Siz maşgala okuwyny gyzykly geçirip bilermisiňiz?
Braziliýada ýaşaýan bir ata şeýle diýýär: «Biziň maşgala okuwymyz şeýle joşgunly geçýär welin, käte gijäniň ýary bolandygyny bilmän galýarsyň». Ýaponiýaly bir maşgalabaşy on ýaşly oglunyň temanyň gyzgalaňy bilen sagadyň näçe bolandygyna hem üns bermeýändigini aýdýar. Näme üçin? Ol şeýle düşündirýär: «Geçilýän temalar ony özüne çekýär we şatlygyny artdyrýar».
Emma çagalaryň hemmesi maşgala okuwyna şatlyk bilen garaşmaýarlar. Näme üçin? Togoda ýaşaýan bir ata bu babatda şeýle diýýär: «Ýehowa edýän seždämiz ýürekgysgynç bolmaly däl». Eger maşgala okuwy şeýle geçýän bolsa, onda gerekli özgerişleri etmeli bolar. Köp maşgalalar Işaýa pygamberiň döwründe «Sabat gününiň ýakymly» bolşy ýaly, şu günlerem maşgala okuwyny joşgunly geçirip bolýandygyny aýdýarlar (Iş. 58:13, 14).
Maşgalabaşylar maşgala okuwynyň şatlykly we erkin ýagdaýda geçmeginiň aladasyny etmeli. Dört çagaly Ralf maşgala okuwyny söhbetdeşlik görnüşinde geçirýändigini we oňa maşgala agzalarynyň ählisiniň gatnaşýandygyny aýdýar. Elbetde, çagalaryň ählisini gyzyklandyrmak we söhbetdeşlige gatnaşdyrmak aňsat bolmazlygy mümkin. Bir ene munuň bilen ylalaşyp, şeýle diýýär: «Maňa ýadawlykdan ýaňa, käte maşgala okuwyny isleýşim ýaly, gyzykly geçirmek başartmaýar». Siz-de şeýle kynçylyklara uçraýarmysyňyz?
BAŞARNYKLY BOLUŇ WE DÜRLI USULLARY ULANYŇ
Germaniýada ýaşaýan iki çagaly bir ata şeýle diýýär: «Biz başarnykly bolmaga çalyşmaly». Iki çagaly ene: «Biz maşgala okuwynda dürli usullary ulanmaga jan edýäris» diýýär. Köp maşgalalar maşgala okuwyny birnäçe bölüme bölüp geçirýärler. Braziliýada ýaşaýan Kleýtonyň iki ýetginjek çagasy bar. Ol şeýle düşündirýär: «Bu usul okuwyň joşgunly geçmegine we ähli maşgala agzalaryň gatnaşmagyna ýardam edýär». Şeýdip, ata-eneler dürli ýaşdaky çagalarynyň zerurlyklaryna üns berip bilerler. Olaryň hersiniň zerurlyklaryny göz öňünde tutmak üçin, ata-eneler temany ünsli saýlamaly we ony nädip geçirmelidigi barada oýlanmaly.
Maşgalabaşylar dürli usullary ulanmak üçin näme edýärler? Käbirleri maşgala okuwyny başlamanka, Ýehowa aýdym aýdýarlar. Meksikada ýaşaýan Huan şeýle diýýär: «Bu bize geçiljek tema ýüregimizi taýýarlamaga we onuň ýakymly ýagdaýda geçmegine ýardam edýär». Olar aýdymlary geçiljek tema görä saýlaýarlar.
Şri-Lanka
Mesihçileriň köpüsi maşgala okuwynda Mukaddes Ýazgylardan parçalary okaýarlar. Mukaddes Ýazgylardaky wakany janlandyrmak üçin, olaryň hersi bir gahrymanyň sözlerini okaýarlar. Ýaponiýaly bir ata şeýle usulyň ilkibaşda aňsat düşmändigini aýdýar. Emma ogullary ata-enesiniň özleri bilen bile okaýandygyny görüp begenýärdiler. Başga maşgalalar bolsa, Mukaddes Ýazgylardaky wakalary sahnalaşdyrýarlar. Günorta Afrikada ýaşaýan iki çagaly Rojer şeýle diýýär: «Köplenç çagalar Mukaddes Ýazgylarda biziň üns bermedik zatlarymyza üns berýärler».
Günorta Afrika
Käbirleri Nuh pygamberiň gämisiniň ýa-da Süleýman patyşanyň ybadathanasynyň kiçijik nusgasyny ýasaýarlar. Şeýle zatlary ýasamak üçin barlag geçirmeli bolsa-da, ol örän gyzykly bolup biler. Meselem, Aziýada ýaşaýan bir maşgalanyň agzalary, ýagny bäş ýaşly gyzjagaz, ata-enesi we mamasy bilelikde Pawlus resulyň missioner gullugy babatda stoluň üstünde oýnalýan bir oýny oýlap tapdylar. Başgalary bolsa, şeýle oýunlary Müsürden çykyş kitabyndaky wakalar esasynda düzýärler. Togoda ýaşaýan 19 ýaşly Donald şeýle diýýär: «Dürli usullary ulanylyp geçirilen maşgala okuwy örän täsirli bolýar we biziň ruhumyzy göterýär». Siz maşgala okuwynyň gyzykly bolmagy üçin näme edip bilersiňiz?
Amerikanyň Birleşen Ştatlary
ÖŇÜNDEN TAÝÝARLANYŇ
Maşgala okuwynyň täsirli bolmagy üçin, dürli usullary tapmak we başarnykly bolmak ýeterlikli däl. Maşgala agzalarynyň ählisi oňa öňünden taýýarlyk görmeli. Kiçi çagalar çalt ýadaýar, şol sebäpli maşgalabaşy temany ünsli saýlasa we oňa taýýarlanmak üçin wagt sarp etse gowy bolar. Bir ata şeýle diýýär: «Men maşgala okuwyna öňünden taýýarlansam, ählimize has köp peýda getirýär». Germaniýada ýaşaýan bir dogan maşgala okuwynda geçiljek temany bir hepde öňünden aýdýar. Beninde ýaşaýan bir doganyň ýetginjek ýaşlaryna ýetmedik alty çagasy bar. Olar käte maşgala okuwynda guramamyzyň Mukaddes Ýazgylara esaslanan filmlerini görýärler. Şeýle ýagdaýda ol öňünden soraglary taýýarlap, çagalaryna paýlaýar. Hawa, maşgala okuwyna öňünden taýýarlyk görülse, ol has-da netijeli bolar.
Eger geçiljek tema bir hepde öňünden aýdylsa, maşgala agzalarynyň ol hakda pikir alyşmaga mümkinçiligi bolar we oňa sabyrsyzlyk bilen garaşarlar. Maşgala agzalarynyň her birine ýumuş berilse, maşgala okuwy hemmeler üçin gyzykly geçer.
YZYGIDERLI GEÇIRMÄGE JAN EDIŇ
Käbirlerine maşgala okuwyny yzygiderli geçirmek aňsat bolmaýar.
Köp maşgalabaşylar gün-güzeranyny dolandyrmak üçin uzakly gün işlemeli bolýarlar. Meselem, Meksikada ýaşaýan bir ata irden sagat altyda öýünden çykýar we agşam sekizde dolanýar. Käte ýygnagy etrap gözegçisi ideg edende ýa-da welaýat kongresine gitmeli bolanda, maşgala okuwyny başga güne geçirmeli bolýar.
Muňa garamazdan, biz maşgala okuwyny yzygiderli geçirmek üçin jan etmeli. Togoda ýaşaýan on bir ýaşly Lois şeýle diýýär: «Kä ýagdaýda biz bir sebäp bilen maşgala okuwyna giç başlamaly bolsa-da, ony hökman geçirýäris». Käbirleri maşgala okuwyny hepdäniň başynda geçirmegi planlaşdyrýarlar. Eger garaşylmadyk ýagdaý ýüze çyksa, olar maşgala okuwyny hepdäniň ahyrynda geçirýärler.
Maşgala okuwy — Ýehowa edýän seždämiziň bir bölegi. Şol sebäpli, geliň, maşgala agzalarymyz bilen birlikde Ýehowanyň «adyny ykrar edýän dodaklaryň miwesini hödürläliň» (Ýew. 13:15). Goý, maşgala okuwy siziň her biriňize şatlyk getirsin, çünki «Taňrymyzyň eçýän şatlygy biziň güýç-kuwwatymyzdyr»! (Neh. 8:9, 10).