«Howany ýumruklamaň»
1. 1 Korintoslylar 9:26-ny nädip ulansa bolýar?
1 Pawlus resul: «Men maksatsyz ylgaýan ýaly ylgamaýaryn, howany ýumruklaýan ýaly ýumruklamaýaryn» diýip ýazdy (1 Kor. 9:26). Ol bu aýatda goýan ruhy maksatlaryna ýetmek üçin jan edýändigini aýdýar. Elbetde, bu sözler wagyz gullugyna-da degişli. Biz «howany ýumruklamak» islemeýäris, gaýtam, edýän tagallalarymyzyň has gowy netije bermegini isleýäris. Nädip?
2. Haçan hem nirede wagyz etmelidigi babatda Pawlusyň we başga-da hoş habarçylaryň göreldesine nädip eýerip bileris?
2 Adamly ýerlere baryň. Pawlus we onuň döwründe ýaşan başga-da hoş habarçylar adamlaryň bolýan ýerinde wagyz edipdirler (Res. iş. 5:42; 16:13; 17:17). Eger meýdançamyzdaky adamlaryň köpüsi agşamyna öýde bolýan bolsa, onda şeýle wagt öýden-öýe wagyz etmek has amatlydyr. Ýaşaýan ýeriňizdäki duralgalarda haçan adamlar köp bolýar? Irden işe gidilýän wagtymy ýa-da işden öýe dolanylýan wagty? Ýa-da adamlara bazarlaryň töwereginde köp duşsa bolýarmy? Şeýle wagty köçede wagyz etsek netijeli bolup biler.
3. Territoriýada wagyz edenimizde nädip paýhasly bolup bileris?
3 Territoriýaňyzda paýhasly işläň. Territoriýamyzda wagyz edenimizde-de, «howany ýumruklaman» paýhasly bolmaly. Meselem, birnäçe wagyzçydan ybarat bolan uly topary bir ýerde wagyz etmäge alyp gitmek aňsat däl, çünki olara ýolbaşçylyk etmek we ýumuş tabşyrmak üçin köp tagalla hem-de wagt sarp etmeli bolýar. Şol sebäpli olary kiçi toparlara bölsek gowy bolar. Şonuň ýaly-da, obalarda kiçi toparlara bölünip wagyz etsek, ony çalt işläp gutararys we adamlar bilen gürrüňdeş bolmaga köp mümkinçiligimiz bolar. Köp wagtymyzy ýola sarp etmez ýaly öýümize golaý ýerleşýän meýdançany alyp bilerismi?
4. Bize ökde balykçy bolmaga näme kömek eder?
4 Isa hoş habarçylary «balykçylara» meňzetdi (Mar. 1:17). Balykçynyň maksady balykçylyga güýmenmek däl-de, balygy tutmakdyr. Hawa, ökde balykçy nirede we haçan balygyň bolýandygyny bilip, ony derrew tutmak bilen bolýar. Ol güýjüni paýhasly sarp edýär. Geliň, biz hem wagyz gullugyny paýhasly planlaşdyralyň (Ýew. 6:11).