Ýygnak duşuşygyndaky özgerişlikler
3-nji sentýabrdan başlanýan hepdeden başlap, Mukaddes Ýazgylary öwrenmek duşuşygy 25 minut däl-de, 30 minut dowam eder. Duşuşygy alyp barýan dogan giriş sözlerinde geçilen temany gaýtalamak üçin bir minut sarp etmeli. Gulluk duşuşygynyň wagty-da üýtgedildi. Ol 35 minut däl-de, 30 minut bolar. «Bildiriş» diýlen bölüm bolmaz. Islendik bildirişi Gulluk duşuşygynyň başynda aýtsa bolar. Emma köplenç birnäçe bildiriş aýtmaly bolýar, ýöne duşuşykda näme geçiljekdigini sanap geçmegiň geregi ýok. Wagyz gullugy üçin duşuşyklary, zaly arassalamagy we dogan-uýalaryň ýollan salamlaryny bildiriş etmeli däl (km 10/08 s. 1, abz. 4). Eger bildiriş uzyn bolsa, onda ýygnagyň koordinatory dogana bildirişi gysga aýtmalydygyny duýdursa gowy bolardy.