Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • rk sap. 8 sah. 20—21
  • Mesih peýda bolýar

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Mesih peýda bolýar
  • Bagtly ýaşamaga kömek edýän hakyky iman
  • Meňzeş maglumat
  • Mesihiň gelmegi
    Mukaddes Ýazgylar näme habar berýär?
  • Olar Mesihe garaşdylar
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
  • Perişde Merýemiň ýanyna gelýär
    Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
  • «Men Ýehowanyň gyrnagydyryn!»
    Olaryň imanyndan görelde alyň
Başgalary
Bagtly ýaşamaga kömek edýän hakyky iman
rk sap. 8 sah. 20—21

8-NJI BÖLÜM

Mesih peýda bolýar

DANIÝELIŇ pygamberlik edenine 500 ýyldan gowrak wagt geçipdi. Jebraýyl perişde Dawut patyşanyň neslinden bolan Merýem atly päk gyzyň ýanyna baryp: «Salam, eý merhemete sezewar bolan! Reb seniň bilendir» diýýär (Luka 1:28). Merýem gorkýar. Jebraýyl perişde oňa näme diýmekçidi?

Jebraýyl perişde Merýeme Mesihi dünýä indirjekdigini aýtdy

Jebraýyl perişde Merýeme Mesihi dünýä indirjekdigini aýtdy

Jebraýyl perişde şeýle diýýär: «Gorkma, Merýem, sen Hudaýdan merhemet tapdyň. Ine, sen göwreli bolup, bir ogul dograrsyň. Onuň adyna Isa dakarsyň... Reb Hudaý Oňa atasy Dawudyň tagtyny berer... patyşalygynyň soňy bolmaz» (Luka 1:30—33). Gör, nähili ýagşy habar! Merýem Mesihi, köp garaşylan «nesli» dünýä indirmelidi!

Şol ýylda Isa Beýtullaham şäherinde dünýä inýär. Gije bir perişde çopanlaryň ýanyna baryp, şeýle habar aýdýar: «Ine, men size... şatlygy buşlaýaryn. Şu gün Dawudyň şäherinde size Halasgär doguldy. Ol Reb Mesihdir» (Luka 2:10, 11). Biraz wagtdan Merýem maşgalasy bilen Nasyra şäherine göçýär, Isa-da şol ýerde ulalýar.

Pygamberlikde aýdylyşy ýaly, b. e. 29-njy ýylynda Mesih peýda bolýar. Şol ýyl Isa Hudaýyň pygamberi hökmünde gulluk edip başlaýar. Ol «otuz ýaşlaryndady» (Luka 3:23). Köp adamlar onuň Hudaý tarapyn iberilendigine düşünip: «Aramyzda bir uly pygamber peýda bolupdyr» diýişýärdi (Luka 7:16, 17). Isa näme barada öwretdi?

Isa adamlara Hudaýy söýmegi we Oňa sežde etmegi öwretdi. Isa şeýle diýdi: «Öz Hudaýyň Rebbi bütin ýüregiň, bütin janyň, bütin düşünjäň, bütin güýjüň bilen söý!» (Markus 12:29, 30). Şeýle-de ol: «Öz Hudaýyň Rebbe sežde et, diňe Oňa gulluk et» diýdi (Luka 4:8).

Isa adamlary biri-birini söýmäge çagyrdy. Isa olara: «Goňşyňy özüň ýaly söý!» diýdi (Markus 12:31). Ol: «Adamlaryň özüňize näme etmegini isleýän bolsaňyz, siz hem olara şony ediň; çünki kanun we pygamberler ýazgylarynyň özeni şudur» diýdi (Matta 7:12).

Isa Hudaýyň Patyşalygy barada yhlas bilen gürrüň berýärdi. Ol: «(Men) Hudaýyň Patyşalygynyň Hoş Habaryny... bildirmeli. Çünki Men munuň üçin wagyz etdim» diýdi (Luka 4:43). Hudaýyň Patyşalygyny wagyz etmek näme üçin ähmiýetlidi?

Mukaddes Ýazgylaryň aýtmagyna görä, Hudaýyň Patyşalygy gökdäki hökümet bolup, ýeriň üstünden höküm sürer. Hudaý Isany şol Patyşalygyň Patyşasy edip belledi. Daniýeliň pygamberligine görä, Hudaý Mesihe gökde «hökümdarlyk, mertebe hem patyşalyk berer» (Daniýel 7:14). Patyşalyk ýer ýüzüni Jennete öwrüp, Hudaýyň gullukçylaryny ebedi ýaşaýyş bilen sylaglar. Eýsem, bu ajaýyp habar dälmi näme?!

Siz nähili jogap berersiňiz?

  • Jebraýyl perişde Merýeme näme diýdi?

  • B. e. 29-njy ýylynda haýsy pygamberlik ýerine ýetdi?

  • Isa näme barada öwredýärdi?

  • Hudaýyň Patyşalygy näme we ol näme eder?

Isa ençeme adamlara öwredýär

Mesih kim?

«Mesih» «Bellenen» diýmegi aňladýar, ýagny ol Hudaý tarapyn ýörite bir tabşyrygy berjaý etmäge bellenilýär. Isa Mesihe ýaşaýşy Allatagala berdi. Merýem ony Hudaýyň gudraty bilen dünýä indirdi. Isanyň ynsan atasy ýokdy.

Näme üçin köp adamlar Isa iman etdi? Munuň ençeme sebäbi bar:

  • Isa Mukaddes Ýazgylara esaslanyp öwredýärdi.

  • Onuň taglymaty, görkezen göreldesi hakykaty hem adalaty söýýän adamlary özüne çekýärdi.

  • Ol Hudaýyň güýji bilen köp gudratlary görkezdi.

  • Isa Mukaddes Ýazgylardaky ençeme pygamberlikleri ýerine ýetirdi.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş