Wagyzda wagtyňyzy paýhasly ulanyň
2014-nji gulluk ýylynda Ýehowanyň Şaýatlary 1 milliard 945 million 487 müň 604 sagat wagyz etdiler! Bu bolsa, biziň Ýehowa yhlasly gulluk edýändigimizi görkezýär (Zeb. 110:3; 1 Kor. 15:58). Biz «wagtyň gysgadygy» sebäpli, gymmatly wagtymyzy has köp adamlara wagyz etmek üçin sarp ederis (1 Kor. 7:29).
Wagyzda wagtymyzy dogry ulanmak üçin paýhasly bolmaly. Mysal üçin, siz köplenç birki sagat ýa-da ondanam köp wagyz edip, hiç kim bilen gürrüňdeş bolmaýan bolsaňyz, netijeli wagyz eder ýaly gün tertibiňizi üýtgedip bilersiňiz. Emma her ýeriň ýagdaýy bir-birinden tapawutlanýar. Aşakda berilýän maslahatlara eýerseňiz, «howany ýumruklaman» wagtyňyzy paýhasly ulanyp bilersiňiz (1 Kor. 9:26).
Öýden-öýe wagyz etmek. Köplenç wagyzçylar gullugyny öýden-öýe wagyz etmek bilen başlaýarlar. Adamlaryň köpüsi gündizine işleýär. Şol sebäpli meýdançada öýlän ýa-da agşam adamlaryň öýünde bolýan we dynç alýan wagty wagyz etseňiz gowy bolar. Gündizine bolsa, köçede, bazarlarda ýa-da söwda merkezlerinde wagyz etse bolar.
Ikilenç ideg etmek we Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirmek. Siz wagyz gullugynyň bir görnüşi netijesiz bolýan wagtlary ikilenç ideg edip ýa-da Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirip bilersiňiz. Meselem, şenbe güni irden öýden-öýe wagyz etmek netijeli bolsa, Mukaddes Ýagzylar okuwyňyzy öýlän ýa-da agşam geçirip bilersiňiz. Ikilenç idege gitmekçi bolsaňyz, bir-birine golaý ýaşaýan adamlara ideg etseňiz, wagtyňyzy tygşytly ulanarsyňyz.
Wagyzda wagtymyzy netijeli ulansak, köp şatlyk taparys. Eger wagzyň bir görnüşi belli bir wagtda netijesiz bolsa, onda gullugyň başga bir görnüşine gatnaşyň. Wagyzda wagtyňyzy paýhasly ulanar ýaly, «hasyl eýesi» Ýehowa doga etseňiz, ol hökman kömek eder! (Mat. 9:38).