Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • yc sap. 1 sah. 4—5
  • Biz Hudaýyň syryny bilýändigimize begenýäris

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Biz Hudaýyň syryny bilýändigimize begenýäris
  • Çagalaryňyza öwrediň
  • Meňzeş maglumat
  • Mazmuny
    Oýanyň! — 2018
  • Hudaý Jenneti wada berýär
    Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
  • Hudaý ýer üçin näme niýetledi?
    Hudaý bizden näme talap edýär?
  • Hudaý ýeri näme maksat bilen ýaratdy?
    Hudaýyň hoş habary
Başgalary
Çagalaryňyza öwrediň
yc sap. 1 sah. 4—5
Isanyň adamlara Hudaýyň Patyşalygy barada gürrüň berşini perişdereler hem diňleýär

1-NJI SAPAK

Biz Hudaýyň syryny bilýändigimize begenýäris

Kimdir biri saňa syryny aýdypdymy? ~ a Mukaddes Ýazgylarda «mukaddes syr» barada aýdylýar. Bu syry Hudaý aýdýar, şonuň üçin ol mukaddes. Oňa syr diýilmeginiň sebäbi, adamlar ol barada bilmeýärler. Hatda perişdeleriň hem syr barada köp zatlary bilesi gelýärdi. Sen hem şol syryň nämedigini bilesiň gelýärmi? ~

Seniň pikiriňçe, perişdeleriň nämäni bilesi gelýärdi?

Gadym wagtlarda Hudaý ilkinji erkek adamy we aýaly ýaratdy. Olaryň atlary: Adam ata we How enedi. Hudaý olara Erem bagy diýilýän owadan öýi berdi. Eger Adam ata bilen How ene Hudaýa gulak asan bolsalar, olaryň özleri we çagalary bütin ýer ýüzüni Jennet ýaly owadan baga öwrüp, ol ýerde ebedi ýaşap bilerdiler. Emma Adam ata bilen How enäniň näme edendikleri ýadyňdamy? ~

Adam ata bilen How ene Hudaýa gulak asmadylar, ine, şonuň üçinem häzir biz Jennetde ýaşamaýarys. Emma Hudaý her bir adam ebedi we bagtly ýaşap biler ýaly ýer ýüzüni owadan etjekdigini aýdýar. Ol muny nädip eder? Adamlar köp wagt bäri muny bilmeýärdiler. Sebäbi bu syrdy.

Isa ýere gelende, adamlara şol syr barada köp zatlary öwretdi. Ol bu syryň Hudaýyň Patyşalygy baradadygyny aýtdy. Isa adamlara Hudaýyň Patyşalygynyň gelmegini dilemelidigini öwretdi. Bu Patyşalyk bütin ýer ýüzüni Jennet eder.

Sen syr barada köpräk bilesiň gelýärmi? ~ Jennetde diňe Ýehowa gulak asýan adamlaryň ýaşajakdygyny ýadyňdan çykarma. Mukaddes Ýazgylarda Ýehowa gulak asan köp erkekler we aýallar barada aýdylýar. Seniň olar hakda bilesiň gelýärmi? ~ Gel, olaryň käbirleri hakda bileli we olardan näme öwrenip biljekdigimize seredeli.

ŞU AÝATLARY OKAŇ

  • Markus 4:11

  • 1 Petrus 1:12

  • Gelip çykyş 1:26—28; 2:8, 9; 3:6, 23;

  • Matta 6:9, 10

  • Zebur 37:11, 29

a Käbir soraglaryň yzyndan (~) tolkun çyzyk goýlan bolsa, onda çagaňyz öz pikirini aýdar ýaly säginmeli.

SORAGLAR:

  • Mukaddes Ýazgylarda nähili syr barada aýdylýar?

  • Ýer ýüzi häzir näme üçin Jennet däl?

  • Isa adamlara syr barada näme öwretdi?

  • Sen Jennetde ýaşamak üçin näme etmeli?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş