152-nji aýdym
Güýjüm, umydym hem daýanjym
- Eý Ýehowa sen berdiň umyt, - ol meň ýüregimde. - Islegim ony jar etmek, - bütin ýer ýüzünde. - Emma durmuşyň aladasy - kähalat meni basýar, - Umydym saralyp-solup - hem ýüregim gysýar. - (GAÝTALAMAK) - Umydym, daýanjym, - meň güýjüm sende, - Hiç zada mätäç etmeýäň. - Ýok gorkym, ýok ünjim - wagyz edemde, - Çünki saňa bil baglaýan. 
- Haýyş, kömek et, eý Ýehowa, - bil baglaýyn saňa. - Çünki sen agyr günümde - güýç berýärsiň maňa. - Oýlansam seň şu söýgiň hakda - ruhlanýan, ganatlanýan. - Wagyz etmäge güýç alyp, - ýürekden şatlanýan. - (GAÝTALAMAK) - Umydym, daýanjym, - meň güýjüm sende, - Hiç zada mätäç etmeýäň. - Ýok gorkym, ýok ünjim - wagyz edemde, - Çünki saňa bil baglaýan. 
(Şeýle-de Zb 72:13, 14; Sült 3:5, 6, 26; Ýer 17:7 serediň.)