Ýehowanyň Sözi diri
Ylham kitabyndan peýdaly pikirler — II bölüm
HUDAÝA sežde edýänlere we etmeýänlere näme garaşýar? Gelejekde Şeýtana we onuň jynlaryna näme bolar? Isanyň Müňýyllyk hökümdarlygynda Hudaýa gulak asýan adamlara nähili bereketler eçiler? Şu we beýleki möhüm soraglaryň jogabyny Ylham 13:1—22:21-nji aýatlardan bilse bolýara. Bu baplarda b. e. I asyryň soňunda, Ýahýa resulyň gören on alty görnüşiniň soňky dokuzy beýan edilýär.
Ýahýa: «Bu pygamberlik sözlerini okan, onda ýazylanlara gulak asyp, olary berjaý eden bagtyýardyr» diýdi (Ylh. 1:3; 22:7). Ylham kitabyny okap, öwrenen zatlarymyzy durmuşda ulansak, biziň ýüregimize täsir edip, Hudaýa hem onuň Ogly Isa Mesihe bolan imanynymyz berkider we gelejege bolan umyt döreder (Ýew. 4:12)b.
HUDAÝYŇ GAZABYNDAN DOLY ÝEDI KÄSE DÖKÜLÝÄR
Ylham 11:18-de şeýle diýilýär: «Milletler gaharlanypdylar. Indi bolsa... (Hudaýyň) gahary geldi... ýeri dargadanlary dargatmak wagty geldi». Munuň näme üçin bolandygy sekizinji görnüşde düşündirilýär. Onda «on şahly we ýedi başly bir wagşy haýwan» nädip hereket edýändigi görkezilýär (Ylh. 13:1).
Dokuzynjy görnüşde Ýahýa «Guzynyň Sion dagynyň üstünde duranyny» we onuň bilen «ýüz kyrk dört müň adamy» gördi. Olar «ynsanlar arasyndan satyn alnanlardy» (Ylh. 14:1, 4). Perişdeler habarlary yglan edýär. Indiki görnüşde Ýahýa «ýedi belany getirýän ýedi perişdäni» gördi. Ýehowanyň özi şol perişdelere Şeýtanyň dünýäsiniň ähli bölegine «Hudaýyň gazabyndan doly ýedi käsäni» dökmegi buýurdy. Käseler Hudaýyň amala aşyrjak hökümleri baradaky kararlardan we duýduryşlardan doludy (Ylh. 15:1; 16:1). Bu iki görnüş gelejekde boljak Hudaýyň hökümini jikme-jik beýan edýär. Olar üçünji «waý» we ýedinji surnaýyň sesi bilen baglanyşykly (Ylh. 11:14, 15).
Sowallaryň jogaby:
13:8 — «Guzynyň ýaşaýyş kitaby» näme? Bu göçme manydaky kitap. Ol kitaba gökdäki Patyşalykda Isa Mesih bilen höküm sürýän adamlaryň ady ýazylan. Şeýle-de onda gökde ýaşamaga umyt edýän, ýöne entek ýer ýüzünde ýaşaýan mesh edilen mesihçileriň ady ýazylan.
13:11—13 — Iki şahly janawar nädip aždarha ýaly hereket edýär we gökden ot ýagdyrýar? Iki şahly janawar — Anglo-Amerikan dünýä imperiýasynyň aždarha ýaly ses etmegi güýç, howp we zor salmak arkaly döwlet dolandyryş formasyny kabul etdirmegi aňladýar. Aždarhanyň gökden ot ýagdyrmagy XX asyryň iki Jahan urşunda-da, zalym güýji ýeňip, kommunizmden üstün çykmagyny yglan edip, özüni hakyky pygamber hasaplandygyny görkezýär.
16:17 — Ýedinji käse nähili «howanyň» üstüne döküldi? «Howa» Şeýtanyň pikirini, «söz diňlemeýän adamlarda şindi işleýän ruhy» suratlandyrýar. Bu zäherlenen howadan Şeýtanyň ähli dünýäsi dem alýar (Efes. 2:1, 2).
Biziň üçin sapak:
13:1—4, 18. «Wagşy haýwan» «deňizden», ýagny topalaň turuzýan adamlardan çykyp gelen ynsan hökümetleri aňladýar (Iş. 17:12, 13; Dan. 7:2—8, 17). Şeýtan bu haýwany döretdi we oňa güýç berdi. Haýwana 666 san degişli, bu san bolsa bikämilligi aňladýar. Haýwanyň näme aňladýandygyna düşünip, biz onuň yzyna eýermeris we köp adamlar ýaly oňa sežde etmeris (Ýahýa 12:31; 15:19).
13:16, 17. Biz «satyn almak hem-de satmak» ýaly gündelik işlerinde bolýan kynçylyklara garamazdan, janawara tabyn bolmarys. «Sag eliňe ýa maňlaýyňa tagma basdyrmaklyk» bu janawara edýän işlerimize ýolbaşçylyk etmäge we aňymyza täsir etmegine ýol bermekdir.
14:6, 7. Perişdäniň habary Hudaýyň berkarar edilen Patyşalygy baradaky wagyz işini gaýra goýmazlygy görkezýär. Biz Mukaddes Ýazgylary öwrenýän adamlara Hudaýdan gorkmagy we Ýehowany şöhratlandyrmagy öwretmeli.
14:14—20. «Ýeriň ekini», ýagny halas boljaklar ýygnalandan soň, perişde «ýeriň üzüm şahasynyň hasylyny ýygnap, Hudaý gazabynyň uly gysajyna zyňar». Soňra bu şaha — adamlaryň üstünden höküm sürýän Şeýtanyň azgyn häkimiýetleri we onuň ýaramaz miwesiniň «salkymlary» hemişelik ýok ediler. Biz ýeriň üzüm şahasynyň täsirine düşmeli däl.
16:13—16. «Murdar ruh» (ylhamlanan murdar sözler, TD) jynlaryň wagzyny aňladýar. Hudaýyň gazabyndan doly ýedi käse dökülse-de, jynlar ýeriň patyşalaryny Ýehowa garşy durmaga we ýygnanyşmaga höweslendirýär (Mat. 24:42, 44).
16:21. Zalym dünýäniň soňy golaýlaşdygyça, Şetanyň dünýäsine Ýehowanyň hökümleri yglan ediler. Oňa doňan suw kimin suratlandyrylan Hudaýyň hökümleri baradaky gorkuly habaralar degişli bolmaly. Emma şonda-da adamlaryň köpüsi Hudaýa sögerler.
ÝEŇIŞ GAZANAN PATYŞA HÖKÜM SÜRÝÄR
Ýalan diniň dünýä imperiýasy «Beýik Babyl» Şeýtanyň dünýäsiniň ýigrenji bölegidir. 11-nji görnüşde Babyl «gyzyl janawaryň üstünde oturan» «uly kemçin» (bozuk aýal) kimin suratlandyrylýar. Kemçini göterýän janawaryň «on şahy» ony öldürer (Ylh. 17:1, 3, 5, 16). Indiki görnüşde kemçin «beýik şäher» diýip suratlandyrylýar we onuň ýok edilýändigi üçin Hudaýyň halkyna «ol ýerden çykyň» diýilýär. «Beýik şäheriň» ýykylanyna köp adamlar aglar. Emma gökde şatlyk bolar, çünki «Guzynyň toýy başlanýar» (Ylh. 18:4, 9, 10, 15—19; 19:7). 13-nji görnüşde «ak atyň» üstünde oturan milletlere garşy söweşýär. Ol Şeýtanyň dünýäsini ýok eder (Ylh. 19:11—16).
«Iblis ýa şeýtan diýlen... köne ýylana» näme bolar? Ol haçan «kükürt kölüne» zyňylar? Bu barada 14-nji görňüşde aýdylýar (Ylh. 20:2, 10). Soňky iki görnüşde Isanyň Müňýyllyk patyşalygynda boljak ýaşaýşy beýan edilýär. Ýahýa «ylhamyň» soňunda «şäher köçesiniň ortasynda... çykýan ýaşaýyş suwunyň derýasyny» gördi we her bir «suwsan gelsin» diýen çakylygy eşitdi (Ylh. 1:1; 22:1, 2, 17).
Sowallaryň jogaby:
17:16; 18:9, 10 — Näme üçin «bu dünýäniň patyşalary» özleriniň öldüren kemçini üçin aglaşyp, gursaklaryna urarlar? Olar özleri üçin aglaýar. Beýik Babyl ýok edilenden soň, dünýäniň patyşalary onuň nähili peýda getirendigine düşünerler. Beýik Babyl olaryň zulum ediji syýasatyny ýaşyrýardy. Ýalan dinler ýaşlary harby gullugyna we urşa äkitmäge kömek edýärdi. Şeýle-de ol adamlary tabyn etmekde ähmiýetli orun eýeleýärdi.
19:12 — Isanyň aýdylmadyk adyny haýsy manyda ondan başga hiç kim bilmeýär? Işaýa 9:6-da aýdylyşy ýaly, bu at Hudaýyň gününde Isanyň tutjak ornuny we hormatly borçlaryny görkezýär. Isanyň borçlarynyň ajaýyplygy hem-de şeýle uly orna eýe bolmagyň näme aňladýandygyny diňe onuň özi doly düşünýär, şonuň üçin bu ady ondan başga hiç kim bilmeýär. Emma Isa käbir borçlaryny gelin toparynyň agzalaryna hem berýär. Şol sebäpli Isa olaryň maňlaýyna «täze adyny ýazýar» (Ylh. 3:12).
19:14 — Armageddonda Isa bilen bile kim çykar? Isa bilen Hudaýyň urşuna gatnaşjak «gökdäki goşunda» perişdeler we gökdäki ýaşaýyş sylagyny alan mesh edilen mesihçiler bolar (Mat. 25:31, 32; Ylh. 2:26, 27).
20:11—15 — «Ýaşaýyş kitabyna» kimleriň ady ýazylgy? Bu kitaba ebedi ýaşaýyş sylagyny aljak mesh edilen mesihçileriň, uly märekäniň agzalarynyň we direljek dogry wepaly adamlaryň atlary ýazylgy (Res. iş. 24:15; Ylh. 2:10; 7:9). «Kitaplarda ýazylan» direljek egri adamlar — Isanyň Müňýyllyk patyşalygynda belli boljak görkezmä görä ýaşasalar, olaryň atlary «ýaşaýyş kitabyna» ýazylar. Emma atlar pozulmaýan syýa bilen ýazylmaýar. Mesh edilen mesihçileriň ady soňuna çenli wepaly galyp, ölenden soň ýazylýar (Ylh. 3:5). Ýer ýüzünde ýaşaýyş sylagyny aljak adamlaryň atlary bolsa, müňýyllygyň ahyrynda iň soňky synagdan geçensoň hemişelik galar (Ylh. 20:7, 8).
Biziň üçin sapak:
17:3, 5, 7, 16. «Gökden inen akyldarlyk» bize «aýalyň, ony göterýän... (gyzyl) janawaryň syryny» bilmäge kömek edýär (Ýakup 3:17). Göçme manyda, bu janawar ilki Milletler Ligasy hökmünde peýda bolýar, soňra Birleşen Milletler Guramasy hökmünde direlýär. Bu syra düşünmek bizi Hudaýyň Patyşalygyny yhlasly wagyz edip, Ýehowanyň höküm gününi yglan etmäge höweslendirmeýärmi?
21:1—6. Biz Hudaýyň Patyşalygynda pygamberlik edilen bereketleriň berjaý boljagyna ynanmaly. Näme üçin? Sebäbi olar barada: «Boldy!» diýilýär.
22: 1, 17. «Ýaşaýyş suwunyň derýasy» Ýehowanyň gulak asýan adamlary günäden we ölümden halas etmek üçin gören çärelerini suratlandyrýar. Şu günler ol suwdan içip bolýar. Geliň, «ýaşaýyş suwunyň çeşmesinden» diňe bir minnetdarlyk bilen mugt içmän, eýsem, adamlary hem içmäge çagyralyň!
[Çykgytlar]
a Ylham kitabynyň ilkinji 12 babyna 2009-njy ýylyň Ýanwar aýynyň 15-ine çykan «Garawul diňi» žurnalynyň «Ylham kitabyndan pedaly pikirler — I bölüm» atly makalada seredilýär.
b «Ylham — onuň beýik derejesi ýakyndyr!» (rusça) diýen kitapda Ylham kitaby aýatma-aýat düşündirilýär.