Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • km 5/12 sah. 1
  • Wagyzda seresap boluň

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Wagyzda seresap boluň
  • Hudaýa gullugymyz — 2012
  • Meňzeş maglumat
  • Sen gullugyňy birkemsiz ýerine ýetirýärsiňmi?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2019
  • Hoş habary wagyz etmegiň usullary
    Ýehowanyň islegini ýerine ýetirýän gurama
  • Wagyz edeniňizde «altyn düzgüne» eýeriň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2014
  • Seniň wagyz etmäge uçastogyň barmy?
    Hudaýa gullugymyz — 2006
Başgalary
Hudaýa gullugymyz — 2012
km 5/12 sah. 1

Wagyzda seresap boluň

1. Näme üçin wagyzda seresap bolmaly?

1 Hudaýyň gullukçylary «möjekleriň arasynda goýunlar ýaly», «egri hem azgyn nesliň ortasynda» gulluk edýär (Mat. 10:16; Flp. 2:14). Köplenç ähli ýerlerde raýatlaryň gulak asmaýanlygy, gahar-gazaply üýşüp topulýan adamlar we zalymlyk bilen adamlary talamak baradaky howsala salýan habarlary eşidýäris. Bu bolsa, kezzap adamlaryň «erbetlikde ýene ilerleýändigini» görkezýär (2 Tim. 3:13). Bize Mukaddes Ýazgylaryň haýsy prinsipleri wagyzda «akyldar» bolmaga kömek eder? (Mat. 10:16).

2. Haýsy ýagdaýlarda wagyz edýän ýerimizden gidip, başga ýerde wagyz etsek, paýhasly bolar?

2 Paýhasly boluň. Süleýmanyň tymsallary 22:3-de bela-beterden gizlenmek üçin, «paýhasly bolmak» nygtalýar. Şonuň üçin seresap boluň! Asuda ýerde-de ýagdaý duýdansyz üýtgäp biler. Sen köçede polisiýanyň köpelendigini ýa-da märekäniň üýşüp duranyny görmegiň mümkin. Kämahal mylakatly öý eýesi saňa seresap bolmagy duýdurar. Şonda bilesigelijilik bilen eglenmän, şol ýerden gidip, başga ýerde wagyz etseň, paýhasly bolar (Sül. tym. 17:14; Ýahýa 8:59; 1 Sel. 4:11).

3. Wagyzçy 4:9-daky prinsipe wagyzda nädip eýerip bileris?

3 Ýeke wagyz etmäň. Wagyzçy 4:9-da şeýle diýilýär: «Iki bolmak, bir bolmakdan gowudyr». Belki, siz howpsuz diýip, ýeke wagyz etmegi endik edenseňiz. Bu häzirem öňki ýaly howpsuzmyka? Käbir ýerde howpsuz. Emma käbir ýerlerde bolsa, aýratynam, uýa ýa-da ýaş dogan bolsaň, gün ýaşandan soň, öýden-öýe ýeke wagyz etmek howply. Hüşgär dogan-uýalar bilen wagyz etmegiň amatlydygy köpleriň tejribesinden görünýär (Wag. 4:10, 12). Topar bolup wagyz edilende, beýleki dogan-uýalaryň howpsuzlygy üçin, her birimiz hüşgär bolmaly. Gaýdanyňyzda, olara duýdursaňyz gowy bolar.

4. Biz ýygnakdaky dogan-uýalaryň howpsuzlygy üçin, näme edip bileris?

4 Ýaşulular «janymyz hakda hasabat berjekler hökmünde» ýerli ýagdaýa görä, peýdaly maslahatlar bermäge borçly (Ýew. 13:17). Biz pesgöwünli bolup, olaryň görkezmesine eýersek, Ýehowa pata berer (Mika 6:8; 1 Kor. 10:12). Geliň, mundan beýläk hem hemişe seresap bolup, netijeli wagyz edeliň.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş