Gam çekýänlere teselli beriň
1. Näme üçin gynanýan adamlar tesellä mätäç?
1 Esasanam, Hudaýyň Patyşalygyna umyt etmeýän adamlar dogan-garyndaşlary ölende gam çekýärler (1 Sel. 4:13). Adamlaryň köpüsini şeýle soraglar biynjalyk edýär: «Adamlar näme üçin ölýär? Ölen adamlara näme bolýar? Ölen garyndaşlarymyz bilen ýene-de duşuşyp bilerismi?» Garyndaşynyň ýa-da dostunyň ölümi sebäpli gam çekýän adamlara wagyzda nädip teselli berip bolýandygy barada, aşakda birnäçe maslahatlar getirilen (Iş. 61:2).
2. Ölüm sebäpli gam çekýän adama hemişe uzak wagtlap wagyz etmelimi?
2 Öýden öýe wagyzda. Öýden öýe wagyz edenimizde, adam ýaňy-ýakynda maşgala agzasyndan biri ölendigi barada aýtmagy mümkin. Eger ol gamgyn halda ýa-da öýünde gam çekýän dogan-garyndaşlary ýygnanşan bolsa, gürrüň açmasaňyz gowy bolar (Wag. 3:1, 7). Siz gynanç bildirip, ýerlikli bolan kitapçany, žurnaly ýa-da broşýurany berip, sypaýylyk bilen sagbollaşmaly. Soňra oňaýly wagty ikilenç ideg edip, Mukaddes Ýazgylaryň esasynda teselli beriň.
3. Ýerlikli bolanda, gam çekýän adama Mukaddes Ýazgylardan haýsy aýatlary okap bileris?
3 Käbir ýagdaýlarda birinji sapar hem köpräk wagyz edip bileris. Şol wagt nädogry garaýşy düzetmek ýerliksiz bolsa-da, biz Mukaddes Ýazgylarda direliş barada berilýän wadany okap bermeli (Ýahýa 5:28, 29). Ýa-da ölen adamlaryň ýagdaýy barada Mukaddes Ýazgylarda näme aýdylýandygyny gürrüň bermeli (Wag. 9:5, 10). Belki, Mukaddes Ýazgylarda direliş baradaky wakalaryň biri teselli berip biler (Ýahýa 11:39—44). Şeýle-de Mukaddes Ýazgylardan Ýehowa ynamyny bildiren Eýýubyň sözlerini okap berse bolar (Eýýup 14:14, 15). Gitmezden öň, ýerlikli bolan kitapçany ýa-da «Adam ölenden soň, oňa näme bolýar» we «Dogan-garryndaşyň ölende» atly broşýurany bermegi unutmaň. Adama «Mukaddes Ýazgylar öwredýär» atly kitaby bereniňizde, 6-njy baby görkezip, indiki sapar ony ara alyp maslahatlaşmak barada gepleşiň.
4. Biz ýene-de nähili ýagdaýlarda adamlara teselli berip bileris?
4 Başga ýagdaýlarda. Patyşalyk zalynda ýas sözi aýdylanda, oňa Ýehowanyň Güwäçisi bolmadyk adamlar gelse, olara teselli berýän edebiýaty hödürläň. Käbir ýas zallarynyň kärhana ýolbşaçylary biziň edebiýatlyrymyzy höwes bilen alýarlar. Olar ony dogan-garyndaşlary ölen adamlara berýärler. Käwagt ölen adamyň dogan-garyndaşlary üçin gazetlerde gynançhaty çap edilýär. Gazetdäki gynaçhaty okap, biz ölen adamyň maşgala agzalaryna gysgaça teselli beriji hat ýazyp bileris. Bir dul adam gyzy bilen, kitapçaly şeýle haty alandan soň, uýamyzyň öýüne gelip, şeýle diýdi: «Bu haty siz iberdiňizmi? Indi, men Mukaddes Ýazgylar barada köpräk bilesim gelýär!» Ol adam we gyzy Mukaddes Ýazgylar okuwy geçmäge razylyk bildirip, ýygnak duşuşyklaryna gatnap başlady.
5. Biz näme üçin gam çekýän adamlara teselli bermäge taýyn bolmaly?
5 Wagyzçy 7:2-de: «Şatlykly öýe barmagyň deregine, ýas tutulýan öýe barmak gowudyr» diýilýär. Şadyýan adamadan tapawutlykda, ýas tutýan adam Hudaýyň Sözüni höwes bilen diňleýär. Biziň ählimiz ölüm sebäpli gam çekýän adamlara teselli bermek mümkinçiligi sypdyrmaly däl.