108-NJI HEKAÝA
Şama barýan ýolda
ÝERDE ýatanyň kimdigini bilýäňmi? Ol Saul. Ýadyňdamy, Stefanusy öldüren adamlar oňa geýimlerini sakladypdy. Gözüňi gamaşdyrýan ýagtylyga seret! Bu nämekä?
Stefanus öldürilenden soň, Saul Isanyň şägirtlerini gynamagyny we yzarlamagyny dowam edýär. Ol öýden-öýe aýlanyp, mesihçileri türmä basýardy. Şägirtleriň köpüsi başga şäherlere gaçyp, «hoş habary» wagyz edýärler. Emma Saul başga şäherde-de olary yzarlaýar. Häzir ol Şama barýar. Ýolda duýdansyz bir täsin waka bolýar.
Birdenkä gökden bir ýagtylyk Saulyň gözüni gamaşdyrýar. Görşüň ýaly Saul ýere ýykylýar. Soňra: «Saul, Saul! Sen maňa näme üçin azar berýäň?» diýen ses eşidildi. Saulyň ýanyndaky adamlar ýagtylygy gördüler, sesi hem eşitdiler, emma näme diýilýänine düşünmediler.
Saul:
— Ýa Reb, sen kim? — diýip soraýar.
Ses:
— Men seniň azar berýän Isaň — diýip jogap berýär. Onuň beýle jogap bermeginiň sebäbi, Saul onuň şägirtlerini yzarlanda, Isa özüne azar berlen ýaly duýýardy.
Şonda Saul:
— Ýa Reb! Men näme etmeli? — diýip soraýar.
Isa oňa:
— Tur, Şama git. Etmeli zatlaryň şol ýerde aýdylar — diýip buýurýar. Saul ýerinden turdy, ýöne gözüni açanda hiç kimi görüp bilmedi. Ol indi kör boldy! Şonuň üçin ýanyndakylar ony elinden tutup Şama äkidýärler.
Şondan soň Isa Şamdaky şägirtleriň birine şeýle diýýär: «Hananýa, tur-da Dogry diýen köçä bar. Iudanyň öýünden tarsusly Saul atly adamy sora. Men ony şägirt saýladym».
Hananýa şeýle hem edýär. Ol Sauly tapanda, oňa elini goýup: «Reb meni seniň gözüňi açyp, mukaddes ruhdan bermek üçin iberdi» diýýär. Şobada-da gözüniň öňünden bir zat aýrylyp, Saulyň gözi açyldy.
Saul köp milletlere wagyz edýär. Indi ony Pawlus resul diýip tanaýarlar. Ol barada soňky baplarda köp zatlar bileris. Ýöne ilki bilen, Hudaýyň Petrus resuly nirä ýollanyny bileli.