Ýehowanyň Gullukçysy «jenaýatlarymyzdan ýaňa ýaralandy»
«Ol biziň jenaýatlarymyzdan ýaňa ýaralanyp, biziň ýazyklarymyzdan ötri ejir çekipdi... Onuň ýaralary bilen biz şypa tapdyk» (Işaýa 53:5).
1. Biz Ýatlama agşamyny bellänimizde nämäni ýatda saklamaly we muňa haýsy pygamberlik kömek eder?
BIZ Ýatlama agşam baýramçylygyny bellemek bilen, Isanyň ölmeginiň we direlmeginiň nähili peýdasynyň bardygyny ýatlaýarys. Ýatlama agşamy bize Ýehowanyň hökümdarlygynyň aklanmagyny, adynyň mukaddeslenmegini we adamlary halas etmek bilen bagly niýetininiň amala aşyrjagyny ýatladýar. Isanyň töleg gurbany we onuň bilen bagly eşretler başga pygamberliklere garanyňda Işaýa 53:3—12-nji aýatlarda has gowy beýan edilýär. Işaýa pygamberliginde Gullukçynyň ejir çekjegini we ölümi bilen bagly her bir jikme-jiklikleri aýan edýär. Şeýle-de töleg gurbany arkaly mesh edilen doganlaryň we «başga goýunlaryň» aljak bereketlerini aýdýar (Ýahýa 10:16).
2. Işaýanyň pygamberligi nämäni subut edýär we ol bize nähili täsir etmeli?
2 Isa dünýä inmezinden VII asyr öň, Ýehowa Işaýa arkaly wepaly gullukçysynyň ýer ýüzünde agyr synaglara döz geljegini pygamberlik etdi. Bu sözler Oglunyň wepaly galjagyna Ýehowanyň doly ynamlydygyny subut edýär. Bu pygamberligi öwrenmek bilen biziň imanymyz berkär we minnetdarlygymyz artar.
Ýigrenildi we inkär edildi
3. Ýehudylar näme üçin Isany gadyrly garaşylamalydy, ýöne ony nähili kabul etdiler?
3 Işaýa 53:3-i okaňa. Hudaýyň ýeke-täk Ogly gökde Atasynyň ýanyndaka Oňa gulluk edýärdi. Göz öňüne getiriň, ol şeýle şatlykdan ýüz öwrüp, adamlary günäden we ölümden halas etmek üçin, öz janynyn gurban berýär! (Flp. 2:5—8). Diňe Isanyň töleg gurbany adamlary doly günäden arassalaýar. Musanyň kanunyndaky haýwanlary gurban bermek bolsa, onuň töleg gurbanynyň nusgasydy (Ýew. 10:1—4). Ýehudylar wada edilen Mesihe garaşýardylar. Ol iň bolmanda, şolaryň gadyr we hormat blen garşylamagyna mynasyp dälmidi? (Ýahýa 6:14). Emma ýehudylar Işaýanyň pygamberlik edişi ýaly, ony «ýigrendiler we ol inkär edildi». Ýahýa resul: «Ol özüniňkilere geldi, özüniňkiler Ony kabul etmediler» diýdi (Ýahýa 1:11). Petrus resul ýehudylara şeýle diýdi: «Biziň atalarymyzyň Hudaýy Öz guly Isany şöhratlandyrdy. Ony... Pilatus boşatmagy karar berende, Pilatusyň öňünde Ony inkär etdiňiz. Mukaddes we dogry Adamy inkär... etdiňiz» (Res. iş. 3:13, 14).
4. Keseliň nämedigini Isa nädip bilýär?
4 Işaýanyň pygamberliginde Isanyň «keseli bilýändigi» aýdylýar. Isanyň gullukda ýadan wagty hem bolýardy, ýöne onuň syrkawlandygy barada aýdylmaýar (Ýahýa 4:6 ). Ol wagyz eden adamlarynyň çekýän ejirinden keseliň nämedigine göz ýetirdi. Onuň haýpy gelip, köp syrkawy sagaltdy (Mar. 1:32—34). Şeýlelikde, Isa barada aýdylan pygamberlik ýerine ýetdi: «Dogrudan-da, biziň ejizliklerimizi Öz üstüne aldy, syrkawlyklarymyzy Öz gerdeninde çekdi» (Iş. 53:4a; Mat. 8:16, 17)
Göýä «ony Hudaý uran» ýalydy
5. Ýehudylaryň köpüsi Isanyň ölümine nähili garaýardy we bu näme üçin onuň ejirini güýçlendirdi?
5 Işaýa 53:4b-ni okaňb. Isanyň döwründäki adamlar näme sebäpden onuň ejir çekenine we ölenine düşünmediler. Olar Hudaý Isany erbet kesel bilen jeza berendir diýip pikir edýärdiler (Mat. 27:38—44). Ýehudylar Isany Hudaýa dil ýetirdi diýip aýypladylar (Mar. 14:61—64; Ýahýa 10:33). Emma Isa ne günä etdi, ne-de Hudaýa dil ýetirdi. Isanyň Atasyna bolan söýgüsini göz öňüne tutsaň, Hudaýa dil ýetiren ýaly aýyplanmagynyň özi Ýehowanyň Gullukçysynyň ejirini güýçlendiren bolmaly. Muňa garamazdan, ol Atasynyň islegini ýerine ýetirmäge taýyndy (Mat. 26:39).
6, 7. Haýsy manyda Ýehowa wepaly Gullukçysyny «ýykdy» we näme üçin muny Hudaý «isledi»?
6 Adamlar Isany «Hudaý heläk etdi» diýip hasaplajagy baradaky Işaýanyň pygamberligi bilen «Ýehowa ony ýykmak isledi» diýen pygamberligi deňäniňde, ol geň galdyrmaýar (Iş. 53:10). Ýehowa: «Ine, meniň gullukçym... janym ondan razy bolan, seçen gullukçym» diýýän bolsa, näme üçin «Ýehowa ony ýykmak isledi»? (Iş. 42:1). Haýsy manyda Ýehowa muňa şatlanýar?
7 Pygamberligiň şu bölegine düşünmek üçin, Şeýtan Ýehowanyň hökümdarlygyna garşylyk görkezip, Hudaýyň gökdäki we ýerdäki ähli gullukçylarynyň wepalylygyny şübhä goýandygyny unutmaly däl (Eýýup 1:9—11; 2:3—5). Isa ölüminiň ahyryna çenli wepaly galmak bilen, Şeýtana tutanýerli jogap berdi. Şeýlelikde, Ýehowa duşmanlara Mesihi öldürmäge ýol berse-de, Ýehowa saýlan Gullukçysynyň öldüriljegini görüp gynanýar. Emma Oglunyň gaýduwsyz wepalylygy Ýehowany örän şatlandyrdy (Sül. tym. 27:11). Şeýle-de Oglunyň ölüminiň toba eden adamlara getirýän peýdasy Ýehowany has-da begendirdi (Luka 15:7).
«Biziň jenaýatlarymyzdan ýaňa ýaralandy»
8, 9. a) Isa haýsy manyda «biziň jenaýatlarymyzdan ýaňa ýaralandy»? b) Muny Petrus nädip tassyklady?
8 Işaýa 53:6-ny okaňc. Adam atadan miras geçen keselden we ölümden halas bolmak üçin, günäni adamlar hem ýiten goýunlar ýaly azaşdylar (1 Pet. 2:25). Adam atanyň nesliniň bikämilligi sebäpli, olaryň hiç biri Adam atanyň ýitireniniň öwezini dolup bilmedi (Zeb. 49:7). Ýehowa söýgüsi esasynda biziň «ählimiziň günämizi» mähriban Oglunyň, ýagny saýlan Gullukçysynyň «üstüne ýükledi». «Biziň jenaýatlarymyzdan ýaňa ýaralanyp, günämiz üçin ezilip», biziň üçin janyny gurban berip, Mesih pürsdäki ejire döz geldi.
9 Petrus resul şeýle ýazýar: «Siz şeýle bolmaga çagyryldyňyz; sebäbi Mesih hem Öz yzyny alyp götermegiňiz üçin görgi görüp, size bir nusga galdyrdy. Günälere ölüp, dogrulykda ýaşamagyňyz üçin, Ol biziň günälerimizi Öz bedeninde haça äkitdi». Soňra Işaýanyň pygamberligindäki sözleri getirip: «Onuň ýaralary arkaly şypa tapdyňyz» diýdi (1 Pet. 2:21, 24; Iş. 53:5). Bu bikämil adamlara Hudaý bilen ýaraşmaga mümkinçilik berendigi barada Petrus şeýle diýdi: «Bizi Hudaýyň ýanyna eltmek üçin, ten boýunça öldürilip, ruh boýunça direlmek bilen, dogry bolan Mesih-de dogry däller ugrunda günäler üçin bir gezek öldi» (1 Pet. 3:18).
«Damagyny çalmaga äkidilip barýan guzy»
10. a) Ýahýa çokundyrjy Isa barada näme diýdi? b) Näme üçin Ýahýanyň sözlerine ýerlikli diýse bolar?
10 Işaýa 53:7, 8-nji aýatlary okaňd. Çokundyryjy Ýahýa Isanyň gelýänini görüp: «Ine, Şu dünýäniň günäsini Öz üstüne alan Hudaýyň Guzusy» diýdi (Ýahýa 1:29). Ýahýa Isa guzy diýende, Işaýanyň «damagyny çalmaga äkidilip barýan guzy» diýen sözlerini göz öňüne tutan bolmaly (Iş. 53:7). Işaýa şeýle pygamberlik edýär: «Ol öz janyny ölüme berdi» (Iş. 53:12). Isa ölüminiň Ýatlama agşamyny girizen gijesi, on bir wepaly şägirtlerine şeraply käsäni uzadyp: «Bu Meniň ganym, günäleriň bagyşlanmagy üçin köp adamlaryň hatyrasyna dökülen täze ähtiň ganydyr» diýdi (Mat. 26:28).
11, 12. a) Yshagyň janyny gurban bermäge taýynlygy bilen Mesihiň beren töleg gurbanynyň nähili meňzeşligi bar? b) Ýatlama agşamyny bellände, biz uly Ybraýym Ýehowa barada nämäni unutmaly däl?
11 Isa Yshak ýaly, Ýehowanyň islegine görä janyny gurban bermäge taýyndy (Gel. çyk. 22:1, 2, 9—13; Ýew. 10:5—10). Yshak özüniň gurbanlyk berilmegine razy bolsa-da, ony Ybraýym gurban getirmelidi (Ýew. 11:17). Gurban bermek Ýehowanyň niýetinde bolsa-da, ölüme Isanyň özüde razydy. Hudaýyň Ogluny gurban bermegi adamlara çuňňur söýgüsini subut edýär.
12 Isa şeýle diýdi: «Hudaý dünýäni köp söýýänligi üçin Ogluna iman edenleriň hiç biri heläk bolman, ebedi ýaşaýşa gowuşsyn diýip, Özüniň ýekeje Ogluny berdi» (Ýahýa 3:16). Pawlus resul şeýle ýazýar: «Hudaý bize bolan söýgüsini, biz entek günäkärkäk, Mesihiň biziň ugrumyzda ölmegi bilen görkezdi» (Rim. 5:8). Biz Isanyň ölen gününi belläp, oňa hormat goýmak bilen, töleg gurbanyny uly Ybraýym Ýehowanyň berendigini unutmaly däl. Biz Ýatlama agşamyny bellemek bilen, Ýehowany şöhratlandyrýarys.
Meniň gullukçym «köp adamlary hakykata getirdi»
13, 14. Nädip Ýehowanyň Gullukçysy «köp adamlary hakykata getirdi»?
13 Işaýa 53:11, 12-nji aýatlary okaňe. Ýehowa saýlan Gullukçysy barada şeýle diýýär: «Meniň gullukçym köp adamlary hakykata getirer». Muňa nädip düşünmeli? Muňa düşünmäge 12-nji aýadyň ahyrandaky:«Gullukçy günäkärleriň tarapyny tutdy» diýen sözler kömek edýär. Adam atanyň ähli nesli günäli we «jenaýatçy» bolup dogulýar hem-de «günäniň muzdy ölüm» bolany üçin ölýärler (Rim. 5:12; 6:23). Günäli adamlar Ýehowa bilen ýaraşmaly. Işaýa kitabynyň 53-nji babyndaky pygamberlikde Isanyň günäli adamlaryň tarapyny tutandygy barada aýdylýar. «Bize parahatlyk getiren jeza Onuň başyna geldi; Onuň ýaralary bilen biz şypa tapdyk» (Iş. 53:5).
14 Mesih biziň günälerimizi öz üstüne alyp we biziň üçin ölüp, köp adamlary hakykata getirdi. Pawlus resul şeýle ýazdy: «Hudaý bütin dolulygynyň Onda bolmagyna, Onuň haçda dökülen gany arkaly parahatçylygy berkarar edip, ýerdäki zatlar bolsun, gökdäki zatlar bolsun, baryny Özi bilen ýaraşdyrmaga razy boldy» (Kol. 1:19, 20).
15. a) Pawlus «asmandakylar» diýende kimi göz öňüne tutdy? b) Ýatlama agşamynyň nyşanyndan kim dadyp biler we näme üçin?
15 «Asmandakylar» — Isa bilen gökde hökümdarlyk etmäge çagyrylan mesh edilen mesihçilerdir. Olar Isanyň döken gany esasynda Ýehowa bilen ýaraşdylar. Bu mesihçiler «asmandan gelen çakylyga şärik bolanlar» we «ýaşaýyş üçin aklandylar» diýip yglan edildi (Ýew. 3:1; Rim. 5:1, 18). Ýehowa olary ruhy ogullary hökmünde kabul edýär. Mukaddes ruh olary «Mesihiň... mirasdaşlary», gökdäki Patyşalygyň ruhanylary we patyşadygyna güwälik edýär (Rim. 8:15—17; Ylh. 5:9, 10). Olar «Hudaýyň Ysraýyly», ýagny ruhy Ysraýylyň bölegi bolup, olar bilen «täze äht» baglanyşyldy (Ýerem. 31:31—34; Gal. 6:16). Olar täze ähtiň agzalary hökmünde Ýatlama agşamynyň nyşanlarynyň biri bolan gyzyl şerapdan dadyp bilýärler. Isa: «Bu käse Meniň siziň üçin dökülen ganym bilen berkidilen täze ähtdir» diýdi (Luka 22:20).
16. «Ýerdäkiler» diýlende kim göz öňüne tutulýar we olar Ýehowanyň öňünde nädip dogry bolup biler?
16 «Ýerdäkiler» — ýerde ebedi ýaşamaga umydy bolan Mesihiň başga goýunlarydyr. Ýehowanyň saýlan Gullukçysy olary Ýehowanyň öňünde dogry saýýar.Olar Mesihiň töleg gurbanyna iman edeni üçin «donlaryny Guzynyň gany bilen ýuwup, çuw ak etdiler». Ýehowa olary dogry saýýar, emma ruhy ogullary ýaly däl-de, dostlary ýaly «agyr muşakgatdan» geçmäge ajaýyp umyt berýär (Ylh. 7:9, 10, 14; Ýakup 2:23). Täze ähtde we gökde ýaşamaga umydy bolmadyk başga goýunlar Ýatlama agşamyndaky nyşanlardan datmasalar-da, minnetdarlyk bilen gatnaşýarlar.
Biz Ýehowa we onuň razy bolan Gullukçysyna minnetdar!
17. Işaýanyň pygamberligindäki Gullukçy barada öwrenmek Ýatlama Agşamyna ýüregimizi taýýarlamaga nädip kömek edýär?
17 Işaýanyň pygamberligindäki Gullukçy barada öwrenip, Isanyň ölüminiň Ýatlama agşamyna ýüregimizi taýýarladyk. Bu bize «gözümizi imanymyzyň Öňbaşçysy, Kämilleşdirijisi Isa dikmäge» kömek etdi (Ýew. 12:2). Biz Hudaýyň Oglunda pitneçi ruhuň ýokdugyny bildik. Isa Şeýtandan tapawutlylykda, Älemiň hökümdary Ýehowa hormat goýup, ondan öwrenmekden şatlyk tapdy. Biz Isanyň ýerdäki gullugyndan onuň wagyz edýän adamlaryna rehimi inip, olary beden we ruhy taýdan sagaldanyny bilýäris. Şeýdip, ol «ýerde adalatlylygy dikeldende» Mesihi Patyşanyň nämeler etjekdigini görkezdi (Iş. 42:4). Onuň «halklara nur» kimin Patyşalygy yhlasly wagyz etmegi şägirtlerine bütin ýer ýüzünde wagyz etmelidigini ýatladýar (Iş. 42:6).
18. Näme üçin Işaýanyň pygamberligi Ýehowa we onuň wepaly Gullukçysyna minnetdarlygymyzy artdyrýar?
18 Şeýle-de Işaýanyň pygamberligi Ýehowanyň beren uly gurbanyna, söýgüli ogluny biziň üçin ejir çekip ölmegine ýol berendigine çuňňur düşünmäge kömek edýär. Ýehowa Isanyň ejir çekenine däl-de, tä ölüminiň ahyryna çenli wepaly galandygyna begendi. Biz Isanyň eden ähli işlerini unutman Ýehowa bilen şatlanýarys. Isa Şeýtanyň ýalançydygyny subut etdi we Ýehowanyň adyny mukaddes edip, Hudaýyň hökümdarlyk etmäge haklydygyny tassyklady. Şeýle-de ol günälerimizi öz üstüne alyp, biziň üçin öldi. Şeýlelikde, kiçi süri, ýagny onuň mesh edilen doganlary we başga goýunlar Ýehowanyň öňünde dogry bolup bilýär. Biz Ýatlama agşamyna ýygnanyşanymyzda, goý, biziň ýüregimiz Ýehowa we onuň wepaly Gullukçysyna minnetdar bolsun.
a Işaýa 53:3 Agyryny we syrkawlygy bilýän adamy ýigrendiler we ondan gaça durdular. Biz onuň ýüzüni görmezlik üçin, ýüzümizi sowduk. Ol ýigrenildi we biz ony inkär etdik.
b Işaýa 53:4b Onda-da biz Ony Hudaý urup, azaba we muşakgata duçar edendir diýip pikir etdik.
c Işaýa 53:6 «Ählimiz goýun kimin azaşdyk; her birimiz öz ýolumyza sowuldyk; Ýehowa bolsa ählimiziň günämizi onuň üstüne ýükledi».
d Işaýa 53:7 Ol sütem gördi, muşakgat çekdi, onda-da agzyny açmady. Damagyny çalmaga äkidilip barýan guzy kimin, gyrkymçysynyň öňündäki goýun kimin dymdy. 8 Ol ezýet çekdi; ony tutup, adalatlylykdan mahrum etdiler. Kim onuň asly barada pikir eder? Ol ýer ýüzünden diri alyndy ahyryn. Meniň halkymyň günäsi üçin ony urdular.
e Işaýa 53:11 Ol janynyň çeken hasraty bilen bolan zatlary gördi we kanagtlandy. Bu adalatly adam, meniň gullukçym, ol bilimi arkaly köp adamlary hakykata getirer we olaryň günäsini äkider. 12 Şonuň üçin oňa milletleriň arasyndan miras bererin we ol oljasyny güýçlüler bilen paýlaşar. Ol öz janyny ölüme tabşyryp, jenaýatçy saýyldy. Köpleriň günälerini götermek üçin, jenaýatçylaryň tarapyny tutdy.
Gaýtalamak üçin soraglar
• Haýsy manyda Ýehowa Ogluny «ýykmak isledi»?
• Isa nädip «biziň jenaýatlarymyzdan ýaňa ýaralandy»?
• Nädip Gullukçy «köp adamlary hakykata getirdi»?
• Gullukçy baradaky pygamberlikleri öwrenmek aňymyzy we ýüregimizi nädip Ýatlama agşamyna taýýarlamaga kömek etdi?