«Ähli adamlar bilen oňşukly ýaşaň»
«Oňardygyňyzdan ähli adamlar bilen oňşukly ýaşamak barada eliňizden geleni aýamaň» (RIM. 12:18).
1, 2. a) Isa şägirtlerine nähili duýduryş berdi? b) Biz garşylyga nähili garamalydygy babatda maslahaty nireden tapyp bileris?
ISA bu dünýäniň adamlary tarapyndan görgi görjekdigi barada şägirtlerine duýdurdy we ölmeziniň öň ýanyndaky gijesi, onuň sebäbini-de düşündirdi. Ol şägirtlerine şeýle diýdi: «Dünýäden bolan bolsaňyz, dünýä sizi özüniňkiler kimin söýerdi; ýöne dünýäden däldigiňiz üçin, Meniň sizi dünýäden saýlap alanlygym üçin, ine, şunuň üçin dünýä sizi ýigrenýär» (Ýahýa 15:19).
2 Pawlus resul Isanyň sözleriniň hakykatdygyna göz ýetirdi. Ol ýaş işdeşi Timoteosa ýazan ikinji hatynda şeýle diýdi: «Sen bolsa meniň taglymatymy, özümi alyp barşymy, maksadymy, imanymy, sabrymy, söýgimi, çydamymy, gören azardyr görgülerimi... berk yzarladyň». Soňra Pawlus: «Mesih Isada Hudaýyň ýoluna mynasyp ýaşamak isleýänleriň bary azar çeker» diýdi (2 Tim. 3:10—12). Ol Rimde ýaşaýan mesihçilere ýazan hatynyň 12-nji babynda garşylyklara nähili garamalydygy barada paýhasly maslahat berdi. Biz hem şu soňky günlerde onuň maslahatyna eýerip bileris.
Oňat işlere üns beriň
3, 4. Dini aýra maşgalada we adamlar bilen gatnaşykda Rimliler 12:17-de berlen maslahata nädip eýerip bolar?
3 Rimliler 12:17-ni okaň. Pawlus garşylyga duçar bolanymyzda, ýamanlyk etmeli däldigimizi düşündirýär. Bu maslahata, esasanam, dini aýry maşgalalaryň eýermegi örän wajypdyr. Mesihçi ýanýoldaşyna erbet söz aýtmaýar we erbet iş etmeýär. Ýamanlyga ýamanlyk etmek gowulyga eltmän, gaýtam, ýagdaýy has agyrlaşdyrýar.
4 Pawlus: «Ähli adamlaryň öňünde oňat işlere üns beriň» diýip maslahat berdi. Uýanyň äri ruhy dogan-uýalar barada erbet sözleri aýtsa, şonda-da ol ärine ýagşylyk etse, onuň gaharyny ýatyrar (Sül. tym. 31:12). Beýtelde gulluk edýän Karlos nädip ejesiniň mähirli bolup, öý-içersiniň aladasyny edip, kakasynyň güýçli garşylygyny ýeňendigini şeýle gürrüň berýär: «Ejem kakamyzy hemişe sylamalydygyny aýdýardy. Kakamyň gowy görýän sport oýnuny men halamasam-da, onuň keýpini götermek üçin oýnamagymy ejem haýyş edýärdi. Netijede, kakam Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçdi we suwda çokundyryldy. Ýehowanyň Güwäçileriniň «ähli adamlaryň öňünde oňat işlere üns berýändigi» sebäpli, olar tebigy betbagtçylyga uçran adamlara kömek edip, dogry garaýyşda bolmaga ýardam berýärler.
«Közler guýup» duşmanyňy eret
5, 6. a) Duşmanyň başyna «közler» guýmak nämäni aňladýar? b) Rimliler 12:20-de berlen maslahata eýermegiň nähili netijeler berendigi barada ýerli mysal gürrüň beriň.
5 Rimliler 12:20-ni okaň. Pawlus resul: «Duşmanyň aç bolsa, oňa iýmäge çörek ber; suwsuz bolsa, oňa içmäge suw ber. Sen muny etmek bilen, onuň başyna köz guýarsyň, Reb seni sylaglar» diýdi. Ol bu sözleri ýazanda Süleýmanyň tymsallary 25:21, 22-nji aýatlara salgylanan bolmaly. Rimliler kitabynyň 12-nji babynda Pawlusyň beren maslahaty duşmanyňdan ar almagy ýa-da ony utandyrmagy aňlatmaýar. Süleýmanyň tymsallarynda-da, Pawlusyň beren maslahatynda-da gadymy döwürdäki demriň eredilişi mysal hökmünde getirilýär. XIX asyryň iňlis alymy Çarlz Briç şeýle diýýär: «Gadymy döwürde demri eretmek üçin diňe bir onuň aşagyndan ot ýakman, eýsem, ýokarsyndan hem közler guýýardylar. Sabyrlylyk, janaýamazlyk we söýginiň güýjüne eremeýän doňýürek adamlar örän azdyr».
6 Ýagşy işler «közler» kimin duşmanlaryň ýüregini eredip bilýär. Ýagşy işler Ýehowanyň halkyna we olaryň wagyz edýän hoş habaryna adamlaryň nädogry garaýşyny üýtgedip bilýär. Petrus resul şeýle diýdi: «Bet iş edýänler hökmünde sizi ýamanlan zatlarynda oňat işleriňizi görüp, Rebbiň bize gelen güni Hudaýy şöhratlandyrmalary üçin milletler arasynda oňat edim-gylymly boluň» (1 Pet. 2:12).
«Oňardygyňyzdan ähli adamlar bilen oňşukly ýaşaň»
7. Isa şägirtlerine nähili parahatlyk goýdy we bu bizi nämä höweslendirmeli?
7 Rimliler 12:18-i okaň. Isa ýerdäki ýaşaýşynyň iň soňky gijesi, şägirtleri bilen bolup, olara şeýle diýdi: «Men size parahatlyk goýup barýaryn, Öz parahatlygymy size berýärin» (Ýahýa 14:27). Isanyň şägirtlerine goýup giden parahatlygy bu olaryň Ýehowa Hudaýa we Onuň söýgüli Ogluna ýakynlaşyp, olary söýýändigi üçin kalbynda duýýan rahatlygyny aňladýar. Bu rahatlyk başga adamlar bilen oňşukly ýaşamaga höweslendirýär. Mesihçiler parahatlygy söýüp, ony döredýänlerdir (Mat. 5:9).
8. Biz maşgalada we ýygnakda nädip parahatlygy döredip bileris?
8 Maşgalada parahatlygy döretmegiň bir usuly: ýagdaý erbetleşmänkä, mümkin boldugyndan dörän agzalalygy derrew çözmekdir (Sül. tym. 15:18; Efes. 4:26). Bu mesihçiler ýygnagyna-da degişli. Petrus resul parahatlyga ýetmek üçin dili saklamagyň wajypdygyny aýtdy (1 Pet. 3:10, 11). Ýahýa hem dil barada maslahat berip, içigaralyk, igenjeňlik etmeli däl diýenden soň hem şeýle ýazdy: «Emma gökden inen akyldarlyk ilki bilen, sap, ondan soň-da parahatlyk söýüji, mylaýym, diýen ediji, rehimden, oňat miwelerden doly, ýüz görmezek we ikiýüzlülikden halasdyr. Parahatlyk döredýänler dogrulyk miwesini parahatlykda ekýändir» (Ýakup 3:17, 18).
9. «Ähli adamlar bilen oňşukly ýaşamak» kyn bolsa, nämäni unutmaly däl?
9 Rimliler 12:18-de Pawlusyň aýdan sözleri diňe bir maşgalada we ýygnakda parahatlygy döretmegi aňlatman, eýsem, «ähli adamlar bilen oňşukly» ýaşamalydygymyzy görkezýär. Olara goňşular, işgärler, synpdaşlar we wagyzda duşýan adamlar hem degişli. Şeýle-de Pawlus: «Oňardygyňyzdan... eliňizden geleni aýamaň» diýdi. Bu Hudaýyň dogry prinsiplerini bozman «ähli adamlar bilen oňşukly ýaşamak» üçin elimizde baryny etmelidigini görkezýär.
Öç Ýehowanyňkydyr
10, 11. Biz haýsy manyda «Hudaýyň gazabyna ýol berýäris» we bu näme üçin dogry?
10 Rimliler 12:19-y okaň. Biz wagyz işine «garşy bolanlara» we bizi yzarlaýan adamlara-da «sabyrly» hem «ýumşak» bolmaly (2 Tim. 2:23—25). Pawlus mesihçilere özüňiz öç alman «Hudaýyň gazabyna ýol beriň» diýip maslahat berýär. Biz öç almaga hakly däldigimizi bilýäris. Mezmurçy şeýle diýdi: «Gahardan saklan, gazaby taşla; ýamanlyk etmek üçin asla özüňi ýakma» (Zeb. 37:8). Süleýman hem şeýle maslahat berdi: «Ýamanlygyň öwezini gaýtararyn» diýme, Rebbe garaş, Ol seni gutarar» (Sül. tym. 20:22).
11 Eger duşmanlar bize ýamanlyk etse, olara temmi bermegi Ýehowa tabşyrsak paýhasly bolar, çünki olara haçan jeza bermelidigini ýa-da berilmeli däldigini Ýehowanyň özi çözýär. Pawlus Ýehowanyň gazabyny unutmandygyny görkezip: «Reb diýýär: «Öç Meniňkidir, öwezini men bererin» diýdi (Kanunyň gaýtalanyşy 32:35-i deňeşdiriň). Biziň özümiz öç alsak, onda gödeklik bilen, Ýehowanyň hakyny öz üstümize alýarys. Şeýle-de biz Ýehowanyň: «Öwezini men bererin» diýen wadasyna ynanmaýandygymyzy görkezýäris.
12. Haçan Ýehowanyň gahar-gazaby aýan bolar we nädip?
12 Pawlus resul Rimlilere ýazan hatynyň başynda şeýle diýdi: «Sebäbi Hudaýyň hakykaty nädogrulykda saklaýan adamlaryň bütin hudaýsyzlyk we nädogrulygyna edýän gahar-gazaby gökden aýan bolýandyr» (Rim. 1:18). Ýehowanyň gahar-gazaby «agyr muşakgatda» Ogly arkaly gökden aýan bolar (Ylh. 7:14). Pawlus başga hatynda «Hudaýyň adalatly höküminiň belgisi» boljakdygy barada düşündirip, şeýle ýazdy: «Size muşakgat çekdirenlere Hudaýyň muşakgat bilen gaýtargy bermegi, muşakgat çeken sizi-de biziň bilen bile ynjaltmagy Onuň adyllygyna ýaraşyklydyr. Bu zatlar Reb Isa oduň ýalnynda güýçli perişdeleri bilen gökden gelip görnen mahaly ýüze çykar. Rebbimiz Isa Hudaýy tanamaýanlary, Özi baradaky Hoş Habara uýmaýanlary jezalar» (2 Sel. 1:5—8).
Ýamanlygy ýagşylyk bilen ýeňiň
13, 14. a) Biz garşylyga duçar bolanymyzda näme üçin geň galmaýarys? b) Biz yzarlaýan adamlara nähili garamaly?
13 Rimliler 12:14, 21-nji aýatlary okaň. Biz Ýehowanyň wadasyny doly berjaý etjekdigine ynanyp, «Patyşalyk baradaky... Hoş Habary... dünýäniň ähli ýerinde wagyz etmek» üçin tagalla etmeli (Mat. 24:14). Mesihçileriň bu edýän işi duşmanlary gaharlandyrjakdygyny bilýäris. Sebäbi Isa: «Meniň adym üçin hemme milletler sizi ýigrener» diýip duýdurypdy (Mat. 24:9). Şol sebäpli, biz garşylyga duçar bolanymyzda geň galyp, ruhdan düşmeýäris. Petrus resul şeýle diýdi: «Eý söýgüli doganlar, sizi synamak üçin araňyzda ýüze çykýan ot azaryny, geň zada sataşan ýaly, geň görmän, eýsem Mesihiň... görgülerine şärikdeş bolan derejede şatlanyň» (1 Pet. 4:12, 13).
14 Biz yzarlaýan adamlary ýigrenmän, gaýtam, olara hakykaty wagyz edýäris, çünki olaryň köpüsi edýän işlerine düşünmeýärler (2 Kor. 4:4). Biz Pawlusyň: «Özüňize azar berýänlere haýyr-doga ediň, gargamaň» diýen maslahatyna eýermäge jan edýäris (Rim. 12:14). Isa dagdaky wagzynda şeýle diýdi: «Duşmanlaryňyzy söýüň, özüňizi ýigrenýänlere ýagşylyk ediň. Özüňize gargaýanlar barada ýagşy dilegde boluň, özüňizi ynjydýanlara doga ediň» (Luka 6:27, 28). Pawlus resul yzarlaýan adamyň Isanyň wepaly şägirdi we Ýehowanyň yhlasly gullukçysy bolup bilýändigini öz tejribesinden bilýärdi (Gal. 1:13—16, 23). Ol başga bir hatynda şeýle diýdi: «Sögülemizde, haýyr-doga edýäris, azar berlende çydaýarys. Myjabat ýapylanda, mylaýym jogap berýäris» (1 Kor. 4:12, 13).
15. Ýamanlygy ýagşylyk bilen ýeňmegiň iň gowy usuly näme?
15 Mesihçiler Rimliler kitabynyň 12-nji babynyň iň soňky aýadynda: «Özüňi ýamanlyga ýeňdirme-de, ýamanlygy ýagşylyk bilen ýeň» diýen sözlerine gulak asýarlar. Ähli ýamanlygyň gözbaşy Şeýtan Iblisdir (Ýahýa 8:44; 1 Ýahýa 5:19). Ýahýa resula berlen ylhamda, mesh edilen doganlarynyň «Guzynyň gany saýasynda, eden güwälikleriniň sözi saýasynda ony (Şeýtany) ýeňendiklerini» Isa aýdýar (Ylh. 12:11). Şeýtany we onuň erbet täsirini ýeňmegiň iň gowy usuly — Hudaýyň Patyşalygy baradaky hoş habary wagyz edip, ýagşylyk etmekdir.
Umytda şatlanyň
16, 17. Rimliler kitabynyň 12-nji babyna görä, a) özümizi nädip diri gurban hökmünde hödürlemeli? b) ýygnakda özümizi nähili alyp barmaly? w) dinimize garşy çykýanlara nähili garamaly?
16 Biz Pawlusyň Rimdäki mesihçilere ýazan hatynyň 12-nji babyna gysgaça seredip, köp zady ýada saldyk. Biz özümizi Ýehowa bagyş edip, gurban bermäge taýyn. Biz muny Hudaýyň ruhy arkaly höwes bilen edýäris, çünki Onuň islegidigine düşünýäris we ruhda hyjuwly bolup, dürli sowgatlary yhlas bilen ulanýarys. Biz kiçigöwünlilik bilen, pespäl gulluk edip, ýygnakda agzybirligi saklamak üçin elimizde baryny edýäris. Biz myhmansöýer bolmaly we ak ýürkeden duýgudaşlyk bildirmeli.
17 Şeýle-de Rimliler kitabynyň 12-nji babynda yzarlamalara nähili garamalydygy barada birnäçe maslahat berilýär. Biz öç alamaly däl we garşylyk görkezýän adamlara ýagşylyk etmäge çalyşmaly. Biz maşgalada, ýygnakda, işde, mekdepde we wagyzda ähli adamlar bilen oňardygymyzdan oňşukly ýaşap, Mukaddes Ýazgylaryň prinsiplerini bozmajak bolmaly. Biz yzarlansak-da, öjüň Ýehowanyňkydygyny unutmaly däl we ýamanlygy ýagşylyk bilen ýeňmek üçin elimizde baryny etmeli.
18. Rimliler 12:12-de nähili üç maslahat berilýär?
18 Rimliler 12:12-ni okaň. Pawlus şu peýdaly maslahatlardan başga-da, ýene üç maslahat berdi. Ýehowanyň kömegi bolmasa, biz olara eýerip bilmeris. Şol sebäpli, Pawlus resul «dogada erjellik ediň» diýip maslahat berdi. Şeýle etsek, biz onuň «muşakgatda çydamly boluň» diýen maslahatyna-da eýerip bileris. Galyberse-de, gökde ýa-da ýerde ebedi ýaşaýyş «umydyna şatlanyp», Ýehowanyň wadasyny unutmalyň.
Gaýtalamak üçin soraglar?
• Biz yzarlamalara nähili garamaly?
• Biz durmuşyň haýsy ýagdaýlarynda nädip parahatlygy döretmeli?
• Biz näme üçin öç almaly däl?