Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • mwbr18 Iýul sah. 1—7
  • «Durmuş we wagyz okuw depderi» üçin salgylar

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • «Durmuş we wagyz okuw depderi» üçin salgylar
  • «Durmuş we wagyz okuw depderi» üçin salgylar (2018)
  • Sözbaşylar
  • IÝUL 2—8
  • IÝUL 9—15
  • IÝUL 16—22
  • IÝUL 23—29
  • IÝUL 30—AWGUST 5
«Durmuş we wagyz okuw depderi» üçin salgylar (2018)
mwbr18 Iýul sah. 1—7

«Durmuş we wagyz okuw depderi» üçin salgylar

IÝUL 2—8

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | LUKA 6, 7

«Jomartlyk bilen beriň»

nwtsty Lk 6:37-ä degişli maglumat

Adamlary bagyşlaň, şonda Hudaý hem sizi bagyşlar: «Bagyşlaň» diýip terjime edilen grek sözi göni manyda «azat etmegi; goýbermegi; boşatmagy (meselem, tussagy boşatmagy)» aňladýar. Bu ýerde hatda günä eden adam jeza berilmäge ýa-da höküm edilmäge mynasyp bolsa-da, ony aklamak we bagyşlamak göz öňünde tutulýar.

w08 15/5 sah. 9, 10, abz. 13, 14

Ýagşylyk ediň

13 Mattanyň hoş habarynda Isa şeýle diýdi: «Üstüňizden höküm çykarylmaz ýaly, başgalaryň üstünden höküm çykarmagyňyzy bes ediň» (Mat. 7:1). Lukanyň kitabynda bolsa Isa şeýle diýdi: «Başgalaryň üstünden höküm çykarmaň, siziň-de üstüňizden höküm çykarylmaz. Iş kesmäň, size-de iş kesilmez. Bagyşlaň, siz-de bagyşlanarsyňyz» (Luka 6:37). I asyrda fariseýler Ýazgylara esaslanmadyk däbe eýerip, adamlary rehimsiz ýazgarýardylar. Eger Isanyň şägirtlerinden biri şeýle eden bolsa, ol «höküm çykarmagyny bes etmelidi» we «bagyşlamalydy», ýagny adamlaryň kemçiligine geçirimlilik etmelidi. Pawlus resul hem bagyşlamak barada şuňa meňzeş maslahat berdi.

14 Isanyň şägirtleri adamlary bagyşlamak bilen başgalary hem şeýle etmäge höweslendirip bilerdiler. Isa şeýle diýdi: «Nähili höküm çykarsaňyz, siziň-de üstüňizden şonuň ýaly höküm çykarylar; haýsy ölçeg bilen ölçeseňiz, size-de şol ölçeg bilen ölçeler» (Mat. 7:2). Adamlara hormat goýsak, olaram bize hormat bilen garar (Gal. 6:7).

nwtsty Lk 6:38-e degişli maglumat

Beriň: Bu aýatda ulanylýan grek işligi dowamly hereketi görkezýär.

nwtsty Lk 6:38-e degişli maglumat

Gujagyňyzy: Bu ýerde ulanylýan grek sözi göni manyda adamyň gursagyny ýa-da döşüni aňladýar. Emma bu aýatdaky «gujagyňyzy» diýen söz adamyň eşiginiň bilinden aşagyna degişli ulanylýar. Bu ýerde käbir söwdagärleriň däbi göz öňünde tutulýan bolmaly, olar müşderileriniň donunyň etegine dänäni dolduryp berýärdiler.

Ruhy dürdäneleri agtaryň

w07 1/8 sah. 6, abz. 1

Ruhy taýdan ösen mesihçi bolmak üçin näme etmeli?

Isa köplenç uzak wagtlap doga edýärdi (Ýahýa 17:1—26). Meselem, ol 12 şägirdini saýlamazdan öň, «doga etmek üçin daga gidýär we bütin gijäni Hudaýa doga edip geçirýär» (Luka 6:12). Mesihçilerden bütin gije doga etmeklik talap edilmese-de, ruhy taýdan ösen dogan-uýalar Isanyň göreldesine eýerýärler. Olar wajyp karara gelmeli bolanda, doga etmäge ýeterlikli wagt sarp edip, paýhasly kararlara gelip biler ýaly, Hudaýdan mukaddes ruhy arkaly görkezme soraýarlar.

nwtsty Lk 7:35-e degişli maglumat

Dogry işler: Matta 11:19-da hem akyldarlyk adamyň edýän «işleri» bilen tassyklanýandygy aýdylýar. Suwa çümdürýän Ýahýanyň we Isanyň sözleri şägirtlere garşy aýdylýan aýyplamalaryň ýalandygyny subut edýär. Aslynda, Isa: «Olaryň dogry işlerine we hereketlerine serediň, şonda olara garşy aýdylýan aýyplamalaryň ýalandygyny bilersiňiz» diýen ýalydy.

IÝUL 9—15

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | LUKA 8, 9

«Meniň şägirdim boluň. Munuň üçin näme etmeli?»

it «Höwürtge»

Höwürtge

Bir gezek kanunçy: «Mugallym, sen nirä gitseň, menem seniň bilen giderin» diýende, Isa oňa: «Tilkileriň süreni, asmandaky guşlaryň höwürtgesi bar, emma Ynsan oglunyň başyny goýmaga-da ýeri ýokdur» diýdi (Mt 8:19, 20; Lk 9:57, 58). Şeýle diýmek bilen, Isa öz şägirdi bolmak isleýän adamlaryň amatly durmyşyndan we öwrenişen zatlaryndan geçmelidigini hem-de Ýehowa doly bil baglamalydygyny görkezdi. Bu prinsip Isanyň nusgalyk dogasynda hem bellenilip geçilýär. Ol şägirtlerine doga etmegi öwredende: «Bize gündelik iýjek çöregimizi her gün ber» diýdi. Şeýle-de: «Şonuň ýaly siz hem bar emlägiňizden geçmeseňiz, meniň şägirdim bolup bilmersiňiz» diýdi (Mt 6:11; Lk 14:33).

nwtsty Lk 9:59, 60-njy aýatlara degişli maglumatlar

Kakamy jaýlamaga: Bu sözler şol adamyň kakasynyň edil şol wagt aradan çykandygyny we Isadan ony jaýlamaga rugsat sorandygyny aňlatmaýar. Eger şeýle bolan bolsa, ol adam Isa bilen gepleşip durmazdy. Gadym döwürde adam ýogalanda, maşgala agzalary ony şol günüň özünde jaýlapdyrlar. Şol sebäpli ol adamyň kakasy aradan çykman, ýarawsyz ýa-da gartaşan bolan bolmaly. Elbetde, Isa onuň ýarawsyz we kömege mätäç ene-atasyndan geçmelidigini göz öňünde tutmandy. Onuň şeýle diýmeginiň başga sebäbi bardy. Şol adamyň maşgalasynda şeýle wajyp meseleleriň aladasyny etjek başga-da adamlar bolan bolmaly (Mr 7:9—13). Aslynda, ol Isa: «Men seniň yzyňa eýerjek, ýöne kakam dirikä däl. Ol aradan çyksyn. Men ony jaýlaýyn» diýen ýalydy. Isanyň aýtmagyna görä, ol adam Hudaýyň Patyşylagyny durmuşynda birinji orunda goýmaga taýyn däldi (Lk 9:60, 62).

Goý, ölüleri ölüler jaýlasyn: Lk 9:59-a degişli maglumatda düşündirilişi ýaly, Isa bilen gepleşen adamyň kakasy heniz aradan çykmandy; ol ýarawsyz ýa-da gartaşan bolan bolmaly. Şol sebäpli Isa oňa: «Goý, ölüleri ölüler jaýlasyn» diýdi. Isanyň aýtmagyna görä, ol adam beýleki maşgala agzalaryna kakasynyň ölýänçä aladasyny etmäge we ony jaýlamaga ýol bermelidi. Ol Isanyň yzyna eýermek bilen, ededi ýaşaýşa eltýän ýola düşüp, Hudaýyň öňünde ruhy taýdan ölen adamlaryň arasynda bolmazdy. Isa ruhy taýdan oýa bolmak üçin Hudaýyň Patyşalygyny durmuşyňda birinji orunda goýmagyň we ony yglan etmegiň wajypdygyny görkezdi.

nwtsty-daky aýratynlyklar

Azal

Azal köplenç tomus aýlary howanyň yssysyna gatap giden topragy ýumşatmak üçin ulanylýardy. Adatça, güýzde ýagyşdan soň ýer biraz ýumşaýardy (B15 goşmaça maglumata serediň). Käbir azallaryň sapy agaçdan bolup, bir ýa-da iki haýwana dakylan boýuntyryga berkidilýärdi. Toprak sürlenden soň, tohum ekilýärdi. Ýewreý ýazgylarynda köplenç azal bilen bagly şeýle deňeşdirmeler ulanylýar (Sr 14:18; Iş 2:4; Ýer 4:3; Mk 4:3). Isa-da wajyp zatlary öwredende, köplenç ekerançylyk bilen bagly mysallary ulandy. Meselem, Isa şägirdi bolan adamyň ünsüni sowmaly däldigini nygtamak üçin azaly mysal getirdi (Lk 9:62). Eger daýhan azal bilen ýer sürüp barýarka yzyna seretse, onda joýalar gyşyk bolardy. Şonuň ýaly mesihiň şägirdi bolan adam hem käbir zatlarynyň ünsüni sowmagyna ýol berse ýa-da özüne ynanylan jogapkärçilikden ýüz öwürse, Hudaýyň Patyşalygyna girmäge mynasyp bolup bilmez.

w12 15/4 sah. 15, 16, abz. 11—13

Ýehowa bütin ýürek bilen gulluk ediň

11 Isanyň mysalyna düşünmek üçin daýhany göz öňüne getireliň. Daýhan ýeri sürüp ýör. Şol wagtyň özünde-de öýünde göwün açýan dogan-garyndaşlary, dost-ýarlary, näz-nygmatlar, aýdym-saz we şadyýan gülküler we salkyn howa barada pikir edip, arzuw edýär. Daýhan biraz işlese-de, şeýle pikirler gününe goýman, göwün açmaga islegi has-da möwjäp, «yzyna seredýär». Edilmeli iş köp bolsa-da, daýhanyň ünsi sowuldy we işine erbet täsir etdi. Elbetde, daýhanyň tutanýerli däldigini görüp, hojaýyny lapykeç bolýar.

12 Indi biziň günlerimize dolanalyň. Daýhany ruhy taýdan berk ýaly, ýöne howp abanýan mesihçä meňzedip bolar. Geliň, yhlasly gulluk edýän dogany göz öňüne getireliň. Ol ýygnaklara yzygiderli barsa-da, yhlasly wagyz etse-de, bu dünýädäki käbir zatlar barada hemişe oýlanýar. Ýüreginiň töründe şol zatlary küýseýär. Birnäçe ýyl gulluk edýändigine garamazdan, şol pikirler gününe goýman, ahyry dünýädäki käbir zatlara höwesi şeýle güýjeýär welin, hatda «yzyna seredýär». Gullukda edilmeli iş köp bolsa-da, ol «ýaşaýyş sözüni gaýym tutmaýar», Hudaýa indi öňküsi ýaly gulluk edenok (Flp. 2:16). «Hasyl eýesi» Ýehowa mesihçiniň erjellik bilen gulluk etmeýänine gynanýar (Luka 10:2).

13 Biziň üçin edinmeli sapak mese-mälim. Ýehowa tüýs ýürekden gulluk etmek üçin yzygiderli ýygnak duşuşyklaryna gatnaşmak we wagyz etmek ýeterlikli däl (2 Tar. 25:1, 2, 27). Eger mesihçi ýüreginiň töründe dünýädäki käbir zatlary söýýän bolsa, Ýehowa bilen ýakyn gatnaşygyna howp abanyp biler (Luka 17:32). Diýmek, Hudaýa bütin ýürek bilen gulluk etmek üçin «erbetligi ýigrenip, ýagşylyga ýapyşmaly» (Rim. 12:9; Luka 9:62). Şol sebäpli Şeýtanyň dünýäsinde käbir zatlar peýdaly hem ýakymly görünse-de, Hudaýyň Patyşalygynyň bähbitleri üçin ak ýürekden gulluk etmäge päsgel bermez ýaly habardar bolmaly (2 Kor. 11:14; Filipililer 3:13, 14-nji aýatlary okaň).

Ruhy dürdäneleri agtaryň

nwtsty Lk 8:3-e degişli maglumat

Hyzmat edýärdiler: Ýa-da «goldaýardylar (üpjün edýärdiler) diýmegi aňladýar». «Diakoneo» diýen grek sözi başgalar üçin iýmit satyn almak, bişirmek we hödür etmek ýaly manylary berip bilýär. Lk 10:40; 12:37; 17:8-de (hyzmat etmek) we Res 6:2-de (iýmit paýlamak) hem şuňa meňzeş sözler ulanylýar. Emma bu söz adamyň edýän ähli işlerine degişli hem ulanylyp bilýär. Lk 8:2, 3-nji aýatlarda käbir aýallaryň Hudaýyň tabşyran ýumşuny ýerine ýetirmekleri üçin Isany we onuň resullaryny goldandygy aýdylýar. Şeýdip, bu aýallar Hudaýy şöhratlandyrdylar. Hudaý bolsa olaryň jomartlyk bilen eden işlerini gymmat saýýandygyny görkezmek we muny gelejekki nesilleriň hem bilmegi üçin Mukaddes Ýazgylara ýazdyrdy (Sült 19:17; Ýew 6:10). Mt 27:55 we Mr 15:41-de hem birmeňzeş grek sözi ulanylýar.

w08 15/3 sah. 31, abz. 2

Lukanyň hoş habaryndan peýdaly pikirler

9:49, 50. Näme üçin Isa yzyna eýermedik adama jynlary çykarmagy gadagan etmedi? Şol wagt heniz mesihçiler ýygnagy döredilmändi, şol sebäpli Isa oňa gadagan etmeýär. Mesihe iman etmek we jynlary kowup çykarmak üçin adamdan Isanyň ýanynda bolmak talap edilmeýärdi (Mar. 9:38—40).

IÝUL 16—22

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | LUKA 10, 11

«Rehimdar samariýaly adam baradaky mysal»

nwtsty-daky aýratynlyklar

Iýerusalimden Eriha barýan ýol

Bu gysgajyk wideoda 1) Iýerusalimden Eriha barýan gadymy döwürdäki ýoluň ugry görkezilýär. Bu ýoluň uzynlygy 20 kilometrden gowrak bolup, ol dagyň üstünde ýerleşýärdi. Isanyň mysalyndaky adam Iýerusalimden Eriha barýan ýoluň ýapgydynda, ýagny 1-nji kilometrinde ýaralanan bolmaly. Bu ýer çola hem çöllük bolandygy üçin talaňçylyk köp bolýardy. Şonuň üçin bu ýoldan geçýän adamlara howpsuz bolar ýaly, ýörite sakçylar goýulýardy. Isanyň günlerinde 2) Eriha şäheri Rime degişli bolup, ol Ýahuda çölüniň ugrundaky ýolda ýerleşýärdi. 3) Gadymy Eriha bolsa, bu şäheriň takmynan 2 kilometr golaýynda ýerleşipdir.

w02 1/9 sah. 16, 17, abz. 14, 15

«Ol mysalsyz asla öwretmeýärdi»

14 Ikinji mysal bolsa, rehimdar samariýaly adam baradady. Isa şeýle diýdi: «Bir adam Iýerusalimden düşüp, Eriha barýarka, garakçylaryň eline düşýär. Olar onuň eşiklerini sypyryp alyp, özüni hem urup, çalajan halda taşlap gidýärler» (Luka 10:30). Isanyň «Iýerusalimden düşüp, Eriha barýarka» diýmegi ýöne ýere däldi. Ol bu mysaly Iýerusalimiň golaýynda Ýahudada wagty aýdypdy. Diýmek, ony diňleýän adamlar haýsy ýol hakda gürrüň edilýändigini bilen bolmaly. Şol ýol, esasan-da, ýeke özi syýahat edýän adamlar üçin örän howplydy. Şeýle-de bu ýol çolady we garakçylar üçin amatlydy.

15 Isanyň «Iýerusalimden düşüp, Eriha barýan» ýol barada aýtmagynyň başga-da bir sebäbi bardy. Mysalda şol ýoldan, ilki bilen, ruhany, soňra lewiniň geçendigi aýdylýar. Emma olaryň ikisem ýaralanan adama kömek etmeýär (Luka 10:31, 32). Ruhanylar Iýerusalimdäki ybadathanada gulluk edýärdi, lewiler bolsa olara kömek edýärdi. Ruhanylaryň we lewileriň köpüsi borçlaryny ýerine ýetirmeýän wagty Iýerusalimden 23 km uzaklykda ýerleşýän Eriha şäherinde ýaşaýardylar. Şonuň üçin olar köplenç şol ýoldan geçen bolmaly. Şeýle-de üns beren bolsaňyz, Isa ruhany bilen lewiniň «Iýerusalimden» düşüp gelýändigini aýdýar. Bu bolsa olaryň ybadathanadaky gullugyny tamamlandyklaryny görkezýär. Diýmek, hiç kim «olar ölen ýaly bolup ýatan adama el degirmäge gorkýardylar. Sebäbi ölä galtaşan adam haram hasaplanyp, ybadathanada gulluk edip bilmeýärdi» diýip, olaryň hereketini aklap bilmeýär (Lew. 21:1; San. 19:11, 16). Görşümiz ýaly, Isa adamlara tanyş zatlary gürrüň berýärdi.

nwtsty Lk 10:33, 34-nji aýatlara degişli maglumatlar

Samariýaly adam: Ýehudylar samariýalylary halamaýardylar we olar bilen gatnaşyk saklamak islemeýärdiler (Ýah 4:9). Hatda käbir ýehudylar kimdir birini kemsidenlerinde ýa-da ýazgaranlarynda, oňa «samariýaly» diýýärdiler (Ýah 8:48). Mişnada aýdylyşy ýaly, dini ýolbaşçylaryň biri: «Samariýalylaryň çöregini iýen adam doňuzyň etini iýen ýalydyr» diýýär (Shebith 8:10). Ýehudylaryň köpüsi samariýalylaryň beren şaýatlygyna ynynmaýardylar we ony kabul etmeýärdiler. Olaryň samariýalylara bolan nädogry garaýşyny bilip, Isa rehimdar samariýaly adam baradaky mysalyny gürrüň berdi.

Ýaralaryna ýag hem-de şerap guýup saraýar: Luka lukman bolandygy üçin Isanyň mysalyndaky ýaralanan adamy suratlandyranda, şol döwürde ýarany bejermek üçin ulanylan usullar barada jikme-jik ýazýar. Adatça, ýag hem-de şerap ýarany bejermek üçin ulanylýardy. Ýag köplenç ýarany ýumşatmak (Iş 1:6-ny deňeşdiriň), şerap bolsa ýarany arassalamak ýa-da bejermek üçin ulanylýardy. Luka ýaranyň beterläp gitmezligi üçin, mysaldaky adamyň ony arassalap sarandygyny aýdýar.

Kiçijik myhmanhana: Bu aýatda ulanylýan grek sözi «hemme adamlaryň kabul edilýän ýa-da galmaga rugsat berilýän ýerini» aňladýar. Ýolagçylar şeýle myhmanhanalarda hatda at we eşek ýaly haýwanlary bilen galyp bilýärdiler. Myhmanhananyň eýesi ýolagçylary esasy gerekli zatlary bilen üpjün edýärdi we wagtlaýynça kimdir birine seretmeli bolsa, hakyny alyp, onuň aladasyny edýärdi.

w98 1/7 sah. 31, abz. 2 

Samariýaly adam ýakynyna söýgi bildirýär

Isanyň mysalyndan görnüşi ýaly, dogruçyl adam diňe bir Hudaýyň kada-kanunlaryna gulak asman, onuň ajaýyp häsiýetlerinden görelde alýar (Efesliler 5:1). Meselem, Mukaddes Ýazgylarda «Hudaýyň hiç kimi ala tutmaýandygy» aýdylýar (Resullaryň işleri 10:34). Eýsem, biz Hudaýyň bu häsiýetinden görelde alýarysmy? Isanyň bu mysaly bize milletine, medeniýetine we dinine garamazdan, adamlary söýmegi öwredýär. Dogrudan-da, mesihçiler diňe bir öz milletinden we imandaşy bolan adamlara däl-de, eýsem, «hemmelere... ýagşylyk edýär» (Galatýalylar 6:10).

Ruhy dürdäneleri agtaryň

nwtsty Lk 10:18-e degişli maglumat

Men Şeýtanyň ýyldyrym kimin gökden aşak inendigini gördüm: Isa bu ýerde Şeýtanyň gökden ýer ýüzüne zyňyljakdygy baradaky pygamberligi aýdan bolmaly. Ylh 12:7—9-njy aýatlarda Mesihi Patyşalygyň berkarar edilmegi bilen, gökde uruş turandygy we Şeýtanyň ýer ýüzüne zyňlandygy aýdylýar. Isa bu ýerde Şeýtanyň jynlary bilen gökde boljak söweşde ýeňiljekdigini belläp geçdi. Sebäbi Hudaý hatda bikämil adamlara, ýagny Isanyň 70 şägirdine jynlary kowmaga ygtyýar berdi (Lk 10:17).

w08 15/3 sah. 31, abz. 11

Lukanyň hoş habaryndan peýdaly pikirler

10:18. Isa 70 şägirdine: «Men Şeýtanyň gökden ýyldyrym ýaly bolup aşak inenini gördüm» diýende nämäni göz öňünde tutdy? Isanyň sözleri Şeýtanyň eýýäm gökden zyňylandygyny aňlatmaýar. Bu 1914-nji ýylda Isa Mesih gökde patyşa bolandan soň boldy (Ylh. 12:1—10). Isa geljekdäki wakalary geçen zamanda aýtmak bilen, munuň hökman boljakdygyny, has dogrusy, nygtap geçdi.

nwtsty Lk 11:5—9-njy aýatlara degişli maglumatlar

Dostum, maňa üç sany çörek karz beräý: Bu ýerde Gündogar ýurtlarynyň myhmansöýerligi suratlandyrylýar. Şol ýerleriň medeniýetine görä, adamlar başgalara myhmansöýerlik bildirmegi özlerine borç hasaplaýardylar. Myhmanyň ýarygije duýdansyz gelendigine garamazdan, öý eýesi oňa hödür-kerem etmäge özüni borçly duýýardy. Gerek bolsa, ol hatda gidip goňşusyndan karzyna çörek almaga-da taýyndy.

Bimaza etmesene: Mysalda agzalýan adamyň goňşusy çörek beresi gelmändigi üçin däl-de, eýýäm ýatandygy üçin kömek etmeýär. Şol döwürde, esasan-da, garyp ýaşaýan adamlaryň öýleri köplenç ýekeje uly otagdan ybarat bolýardy. Şol sebäpli eger adam tursa, onda maşgala agzalarynyň ählisini, şol sanda süýji ukuda ýatan çagalaryny hem bimaza edip bilýärdi.

Erjelligiňiz üçin: Bu aýatda ulanylýan grek sözi göni manyda «binamys» ýa-da «utançsyz» diýmegi aňladýar. Emma bu ýerde şol söz batyrgaý ýa-da erjel bolmagy aňladýar. Isanyň mysalyndaky adam gerek zadyny soramaga utanmaýar ýa-da soramagyny bes etmeýär. Isa şägirtlerine Hudaýa doga edenlerinde, şol adam ýaly erjel bolmalydyklaryny aýtdy (Lk 11:9, 10).

IÝUL 23—29

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | LUKA 12, 13

«Siz köp serçelerden-de has gymmatlysyňyz»

nwtsty Lk 12:6-a degişli maglumat

Serçe: «Strouthion» diýen grek sözi islendik kiçi guşy aňladyp biler. Ýöne bu söz köplenç iýmit üçin satylýan guşlaryň arasynda iň arzany bolan serçelere degişli ulanylýar.

nwtsty Lk 12:7-ä degişli maglumat

Siziň bolsa başyňyzdaky saçyňyz hem sanalgydyr: Aýtmaklaryna görä, adamyň kellesinde 100 müňden gowrak gyl bar. Ýehowanyň hatda şeýle jikme-jiklikleri bilýändigi onuň Mesihiň yzyna eýerýän her bir adam bilen ýürekden gyzyklanýandygyny subut edýär.

cl sah. 241, abz. 4, 5

Hiç zat bizi «Hudaýyň söýgüsinden aýryp bilmez»

4 Birinjiden, Mukaddes Ýazgylarda Hudaýyň her bir gullukçysyny gymmat saýýandygy aýdylýar. Meselem, Isa şeýle diýdi: «Iki serçäni bir teňňä satýarlar, şeýle dälmi? Emma olaryň ýekejesi-de ýere gaçanda, gökdäki Ataňyzyň nazaryndan sypýan däldir. Siziň bolsa başyňyzdaky saçyňyzam sanalgydyr. Şonuň üçin gorkmaň, siz köp serçelerden-de has gymmatlysyňyz» (Matta 10:29—31). Geliň, Isanyň sözleriniň I asyrdaky mesihçiler üçin nämäni aňladandygyna seredeliň.

5 Adamlar serçäni näme üçin satyn alýardylar? Isanyň günlerinde serçeler iýmit üçin ulanylýan iň arzan guş hasaplanýardy. Üns beren bolsaňyz, bary-ýogy ýekeje teňňä iki sany serçäni satyn alyp bolýardy. Ýöne Isanyň aýtmagyna görä, adam iki teňňä dört däl-de, bäş serçe satyn alyp bilýärdi. Serçäniň känbir gymmaty bolmansoň, bäşinji serçäni mugt berýärdiler. Belki-de, adamlar üçin serçeleriň hiç hili gymmaty ýokdyr. Ýöne olara Ýaradyjymyz nähili garaýar? Isa bu babatda şeýle diýdi: «Emma olaryň ýekejesi-de ýere gaçanda, gökdäki Ataňyzyň nazaryndan sypýan däldir» (Luka 12:6, 7). Isa bu mysal arkaly näme diýmekçi boldy? Eger-de ýönekeýje serçeler Ýehowanyň nazarynda şeýle gymmatly bolsa, onda Onuň adamlary has-da gymmat saýýandygyna asla şübhelenmän bileris. Isanyň aýdyşy ýaly, Ýehowa biz barada ähli zady bilýär; hatda biziň «başymyzdaky saçymyzam sanalgydyr».

Ruhy dürdäneleri agtaryň

nwtsty Lk 13:24-e degişli maglumat

Jan ediň: Ýa-da «göreşmegiňizi dowam ediň». Isanyň bu sözleri dar gapydan girmek üçin bar güýjüň bilen tagalla etmelidigimizi görkezýär. Käbir sözlüklerde bu jümle «bar güýjüňi jemlemek; eliňde baryny etmek» diýip terjime edilýär. Agonizomai diýen grek işligi grekçe agon diýen sözden gelip çykyp, köplenç ylgaw ýaryşlaryna degişli ulanylýar. Ýew 12:1-de bu söz göçme manyda ýaşaýyş «ýolunda» mesihçilere degişli ulanylýar. Şeýle-de bu sözüň has giňişleýin, meselem, «göreş alyp barmak» diýen manysy hem bar (Fp 1:30; Kl 2:1; 1Tm 6:12; 2Tm 4:7). Lk 13:24-däki grek işligi «ýaryşa gatnaşmak» (1Kr 9:25), «jan etmek» (Kl 1:29; 4:12; 1Tm 4:10) we «göreş alyp barmak» (1Tm 6:12) diýen manyny berýär. Bu jümle ylgaw ýaryşyna gatnaşýan türgenler bilen bagly ulanylýandygy üçin, käbir adamlar Isa şägirtlerini edil türgenler ýaly, baýrak almak üçin bar güýji bilen tagalla etmäge höweslendirdi diýýärler.

nwtsty Lk 13:33-e degişli maglumat

Mümkin däldir: Ýa-da «bolup biljek zat däldir». Mukaddes Ýazgylardaky pygamberlikleriň hiç birinde Mesihiň Iýerusalimde öldüriljekdigi barada anyk hiç zat aýdylmaýar. Emma Dn 9:24—26-njy aýatlardan onuň şol ýerde öldüriljekdigini bilse bolýar. Şeýle-de ýehudylar bir pygambere, esasan-da, Mesihe jeza berseler, ony şol şäherde ölüme höküm ederdiler. Sebäbi Mejlisiň 71 agzasy, ýagny ýokary kazyýet Iýerusalimde ýygnanyşýardy. Şonuň üçin olar ýalan pygamber hökmünde aýyplanýan adamlara şol ýerde höküm çykarýardylar. Iýerusalim Hudaýa hemişe gurbanlaryň berilýän ýeri bolandygy üçin, Isa Pashalyk guzynyň şol ýerde öldüriljekdigini göz öňünde tutan bolmaly. Ol edil Isanyň aýdyşy ýaly hem boldy. Ony Iýerusalimdäki Mejlisiň öňünde durzup, höküm etdiler. Şeýle-de ol hut Iýerusalimiň özünde, ýagny şäheriň daşynda «Pashalyk guzymyz» hökmünde öldi (1Kr 5:7).

IÝUL 30—AWGUST 5

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | LUKA 14—16

«Ýiten ogul mysaly»

nwtsty Lk 15:11—16-njy aýatlara degişli maglumatlar

Bir adamyň iki ogly bardy: Isanyň ýiten ogul mysalyndaky käbir zatlaryň biziň üçin uly ähmiýeti bar. Bu Isanyň aýdan iň uly mysallarynyň biridir. Onda maşgala gatnaşyklaryna aýratyn üns berilýär. Isa başga mysallarynda köplenç tohumlar we olaryň dürli-dürli miwe berşi ýa-da gul bilen hojaýynyň gatnaşygy ýaly hakykata onçakly ýakyn bolmadyk zatlar barada aýdýardy (Mt 13:18—30; 25:14—30; Lk 19:12—27). Emma Isa bu mysalynda atasynyň ogullary bilen ýakyn gatnaşygyna üns berýär. Mümkin, bu mysaly eşiden adamlaryň köpüsiniň şeýle ýürekdeş we mähirli atasy bolan däldir. Isanyň bu mysaly gökdäki Atamyzyň ýerdäki çagalaryna, ýagny Özi bilen ýakyn dostlugy bolan we azaşyp, soňra yzyna dolananlara duýgudaşlygyny hem-de çuňňur söýgüsini gowy suratlandyrýar.

Kiçi ogly: Musanyň kanunyna görä, nowbahar ogla iki esse paý berilýärdi (Kant 21:17). Diýmek, bu mysaldaky adamyň uly ogly nowbahar bolandygy üçin, kiçi ogluna doganyndan iki esse az miras berilmelidi.

Emlägini ýele sowurdy: Bu ýerde ulanylýan grek sözi göni manyda «dargatmak» ýa-da «çar tarapa zyňyp goýbermek» diýmegi aňladýar (Lk 1:51; Res 5:37). Mt 25:24, 26-njy aýatlarda bu söz «sowurmak» diýip terjime edilýär. Isa bu mysalda akylsyzlyk bilen bar zadyňy ýele sowurmagy göz öňünde tutdy.

Akylsyz ýaşap: Ýa-da «ömrüňi biderek geçirmek». Ef 5:18; Tit 1:6; 1Pt 4:4-nji aýatlarda hem birmeňzeş grek sözi ulanylýar. Bu ýerde ulanylýan grek sözi ömrüňi ýa-da wagtyňy biderek geçirmek diýen manyny berýändigi üçin Mukaddes Ýazgylaryň käbir terjimelerinde «azgyn» durmuşy alyp barmak diýip terjime edilýär.

Doňuzlar: Musanyň kanunyna görä, doňuzlara haram haýwan hökmünde garalýardy. Ýehudylar olary bakmagy kemsidiji we masgaraçylykly iş hasaplaýardy (Lw 11:7, 8).

Doňuzlara berilýän iýmit: Bu ýerde mallara berilýän ösümlik göz öňünde tutulýar. Bu ösümligiň miwesi goňur reňkde bolup, daşynda ýukajyk gabygy bolýardy. Oňa grekçe keration (kiçijik şah) diýilýär, sebäbi ol haýwanyň şahyna meňzeş bolýar. Şu günlerem bu ösümlik doňuzlara, atlara we iri şahly mallara berilýär. Bu mysaldaky ýaş ýigidiň düşen ýagdaýy şeýle bir gözgynydy welin, ol hatda doňuzlara berilýän iýmiti iýmäge-de taýyndy (Lk 15:15-e degişli maglumata serediň).

nwtsty Lk 15:17—24-nji aýatlara degişli maglumatlar

Saňa garşy: Grekçe enopion diýen baglaýjy kömekçisi göni manyda «seniň öňüňde ýa-da nazaryňda» diýmegi aňladýar. Septuagintada 1Şm 20:1-de hem birmeňzeş söz ulanylýar. Onda Dawut Ýonatandan: «Men seniň kakaňa näme ýamanlyk etdim?» diýip soraýar.

Hakyna tutulan işçiler: Mysalda agzalýan ýaş ýigit öýüne dolanyp gelende, kakasyndan ony ogly hökmünde däl-de, hakyna tutulan işçileriniň biri hökmünde kabul etmegini soraýar. Şeýle adam hatda beýleki gullar ýaly maşgalanyň agzasam bolup bilmeýärdi. Ol diňe bir günlük we bir gezeklik hakyna tutulan işçi hasaplanýardy (Mt 20:1, 2, 8).

Mähirli ogşady: Ýa-da «söýgi bilen ogşady». «Mähirli ogşamak» diýip terjime edilen bu grek jümlesi phileo diýen işlikden gelip çykyp, käte «ogşamak» diýmegi aňladýar (Mt 26:48; Mr 14:44; Lk 22:47), emma bu söz köplenç «ýakynyňa» bolan söýgini görkezýär (Ýah 5:20; 11:3; 16:27). Mysaldaky ata toba eden ogluny söýgi we mähir bilen garşy alyp, ony höwes bilen yzyna kabul etmäge taýyndygyny görkezdi.

Ogluň diýilmäge-de: Käbir golýazmalarda Lk 15:21-de: «Meni hakyna tutulan işçileriň biri edäý» diýen sözler goşulan. Ýöne bu aýatdaky sözler, esasan, has irki we ygtybarly golýazmalardan alyndy. Käbir alymlaryň aýtmagyna görä, bu sözler Lk 15:19-daky sözler bilen baglanyşyklydygyny görkezmek üçin goşuldy.

Don... ýüzük... aýakgap: Bu ýerde ýönekeý egin-eşik däl-de, baý adamlaryň geýýän ýa-da hormatly myhmana geýdirilýän iň gowy don göz öňünde tutulýar. Ýüzük bolsa atasynyň ogluna merhemet edýändigini we ony söýýändigini görkezýär. Şeýle-de onuň toba eden ogluna hormat bildirip, derejesini beýgeldýändigini aýan edýär. Adatça, gullarda ýüzük we aýakgap bolmaýardy. Şol sebäpli atasynyň ogluna mähir bilen garamagy ony ýene-de maşgalasyna kabul edýändigini görkezýär.

Ruhy dürdäneleri agtaryň

nwtsty Lk 14:26-a degişli maglumat

Artyk söýse: Göni manyda: «janyny ýigrenmese». Bu söz az söýmegi aňladýar. Mukaddes Ýazgylarda ulanylýan «ýigrenmek» diýen sözüň birnäçe manysy bar. Bu söz kimdir birini ýamanlyk etmek maksady bilen ýigrenmegi aňladýar. Ýa-da kimdir birine ýa bir zada bolan ýakymsyz duýgyny we onuň bilen hiç hili gatnaşyk saklamazlygy aňladýar. Ýa-da bu jümle birini ýa bir zady az söýmegi hem aňladyp bilýär. Meselem, Mukaddes Ýazgylarda Ýakubyň Leýany «halamaýandygy», Raheli bolsa söýýändigi barada aýdylanda, onuň Leýany Rahelden az söýendigi göz öňünde tutulýar (Gelç 29:31; Kant 21:15). Ýehudylaryň gadymy edebiýatynda hem bu jümle şeýle manyda ulanylýar. Isa şägirtleriniň maşgala agzalaryny we özlerini ýigrenmelidigini ýa-da asla söýmeli däldigini göz öňünde tutmandy. Sebäbi bu Mukaddes Ýazgylaryň beýleki aýatlaryna garşy gelerdi (Mr 12:29—31; Ef 5:28, 29, 33-nji aýatlary deňeşdiriň). Görşümiz ýaly, «ýigrenmese» diýen söz «artyk söýse» diýmegi hem aňladyp bilýär.

w17.07 sah. 8, 9, abz. 7, 8

Hakyky baýlygy agtaryň

7 Luka 16:10—13-nji aýatlary okaň. Mysaldaky iş dolandyryjy öz bähbidi üçin dost edinýär. Emma Isa şägirtleriniň öz bähbidi üçin gökde dost edinmeli däldigini aýtdy. Mysalda agzalýan «nähak baýlyk» Hudaýa wepaly bolmak bilen bagly ulanylýar. Isanyň aýtmagyna görä, biz dünýäde edinen emlägimizi paýhasly ulansak, Hudaýa wepalydygymyzy subut edip bileris. Nädip?

8 Biz Isanyň pygamberlik eden wagyz işini maddy taýdan goldap, Hudaýa wepalylygymyzy görkezip bileris (Mat. 24:14). Hindistanda ýaşaýan bir gyzjagaz kiçijik guta teňňelerini, hatda oýnawaç almak üçin berlen pullaryny hem atýardy. Gutujyk dolanda, ol ýygnan pullaryny wagyz işini goldamak üçin berýär. Şol ýurtda ýaşaýan bir dogan bolsa kokos ösdürip ýetişdirýär. Ol Malaýalamdaky terjimeçiler toparyny maddy taýdan goldamak üçin görjek haýryndan geçip, olary kokos bilen üpjün edýär. Gresiýada ýaşaýan doganlar hem Beýtel maşgalasyna kömek etmek üçin, olary zeýtun ýagy, peýnir we başga-da azyk önümleri getirip durýarlar.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş