56-NJY HEKAÝA
Saul ysraýylyň ilkinji patyşasy
SERET, Samuel bu adamyň başyna ýag guýýar. Adatça biri patyşa bellenende şeýle edýärdiler. Ýehowa Samuele Saulyň başyna ýag guýmagy buýurýar. Bu ýag ýakymly ysly üýtgeşik ýagdy.
Saul özüni patyşa bolmaga mynasyp görmeýärdi. Ol Samuele şeýle diýýär: «Men Ysraýylyň iň kiçi Benýamin taýpasyndan. Sen näme üçin maňa patyşa bolmaly diýýärsiň?» Ýehowa Sauly gowy görýär, sebäbi ol kiçigöwünlidi. Şonuň üçin ony patyşa edip saýlaýar.
Aslynda Saul garyp hem tanalmaýan adam däldi. Ol baý maşgaladan bolup, uzyn boýly görmegeý adamdy. Onuň boýy Ysraýylda hemmelerden 30 santimetre golaý uzyndy. Şeýle hem Saul hemmelerden çalt ylgaýan, örän güýçli adam. Halk Ýehowanyň Sauly patyşa edip saýlanyna begenýär. Hemme adamlar gygyryp: «Ýaşasyn patyşa!» diýýärler.
Ysraýylyň duşmanlary hemişekisi ýaly güýçli. Olar ysraýyllylara öňküsi ýaly köp azar berýärdi. Saul patyşa bellenenden soň, olara garşy ammonlylar çykýar. Ýöne Saul uly goşun ýygnap, ammonlylary söweşde ýeňýär. Şonuň üçin Saulyň patyşa bolanyna halk begenýär.
Şol ýyllar Ysraýyl halky Saulyň baştutanlygynda köp ýeňişler gazanýar. Şeýle-de Saulyň Ýonatan atly edermen ogly bar. Ýonatanam Ysraýyla köp söweşlerde ýeňmäge kömek edýär. Filistililer ysraýyllylaryň öňküsi ýaly ganym duşmanydy. Bir gezek birnäçe müň filistililer ysraýyllylara garşy söweşmäge gelýär.
Samuel Saula garaşmagy buýurýar, sebäbi Ýehowa sowgady, ýagny gurbany özi gelip berjekdi. Emma Samuel uzak wagtlap gelmeýär. Saul filistililer söweşe başlar öýdüp, gurbany özi berdi. Ahyry Samuel gelende, Saulyň gulak asmandygy üçin käýäp: «Ýehowa Ysraýyla başga patyşa saýlar» diýýär.
Soň Saul ýene-de gulak asmaýar. Şonuň üçin Samuel oňa: «Ýehowa gulak asmak, goýunlaryň iň gowusyny gurban bermekden gowudyr. Sen Ýehowa gulak asmandygyň üçin eliňden patyşalygy alar» diýýär.
Biz bu wakadan köp zady öwrenip bileris. Bu Ýehowa hemişe gulak asmagyň wajypdygyny görkezýär. Şeýle-de Saul ýaly gowy adamyň üýtgäp, erbet bolup biljekdigini görkezýär. Biziň erbet bolasymyz gelenok, dogry dälmi?
1 Şamuwel 9—11-nji baplar; 14:47—52; 15:1—35; 2 Şamuwel 1:23.