35-nji aýdym
Hudaýyň sabyrlylygyna şükür edeliň
1. Beýik Hudaý, çäksiz seň güýjüň,
Örän dogry her bir işiň.
Zalymlar sürse-de höküm,
Olar ýok ediler bir gün.
Haýal hereket etmersiň sen,
Ýamanlyklar ýok bolar tizden.
Biz bil baglaýarys saňa,
Şükür edýäs çäksiz sabryňa.
2. Seň üçin müň gün bir gün ýaly,
Sen sabyrly hem wepaly.
Ýetip gelýär Beýik günüň,
Gijikmez adyl hökümiň.
Günäkär toba etse çyndan,
Sen köp razy bolýarsyň ondan.
Umyt edýäs gelejege,
Adyňa alkyş aýdyp ýene.
(Şeýle-de Luka 15:7; 2 Pet. 3:8, 9 serediň.)