17-nji martdan başlap Ýatlama agşamyna çagyrýarys
1. Wagyzçylar 17-nji martda näme edip başlar?
1 Biz her ýyl Ýatlama agşamyny belläp, Isanyň ölümini ýatlaýarys (1 Kor. 11:26). Şeýle-de başga adamlaryň hem biziň bilen gatnaşyp, söýgüden doly Ýehowanyň beren töleg gurbany barada eşitmegini isleýäris (Ýahýa 3:16). Biz şu ýyl şenbe güni 17-nji martdan başlap, adamlary Ýatlama agşamyna çagyrarys. Sen şu kompaniýa doly gatnaşmak üçin eliňde baryny edermisiň?
2. Biz çakylygy nädip hödürläp bileris?
2 Biz näme diýip bileris? Gysga hödür taýýarlasaň gowy bolar. Biz şeýle diýip bileris: «Salam, biz siziň maşgalaňyzy bütin dünýäde 5-nji aprelde geçiriljek baýramçylyga çagyrýarys. Şonda Mukaddes Ýazgylara esaslanan doklad bilen çykyş edilip, Isanyň ölümüniň ähmiýeti we onuň häzir kimdigi düşündiriler. Muňa gatnaşmak üçin pul tölemek gerek däl. Bu çakylykda duşuşygymyzyň wagty we nirede geçiriljekdigi aýdylýar». Şeýle çakylyk ýaýradylýan hepde, ýerlikli bolanda, jurnal hödürlemeli.
3. Biz nädip mümkin boldugundan köp adamlary çagyryp bileris?
3 Mümkin boldugyndan, köpleri çagyr. Biziň maksadymyz mümkin boldugyndan köpleri çagyrmak. Şonuň üçin sen Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçýänleriňi, ikilenç ideg edýänleriňi, garyndaşlaryňy, işdeşleriňi, klasdaşlaryňy, goňşularyňy we başga tanyşlaryňy çagyryp bilersiň. Ýerli ýaşulular meýdançaňda nähili wagyz etmelidigini maslahat berer. Bu kompaniýa hemişe netijeli bolýar. Geçen ýyl bir aýal duşuşyk geçirilýän ýere baranda, gözegçi dogan oňa çakylyk beren wagyzçyny tapmagy teklip etdi. Emma aýal hiç kimi tanamaýandygyny we bir gün öň wagyzçylaryň öýden-öýe wagyz edip, çakylygy berendigini aýtdy.
4. Bu kompaniýa yhlasly gatnaşmaga nähili sebäpler bar?
4 Belki, Ýatlama agşamyna baranlaryň arasynda seniň çakylyk beren adamlaryň hem bolar. Sen tagalla etseň, adamlar gelse-de, gelmese-de, olar üçin oňat güwälik bolar. Sen çakylygy ýaýradyp, Isanyň häzir güýçli Patyşadygyny görkezersiň. Bu kompaniýa yhlasly gatnaşyp, hemmelere, ýagny meýdançaňdaky ýaşaýjylara, imandaşlaryňa, esasanam, Ýehowa—töleg gurbany üçin çuňňur minnetdardygyňy görkezersiň (Kol. 3:15).