Luka
18 Isa ruhdan düşmän, hemişe doga etmegiň wajypdygy+ hakda şägirtlerine şeýle mysal getirdi: 2 «Bir şäherde Hudaýdan gorkmaýan, adamlary hem sylamaýan kazy bardy. 3 Şol şäherde dul aýal hem ýaşaýardy. Ol kazynyň ýanyna gatnap: „Dawamy adalatly çözüp ber“ diýerdi. 4 Kazy köp wagtlap aýalyň dawasyny çözmek islemedi. Ýöne soň öz-özüne: „Hudaýdan gorkamok, adamlary hem sylamok, 5 emma dul aýal ýüregime düşdi, şonuň üçin dawasyny adalatly çözüp bereýin. Ýogsam ýanyma gatnap bizar eder“+ diýdi». 6 Halypamyz sözüni şeýle dowam etdi: «Siz adalatsyz kazynyň näme diýenine üns berdiňizmi? 7 Eger ol şeýle eden bolsa, onda Hudaý gije-gündiz perýat edýän saýlanlaryna+ sabyrly bolup+, adalaty dikeltmezmi? 8 Size diýýärin, Hudaý olar üçin adalaty hökman dikelder. Ýöne Ynsan ogly gelende, iman edýän adamlary taparmy?»
9 Isa özüni dogruçyl hasaplaýan we başgalary äsgermeýän adamlar hakda şeýle mysal getirdi: 10 «Iki adam doga etmek üçin ybadathana barýar. Olaryň biri fariseý, beýlekisi salgytçy. 11 Fariseý içinden şeýle doga edip başlaýar: „Eý Alla, saňa şükür edýärin! Men başgalar ýaly talaňçy, ýalançy, zynahor, hatda şu duran salgytçy ýaly däl. 12 Men hepdede iki gezek agyz bekleýärin, gazanjymyň ondan bir bölegini sadaka berýärin“+. 13 Emma salgytçy gyrada durup, başyny galdyrmaga-da ýürek etmän, gursagyna urup: „Eý Allam, men günäkäre rehim et!“+ diýýär. 14 Size diýýärin, salgytçy fariseýden has dogruçyl bolup öýüne gaýtdy+. Sebäbi özüni beýgeldýän adam kiçeldiler, özüni kiçeldýän bolsa beýgeldiler»+.
15 Adamlar çagalaryny* Isanyň ýanyna getirdiler we olara elini goýup, ak pata bermegi haýyş etjek boldular. Emma şägirtleri adamlara käýediler+. 16 Isa bolsa çagalary* ýanyna çagyryp: «Çagalary saklamaň, goý, ýanyma gelsinler. Olara degmäň, sebäbi Hudaýyň Patyşalygy çagalar ýaly adamlaryňkydyr+. 17 Size hakykaty aýdýaryn, Hudaýyň Patyşalygyny çaga ýaly kabul etmeseňiz, oňa asla girip bilmersiňiz»+ diýdi.
18 Baştutanlaryň biri Isadan: «Ýagşy Mugallym, ebedi ýaşaýşy miras almak üçin näme etmeli?»+ diýip sorady. 19 Isa: «Näme üçin maňa ýagşy diýýärsiň? Hudaýdan başga hiç kim ýagşy däldir+. 20 Sen: „Zyna etme+, adam öldürme+, ogurlyk etme+, ýalan şaýatlyk etme+, ene-ataňa hormat goý“+ diýen tabşyryklary bilýänsiň» diýdi. 21 Ol: «Men olaryň ählisini çagalygymdan bäri berjaý edýärin» diýdi. 22 Isa ony diňläp: «Saňa birje zat ýetenok. Bar, ähli zadyňy sat-da, garyplara paýla, şonda gökde baýlygyň bolar. Soňra gel-de, şägirdim bol»+ diýdi. 23 Ol muny eşidip, tukat boldy, sebäbi örän baýdy+.
24 Isa oňa seredip: «Baý adama Hudaýyň Patyşalygyna girmek örän kyn bolar+. 25 Düýäniň iňňäniň gözünden geçmegi baý adamyň Hudaýyň Patyşalygyna girmeginden aňsatdyr»+ diýdi. 26 Diňläp duranlar: «Onda kim halas bolar?»+ diýdiler. 27 Isa: «Adamlar muny başarmaz, ýöne Hudaý ähli zady başarýar»+ diýdi. 28 Petrus: «Biz ähli zadymyzy goýup, seniň yzyňa düşdük»+ diýdi. 29 Isa olara: «Size hakykaty aýdýaryn, Hudaýyň Patyşalygynyň hatyrasy üçin öýüni, aýalyny, doganlaryny, ene-atasyny ýa-da çagalaryny taşlan adam+ 30 şu döwürde has köp bereket alar, gelejekde* bolsa ebedi ýaşaýşa gowşar»+ diýdi.
31 Isa 12 resulyny bir gyra çekip: «Biz Iýerusalime barýarys, pygamberleriň Ynsan ogly hakda ýazan ähli zatlary berjaý bolar+. 32 Ony başga milletli adamlaryň eline tabşyrarlar+, üstünden gülerler+, kemsiderler we üstüne tüýkürerler+, 33 gamçylarlar, soňra öldürerler+. Emma ol üçünji gün direler»+ diýdi. 34 Ýöne şägirtler onuň sözleriniň birine-de düşünmediler, sebäbi manysy olara açylmandy. Şol sebäpli olar Isanyň näme hakda gürrüň edýändigine düşünmediler.
35 Isa Ýerihona golaýlanda, ýoluň ugrunda dilegçilik edýän kör adam oturan eken+. 36 Kör adam geçip barýanlaryň sesini eşidip, näme bolýandygyny sorady. 37 Adamlar: «Nazaretli Isa geçip barýar» diýdiler. 38 Şonda ol: «Eý Dawut Ogly Isa, maňa rehim et!» diýip gygyrdy. 39 Onuň ýanynda duranlar käýäp, dymyp oturmagy tabşyrdylar. Emma ol öňküden beter gygyryp: «Dawut Ogly, maňa rehim et!» diýdi. 40 Isa aýak çekip, kör adamy ýanyna getirmegi buýurdy. Ýanyna getirenlerinde, Isa ondan: 41 «Saňa näme kömek edeýin?» diýip sorady. Ol: «Agam, gözlerimi açaý!» diýdi. 42 Isa: «Gözleriň açylsyn, seni imanyň sagaltdy»+ diýdi. 43 Onuň şol bada gözleri açyldy we Alla alkyş aýdyp, Isanyň yzyna düşüp gitdi+. Muny gören adamlar bolsa Hudaýy şöhratlandyrdylar+.