«Ýamanlyk deregine hiç kime ýamanlyk etmäň»
«Ýamanlyk deregine hiç kime ýamanlyk etmäň. Ähli adamlaryň öňünde oňat işlere üns beriň» (RIMLILER 12:17).
1. Adamlaryň köpüsi özüni nähili alyp barýar?
ÇAGANY başga bir çaga iteklände, köplenç ol hem ony itekläp, gaýtargy berýär. Gynansak-da, şeýle gaýtargyny diňe çagalar däl, ulularyň köpüsi-de berýär. Kimdir biri olaryň göwnüne degende, olar gaýtargy bermek isleýärler. Dogrusyny aýdanyňda, ulularyň köpüsi aç-açan däl-de, bildirmän gaýtargy berýärler. Olar göwnüne degen adamyň gybatyny etmegi ýa-da goýan maksadyna ýetmez ýaly oňa päsgel bermegi mümkin. Bu usullaryň haýsysyny ulansalar-da, olaryň maksady bir — gaýtargy berip, ar almak isleýärler.
2. a) Mesihçiler näme üçin ar almaýarlar? b) Biz haýsy soraglara we Mukaddes Ýazgylaryň haýsy babyna serederis?
2 Ar almak islegi adamyň ýüreginde berk ornaşan bolsa-da, mesihçiler oňa garşy durýarlar. Olar Pawlusyň: «Ýamanlyk deregine hiç kime ýamanlyk etmäň» diýen maslahatyna eýermäge çalyşýarlar (Rimliler 12:17). Bizi ýokary ahlak kadalary boýunça ýaşamaga näme höweslendirýär? Esasan, kime ýamanlyk bilen gaýtargy bermeli däl? Eger ar almasak nähili peýda getirer? Bu soraglara jogap bermek üçin, geliň, Pawlusyň başga aýatlarda aýdan sözlerine we Rimlileriň 12-nji babyna seredeliň. Biz ar almasak dogry edýändigimizi, söýgimizi we pesgöwünligimizi görkezýändigimizi bileris. Biz bularyň üçüsine-de gezekli-gezegine serederis.
«[Şol sebäpli, TD] size ýalbarýaryn»
3, 4. a) Pawlus resul 12-nji bapdan başlap nämä seredýär we «şol sebäpli» diýen sözi näme maksat bilen ulanýar? b) Rimdäki mesihçiler Hudaýyň rehimine nähili seslenmelidiler?
3 Pawlus resul 12-nji bapdan başlap mesihçileriň durmuşyna täsir edýän biri-biri bilen baglanyşykly dört zada: biziň Hudaý, imandaşlar, iman etmeýän adamlar we häkimiýetler bilen gatnaşygymyza seredýär. Pawlus resul: «[Şol sebäpli, TD] eý doganlar... Hudaýyň rehimleri arkaly size ýalbarýaryn» diýende, erbet endiklere we ar almak islegine garşy durmagyň esasy sebäbini görkezýär (Rimliler 12:1). Bu aýatdaky «şol sebäpli» diýen söz «ýokarda aýdylyşy ýaly» diýmegi aňladýar. Aslynda, Pawlus şeýle diýýär: «Ýaňy ýokarda düşündirişim ýaly, şu aşakdaky aýtjak sözlerime görä, hereket etmegiňizi ýalbarýaryn». Pawlus resul Rimdäki mesihçilere nämäni «ýokarda düşündirdi»?
4 Pawlus resul hatynyň ilkinji on bir babynda ýehudylaryň we ýehudy dälleriň Hudaýyň Patyşalygynda Isa Mesih bilen patyşalyk etmäge ajaýyp mümkinçiliginiň bardygyny aýdýar. Emma Ysraýyl halky ol mümkinçiligi ulanmaýar (Rimliler 11:13—36). Bu uly hormaty diňe «Hudaýyň rehimi» arkaly gazanmak mümkindi. Hudaýyň bu uly merhemetine mesihçiler nähili seslenmelidiler? Olaryň ýürekleri minnetdarlykdan dolup, Pawlusyň: «Özüňizi diri, mukaddes Hudaýyň halajak gurbany hökmünde hödürläň» diýen maslahatyna eýermäge höweslendirmelidi (Rimliler 12:1). Ýöne mesihçiler özüni nädip Hudaýa «gurban» berip bilerdi?
5. a) Adam Hudaýa özüni nädip «gurban» berip biler? b) Mesihçiler haýsy prinsipe eýermeli?
5 Pawlus: «Bu dünýä meňzeş bolman, Hudaýyň halaýan oňat, kämil isleginiň nämedigini aňlar ýaly, pikiriňiziň täzelenmegi bilen üýtgäň» diýip düşündirýär (Rimliler 12:2). Mesihçiler pikirine bu dünýäniň ruhunyň täsir etmegine ýol bermän, Isanyňky ýaly pikirde bolmak üçin pikirini täzelemelidiler (1 Korintoslylar 2:16; Filipililer 2:5). Şu prinsipe ähli mesihçiler, şol sanda biz hem gündelik durmuşymyzda eýermeli.
6. Pawlusyň Rimliler 12:1, 2-nji aýatlardaky sözlerine görä, ar almazlyga bizi näme höweslendirýär?
6 Pawlus resulyň Rimliler 12:1, 2-nji aýatlardaky sözleri bize nädip kömek edýär? Biz hem Rimdäki mesh edilen mesihçiler ýaly Hudaýyň elmydama, dürli ýollar bilen bildiren we häzirem her gün bildirýän rehimliligine çuňňur minnetdarlyk bildirýäris. Şol sebäpli, Hudaýa bütin güýjümiz, emlägimiz we ukybymyz bilen gulluk edýäris. Şeýle ak ýürekden isleg bu dünýä ýaly däl-de, Isanyňky ýaly pikirde bolmaga höweslendirýär. Eger Isa ýaly pikir etsek, imandaşlar we iman etmeýän adamlar bilen gatnaşygymyza dogry täsir eder (Galatýalylar 5:25). Mysal üçin, eger Isa ýaly pikir etsek, ar almak islegine garşy göreşeris (1 Petrus 2:21—23).
«Söýgi ikiýüzli bolmasyn»
7. Rimlileriň 12-nji babynda söýginiň haýsy görnüşi aýdylýar?
7 Ýamanlyga ýamanlyk etmeýändigimiziň sebäbi, diňe bir onuň dogrudygy üçin däl, eýsem söýýändigimiz üçin hem edýäris. Pawlusyň söýgi barada aýdan indiki sözlerine üns bereliň. Ol rimlilere ýazan hatynda Hudaý bilen Isa Mesihiň söýgüsi barada aýdanda, «söýgi» (grekçe agapi) sözüni ençeme sapar ulanýar (Rimliler 5:5, 8; 8:35, 39). Emma 12-nji bapda Pawlus agapi sözüni adamlaryň arasyndaky söýgi bilen baglanyşykly ulanýar. Ol ruhy sylagyň dürli görnüşlidigini we onuň diňe käbir imandaşlara berlendigini belläp, söýgini bolsa ähli mesihçileriň ösdürmelidigini düşündirýär. Ol: «Söýgi ikiýüzli bolmasyn» diýýär (Rimliler 12:4—9). Mesihçiler adamlara bolan söýgüsi bilen tapawutlanýarlar (Markus 12:28—31). Pawlus resul mesihçilere ak ýürekden söýgi bildirmegi ündeýär.
8. Ikiýüzlülik etmeýän söýgini nädip görkezip bolýar?
8 Soňra Pawlus ikiýüzlülik etmeýän söýginiň nähili bolýandygyny belläp, şeýle ýazýar: «Erbetligi ýigrenip, ýagşylyga ýapyşyň» (Rimliler 12:9). «Ýigrenmek» we «ýapyşmak» diýen sözler güýçli sözler. «Ýigrenmek» diýen sözi «gaty ýigrenmek» diýip terjime etse bolýar. Biz diňe ýamanlygyň netijesini däl-de, eýsem onuň özüni ýigrenmeli (Zebur 97:10). Grek dilinden «ýapyşyň» diýip terjime edilen işligiň göni manysy «ýelmeşmegi» aňladýar. Akýürekden söýgi bildirýän mesihçi ýagşylyga edil «ýelmeşen» ýaly berk ýapyşýar. Umuman, ýagşylyk etmek onuň esasy häsiýetleriniň biri bolýar.
9. Pawlus haýsy maslahaty gaýta-gaýta aýdýar?
9 Pawlus resul söýginiň bir aýratynlygyny gaýta-gaýta aýdýar. Ol şeýle diýýär: «Özüňize azar berýänlere haýyr-doga ediň, gargamaň... Ýamanlyk deregine hiç kime ýamanlyk etmäň... Özüňiz öç almaň... Özüňi ýamanlyga ýeňdirme-de, ýamanlygy ýagşylyk bilen ýeň» (Rimliler 12:14, 17—19, 21). Pawlusyň şu sözleri imansyz adamlar, hatda bize garşy çykýanlar bilen nähili gatnaşykda bolmalydygymyzy anyk görkezýär.
«Özüňize azar berýänlere haýyr-doga ediň»
10. Biz yzarlaýanlar üçin nädip haýyr-doga edip bileris?
10 Biz Pawlus resulyň: «Özüňize azar berýänlere haýyr-doga ediň» diýen sözlerine nädip eýerip bileris? (Rimliler 12:14). Isa şägirtlerine şeýle diýdi: «Duşmanlaryňyzy söýüň... sizi yzarlaýanlar üçin doga ediň» (Matta 5:44; Luka 6:27, 28). Diýmek, biz yzarlaýanlar üçin haýyr-doga edýäris. Meselem, hakykaty bilmeýändigi üçin bize garşy çykýan adamlar barada dogap edip, Ýehowa olaryň gözlerini açar ýaly dileg edýäris (2 Korintoslylar 4:4). Yzarlaýanlar üçin doga etmeklik geň zat bolup görünmegi mümkin. Emma biziň pikirimiz Isanyň pikirine näçe meňzeş bolsa, şonça-da duşmanlarymyza söýgi bildirmek aňsat bolar (Luka 23:34). Şeýle söýgi nähili netije getirip biler?
11. a) Stefanusyň mysalyndan näme öwrenip bileris? b) Yzarlaýanlaryň käbiriniň gowulyga üýtgäp biljekdigini Pawlusyň mysaly nädip görkezýär?
11 Yzarlaýanlar üçin doga edenleriň biri Stefanusdy. Hudaý onuň dogasyny eşidýär. Bu nämeden görünýär? B. e. 33-nji ýylynyň Pentikost gününden biraz wagt geçensoň, mesihçiler ýygnagyny yzarlap başlaýarlar. Şonda Stefanusy tutup, Iýerusalim şäherinden çykaryp daşlaýarlar. Ol ölüminiň öň ýany batly gygyryp: «Ýa Reb! Bu günäni olara ýazma!» diýip doga edýär (Resullaryň işleri 7:58—8:1). Şol adamlaryň arasynda Saul hem bardy. Ol Stefanusyň öldürilmegini goldap, oňa şaýat bolýar. Birnäçe wagt geçenden soň, direlen Isa Saula görünýär. Öň mesihçileri yzarlan adam, indi Isa Mesihiň şägirdi bolup, Pawlus resul hökmünde tanalyp, rimlilere hat ýazýar (Resullaryň işleri 26:12—18). Stefanusyň dogasyna laýyklykda, Ýehowa Pawlusyň yzarlany üçin günäsini bagyşlaýar (1 Timoteos 1:12—16). Şol sebäpli Pawlusyň mesihçilere: «Özüňize azar berýänlere haýyr-doga ediň» diýip, aýdandygy geň galdyrmaýar! Ol käbir yzarlaýan adamlaryň Hudaýyň gullukçysy boljakdygyny öz tejribesinden bilýärdi. Şu günlerem käbir adamlar Ýehowanyň gullukçylaryny yzarlasalar-da, olaryň özüni parahat alyp barşyny görüp, hakykaty kabul edýärler.
«Ähli adamlar bilen oňşukly ýaşamak»
12. Rimliler 12:9, 17-nji aýatlaryň nähili baglanyşygy bar?
12 Pawlusyň: «Ýamanlyk deregine hiç kime ýamanlyk etmäň» diýen sözleri imandaşlar we imansyz adamlar bilen nähili gatnaşmalydygymyzy görkezýär. Ol şeýle netijä «erbetligi ýigreniň» diýenden soň gelýär. Dogrudan-da, adam ýamanlyga ýamanlyk bilen gaýtaryp, nädip men erbetligi ýa-da ýamanlygy ýigrenýärin diýip biler? Bu ikiýüzli bolmadyk söýgä düýbünden garşy gelýär. Soňra Pawlus şeýle diýýär: «Ähli adamlaryň öňünde oňat işlere üns beriň» (Rimliler 12:9, 17). Bu sözlere biz nädip eýerýäris?
13. «Ähli adamlaryň öňünde» bolmak nämäni aňladýar?
13 Pawlus ilki korintoslylara ýazan hatynda resullaryň yzarlamalara duçar bolandygyny aýdyp, şeýle diýýär: «Biz dünýä, perişdelere we adamlara tomaşa bolduk... sögülemizde, haýyr-doga edýäris, azar berlende çydaýarys. Myjabat ýapylanda, mylaýym jogap berýäris» (1 Korintoslylar 4:9—13). Şu günlerem bu dünýäniň adamlary mesihçilere syn edýärler. Bize adalatsyz garasalar-da, edýän oňat işlerimizi görende, wagyz edýän hoş habarymyza adamlaryň gowy seslenmegi mümkin (1 Petrus 2:12).
14. Parahat ýaşamaga nädip çalyşmaly?
14 Biz parahat ýaşamaga nädip çalyşmaly? Mümkin boldugundan elimizden gelenini etmeli. Pawlus resul mesihçilere şeýle diýdi: «Oňardygyňyzdan ähli adamlar bilen oňşukly ýaşamak barada eliňizden geleni aýamaň» (Rimliler 12:18). «Oňardygyňyzdan» we «eliňizden geleni aýamaň» diýen sözler adamlar bilen hemişe oňşukly ýaşap bolmaýandygyny görkezýär. Mysal üçin, adamlar bilen parahat ýaşamak üçin biz Hudaýyň tabşyrygyny bozup bilmeris (Matta 10:34—36; Ýewreýler 12:14). Muňa garamazdan, «ähli adamlar bilen» oňşukly ýaşamak üçin, Hudaýyň prinsiplerine garşy çykman elimizde baryny edip bileris.
«Özüňiz öç almaň»
15. Rimliler 12:19-daky haýsy sebäbe görä biz öç almaly däl?
15 Pawlus resul ar almazlygyň ýene-de bir güýçli sebäbini görkezýär; şonda biz pesgöwünligimizi görkezeris. Ol şeýle diýýär: «Eý söýgüli doganlar, özüňiz öç alman, Hudaýyň gazabyna ýol beriň. Çünki: «Reb diýýär: Öç Meniňkidir, öwezini men bererin» (Rimliler 12:19). Öç almaga çalyşýan mesihçi özüni tekepbir alyp barýar. Ol Hudaýyň etmeli işini öz boýnuna alýar (Matta 7:1). Galyberse-de, ol özi öç alyp, Ýehowanyň: «Öç meniňkidir» diýen sözlerine ynanmaýandygyny görkezýär. Hudaýyň hakyky gullukçylary bolsa Ýehowanyň «saýlananlarynyň hakyny aljakdygyna» ynanýarlar (Luka 18:7, 8; 2 Selanikliler 1:6—8). Olar pesgöwünlik bildirip, ýamanlyk edenlere öç almagy Ýehowa tabşyrýarlar (Ýeremiýa 30:23, 24; Rimliler 1:18).
16, 17. a) Kimdir biriniň başyna «közler guýmak» nämäni aňladýar? b) Siz ýagşylygy görüp, ýüregi ýumşan imansyz adamy bilýärmisiňiz? Bilýän bolsaňyz, mysal getiriň.
16 Duşmanlarymyzdan ar alsak, olaryň gaharyny getireris, ýöne ýagşylyk etsek, ýüregini ýumşadyp bileris. Näme üçin? Pawlus resulyň Rimdäki mesihçilere aýdan sözlerine üns bereliň: «Duşmanyň aç bolsa, ony naharla, suwsan bolsa, gandyr; sebäbi muny etseň, onuň başyna közler guýarsyň» (Rimliler 12:20; Süleýmanyň tymsallary 25:21, 22). Bu nämäni aňladýar?
17 «Başyna közler guýarsyň» diýen göçme manydaky jümle gadymy döwürde metaly eredýän usuly aňladýar. Magda metalyny peçe goýanlarynda, közi diňe bir magdanyň aşagyna däl, eýsem ýokarsyna hem goýýardylar. Ýokarsyna goýlan otly közler gyzgynlygy güýçlendirip, gaty magdany eredýärdi we ondan garyndylar aýrylýardy. Şonuň ýaly bizem duşmanlara ýagşylyk etsek, olaryň gaty ýüregini «eredip», gowy häsiýetlerini ýüze çykararys (4 Patyşalar 6:14—23). Hakykatdan-da, mesihçi ýygnakdakylaryň köpüsi Ýehowanyň gullukçylarynyň olar bilen özüni gowy alyp barşyny görüp, hakykaty kabul etdiler.
Biz näme üçin ar almaýarys?
18. Biz ar almasak näme üçin dogry ederis, söýgimizi we pesgöwünligimizi görkezeris?
18 Rimliler kitabynyň 12-nji babyna gysgaça seredip, näme üçin «ýamanlyk deregine hiç kime ýamanlyk etmeli» däldiginiň birnäçe wajyp sebäplerini bildik. Birinjiden, biz ar almasak, dogry ederis. Hudaýyň bize görkezen rehimligini göz öňünde tutup, özümizi Ýehowa tabşyrsak, onuň tabşyryklaryny, şol sanda duşmanlary söýmek tabşyrygyny ýerine ýetirsek, dogry we paýhasly ederis. Ikinjiden, biz ýamanlyk deregine ýamanlyk etmesek, söýgimizi görkezeris. Biz ar alman parahat ýaşasak, hatda käbir zalym yzarlaýan adamlara Ýehowanyň gullukçysy bolmaga kömek ederis. Üçünjiden, ýamanlyga ýamanlyk bilen gaýtargy bermesek, pesgöwünlidigimizi görkezeris. Özüň öç almak, tekepbirlikdir, çünki Ýehowa: «Öç Meniňkidir» diýýär. Hudaýyň Sözünde şeýle duýduryş berilýär: «Tekepbirlik gelse, utanç gelýändir; akyldarlyk bolsa pesgöwünliler bilendir» (Süleýmanyň tymsallary 11:2). Pesgöwünli adamlar paýhaslylyk bilen ýamanlyga ýamanlyk bilen gaýtargy bermegi Ýehowa tabşyrýarlar.
19. Biz indiki makalada nämä serederis?
19 Pawlus resul adamlar bilen nähili gatnaşykda bolmalydygyny aýdyp, sözlerini şeýle jemleýär: «Özüňi ýamanlyga ýeňdirme-de, ýamanlygy ýagşylyk bilen ýeň» (Rimliler 12:21). Biz şu günler nähili ýamanlyga duş gelýäris? Olary nädip ýeňip bileris? Şu we beýleki soraglaryň jogabyna indiki makalada serederis.
Siz nähili düşündirersiňiz?
• Rimliler kitabynyň 12-nji babynda nähili maslahat gaýta-gaýta aýdylýar?
• Biz näme üçin ar almaýarys?
• «Ýamanlyk deregine hiç kime ýamanlyk» etmesek, bize we adamlara nähili peýda getirer?
Rimliler kitabynyň 12-nji babynda mesihçileriň... bilen gatnaşygy beýan edilýär.
• Ýehowa
• imandaşlar
• iman etmeýänler