32-nji aýdym
Berk hem tutanýerli boluň!
1. Adamlar gam çekýär agyr dertden,
Gorkup ýaşaýarlar gelejekden.
Ýaha gulluk edip biz wepaly,
Tutanýerli bolmaly.
(GAÝTALAMAK)
Biz berk durmaly hökman,
Zalym dünýä goşulman.
Geliň, dogry ýolda päk bolalyň mydam.
2. Dünýä aldawçydyr, örän mekir,
Aldanmarys etsek dogry pikir.
Gulak assak hiç zada garaman,
Ýehowa goldar hökman.
(GAÝTALAMAK)
Biz berk durmaly hökman,
Zalym dünýä goşulman.
Geliň, dogry ýolda päk bolalyň mydam.
3. Ýehowa ýürekden ediň sežde,
Jan edip wagyzda her bir ýerde.
Tutanýerli bolsak elmydam biz,
Dünýäň soňy geler tiz.
(GAÝTALAMAK)
Biz berk durmaly hökman,
Zalym dünýä goşulman.
Geliň, dogry ýolda päk bolalyň mydam.
(Şeýle-de Luka 21:9; 1 Pet. 4:7 serediň.)