-
Ýehowa ýürekden gurban beriňGarawul diňi — 2012 | 15 ýanwar
-
-
2 Emma bu mesihçileri gurbanlar gyzyklandyrmaýandygyny aňlatmaýar. Petrus resul: «Isa Mesih arkaly Hudaýyň halaýan ruhy gurbanlaryny hödürläň» diýdi (1 Pet. 2:5). Şeýle-de Pawlus resul özüni Hudaýa bagyş eden mesihçileriň tutuş durmuşyna «gurban» diýdi (Rim. 12:1).
-
-
Sen Ýehowanyň geçirimliliginden näme öwrenýärsiň?Garawul diňi — 2012 | 15 noýabr
-
-
2 Şoňa görä-de, her kes özünden: «Men Ýehowanyň geçirimliliginden näme öwrenýärin?» diýip, sorap biler. Şu wajyp soragyň jogabyny bilmek üçin, geliň, Ýehowanyň geçirimlilik eden iki adamy, ýagny patyşalar Dawut bilen Manaşe barada gürrüň edeliň.
-
-
Ýetmiş ýyllap ýehudynyň eteginden tutýarynGarawul diňi — 2012 | 15 aprel
-
-
Terjimehal
Ýetmiş ýyllap ýehudynyň eteginden tutýaryn
Lenard Smit gürrüň berdi
Men ýetginjekkäm, Mukaddes Ýazgylaryň iki aýady maňa örän täsir etdi. Şondan bäri, 70 ýyl geçse-de, men Zakarýa 8:23-üň manysyna doly düşünendigim henizem ýadymda. Ol aýatda şeýle diýilýär: «On adam ýehudynyň eteginden tutup: «Biz siziň bilen gitjek, çünki Hudaýyň siz bilendigini eşitdik diýerler».
«Ýehudy» mesh edilen mesihçileri aňladýan bolsa, «on adam» bolsa «başga goýunlary», öňki aýdylyşy ýaly «Ýonadab toparyny» aňladýara (Ýahýa 10:16). Men muňa düşünenimde, ebedi ýaşamak üçin, mesh edilen mesihçileri wepaly goldamalydygyma göz ýetirdim.
Isanyň Matta kitabynyň 25:31—46-njy aýatlaryndaky «goýunlar» we «geçiler» diýen tymsaly-da maňa güýçli täsir etdi. «Goýunlar» bu soňky günlerde ýer ýüzünde ýaşaýan mesh edilen mesihçilere ýagşylyk edip, höküme edilende aklanjak adamlary aňladýar. Men ýaş Ýonadab hökmünde, özüme: «Len, sen Mesihiň goýny bolasyň gelse, onuň mesh edilen doganlaryny goldap, baştutanlygyna boýun bolmalysyň, sebäbi Hudaý olar bilendir» diýdim. Men muňa ýetmiş ýyldan gowrak eýerýärin.
«MENIŇ ÝERIM NIREDE?»
Ejem 1925-nji ýylda Beýtelde, ýygnak geçirilýän zalda suwda çokundyryldy. Bu ýere London çadyry diýilýärdi we onda Londonda hem-de töwereginde ýaşaýan doganlar ýygnanýardy. Men 1926-njy ýylyň 15-nji oktýabrynda doguldym. 1940-njy ýylyň mart aýynda Angliýanyň kenarynda ýerleşýän Duwr şäherinde geçirilen kongresde suwda çokundyryldym. Meniň hakykata bolan söýgim gitdigiçe artýardy. Ejem mesh edilen mesihçi bolandygy üçin, meniň birinji tutan «ýehudynyň etegi» ejemiňkidi. Şol wagt kakam bilen uly gyz doganym Ýehowa gulluk etmeýärdiler. Biz Angliýanyň günorta-gündogarynda ýerleşýän Jillingem şäherindäki ýygnaga barýardyk, şol ýygnakda kän mesh edilen dogan-uýalar bardy. Ejem yhlasly wagyz edip, ajaýyp görelde görkezýärdi.
1941-nji ýylyň sentýabrynda Lester şäherinde geçirilen kongresde «Aýypsyzlyk» diýen doklatda Älem jahanyň hökümdarlygy baradaky meselä seredildi. Şol doklad maňa Şeýtan we Ýehowanyň arasyndaky jedelli meselä biziň hem degişlidigimize düşünmäge kömek etdi. Şol sebäpli biz Ýehowanyň tarapyny tutup, Älemiň hökümdarynyň öňünde aýypsyzlygymyzy saklamaly.
Bu kongresde pioner gullugyna köp üns berlip, ýaşlar pioner gullugyna başlamaga höweslendirildi. Men «Guramada pioneriň orny» diýen doklady diňläp, «Meniň ýerim niredekä?» diýen sorag barada oýlandym. Şol kongres maňa Ýonadab hökmünde mesh edilen mesihçilere wagyz işinde bar güýjüm bilen kömek etmelidigime düşünmäge ýardam etdi. Men edil şol ýerde Lester şäherinde pionerler üçin resmikagyzy doldurdym.
URUŞ DÖWRI PIONER GULLUGY
1941-nji ýylyň 1-nji dekabrynda 15 ýaşymdakam, meni ýörite pioner edip bellediler. Ejem meniň ilkinji ýoldaşym boldy, emma ol bir ýyldan saglyk ýagdaýy sebäpli pioner gullugyny goýmaly boldy. Şonda Londonyň filialy meniň bilen bile gulluk eder ýaly, häzir Puerto-Rikonyň filialynyň komitetinde gulluk edýän Ron Parkini belledi.
Bizi Kent graflygynyň kenar ýakasyndaky Brodsters we Ramsgit şäherlerine iberdiler. Biz kireýine alnan otagda ýaşadyk. Şol wagt ýörite pioner her aýda 40 şilling (8 dollara golaý) alýardy. Otagymyz üçin pul töländen soň, birazajyk pulumyz galýardy we biz indiki sapar haçan çörek iýjekdigimizi bilmeýärdik. Nähili bolaýanda-da, Ýehowa ähli gerek zatlarymyzyň hemişe aladasyny edýärdi.
Biz köplenç tigirli aýlanýardyk. Biz Demirgazyk deňzinden öwüsýän şemala garşy agyr ýükli tigirleriň pedalyny zordan aýlaýardyk. Şeýle-de biz samolýotlaryň hüjümini we Kent şäheriniň üstünden Londona tarap barýan gaty pesden uçýan Fau—1 nemes raketalaryny gördük. Bir sapar edil meniň üstümden bomba geçende, men tigrimden böküp, özümi ýaba zyňmaly boldum. Bomba golaýymdaky meýdanda ýaryldy. Her niçik-de bolsa, Kentde pioner bolup gulluk edenimde, şatlygymy ýitirmeýärdim.
BEÝTELÇI BOLDUM
Ejem hemişe Beýtel barada höwes bilen gürrüň berýärdi. Ol: «Men şeýle bir seniň beýtelçi bolmagyňy isleýärin» diýerdi. Göz öňüne getiriň, 1946-njy ýylyň ýanwarynda Londondaky Beýtele üç hepde işlemäge çagyrylanymda, begenjimiň çägi bolmady. Üç hepdeden soň filialda gulluk edýän Praýs Hýuz atly dogan Beýtelde galmagymy haýyş etdi. Şol ýerde öwrenen zatlarym maňa şu çaka çenli kömek edýär.
Şonda Londonyň Beýtelinde 30 adam, esasanam, ýaş öýlenmedik doganlar gulluk edýärdi. Şeýle-de birnäçe mesh edilen mesihçiler, şol sanda Ýolbaşçylyk maslahatynyň agzalary bolan Praýs Hýuz, Edgar Kleý we Jek Barr gulluk edýärdi. Meniň ýaly oglanjyk üçin, Mesihiň doganlaryny goldap, şeýle «diregleriň» ruhy gözegçiliginde gulluk etmek uly hormatdy! (Gal. 2:9).
Beýtelde bir sapar dogan ýanyma gelip, bir uýanyň gapynyň agzynda garaşýandygyny aýtdy. Onuň ejemdigini bilenimde, haýran galdym. Ejemiň elinde bir dolangy zat bardy. Ol meniň işime päsgel bermez ýaly, girmejekdigini aýtdy. Ejem şol dolangy zady berdi-de, gitdi. Onda ýylyja palto bardy. Ejemiň şeýle mähirli aladasy maňa kiçijik Samuel mukaddes çadyrda gulluk edende, Annanyň oňa eşik getirişini ýatlatdy (1 Sam. 2:18, 19).
GILEAD MEKDEBINDE ÝATDAN ÇYKMAJAK PURSATLAR
1947-nji ýylda Beýtelimizden bäş adam ABŞ-da geçirilýän Gilead mekdebiniň 11-nji klasyna çagyryldy. Biz indiki ýyl oňa okamaga gitdik. Mekdep geçirilýän ýere Nýu-Ýork ştatynyň demirgazygyna baranymyzda, gaty sowukdy. Men ejemiň sowgat eden ýylyja paltosy üçin, diýseň begenýärdim!
Gilead mekdebinde geçiren alty aýymy hiç haçan ýatdan çykarmaryn. 16 ýurtdan gelen dogan-uýalar bilen ýakyn gürrüňdeş bolup, gözýetimim giňedi. Mekdepde alan ruhy dürdänelerden başga-da, ýetişen mesihçiler bilen gürrüňdeş bolmak maňa örän peýdaly boldy. Klasdaşym Lloýd Berri, mugallymym Albert Şrýoder, şeýle-de patyşlyk fermasynyň (şol ýerde Gileat ýerleşýärdi) gözegçisi Jon But soňra Ýolbaşçylyk maslahatynyň agzasy boldular. Bu doganlaryň maňa söýgi bilen beren maslahatlary we olaryň Ýehowa hem-de guramasyna wepaly göreldesi üçin örän minnetdar.
AÝLANÝAN GÖZEGÇI WE ÝENE-DE BEÝTELDE
Gilead mekdebini gutaranymdan soň, Ogaýo ştatyna (ABŞ) aýlanýan gözegçi bellendim. Men bary-ýogy 21 ýaşymda bolsam-da, doganlar hyjuwyma dogry garap, mähirli garşyladylar. Bu welaýatda men uly ýaşly tejribeli doganlardan köp zady öwrendim.
Birnäçe aýdan soň meni Bruklindäki Beýtele ýene-de okamaga çagyrdylar. Şol ýerde men dürli wagtda Ýolbaşçylyk maslahatynda gulluk eden Milton Henşel, Karl Kleýn, Neýtan Norr, Tomas (Bat) Salliwan we Laýman Suingl ýaly «diregler» bilen tanyşdym. Men olaryň zähmet çekişine we özüni alyp barşyna syn edip, köp zatlary öwrendim. Ýehowanyň guramasyna bolan ynamym ýüz esse artdy. Meni okuwdan soň Ýewropa iberdiler.
1950-nji ýylyň fewral aýynda ejem aýryldy. Ony jaýlanymyzdan soň, kakam we aýal doganym Dora bilen aç-açan gürrüňdeş boldum. Men olardan: «Ejemem ýok, menem öýden daşda gulluk edýärin, hakykat babatda indi pikiriňiz nähili?» diýip soradym. Olar bir gartaşan mesh edilen Harri Brauning atly dogany tanaýardylar we hormatlaýardylar. Şol sebäpli onuň bilen hakykat barada gürüňdeş bolmaga razy boldular. Bir ýyl geçip geçmänkä, kakam we Dora suwda çokundyryldy. Soňra kakam Jillingemdäki ýygnakda gulluk kömekçisi bellendi. Kakam aýrylandan soň, Dora ýygnakda ýaşuly bolup gulluk edýän Roý Morton atly dogana durmuşa çykdy. Dora ömrüniň ahyryna çenli Ýehowa wepaly gulluk edip, 2010-njy ýylda aradan çykdy.
FRANSIÝADA GULLUK EDÝÄRIN
Men hususy orta mekdepde fransuz, nemes we latyn dillerini öwrendim. Maňa fransuz dilini öwrenmek kyn düşdi. Şol sebäpli Pariždäki Beýtele gidip kömek etmegi haýyş edenlerinde, men begenjegimi-de, gynanjagymy-da bilmedim. Meniň üçin ol ýerde gartaşan mesh edilen Anri Žiže dogan bilen gulluk etmek uly bagtdy. Maňa tabşyrylan bu ýumuş aňsat bolmady, şonuň üçin köp ýalňyşlar goýberdim, ýöne adamlaryň arasyndaky gatnaşyk barada kän zatlara düşündim.
Uruşdan soň, 1951-nji ýylda halkara kongresi Parižde geçirilmelidi we men ony taýýarlamaga kömekleşdim. Maňa kömek etmek üçin Beýtele ýaş aýlanýan gözegçi Leopol Žontes geldi. Soňra Leopol filialyň gözegçisi bellenildi. Kongres Eýfel diňiniň golaýyndaky Sport köşgünde geçirildi. Kongrese 28 ýurtdan delegatlar gatnaşdy. Soňky gün 6 000 sany fransuz Güwäçileri kongrese 10 456 adam gelendigini bilende, çäksiz begendiler!
Men Fransiýa gelenimde, fransuzçany gowy bilemokdym. Onuň üst-üstüne-de men diňe hemme zady dogry gürlejekdigime ynamym bolanda, agzymy açjakdygymy ýüregime düwüp, ýalňyşlyk goýberdim. Emma ýalňyşmasaň, seni hiç haçan düzetmezler we dogry gürlemegi hiç haçan öwrenmersiň.
Men ýalňyşymy düzeder ýaly başga ýurtdan gelenler üçin fransuz dili öwrenilýän mekdebe ýazyldym. Men ýygnak geçirilmeýän günleri agşamyna öwrenmäge gidýärdim. Şeýdip fransuz dilini gowy görüp başladym we ýyl-ýyldan oňa bolan söýgim artdy. Bu gullukda-da peýdaly boldy, çünki men fransuz filialynda terjime işine kömek edip bildim. Wagtyň geçmegi bilen, terjimeçi bolup, iňlis dilinden fransuz diline terjime edip başladym. Bütin dünýäde fransuz dilinde gepleýän dogan-uýalar sadyk hem akylly hyzmatkäriň berýän gymmatly ruhy iýmitini alar ýaly, terjime etmek meniň üçin uly hormatdy! (Mat. 24:45—47).
ÖÝLENDIM WE ALAN BEREKETLERIM
1956-njy ýylda men köp ýyldan bäri tanaýan Ester atly şweýsariýaly pioner uýa öýlendim. Biz London Beýteliniň ýanynda ýerleşýän Patyşalyk zalynda (ejemiň suwda çokundyrylan ýeri bolan köne London çadyrynda) toý tutduk. Toýda Hýuz dogan doklad bilen çykyş etdi. Esteriň ejesi hem meniň ejem ýaly mesh edilen mesihçidi. Men öýlenip diňe bir wepaly we ajaýyp kömekçi edinmän, eýsem, ruhy taýdan berk gaýynenem bilen birnäçe sagat ruhy gürrüňler edip, bereketler aldym. 2000-nji ýylda gaýynenemiň ýerdäki ömri tamamlandy.
Durmuş guranymyzdan soň, Ester bilen Beýtelde ýaşamadyk. Muňa garamazdan, men Beýtelde terjime işimi dowam etdim, Ester bolsa Parižiň golaýynda ýörite pioner bolup gulluk edýärdi. Ol birnäçe adama Ýehowanyň gullukçysy bolmaga kömek etdi. 1964-nji ýylda bizi Beýtelde ýaşamaga çagyrdylar. Soňra 1976-njy ýylda Fransiýada filial komiteti ilki döredilende, men onuň agzasy boldum. Ester meni ýyllar boýy hemişe goldaýar.
«MEN HEMIŞE SIZIŇ ÝANYŇYZDA BOLMARYN»
Men Nýu-Ýorkdaky bütindünýä baş edara käte baryp bilýändigime begenýärin. Şol ýere baranymda Ýolbaşçylyk maslahatynda gulluk edýän doganlardan peýdaly maslahatlary alýandygyma örän şat. Meselem, men bir gezek biynjalyklanyp, wagtynda işimi ýerine ýetirip bilmeýändigimi aýtdym. Şonda Norr dogan ýylgyryp, şeýle diýdi: «Gaýgy etme-de, işläber!» Şondan bäri ençeme gezek dürli işlerim köpelende, howsala düşmän, ilki bir işi edýän, soňra başgasyny we hemme iş öz wagtynda bitýär.
Isa ölüminiň öňüsyrasy şägirtlerine şeýle diýdi: «Men hemişe siziň bilen bolmaryn» (Mat. 26:11). Şeýle-de biz, başga goýunlar Mesihiň mesh edilen doganlarynyň ýerde hemişe bolmajakdygyny bilýäris. Şol sebäpli men 70 ýyldan gowrak mesh edilen mesihçiler bilen eginme-egin işleşýändigimi deňsiz-taýsyz hormat saýýaryn we şatlyk bilen ýehudynyň eteginden tutýaryn.
[Çykgyt]
a «Ýonadab topary» barada bilmek üçin «Garawul diňiniň» 2010 ý. 15-nji fewral sah. 5 abz. 8—10 serediň.
[21-nji sahypadaky suratyň aşagyndaky sözler]
Norr dogan ýylgyryp, şeýle diýdi: «Gaýgy etme-de, işläber!»
[19-njy sahypadaky suratyň aşagyndaky sözler]
(Çepde) Ejem we kakam
(Sagda) Gilead mekdebinde ejemiň sowgat eden ýylyja paltosynda. 1948-nji ýyl
[20-nji sahypadaky suratyň aşagyndaky sözler]
Fransuz filialy bagyş edilende, Lloýd Berriniň dokladyny terjime edýärin. 1997-nji ýyl
[21-nji sahypadaky suratyň aşagyndaky sözler]
(Çepde) Ester bilen toý güni
(Sagda) Bile wagyzda
-
-
60 ýyldan bäri dowam edýän dostlukGarawul diňi — 2012 | 15 oktýabr
-
-
Terjimehal
60 ýyldan bäri dowam edýän dostluk
1951-nji ýylyň tomus günleriniň bir agşamy 20 ýaşlaryndaky dört sany ýaş ýigit Itaka (ABŞ, Nýu-Ýork ştaty) şäherindäki telefon budkasynyň ýanynda durdular. Olar Miçigan, Aýowa we Kaliforniýa ştatlaryna jaň etmäge howlukýardylar. Olar gowy zady habar etmekçidiler!
Şol ýylyň fewral aýynda 122 sany pioner Gilead mekdebiniň 17-nji klasynda okamaga Saut-Lansinge (Nýu-Ýork ştaty) geldiler. Gelejekki missionerleriň arasynda Louell Terner, Uilýam (Bill) Kasten, Riçard Kelsi we Reýmon Templton dagylar hem bardy. Louell bilen Bill Miçigandandy, Riçard Aýowadan, Reýmon bolsa Kaliforniýadandy. Tizden olaryň dördüsi dostlaşdylar.
Çepden saga: Riçard, Louell, Reýmon we Bill Gilead mekdebinde dostlaşdylar
[17-nji sahypadaky surat]
Takmynan bäş aý geçenden soň, bütindünýä baş edarada gulluk edýän Neýtan Norr doganyň çykyş etjekdigi barada talyplara bildiriş edildi. Şol güne hemmeler garaşýardy. Mundan birnäçe gün öň dört dost, eger mümkin bolsa, bile bir ýurtda gulluk etmek islegleriniň bardygyny aýdypdylar. Häzir olar nirä bellenjekdiklerini bilerlermi? Elbetde!
Norr dogan talyplaryň haýsy ýurtlara bellenendiklerini aýdyp başlanda, klasda oturanlaryň ählisi janlanyp ugrady. Ilki bilen, dört dost sahna çagyryldy. Olar örän tolgunýardy, emma bir ýerde gulluk etjekdiklerini bilip, uludan dem aldylar. Olary nirä bellärler? Haçanda Norr dogan olaryň Germaniýada gulluk etjekdikleri barada aýdanynda, synpdaşlary örän geň galdylar we uzak wagtlap el çarpdylar.
1933-nji ýylda Gitleriň goly astyndaky Germaniýada Hudaýa wepaly bolan Güwäçiler baradaky gürrüňler bütin dünýädäki Ýehowanyň Güwäçilerini haýran galdyrýardy. Ikinji Jahan urşundan soňra Ýewropadaky doganlara eşik we başga-da gerekli zatlaryň iberilendiginden talyplaryň köpüsi habarlydy. Germaniýadaky Hudaýyň halky iman, gaýduwsyzlyk, mertlik we Ýehowa bil baglamak babatda ajaýyp görelde galdyrdylar. Şonda Louell şeýle pikir etdi: «Indi şol mähriban dogan-uýalar bilen biziň hut özümiz tanyş bolarys». Dostlaryň nirä bellenendiklerini dogan-garyndaşlaryna jaň edip aýtmaga howlugandyklary geň galdyrmaýar!
GERMANIÝA BARÝAN ÝOLDA
[18-nji sahypadaky surat]
1951-nji ýylyň 27-nji iýulynda «Houmlend» gämisi Ist-Riweriň (Nýu-Ýork ştaty) gämi duralgasyndan daşlaşyp, Germaniýa tarap 11 günlük ýola düşdi. Bu gämide dört dost hem bardy. Gilead mekdebiniň mugallymy we soňra Ýolbaşçylyk maslahatynyň agzasy bolan Albert Şrýoder olara nemesçe birnäçe söz öwredipdi. Bu dört dost gämidäki birnäçe nemes adamlary görüp, olardan nemes dilinde ýene-de käbir zatlary öwreneris öýdüp pikir etdiler. Ýöne ýolagçylar dürli şiwede gepleýärdiler, bu bolsa doganlaryň başyny çaşyrdy.
Ýokarda: Reýmon Patyşalyk gullugynyň mekdebini geçirýär
Doganlar gämide barýarkalar deňiz keseline uçradylar. Olar 7-nji awgustda, sişenbe güni irden Germaniýanyň Gamburg diýen ýerine gelip düşdüler. Urşuň tamamlanyna bary-ýogy alty ýyl bolupdy we onuň ýetiren zyýany mese-mälim görnüp durdy. Gözüniň görýän zatlaryna geň galyp, doganlar Wisbadene gidýän gijeki otla mündüler. Şol wagtlar filial Wisbadende ýerleşýärdi.
[18-nji sahypadaky surat]
Doganlar çarşenbe güni irden birinji sapar Hans diýen ýerli Güwäçini gördüler. Onuň tüýs nemes ady bardy. Ol doganlary demir ýol duralgasyndan Beýtele getirdi we olaryň aladasyny etmegi dogumly gartaşan uýa tabşyrdy. Ol uýa iňlisçe ýekeje söz hem bilmeýärdi. Ýöne ol gaty gepleseň, bu kynçylygy ýeňip bolar öýden bolmagy ahmal. Emma uýa näçe gaty geplese-de, dört dost hiç zada düşünmeýärdi we tizden uýanyň özi-de, doganlar-da ýadady. Ahyry, filialda gulluk edýän Erih Frost dogan gelip, olar bilen iňlis dilinde mähirli salamlaşdy. Şonda doganlar özlerini has arkaýyn duýdular.
Riçard Wisbadendäki Beýtelde kanwertiň daşyna salgyny çap edýän maşynda işleýär
Bu dört dogan awgust aýynyň ahyrynda ilkinji sapar Frankfurt-na-Maýnede geçirilen «Arassa sežde» atly nemes kongresine gatnaşdylar. Kongrese gatnaşan adamlaryň iň ýokary sany 7 432 boldy. 2 373 adamyň suwda çokundyrylandygyny bilip, bu dört dostuň missioner bolmak yhlasy we wagyz etmek islegi has güýjedi. Ýöne birnäçe gün geçensoň, olar Norr dogandan özleriniň Beýtelde gulluk etmäge bellenendigini bildiler.
Reýmonda öň Amerikanyň Birleşen Ştatyndaky Beýtelde gulluk etmäge mümkinçiligi bolupdy, emma ol ondan el çekipdi. Sebäbi Reýmon bütin ýüregi bilen missioner bolmak isleýärdi. Riçard bilen Bill hem hiç haçan Beýtelde gulluk etmek barada oýlanmandylar. Emma wagtyň geçmegi bilen, olar bellenen ýerlerinde gulluk etmekden köp şatlyk tapdylar. Bu bolsa olary Ýehowanyň kimiň nirede gulluk etmelidigini hemişe gowy bilýändigine ynandyrdy. Şonuň üçin öz islegiňe däl-de, Onuň berýän görkezmesine eýermek has paýhaslydyr! Muňa ýürekden düşünen adam, Ýehowa nirede gulluk edip, nähili borjy ýerine ýetirse-de, özüni bagtly duýar.
«FERBOTEN!»
Beýtel maşgalasynyň köp agzalary amerikan doganlaryň gelenine örän begendiler. Sebäbi olarda indi iňlis dilinde gepleşmäge gowy mümkinçilik döräpdi. Ýöne bir gezek naharhanada, olaryň eden arzuwy puç boldy. Frost dogan özüne mahsus bolan ruhubelentlik äheňde, nemes dilinde örän möhüm zat barada aýdyp başlady. Beýtel agzalarynyň köpüsinden ses-seda çakmady. Olar ýüzlerini aşak salyp, bir nokada seredip galdylar. Täze gelenler Frost doganyň sözlerine düşünmeseler-de, olar gürrüňiň özleri barada gidýändigini aňdylar. Frost dogan gaty ses bilen: «FERBOTEN!» («Gadagan!») diýdi we ony nygtamak üçin batly sesi bilen ýene-de gaýtalap aýtdy. Şonda Amerikadan gelen doganlar özlerini oňaýsyz ýagdaýda duýdular. Beýle ýagdaý ýüze çykar ýaly, olar näme etdilerkä?
[19-njy sahypadaky surat]
Nahardan soň doga edildi we ähli dogan-uýalar öz otaglaryna tarap howlukdylar. Soňra bir dogan bize şeýle düşündirdi: «Bize kömek etmek üçin, siz nemes dilinde geplemegi öwrenmeli. Şol sebäpli Frost dogan tä siz nemes dilini öwrenýänçäňiz, siziň bilen iňlis dilinde gepleşmegi FERBOTEN, ýagny gadagan etdi».
Ýokarda: Frost dogan (sagda), Norr (çepde) we başga doganlar
Beýtel maşgalasynyň agzalary derrew görkezmä gulak asdylar. Doganyň söýgi bilen beren maslahatyny başda ýerine ýetirmek kyn bolsa-da, bu täze gelenlere diňe bir nemes dilini öwrenmäge däl, eýsem, berilýän maslahatyň köplenç peýda getirýändigine düşünmäge kömek etdi. Frost doganyň beren maslahaty Ýehowanyň guramasynyň bähbidi üçindi we doganlara bolan söýgüsini görkezýärdia. Wagtyň geçmegi bilen, dostlaryň dördüsi-de, ol dogany örän gowy gördüler!
DOSTLARDAN NÄME ÖWRENSE BOLÝAR
[19-njy sahypadaky surat]
Hudaýdan gorkýan bu dostlardan biz Ýehowa bilen dostlukly gatnaşygymyzy berkitmäge ýardam edýän köp zatlary öwrenip bileris. Bu dört dost Hudaýa wepaly ençeme nemes dogan-uýalardan we biri-birinden köp zatlary öwrendiler. Riçard şeýle düşündirýär: «Louell biraz nemes dilini bilýärdi we oňa bu dili öwrenmek aňsatdy. Bize bolsa kyn düşýärdi. Şeýle-de Louelliň ýaşy bizden uludy. Şol sebäpli dil babatda sorag dörände we görkezme gerek bolanda, biz derrew oňa ýüz tutardyk». Reýmon şeýle ýatlaýar: «Germaniýada gulluk edenimize bir ýyl bolanda, biz ilkinji dynç alyş günlerimizi Şweýsariýanyň daglyk obasynda geçirdik, sebäbi şweýsariýaly bir dogan bize öýüni hödürläpdi. Meniň begenjimiň çägi ýokdy! Iki hepdeläp dostlaryň bilen bile bolmak we nemes dilinde geplemegi alada etmän dynç almak, diýseň gowudy! Ýöne men Louelliň bardygyny unudypdyryn. Ol her gün irden gündeki aýady we oňa degşli düşündirişi nemes dilinde okamagy hem-de pikir alyşmagy bizden berk talap edýärdi. Ol örän tutanýerlidi! Emma biziň ýürekden aladamyzy edýän adamyň berýän görkezmesi bilen käte ylalaşmasak-da, oňa eýermelidigi babatda özümize gymmatly sapak edindik. Bu prinsip bize köp ýyllaryň dowamynda kömek etdi we teokratik görkezmä tabyn bolmak bize aňsat boldy».
1952-nji ýylda Şweýsariýada dynç alyş günleri
Dört dost Filipililer 2:3-däki: «Başgalary özüňizden üstün saýyp, pespäl boluň» diýen sözlere eýerip, biri-biriniň güýçli taraplaryny gymmat saýmagy öwrendiler. Meselem, käbir işleri Billiň gowy başarýandygyny dostlaryň ählisi boýun alýardy. Doganlar oňa hormat goýýardylar we köplenç şeýle işleri oňa tabşyrýardylar. Louell şeýle ýatlaýar: «Haçanda belli bir karara gelmek ýa-da gowy däl habary aýtmak babatda kyn meseläni çözmeli bolanda, biz Bille ýüz tutýardyk. Ol iň kyn ýagdaýlardan hem gowy baş alyp çykýardy. Elbetde, biz hem şeýle edip bilerdik, ýöne bize batyrgaýlyk we ukyp ýetmeýän ýalydy».
BAGTLY NIKALAR
Dört dost yzly-yzyna öýlenmek kararyna gelýärler. Olaryň dostlugy Ýehowa bolan söýgä we doly wagtly gulluga esaslanýardy. Şol sebäpli olar durmuşda Hudaýa gulluk etmegi birinji orunda goýýan uýalardan özlerine gelinlik gözleýärdiler. Doly wagtly gulluk olara bermegiň almakdan has köp şatlyk berýändigine we Patyşalyk işleriniň öz arzuw-islegleriňden has wajyp bolmalydygyna düşünmäge kömek etdi. Şonuň üçin olar doly wagtly gulluk edýän uýalara öýlendiler. Şeýlelikde, dört sany bagtly maşgala döredi.
Eger dostluk ýa-da maşgala gatnaşyklary Ýehowa bolan söýgä esaslansa, olar, hakykatdan-da, berk bolar (Wag. 4:12). Bill bilen Reýmonyň aýaly aradan çykan hem bolsa, olar wepaly ýanýoldaşyň nähili şatlyk we goldaw berýändigini gördüler. Louell bilen Riçard häzirem maşgalasy bilen bagtly ýaşaýarlar. Bill soňra ýene-de öýlendi. Ol akyldarlyk bilen özüne gelinlik saýlandygy üçin, doly wagtly gullugyny dowam edýär.
Soňky ýyllarda dostlar dürli ýurtlarda: Germaniýada, Awstriýada, Lýuksemburgda, Kanadada we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda gulluk etdiler. Şol sebäpli olar öz isleýişleri ýaly, köp wagtyny bile geçirip bilmediler. Ýöne olar uzak aralykda ýaşasalar-da, biri-biri bilen habarlaşyp durardylar. Olar alýan bereketlerine bile şatlanýardylar, hasrat çekenlerinde bile aglaýardylar (Rim. 12:15). Elbetde, şeýle dostlaryň gadyryny bilmeli we olara minnetdar bolmaly. Olar — Ýehowanyň beren gymmatly sowgady (Sül. tym. 17:17). Şu günler hakyky dost tapmak örän kyn! Emma her bir mesihçi özüne ençeme dost tapynyp biler. Ýehowanyň Güwäçileri hökmünde, biz dünýäniň dürli künjeginde ýaşaýan dogan-uýalar bilen, iň esasy-da, Ýehowa Hudaý we Isa Mesih bilen dostlaşýarys.
Bu dört dost hem beýlekiler ýaly köp zatlary, ýagny ýanýoldaşyňy ýitirmek hasratyny, agyr kesel sebäpli döreýän kynçylyklary, garry ata-enesiniň aladasyny etmegi, doly wagtly gulluk edýän döwri çagalaryny terbiýelemek kynçylygyny, täze berilýän teokratik borçlar sebäpli döreýän aladalary başdan geçirdiler. Indi bolsa, olar garrylyk çagynda gitdigiçe köpelýän kynçylyklara duçar bolýarlar. Ýöne olar öz tejribesinden dostlaryň biri-birinden uzakda ýaşasalar-da, Ýehowany söýmäge we ähli kynçylyklaryň hötdesinden gelmäge birek-birege kömek edýändigine düşündiler.
EBEDI DOSTLUK
Louell, Reýmon, Bill we Riçard özlerini ýaş wagtlary Ýehowa bagyş etdiler. Şonda olar 18, 12, 11 we 10 ýaşlaryndady. Haçanda olaryň ýaşy 17-den 21 aralygy bolanda, ählisi doly wagtly gulluga başlady. Olar Wagyzçy 12:1-däki: «Juwanlygyňda... özüňi Ýaradany ýatla» diýen masalahata eýerdiler.
Eger siz ýaş dogan bolsaňyz we sizde doly wagtly gulluk etmäge mümkinçilik bar bolsa, onda Ýehowanyň çakylygyny kabul ediň. Şonda siz Onuň merhemeti bilen, bu dört dost ýaly, etrap, welaýat ýa-da filiallara seredýän gözegçi bolup, Beýtelde, şeýle-de filialyň komitetinde gulluk edip, Pionerler we Patyşalyk gullugynyň mekdebinde öwredip, uly hem kiçi kongreslerde doklad bilen çykyş edip, köp şatlyk taparsyňyz. Bu dört dogan edýän gullugynyň on müňlerçe adamlara peýda getirendigine örän begenýärler! Olar ýaş wagtlary Ýehowa bütin ýüregi bilen gulluk etmek üçin, Onuň söýgüden doly çakylygyna seslenendikleri sebäpli şeýle ajaýyp üstünlikleri gazanyp bildiler (Kol. 3:23).
Çepden saga: Riçard, Bill, Louell we Reýmon 1984-nji ýylda Zeltersdäki täze filial bagyş edilende duşuşdylar
[20-nji sahypadaky surat]
Şu günler Louell, Riçard we Reýmon ýene-de bile Zeltersdäki (Germaniýa) filialda gulluk edýärler. Gynansak-da, 2010-njy ýylda Bill aradan çykýar. Ol Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda ýörite pioner bolup gulluk edýärdi. Ölüm — dört doganyň 60 ýyla golaý dowam edip gelýän dostlugyň bagyny üzdi! Ýöne biziň Hudaýymyz Ýehowa hiç haçan dostlaryny unutmaýar. Onuň Patyşalygynyň ýolbaşçylygy astynda, her bir mesihçiniň ölüm sebäpli kesilen dostlugynyň dikeldiljekdigine şübhelenmän bileris.
Ölmeziniň öň ýany Bill şeýle ýazýar: «Bütin 60 ýylyň dowamynda dostlukly gatnaşygymyzda ýüze çykan erbetlik meniň ýadyma düşenok. Biziň dostlugymyz meniň üçin hemişe gymmatlydy». Bill täze dünýäde olaryň dostlugynyň dowam etjekdigini göz öňünde tutup, şeýle diýdi: «Bu entek başlangyjydyr».
a Frost doganyň terjimehaly 1961-nji ýylyň 15-nji aprelinde çykan «Garawul diňi» žurnalynyň 244—249-njy sahypalarynda çap edildi (iňl.).
Olar bellenen ýerlerinde gulluk etmekden köp şatlyk tapdylar. Bu bolsa olary Ýehowanyň kimiň nirede gulluk etmelidigini hemişe gowy bilýändigine ynandyrdy
«Bütin 60 ýylyň dowamynda dostlukly gatnaşygymyzda ýüze çykan erbetlik meniň ýadyma düşenok»
-
-
Ýehowa maňa islegini berjaý etmegi öwretdiGarawul diňi — 2012 | 15 iýul
-
-
Terjimehal
Ýehowa maňa islegini berjaý etmegi öwretdi
Maks Lloýd gürrüň berdi
Bu waka 1955-nji ýylda bir gün ýary gije bolupdy. Men birnäçe missionerler bilen Günorta Amerikada Paragwaýda gulluk edýärdim. Biz jaýyň içindekäk gazaba münen birnäçe adam daşymyzy gabap: «Biziň hudaýymyz ganhor hudaýdyr. Biz daşary ýurtly adamlaryň janyny almak isleýäris» diýip haýbat atdylar. Biz bu ýere nädip düşdük?
BU ENÇEME ýyl öň dogduk mekanym Awstraliýada başlapdy. Ol ýerde Ýehowa maňa islegini berjaý etmegi öwredip başlady. 1938-nji ýylda kakama Ýehowanyň Güwäçileri «Duşmanlar» diýen kitaby beripdiler. Şol wagt eýýäm ejem bilen kakam ýerli ruhanynyň Mukaddes Ýazgylaryň käbir kitaplaryna erteki diýenine lapykeç bolupdy. Bir ýyl geçip-geçmänkä olar özüni Ýehowa bagyş edip, suwda çokundyryldy. Şondan soň maşgalamyzda Ýehowanyň islegini berjaý etmegi örän wajyp saýýardyk. Soňra menden bäş ýaş uly aýal doganym Lesli suwda çokundyryldy, men bolsa 1940-njy ýylda dokuz ýaşymda suwda çokundyryldym.
Ikinji jahan urşy başlandan soň Awstraliýada Mukaddes Ýazgylara esaslanan edebiýatlary çap etmek we ýaýratmak gadagan edildi. Men ýaşlykdan imanym barada diňe Mukaddes Ýazgylar arkaly düşündirmegi öwrendim. Mekdepde näme üçin baýdaga tagzym etmeýändigimi we milletparazlygy döredýän urşy goldamaýandygymy düşündirmek üçin, men hemişe Mukaddes Ýazgylary ýanym bilen alýardym (Müs. çyk. 20:4, 5; Mat. 4:10; Ýahýa 17:16; 1 Ýahýa 5:21).
Mekdepde köp okuwçylar maňa «nemesleriň şpiony» diýip, meniň bilen gepleşmeýärdi. Bir sapar mekdepde film görkezdiler. Kino başlamazdan öň, her kim ýerinden turup milli gimni aýtdylar. Men ýerimden turmadym, şonda iki-üç oglan meniň saçymdan çekip, ýerimden galdyrjak boldular. Iň soňy Mukaddes Ýazgylara esaslanan imanym üçin meni mekdepden kowdular. Emma men soňra gaýbana okadym.
AHYR SOŇY MAKSADYMA ÝETDIM
14 ýaşym dolanda, men pioner bolup gulluk edip başlamagy maksat edinipdim. Emma ata-enem maňa ilki iş tapyp, işlemelidigimi aýdanda, örän lapykeç boldum. Olar men entek öýde ýaşaýarkam, özümi eklemelidigimi aýtdylar. Ýöne 18 ýaşym dolansoň pioner bolmaga rugsat berjekdigini söz berdiler. Aýlyk alan günlerim hemişe ata-enem meniň bilen gürrüňdeşlik geçirýärdi. Sebäbi men alan aýlygymy pioner bolup gulluk etmek üçin jemlemek isleýändigimi aýdýardym. Emma şonda-da olar pulumy alýardy.
Pioner bolup gulluk edip başlamaga wagt gelende, ata-enem meniň bilen oturyp, gazanan pullarymy banka goýup, jemländiklerini aýtdylar. Olar pioner bolup gulluk etmek üçin egin-eşik we başga zatlar almak üçin pulumy gaýdyp berdiler. Olar maňa özümi eklemegi we başgalardan muny tama etmezligi öwretdiler. Indi muny ýatlap, wajyp zady öwrenendigime düşünýärin.
Biz Lesli bilen entek çagakak, pionerler köplenç bizde myhmançylykda bolýardy we olar bilen wagyz etmegi gowy görerdik. Dynç günleri öýden-öýe, köçelerde wagyz edýärdik we Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirýärdik. Şol ýyllar ýygnakdaky wagyzçylar aýda 60 sagat wagyz etmegi maksat edinýärdi. Ejem hemişe diýen ýaly bu maksadyna ýetip, Lesli ikimize gowy görelde görkezýärdi.
TASMANIÝADA PIONER BOLUP GULLUK EDÝÄRIN
Men Lesli we onuň ýanýoldaşy bilen Awstraliýanyň Tasmaniýa adasynda pioner bolup gulluk edip başladym. Emma tizden olary Gilead mekdebiniň 15-nji klasyna okuwa çagyrdylar. Men örän çekinjeňdim we öň öýden hiç haçan daş gitmeýärdim. Käbirleri maňa Tasmaniýada üç aý hem galyp bilmersiň diýýärdi. Emma bir ýyldan, 1950-nji ýylda meni birleşik gullukçysy (häzirki ýaşuly maslahatynyň koordinatory) edip bellediler. Soňra meni bir ýaş dogan bilen ýörite pioner edip bellediler.
Bizi mis çykarylýan şähere bellediler, ol ýerde Ýehowanyň Güwäçileri ýokdy. Ol ýere biz agşamara awtobusly baryp, şol gije köne myhmanhanada bolduk. Ertesi güni öýden-öýe wagyz etmäge gitdik we kireýine berilýän jaý gözledik. Agşam bir adam protestantlaryň buthanasynyň golaýynda ruhanynyň jaýynyň boşdugyny we onuň kömekçisi bilen gürleşmegi maslahat berdi. Ruhanynyň kömekçisi garşy bolman, şol jaýda ýaşamaga rugsat berdi. Biziň üçin ruhanynyň öýünden her gün wagza gitmek geň zatdy.
Wagyz edýän ýerimiz hasyllydy. Wagyzda gowy gürrüňler edip, ençeme Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirip başladyk. Paýtagtda dini ýolbaşçylar bu barada bilip, ruhanynyň kömekçisiniň hem Ýehowanyň Güwäçilerine kömek edýänini eşidende, ondan bizi derrew kowmagy talap etdiler. Biz ýene-de jaýsyz galdyk!
Ertirsi günortana çenli wagyz edenimizden soň, biz ýene-de ýatara jaý gözledik. Ýatmak üçin iň gowy ýer diýip tapan ýerimiz, stadionyň tribunasydy. Biz ol ýerde çemedanlarymyzy gizläp, ýene-de wagyz etmäge gitdik. Garaňky düşüp ugrapdy, emma biz köçäniň ugrundaky galan öýlere hem aýlanmagy ýüregimize düwdük. Şol öýleriň birinde bir adam bize melleginiň aýak ujundan iki kiçi otagly jaýda ýaşamagy hödür etdi.
AÝLANÝAN GÖZEGÇILIK IŞI WE GILEAD MEKDEBI
Sekiz aý ýörite pioner bolup wagyz edenimden soň, men Awstraliýanyň filialyndan aýlanýan gözegçi bolmaga çakylyk aldym. Men entek 20 ýaşymdadym, şonuň üçin muňa haýran galdym. Birnäçe hepde okanymdan soň, ýygnaklara aýlanyp, dogan-uýalary ruhlandyryp başladym. Menden uly dogan-uýalar (ýagny hemmeler diýen ýaly) ýaşdygyma äsgermezlik etmän, edýän işime hormat goýýardylar.
Ýygnakdan-ýygnaga her hili ulaglarda barmaly bolýardym. Bir hepde awtobusly, indiki hepde tramwaýly, käte maşynly ýa-da motosikliň yzynda agyr çemedany we wagyz üçin sumkany tutup gidýärdim. Dogan-uýalaryňkyda bolmagy gowy görýärdim. Birleşik gullukçysy bolup gulluk edýän bir dogan jaýy doly gurlup gutarylmadyk bolsa-da, meni öýünde myhman almagy gowy görerdi. Şol hepde maňa dogan ýatar ýaly düşegi wannanyň içine düşäp berýärdi, emma Ýehowa bile gulluk edip, şonda-da hepdäni şadyýan geçirerdik.
1953-nji ýylda ýene-de bir şatlykly habary aldym, ýagny men Gilead mekdebiniň 22-nji klasyna çagyryldym. Emma men begenjegimi-de, gynanjagymy-da bilmedim. Sebäbi aýal doganymy ýanýoldaşy bilen Gilead mekdebini 1950-nji ýylyň 30-njy iýulynda tamamlansoň, Pakistana ugratdylar. Bir ýyl geçip-geçmänkä, Lesli ol ýerde keselläp, aýryldy. Gilead mekdebini gutaransoň, dünýäniň haýsydyr bir künjegine gitmegime ata-enem nähili gararka diýip biynjalyk bolýardym. Emma olar: «Ýehowa nirä iberse, şol ýere git» diýdiler. Şondan soň men kakamy görmedim. Ol 1957-nji ýylda aradan çykdy.
Tizden men Nýu-Ýork şäherine barmak üçin awstraliýaly bäş dogan-uýa bilen gämä münüp, alty hepdelik ýol geçdik. Ýolda Mukaddes Ýazgylary okaýardyk, ýolagçylara wagyz edýärdik. Biz Nýu-Ýorgyň demirgazygynda ýerleşýän Saut-Lansinge Gilead mekdebine barmazdan öň, 1953-nji ýylyň iýul aýynda «Ýanki» stadionynda geçirilýän halkara kongresine bardyk. Kongrese 165 829 delegat geldi!
Gilead mekdebinde klasymyzda okan 120 student dünýäniň ähli künjeginden gelipdiler. Biz soňky güne çenli nirede gulluk etjekdigimizi bilmedik. Muny bilen badymyza, bellenen ýurtlarymyz barada köpräk bilmek üçin, Gilead mekdebiniň kitaphanasyna eňdik. Men Paragwaýa bellenipdim. Bu ýurtda syýasy rewolýusiýalar köp bolýardy. Paragwaýa baranymda, bir güni irden başga missionerlerden şu gije nähili «baýramçylyk» bellediler diýip soradym. Olar ýylgyryp: «Sen birinji rewolýusiýany başdan geçirdiň. Gapyny açyp seret» diýdiler. Her burçda esgerler durdy!
ÝATDAN ÇYKMAJAK WAKA
Bir sapar men aýlanýan gözegçi bilen uzakda ýerleşýän ýygnaga «Täze dünýä jemgyýeti hereketde» diýen filmi görkezmäge gitdim. Biz sekiz ýa dokuz sagat ilki otluda, soňra atly, iň soňy öküze dakylan arabada ýöredik. Biz ýanymyz bilen generator we kinoproýektory aldyk. Ahyry barmaly ýerimize bardyk we indiki gün daýhanlaryň öýüne aýlanyp, olaryň hemmesini agşam kino görmäge çagyrdyk. Kinony görmäge 15-e golaý adam geldi.
Filmi 20 minuda golaý görensoň, bize mümkin boldugyndan, derrew öýe giriň diýdiler. Biz kinoproýektory alyp, öýe girdik. Soňra bir topar adam gygyrşyp, ok atyşyp: «Biziň hudaýymyz ganhor hudaýdyr. Biz daşary ýurtly adamlaryň janyny almak isleýäris» diýip, haýbat atyp başladylar. Öýde diňe iki daşary ýurtly adam bardy, olaryň biri mendim. Ol adamlar öýe kürsäp girmez ýaly, filmi görenler gapyny daşyndan saklap durdular. Daňdan sagat üçe golaý pitneçiler ýene gelip, ok atyşyp, şähere yzymyza gaýdanymyzda ýolda tutarys diýip haýbat atyp gitdiler.
Doganlar döwlet işgäri bilen gepleşdiler we ol öýlän iki sany at bilen bizi şähere alyp gitmäge geldi. Biz gidip barýarkak, ol jeňňelligiň ýa-da gür gyrymsy agaçlaryň golaýyndan geçenimizde, döwlet işgäri şol ýeri barlamak üçin ýaragyny çykaryp, öňümizden ýöreýärdi. Men şonda atyň gowy ulagdygyna göz ýetirdim we soňra bir at aldym.
TÄZE MISSIONERLER GELÝÄR
Dini ýolbaşçylaryň garşylygyna garamazdan, wagyz işi gowy netijeler berýärdi. 1955-nji ýylda bäş sany missioner geldi, olaryň arasynda Gilead mekdebiniň 25-nji klasyny gutaran kanadaly ýaş uýa Elsi Swanson hem bardy. Ol başga şähere bellenmezinden öň, biziň bile filialda gulluk etdi. Elsini hakykaty kabul etmedik ata-enesi goldamasa-da, ol özüni Ýehowa bagyş edipdi. 1957-nji ýylyň 31-nji dekabrynda men Elsi uýa öýlendim we Paragwaýyň günortasyndaky missionerleriň öýünde ýeke özümiz ýaşadyk.
Öýümizde suw akýan kran ýokdy, emma oňa derek, howlymyzda guýy bardy. Jaýyň içinde duş, hajathana, kir ýuwýan maşyn, hatda holodilnik hem ýokdy. Tiz zaýalanýan iýmit önümlerini her gün satyn alýardyk. Sada ýaşaýandygymyza garamazdan, dogan-uýalar bilen mähirli gatnaşykda bolup, özümizi örän bagtly duýýardyk.
1963-nji ýylda biz ejem bilen görüşmek üçin Awstraliýa baranymyzdan biraz wagt geçensoň, ejem on ýyllap ogluny görmändigi üçin, tolgunyp, ýüreginden tutdy. Paragwaýa gaýtmaly wagtymyz golaýladygy saýyn, bir uly meseläni çözmeli bolduk. Biz ejemi keselhanada goýup, biri aladasyny eder öýdüp, Paragwaýa halaýan gullugymyza dolanarysmy ýa-da ejem bilen galarys? Kän doga etdik we Elsi bilen ejeme seretmek üçin galdyk. Ejem tä aradan çykýança, ýagny 1966-njy ýyla çenli biz oňa seretdik, emma doly wagtly gullugymyzy-da goýmadyk.
Birnäçe ýyl Awstraliýada etrap we welaýat gözegçi bolup gulluk etdim hem-de ýaşulular üçin geçirilýän Hudaýa gulluk mekdebinde okatdym. Bu meniň üçin uly hormatdy! Soňra durmuşymyzda ýene-de bir özgerişik boldy. Meni Awstraliýanyň ilkinji filialynyň Komitetiniň agzasy edip bellediler. Täze filial gurlup başlanda, meni Gurluşyk komitetiniň ýolbaşçysy etdiler. Ençeme tejribeli dogan-uýalaryň kömegi bilen owadan filial gurlup gutaryldy.
Soňra meni ýurduň wagyz işine gözegçilik edýän Gulluk bölümine bellediler. Şeýle-de maňa bütin dünýädäki filiallara aýlanyp, kömek etmek we ruhlandyrmak üçin zonal gözegçisi bolup gulluk etmek hormatly işi ynanyldy. Käbir ýurtlarda birnäçe, hatda onlarça ýyl Ýehowa wepaly gulak asany üçin türmede we konsetrasion lagerde oturan dogan-uýalar bilen tanşyp, imanym hasam berkedi.
HÄZIRKI GULLUGYMYZ
2001-nji ýylda kyn zonal gözegçilik işinden dolanansoň, Birleşen Ştatlarynyň filialynyň täze döredilen Komitetinde gulluk etmek üçin Bruklinden (Nýu-Ýork) çakylyk haty geldi. Elsi bilen bu hat barada doga edip, ondaky teklibi ara-alyp maslahatlaşanymyzdan soň, ony şatlyk bilen kabul etdik. Bruklinde gulluk edýänimize eýýäm 11 ýyl boldy.
Men aýalymyň Ýehowanyň islendik haýyşyny şatlyk bilen kabul edýändigine begenýärin. Häzir Elsi bilen ýaşymyz 80-den agdy, saglygymyz hem ganymat. Biz Ýehowanyň berjek ebedi tälimine we onuň islegini berjaý edýänlere eçjek bol bereketlerine sabyrsyzlyk bilen garaşýarys.
[19-njy sahypadaky suratyň aşagyndaky sözler]
Bir hepde awtobusly, indiki hepde tramwaýly, käte maşynly ýa-da motosikliň yzynda agyr çemedany we wagyz üçin sumkany tutup gidýärdim
[21-nji sahypadaky suratyň aşagyndaky sözler]
Biz Ýehowanyň berjek ebedi tälimine sabyrsyzlyk bilen garaşýarys
[18-nji sahypadaky surat]
Çepde: Awstraliýada aýlanýan gözegçi bolan wagtym
Sagda: Men ata-enem bilen
[20-nji sahypadaky surat]
Toý güni, 31 dekabr 1957 ý.
-