygy bilen Hudaýyň Mesih arkaly halas etjekdigini akylsyzlyk hasaplap, ondan ýüz öwürdi; dünýäniň hökümdarlary bolsa, dolandyrmak meselesinde ukyply bolsalar-da, «şöhratly Halypamyzy pürse çüýlediler» (1Kr 1:18; 2:7, 8). Hudaý hem dünýäniň akyldar adamlarynyň akyldarlygynyň akylsyzlykdygyny subut etdi. Ol niýetini amala aşyrmak üçin, dünýäniň gözünde «Hudaýyň akylsyz zadyny» şeýle-de olaryň akylsyz, gowşak we ähmiýetsiz hasaplaýan adamlaryny ulanyp, dünýäniň akyldarlaryny utandyrdy (1Kr 1:19—28). Pawlus resul Korinfdäki mesihçilere «dünýäniň» we «dünýäniň hökümdarlarynyň» akyldarlygynyň ýok bolup gitjekdigini ýatladýar. Şol sebäpli resulyň aýdýan ruhy zatlarynda dünýäniň akyldarlygy ýokdy (1Kr 3:6, 13). Ol Kolosdaky mesihçilere hem «boş zatlar, ýagny dünýäniň düşünjeleridir akyldarlygy (grekçe «filosifiýas», göni manyda «akyldarlyga bolan söýgi») we ynsan akyldarlygy bilen aldanyp ýesir edilmez» ýaly duýdurýar (Kl 2:8; 20—23-nji aýatlary deňeşdiriň).

w08 15/7 sah. 27, abz. 6

Korinfliler kitabyndan peýdaly pikirler

2:3—5. Pawlus grek filosofiýasynyň we ylmynyň merkezi bolan Korinfde wagyz edende, şäheriň adamlaryny ynandyryp biljekdigi hakynda alada edip bilerdi. Emma ol Hudaýyň beren ýumşuny ýerine ýetirende, biliminiň we ukybynyň ýeterlikli däldigine hem-de gorkynyň päsgel bermegine ýol bermedi. Şonuň ýaly, bize-de öwrenişmedik şertler we käbir ýagdaýlar Hudaýyň Patyşalygy hakynda hoş habary wagyz etmäge päsgel bermeli däl. Pawlus resul ýaly, bizem Ýehowanyň kömegine bil baglap bileris.

MART 25—31

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 1 KORINFLILER 4—6

«Azajyk hamyrmaýa tutuş hamyry turşadýandyr»

w15 15/4 sah. 30, abz. 5, 6

Ýygnak gatnaşygyndan kesilmek söýgi bilen berilýän terbiýemi?

Günä eden adamyň ýygnak gatnaşygyndan kesilmegi oňa ýalňyşyna düşünmäge kömek edýär. Bir gezek Isa ýaş ýigidiň öýünden gidip, atasynyň mirasyny keýpi-sapa sowrandygyny gürrüň berýär. Ýaş ýigit kyn güne düşende, durmuşynyň manysyz hem ýowuzdygyna göz ýetirdi. Ol ýalňyşyna düşünip, toba edýär we öýüne dolanýar (Luka 15:11—24). Atasynyň ogluny gujak açyp garşylamagy Ýehowanyň duýgusyna düşünmäge kömek edýär. Ýehowa «erbet adamyň ölmegine däl-de, onuň erbet ýolundan dönüp, diri galmagyna hoşal bolýandygyny» aýdýar (Ezek. 33:11).

Belki-de, ýygnak gatnaşygyndan kesilen mesihçi ruhy maşgalasyndan aýra düşüp, wajyp zatlary ýitirendigine düşüner. Ol eden etmişini egni bilen çekip, Ýehowa Hudaý we onuň halky bilen dostlukly gatnaşygyny, geçiren şatlykly günlerini ýatlaýandyr. Bu zatlar oňa yzyna dolanmaga kömek eder.

w08 15/7 sah. 26, abz. 6

Korinfliler kitabyndan peýdaly pikirler

5:5 «Ýygnak agzalarynyň günäli işlere bolan garaýşy ýoýulman saklanar ýaly», günä eden «adamy Şeýtana tabşyrmak» nämäni aňladýar? Agyr günä eden adam toba etmese, ýygnak gatnaşygyndan kesilýär. Ol adam ýene-de Şeýtanyň zalym dünýäsine degişli bolýar (1 Ýah. 5:19). Şol sebäpli ol Şeýtana tabşyryldy diýse bolýar. Şeýle adam ýygnak gatnaşygyndan kesilende, «ýygnak agzalary» erbet täsire düşmeýär. Şeýdip, olaryň «günäli işlere bolan garaýşy ýoýulman saklanýar» (2 Tim. 4:22).

lv sah. 207, 208, goşmaça maglumat

Ýygnak gatnaşygyndan kesilmek

Birinjiden, bu biziň Hudaýa we onuň Sözüne wepalydygymyzy görkezýär. Biz Ýehowa diňe amatly wagty däl, eýsem, kyn bolanda-da gulak asýarys. Ýehowa bolan söýgimiz onuň ähli tabşyryklaryna gulak asmaga höweslendirýär, çünki ol adalatly we söýgüli Hudaý, onuň kanunlary bolsa örän peýdaly (Işaýa 48:17; 1 Ýahýa 5:3). Ikinjiden, toba etmeýän günäkär bilen gepleşmän, biz özümizi we ýygnagy ruhy hem-de ahlak taýdan arassa saklaýarys, ýygnagyň abraýyna-da şek ýetmeýär (1 Korinfliler 5:6, 7). Üçünjiden, Mukaddes Ýazgylaryň prinsiplerine berk eýersek, hatda ýygnak gatnaşygyndan kesilene hem peýda getirip biler. Ýaşulularyň çykaran kararyna gulak asyp, belki, olaryň kömek etmek üçin eden tagallalaryna seslenmedik günäkäriň ýüregine täsir ederis. Ýakynlary bilen gepleşmekden mahrum bolan adam, mümkin, «akylyna aýlanyp», eden günäsiniň agyrdygyna düşüner we Ýehowa dolanmak üçin ädimleri äder (Luka 15:17).

Ruhy dürdäneleri agtaryň

w09 15/5 sah. 24, abz. 16

Perişdeler — «hyzmatkär ruhlar»

16 Mesihçiler synaga düşende «perişdeleriň... öňüne sahna çykýar» (1 Kor. 4:9). Perişdeler biziň wepalylygymyzy görüp, örän begenýärler we günä eden adam toba edende şatlanýarlar (Luka 15:10). Perişdeler mesihçi uýalaryň Hudaýa ýaramly häsiýetini görýär. Mukaddes Ýazgylarda «perişdelere alamat bolar ýaly, aýal ärine tabyn bolýandygyny görkezmek üçin başyny örtmelidir» diýilýär (1 Kor. 11:3, 10). Perişdeler mesihçi uýalaryň we Hudaýyň ýerdäki beýleki gullukçylarynyň teokratik düzgüne hem baştutanlyga tabyn bolýandygyny görüp, guwanýarlar. Şeýle tabynlyk Hudaýyň gökdäki ogullaryna gowy ýatlatma bolýar.

it «Kanun»

Kanun

Perişdeler kanuna tabyn bolýarlar. Perişdeleriň orny adamlaryňkydan ýokary bolsa-da, olar Hudaýyň kanynyna we tabşyryklaryna tabyn bolýarlar (Ýew 1:7, 14; Zb 104:4). Ýehowa hatda duşmany bolan Şeýtana hem belli bir çäk goýdy (Eýp 1:12, 2:6). Baş perişde Mikaýyl Ýehowany Baş Kazy hasaplaplaýandygyny we hormat goýýandygyny Iblis bilen jedelleşende: «Saňa Ýehowa käýesin» diýip görkezdi (Ýhd 9; Zk 3:2-ni deňeşdiriň). Ýehowa Hudaý ähli perişdeleri şöhratly Isa Mesihe tabyn etdi (Ýew 1:6; 1Pt 3:22; Mt 13:41; 25:31; Fp 2:9—11). Isa bir perişdesini Ýahýanyň ýanyna iberýär (Ylh 1:1). Emma Pawlus resul 1 Korinfliler 6:3-de perişdeleri höküm etmäge Mesihiň doganlaryna hem ygtyýar berlendigini aýdýar. Şol sebäpli olar hem haýsydyr bir ýol bilen zalym ruhlaryň üstünden çykaryljak höküme gatnaşmaklary mümkin.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş